09:22 Dünýäniñ epesi taýak iýip gaçdy! | |
DÜNÝÄNIÑ EPESI TAÝAK IÝIP GAÇDY!
Publisistika
Ine, ABŞ diýilýäniñ edähedi şeýle! Özünden ökdäni görse, ýazzyny berip gaçýar. Özüne bil baglaýanlary-da ölüme terk edýär! ABŞ her giren ýurdy ýaly, Owganystany-da perişan etdi. Şindi ol ýerde adamzat dramasy bolup geçýär! Ýigrimi ýyllap söweşen ABŞ Talibanyñ garşysynda derbi-dagynçylyga uçrady. Masgaraçylykly, biabraýçylykly ýeñliş! "Jahanyñ epesi" boljak bolup, dünýäni gulgula salýan ABŞ kyrk alty ýyl mundan öñ 1975-nji ýylda Wýetnamda iýen agyr ýumrugyndan soñ 2021-nji ýyla gelenimizde Owganystanda birmeñzeş urga, Talibanyñ garşysynda ýeñlişe uçrady! Onuñ super güýçleri, iñ soñky ýaraglary, tanklary, toplary, tüpeñleri, iñ soñky istrebitelleri, söweş wertolýotlary derege ýaramady! Nämüçin beýle boldy? Hany, örän akyllydylar-a? Hany, örän zordular-a? Baý, hekemlik satýardylar-a? Şindi yzlaryna seretmän, nämüçin gidýärler? Owganystan jemgyýetçilik we medeni taýdan orta asyrlar şertlerinde ýaşaýan ýurt. Talibanlar fundamentalist, kellekeser, ganhor, rehim-şepagatsyz adamlaryñ topbagy. Olaryñ edýän ganly jenaýatlary dünýäniñ inini üýşendirýär, tisgindirýär. Dargamaga başlan amerikan goşuny, ine, şular ýaly topbak bilen 2020-nji ýylyñ fewral aýynda tegelek stolyñ başyna geçdi we "Daho şertnamasy" bilen atyşygy bes etmek barada ylalaşyga geldi. Şeýdibem, bigünä halky Talibanyñ eline berdiler. Paýtagt Kabulyñ howa menzilinde bolup geçen ýürek gyýyjy adamzat dramasyna garşy siwilizlenen dünýä perwaýsyz we duýgusyz... Talibanyñ zulmundan gaçmakçy bolup urunýan müñlerçe raýat howa menzilinde başagaýlyk döretdi. Adamlar iñ soñky uçan uçarlara münjek bolup biri-birlerini depgiläp geçdiler! Gapylar ýapylansoñam uçarlara dyrmaşyp münjek bolýanlar bardy. Ölümi göz öñüne tutup uçaryñ tekerlerine aslyşyp ýatanlaram boldy. Amerikan esgerleri başagaýlygy ýatyşdyrmak üçin asmana ok atdy. Dyknyşykda bäş adam wepat boldy. ABŞ ýigrimi ýyllyk okkupasiýadan soñ uly şowsuzlyga uçrady. Şindi Talibanyñ merhemetine terk edilen ýüz müñlerçe raýat we yzyna seretmän jyrdyma beren amerikan esgerleri gözgyny kartina şekillendirýär! Prezident Baýden hernä şundanam buýsanç duýgusyny alýan däldir-dä! Ine, biz şular ýaly ganyñ we wer-tarhamlygyñ içindäki Owganystanda Kabul howa menziliniñ goragyna we işine hyrydar bolduk! Häzirem Kabulda bolan mehmetjiklerimizi şol ýerde goýmaly! Bagyşlañ welin, akyl-huşumyzy peýnirdir çörek bilen bile iýäýdikmikä? Owganystanyñ Prezidenti gaçmadyk bolsa kellesini uçurýardylar! Kabul howa menzilinde amerikan uçaryna münmäge jan edýän, jan howluna uçaryñ gapylaryna ýa-da tekerlerine aslyşýan umytsyz adamlaryñ köpüsi ABŞ bilen işleşen we ulanylan elýaglyk ýaly bir gyra zyñylan adamlar! Aldananlar! Amerika ulanan adamlaryny şindi Talibana goýup gaçýar! Owganystanyñ ýapja Prezidenti Aşraf Gani iñ soñky pursatda hususy uçaryna münüp jan howluna ýurdundan gaçdy! Eger gaçman Talibanyñ eline düşen bolsa, ölüm jezasy berlerdi: goýun dek elini-aýagyny güýlüp, kellesini keserdiler! Kabula giren Taliban güýçleriniñ metbugat wekilleri hiç kimden öç alynjak däldigini, amerikanlara ýapjalyk edenleriñ günäsiniñ geçiljekdigini aýtdylar. Emma... Orta asyr şertlerinde we orta asyrlaryñ düşünjesine görä ýaşaýan fundamentalist adamlara ynanyp barýan ýok! Öz içinde agzybir bolup bilmeýän, dogan dogana ýagy bolup, içerde we daşarda her kes bilen dawalaşyp ýören jemgyýetler başlaryna injek bela-beterlerden halas bolup bilmezler! Jümle yslam ýurtlarynyñ bu wakalardan sapak alyp, akyllaryna aýlanyp, biri-birleri bilen dawalaşyp ýörmekden el çekmekleri gerek! • GÜNÜÑ SÖZI Owganystandaky ýaly ýaramaz agzybirlik uruşdan has beterdir! Rahmi TURAN. "SÖZCÜ" gazeti, 18.08.2021 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |