17:40 Durmuş | |
DURMUŞ
Goşgular
![]() Men durmuşa başgaçarak düşünýän, Durmuş köl içinde ýatan suw däldir. Ol mydama däli derýa deý joşup, Öz akymy bilen öňe gidýändir. Durmuşy hakykat bilen agtaryp, Her gün gussa bilen atyrdym daňy. Maňa bu durmuşda rol berilmedi Ilki oýnap, soňra goýaryn ýaly. Indi geçenleri ýatlap otursam, Sanardan köp eken durmuşyň derdi: Ömür gülüp ýören meni agladyp, Ömür aglap ýören meni güldürdi. Ýöne däli derýaň soňu-da bolýar, Durmuş kitabynda ýapylar gatym. Meniň kimdigime düşüner olar Bir gysym topraga garylan wagtym. 04.06.2018 | |
|
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |