06:38 Durmuş bi... | |
DURMUŞ BI...
Goşgular
Durmuş bi, dert basýar, dert basmarlaýar, Munuň üçin derdi az däl hudaýyň. Adam şonda ejizleýär, lagşaýar, Horlanşy deý döwüm nansyz gedaýyň. Biri ýöremekden, gözünden galýar, Ýüregi persala çalajan otyr. Biri el-aýakdan, sözünden galýar, Niçe ýyldyr indi düşekde ýatyr. Hiç kimi hiç haçan geňlärligi ýok, Saglygyňa güwä geçip bolmaýar. Derdem tüýsli-tüýsli bolýan ekeni, Biri aglamaýar, biri gülmeýär. Etmişiňe görä dert berýär taňry, Seniň ondan gaçyp gitjek ýeriň ýok. Etjek bolsa melhem eder gerdini, Belki, ine, diňe şunda berim ýok. Jemlemekçi boldum goşgyny, ýöne, Muny jemläp bilmeýşimi aňsadyň! Şahyr, sen özüňden habar bersene, Aýt, neçün juwan ýaşda agsadyň?! • BIR BETLAGAM GOŇŞY HAKDA Goňşym gaharjaňdyr, degseň sylamaz, Degmeseňem sylap goýýanlardan däl. Ynsap hakda okabersin takaly, Barybir mal-mülkden doýýanlardan däl. Satar seni jygba-jyga gelende, Jygba-jyga gelmese-de satýandyr. Aýy dostlugyny ýatdan çykarma, Birje çawuş çaksa bagtyň ýatandyr. Bir tarapa eňse eňer-de gider, Bilmersiň asyl-ha yza gaýtaryp. Çagasyna seretmeli heleýi, Rul başynda oturandyr jaýtaryp. Goňşymyň gürrüňin beremde saňa, Ony tanamadyk bolýarsyň, jora. Ol seňem goňşyň-a, obadaşyň-a, Gowusy, sen muny ataňdan sora... • KIŞI ZEÝRENJI Biri diýdi:--Hiç kim habar tutmaýar, Göýä sen hiç kime gerek däl ýaly. Ýa-ha bular meni unudyp ýörler, Ýa-da bulaň men ýalysy kän ýaly... Zeýrendi bir kişi, zeýrendi birdem, Diňläpdim men öňem şeýle „aýdymy“. "Sen otur aga bolar garrasa adam“, Jahylkam, ýadymda atam aýdany. "Ýa zeriň, ýa zoruň gerek ýaly-la, Kime gerek adam, puly bolmasa?“ Diýen kişi aýdanyňda ýöne bar, Zer neýlesin, oňly döli bolmasa. • SANAWAÇ KYSMY... Paňk paňlaýar, Akyl aňlaýar. Aňk geňleýär. Nan heňleýär. Kelle güňleýär. Hassa iňleýär. Dana diňleýär... • ÖZ TANŞYŇYZ... Halamaýan gaty bir türk bolsa-da, Özelenýän: "Bu gylygyň taşla sen. "Gör-ä, ýalançylar daşyň alypdyr, Indi özleri deý aldap başla sen“. Barybir ol ili aldap bilmeýär, Her öňýeten o pahyry aldaýar. "Kim ol?“ diýip, soraýarlar zol menden, Menem diýýän: - Öz tanşyňyz Allaýar! Allaýar ÇÜRIÝEW. | |
|
√ Nyşanmy / Goşgular - 09.11.2024 |
√ Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Saýhally hem sada / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Сүйіп өтем / Goşgular - 11.10.2024 |
√ Блондинка с голубыми глазами / Goşgular - 24.07.2024 |
√ Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Eý, aşyklar bahary, haýyr hamyla senden... / Goşgular - 22.10.2024 |
√ Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Я блондинка / Goşgular - 26.07.2024 |
√ Hasrat / Goşgular - 07.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |