11:24 Durmuş dramasy / nowella | |
DURMUŞ DRAMASY
Hekaýalar
Boýdaşym Akgül bilen ugramaga häzirlenip duran otla münüp, özümize degişli ýerlerde ornaşdyk. Yzýanymyzdan küpämize kyrk ýaşlaryndaky är-aýal salam berip girdiler. Goşlaryny ýerleşdirip oturanlaryndan soň, erkek kişi öz adynyň Mämmetdigini, aýalynyň Mahymdygyny aýdyp, bizi tanyşdyrdy. Soňra aýalyna pyşyrdap bir zatlar diýdi-de, küpeden çykyp gitdi. Otly ýuwaşjadan ýöräp ugrady. Bir salymdan Mämmet özi bilen deň-duş bir oglany yzyna tirkäp geldi-de, Akgül ikimize ýüzlenip: — Gelnejeler, bu oglan meniň dostum Döwran. Onuň aýaly ikisiniň ýerleri hersi- niňki aýratyn küpä düşüpdir. Eger garşy bolmasaňyz, meniň ýerime Döwranyň aýaly gelse neneňsi görýäňiz?— diýdi. Akgül ikimiz ýerli-ýerden: — Gelsin, gelsin. Gaýtam, küpede hemmämiz aýallar bolup gitsek kem bol- maz — diýenimizden soň, Döwran gidip aýalyny alyp geldi-de: — Ine, bu meniň ýanýoldaşym, Sadap — diýdi. Mämmet alçak, girişgen ýigit ekeni. Ol: — Indi bolsa, ýoldaşlar, Döwran ikimiz size çaý hödürläli, ýol uzak, gije uzak, üýşüp çaý içseg-ä kem bolmazdy — diýdi. — «Ýoldaşlar» diýip ýüzleneň soň, ýygnak dagy geçiräýjekmikäň diýipdirin — diýip, men hem degişdim. — «Ýoldaşlar» diýilýän söze hökman ýygnaklarda ulanylýan söz diýip düşün-meli däl. Mysal üçin, bir obada ýaşaýanlara «obadaş», bir edarada işleýänlere «kärdeş», bile okaýan ýaşlara «synpdaş» diýilişi ýaly, biz hem bir ugra, bir ýoldan barýanlygymyz üçin ýoldaş bolýarys-da — diýip ýylgyrdy. — Eýle bolsa, getir caýyňy, Mämmet, ýoldaşlar, has dogrusy, küpedeşler bolup üýşüp çaý içeliň — diýdim. — «Küpedeşler» diýip, näme, Döwran ikimizi başga küpeden diýip döwräňize goşjak hem dälmi? — diýip, Mämmet ýene degişdi. — «Bal tutan barmagyny ýalar» diýipdirler, çaý getirip berenligimiz üçin bize-de hödür ederler-dä — diýip, Döwran hem gürrüňe goşuldy. Mämmet bilen Döwran eglenmän demlenen hum çäýnegi käseleri bilen alyp geldiler. Biz hem aýallar bolup stoluň üstüni ýanymyza göteren süýji-kökelerimiz bilen doldurdyk. Degşilip-gülşülip içilen çaý uzaga çekdi. Mämmet dosty hem obadaşy Döwran maşgalalary bilen Lebapdan gelýändiklerini, obalaryndaky orta mekdepde ýokary bilimli mugallymdygyny, aýaly Mahymyň çagalar bagynda terbiýeçi bolup işleýändigini, häzir bolsa tomus rugsadyna çykyp, Awaza dynç almaga barýandyklaryny gürrüň berdi. Soňra ol ýoldaşyna ýüzlenip: — Döwran, senem özüňi özüň tanyş- dyraý — diýdi. Döwran ardynjyrap: — Bizem maşgalamyz bilen obamyz- da ata-baba kesbini dowam etdirýäris. Hä- zirki dilde aýtsam, Sadap ikimiz kärendeçi. Ýaňy-ýakynda döwlete däne tabşyrmak boýunça borçnamamyzy aňry ýany bilen doldurdyk-da, dynç almak üçin ýola düş- dük — diýenden Mämmet: — Hawa, bizem Döwran bilen diňe bir obadaş däl, çagalygymyzdan ýürekdeş dost, maşgalalarymyz hem gadyrdan jora, hut şonuň üçinem her ýyl dynç almaga-da bile gidýäris — diýip, dostunyň gürrüňiniň yzyny ýetirdi. «Şak-şak, şak-şak» edip, otly barha badyny güýçlendirýärdi. Wagonyň penjiresinden daşaryk äňeden Sadap: — Tüweleme, otlymyz-a garaňkyny böwsüp, edil atylan ok ýaly bolup barýar — diýenden, onuň gapdalynda oturan Akgül: — Ýok, gara ýeri bagyrtlap, şuwlap süýnip barýan äpet ýylan ýaly diýsene — diýip-diýmänkä Döwran: — Ýok, goýaweriň, şol aýylganç nejisiň adyny bir tutmaweriň — diýip, hamala, ýylanyň diňe bir ady tutulman, hut onuň özi düýrlenip ýatan ýaly, allaniçigsi bolup, elleriini howatyrly kelemenletdi. Döwranyň bu bolşy Akgül ikimize üýtgeşik täsir edip, biri-birimiziň ýüzümize soragly seredip, dymyp oturdyk. Emele gelen oňaýsyz ýagdaýdan Mämmet çykalga tapdy. Ol: — Çaýdan bolşan bolsak, Döwran, bizem ýerimize baraýaly — diýdi-de, bize ýüzlenip, — Sizem ýatyň, dynjyňyzy alyň — diýip, turmak bilen boldular. Küpeden çykyp barýarkalar Mämmet yzyna öwrülip, — Men az salymdan gelerin — diýdi. Diýşi ýaly hem etdi. Köp wagt geçmänkä yzyna dolanyp geldi. Ol iki tirsegini ýokarky gatlardaky ýatylýan ýerlere diräp durşuna: — Gelnejeler, Döwranyň ýaňky bolşuny geňlemäň, onuň düýpli sebäbi bar — diýenden men: — Şeýlemi, özem ýylan sözi bilen bagly bolaýmasa — diýen çaklamamy orta atdym. — Diňe söz hem däl, ýylanyň hut özi bilen bagly agyr waka, ýatdan çykaryp bolmajak durmuş dramasy bar — diýip, Mämmet Sadaba tarap soragly nazaryny aýlady-da, — Ol gizlin zat däl, hakyky bolan waka. Biziň obamyzyň ýedi ýaşlysyndan ýetmiş ýaşlysyna çenlisiniň bu barada eşitmedigi ýok- dur — diýenden, Sadap: — Hawa, bu hut şeýle — diýip, Mämmediň sözlerini tassyklady.— Ol waka baryp-ha ýetmiş ýyla golaý mundan öň bolan hem bolsa, Döwran dagynyň maşgala agzalary ony heniz-henizlerem ýatdan çykmajak awuly ýürek derdi hökmünde unudyp bilenoklar — diýip, Mämmet dymdy. — Gizlin syr däl bolsa, belki, bize-de gürrüň berersiň, Mämmet, gaty gyzyklan- dyryp goýberdiň — diýip, haýyş edenimizden soň, Mämmet geçip aýalynyň gapdalynda oturdy-da, gürrüň berip başlady... * * * Durmuş şeýle bir täsin zat. Belki, bu gün, birsydyrgyn asuda dowam edip duran durmuşyň, ertir garaşylmadyk, asyl kelläňe-de gelmejek şatlyk-şagalaňly ýa- da kyýamat gopdurýan pajygaly wakany öňüňde duýdansyz keserdip goýaýmagy ähtimal. Myrat bilen Senemgülüň durmuşy hem hut şeýle bolupdy. Olar bir obada adaty maşgalada doglup, önüp-ösüp kemala gelipdiler. Watançylyk urşunyň başlanan ýyly Myrat bilen Senemgül birinji synpa okuwa barypdylar. Uruş ýyllarynyň, onuň yz ýanyndaky ýyllaryň agyr labyry diňe bir ulularyň däl, eýsem, heniz kemala gelip ýetişmedik çagalaryň hem ejizje gerdenlerine düşüpdi. Ýowuz durmuş olary taplanmaga, wagtyndan ir ulalmaga mejbur edipdi. Olar durmuşyň agyr synaglarynyň öňünde öz ene-atalary, il bilen ýüzbe-ýüz durmagy başarypdylar. Bagtly durmuşa bolan ynam, ýaşaýşa bolan höwes, maşgalasyna, çagalaryna, Watana bolan çäksiz söýgi bilen ruhlanan adamlar has-da jebisleşip, gabat gelen kynçylyklary ýeňip geçmegi başarypdylar. Myrat bilen Senemgül hem şolardandy — olar hem şol kynçylyklary göre-göre, okuwlaryny dowam edýärdiler, ösüp-ulalýardylar. Ulaldyklaryça-da olaryň ýüreklerinde ýyly mähir, kalplarynda joşgunly özgerişler emele gelip, indi olar daş-töwerekde bolup geçýän wakalary aýyl-saýyl etmegi, ýagşyny-ýamany saýgarmagy, tebigatyň gözelliklerini duýmagy öwrenýärdiler. Üç-dört ýyl öň olaryň ünsüne-de mynasyp bolmadyk ygşyldap oturan ýaşyl maýsalaram, bag- laryň çalaja şemala şybyrdaýan ýapraklaram, hoşboý ysly reňbe-reň güllerem indi ýaş ýüreklerde ýakymly tolgunma emele getirýärdi — olaryň kalplaryna yşk heseri aralaşyp ugrapdy. Synpdan-synpa geçdiklerisaýy synpdaşlaryň biri-birine gara- ýyşlary hem üýtgeýärdi — olar özara has sylaşykly, has seresaply, has eserdeňdiler. Myrat hem özünde şeýle özgerişleriň bolup geçýändigini ýüreginiň töründe gizläp ýördi. Synpdaky okuwçylaryň ýarysyndan köprägi gyzlar bolsa-da, Myrat köpüň arasyndan täk Senemgüli bireýýämden bäri göz astyna alyp ýördi. Gyzyň dogumlylygy, alçak häsiýeti, eýleki gyzlardan üýtgeşik, mähirli, güler meňzi, wagt geçdigiçe Myrady özüne bendi ed- ýärdi. Gyza entek jahyl ýüregini açmasa-da, hyýalynda onuň bilen nijeler pynhan- pynhan gürleşerdi. Aýratyn hem, okuwyň soňky ýyllarynda sapak arakesmelerinde oňa ogryn bakyp, kämahallar onda nazaryny känräk egleýändigini-de duýman galýardy. Eger onuň bilen gürleşäýse-de, sesine aýratyn mähir, mylaýymlyk çaýyp gürleşýärdi. Myradyň bolşuny Senemgül hem aňman duranokdy. Ol Myrady beýleki synpdaşlarynyň biri ýaly görse-de, käýarym ol barada oýlananyny ýa-da oňa birden seredenini duýman galýardy. Şeýle pursatlarda käwagt nazarlar biri-biri bilen tapyşyp, ondan dörän mähir ýüreklere baryp ornaýardy. Myradyň köp babatlarda öz deň-duşlaryndan tapawutlanýandygyny Senemgül öz ýanyndan boýun almaly bolýardy. Ol öwsaýy, sammyk oglanlardan däldi. Myrat görmegeý, akylly, edenli, ejize hossar çykjak ýüregi ýuka, mert ýigitdi. Okuwda-da göreldeli okuwçydy. Ýöne ýediýyllyk mekdebi gu- taranlaryň hemmesi diýen ýaly, şol sanda Myrat bilen Senemgül hem, obada orta mekdep bolmandygy üçin, okuwy ondan aňryk dowam edip bilmändiler. Myrat maşgalada üç gyzdan soň doglan ýekeje ogul hem bolsa, ony läliksiretmeýärdiler, tersine, urşuň soňky ýylynda ýaralanyp öýüne gelen kakasyna kömekçi, söýget bolsun diýip, öý-hojalyk işleriniň agyr hem kyn bölegini onuň üstüne ýüklärdiler. Onuň daşyndan Myradyň özi hem kolhozda traktorçy bolup işleýän kaka- syna kömek etmek hem-de onuň kärini öwrenmek üçin, onuň ýanynda işleýärdi. Senemgül öýünde ejesine kömekleşýär- di. Indi Myrat bilen Senemgül setanda- seýranda gabat gelşäýmeseler, biri-birini görenokdylar. Myrat günde-günaşa bir bahana tapyp Senemgülleriň öýleriniň töwereginden geçýärdi, ýöne oňa duşanokdy. Göresi gelip, ýüregi gysýardy. «Nädip duşup, nädip gepleşip bolarka?» diýip oýlanýardy. Ana, bir günem onuň arzuwy hasyl boldy. Senemgül üç-dört ýaşlyja jigisiniň agran gözüni lukmana görkezmäge obalaryndaky «medpunkta» alyp barýarka Myrada gabat geldi. Intizar ýigidiň begençden ýaňa ýüregi agzyndan çykaýyn diýýärdi. — Senemgül, salam, senem görmek bar eken — diýip, ondan aňryk gürlese öte geçerinden çekinip dymsa-da, gyzdan gözüni aýryp bilenokdy. — Salam, Myrat, gurgunmyň, özüňem görnüp baraňog-a — diýip, sülmüräp ýere bakdy.— Wah, men görünýän-le. Günde diýen ýaly öýüňiziň ýanyndan geçýärin. Dogry, garaşyp duramok, gep-gürrüňden çekinýän. Ýöne seni gaty göresim gelýär. Okuwy gutaranymyza ep-esli wagt bol-da, Senemgül! — Hawa, ol-a şeýle — diýip, gyz ýa- nynda duran jigisiniň başyny sypalap durşuna, çalaja ýylgyrdy. — Seni nädip görüp bolarka, Senem- gül, garşy bolmasaň, käwagtjyk duşuşa- ýaly-da, näme diýersiň? — Aý, men-ä bimedim. — Nämäni bileňok, Senemgül, seniň göresiň, duşuşasyň gelenokmy? Men-ä seni birnäçe ýyl bäri örän gowy görýän. Ähli oý-pikirim hemişe sen hakda. Sen muny duýýarmykaň öýdýärin. Okaýan döwrümizde-de bu barada saňa nähili aýt- jagymy bilmedim. Indi bolsa gürleşmeg-ä beýlede dursun, görmäge-de zar boldum. Seniň bilen görüşmäge, duşuşmaga men- de umyt barmy, Senemgül?... Şol gezek olar geljekki duşuşyklar barada dilleşdiler. Şondan soňky ýatdan çykmajak tolgundyryjy duşuşyklar, alşylan hatlar Senemgül on sekiz ýaşaýança do- wam etdi. Soňam toý tutulyp, öz döwrüne laýyk dabara bilen ugradylan Senemgül Myradyň öýüniň arzyly gelni boldy. Gurt aga bilen Nabat daýza görkli-görmekliligi mylakatlylyk, sylaşyklylyk, mähremlik bilen utgaşyp gidýän gelne duşurany üçin, otursalar-tursalar, Hudaýa şükür edýärdiler. Maşgala bolanlaryndan soň hem ýaşlaryň biri-birine söýgüsi köpelmese kemelmedi. Toýdan ýarym ýyl geçip-geçmänkä, Senemgül bäbege garaşýandygyny buşlap adamsyny begendirdi. Emma gözli-başly sap-sagat dünýä inen bäbejik bir dert tapynyp, üç aýlykga Senemgülüň gujagyny boş goýup gitdi. Ilkinji perzen- dini aldyran Senemgül aglamakdan ýaňa süllerip soldy. Ýöne «Bela gelse, ýeke gelmezmiş» diýlişi ýaly, bu ýaş gelniň özem bir derde sataşdy oturyberdi — entek göwreli wagtlary çalajadan agrap başlan bili gitdikçe çynlakaý azar berip başlady. Öýde, maşgalada hemişe edýän işlerini edip girip-çykyp ýördi, ýöne bili welin agyrýardy. Myrat ony etrap, welaýat lukmanlaryna-da görkezip gelipdi. Ýöne ol döwrüň lukmançylygynyň mümkinçiligi çäklidi, edilen emler, bejergiler känbir peýda berenokdy. Onda-da Senemgül bilinden çekýän ejiri barada zeýrenip ýörenokdy. Myrat: «Nädip ony bu azardan dyndaryp bolarka?» diýen pikir bilen ýaşaýardy. Bu ýagdaýdan habarly garyndaşlary, goňşy-golamlary: — Gelni duzly käle äkidip geläýmeli ekeniňiz, Nabat, özüň bilýäň, obamyzdan şoňa gidip gelenler-ä şypa tapýarlar — diýip maslahat berdiler. «Duzly käl» diýilýäni goňşy etrabyň çäginde ýerleşýärdi. Ol uly bolmadyk, asty duz gatlakly, üsti çenden aşa şor suwly zolakdy. Her ýyl tomsuň jokrama yssy günle- rine gabatlap guragyryly adamlar üýşüp, biri-birine ýoldaş bolup şol käliň suwuna girmäge giderdiler. Kim atly, kim eşekli, hojalykdan bir adamdan köp gidýän bolsa, arabaly ir säher ýola düşüp, gün ýaşara zordan yzlaryna gaýdyp gelerdiler. Soňy bilen olar: «Gowy nepi degdi, nesip bolsa, täze ýyl ýene-de gideris» diýerdiler. Senemgüli gaýynenesi gelýän tomus- da duzly käle äkitmegi ýüregine düwdi. Emma bu niýet başa barmady, Senemgül hamylady. Onuň yz ýanyndaky tomusda gelniň özi: «Emzikli çagamy taşlap gidip biljek däl» diýdi. Diňe ogly üç ýaşyň için- dekä gidermen boldy. Emma bolmajak bolsa, oňa alaç bolmaz eken. Obanyň käle gitmeli toparynyň ertir ugramaly diýlen gijesi Meretjik ýokary gyzgynlyk tapyp, ýaramandy. Senemgülüň özi ýady- na düşmedi. Hamrak enäniň mähremligi bilen: «Men syrkaw çagamy goýup hiç ýerik gidip bilmen» diýip, onuň ýanynda galdy. Üç-dört günden Meretjik gowuja bolup gutulyp gitdi. Ýöne Senemgülüň çekýän azary Myrada ynjalyk berenokdy. Ol: «Heý, duzly käle başga gitjek ýokmu- ka?» diýip, obalarynda ondan-mundan soraşdyryp çykdy. Gidermen tapylmady. Myrat alaçsyz ýyl sypdyrman aýaly bilen duzly käle gidip-gelip ýören bir gartmaç ýaşulynyň ýanyna baryp: — Nedir aga, Senemgüli özüm duzly käle alyp gidäýsem, oňarmazmykam? — diýip, ondan maslahat sorady. — Ýolunyň salgysyny, barandan soň näme etmelidi- gini gowy düşündirseňiz, özüm baş alyp çykarmykam diýýärin. Belki, äkidenime laýyk gelnime haýry degäýedi-dä, Nedir aga, maslahat beräýiň-dä — diýip, tüýs ýürekden özelendi. Gelniniň halyna çyny bilen gynanýan Myrada Nedir aganyň nebsi agyrdy. — Başaryp-başarmaz ýaly, kyn zat ýok, Myrat. Baýaky gidişlikde bile giden bolsak gowy bolardy welin, elbetde, nesi- be däldir-de — diýip, Nedir aga bir salym böwrüni diňläp dymdy. Soňra çaýly kä- sesini ýerde goýdy-da, Myradyň ýüzüne dikanlap seredip, — Men saňa ýoluny, barandan soň etmeli işleriňi jikme-jik dü- şündireýin, ünsli diňle, Myrat — diýip, Nedir aga sözüni dowam etdirdi — Gidende arabaly gitseňiz amatly bolar. Ýanyňyza taňka, ýeterlik suw, garbanaýar ýaly odur- budur azyk, gyzgyn suwdan çykyp, öýe gelýänçä geýer ýaly donuňyzy alyň! Ol ýere barandan soň arabaňy ýazdyryp, atyňy käliň bäri tarapyndaky ýylgynlygyň otly ýerine örkle-de, özüňiz käliň aňry tarapyna — ürgün çägeligiň başlanýan ýerine baryň — diýip, Nedir aga sözüne az salym dyngy berdi-de, — Myrat jan, indiki aýtjak zatlarymy örän dykgatly diňle. Duzly kälde bejerilmegiň hiç ýerde ýazyl- madyk, şoňa görä, şumada deňiç hiç kim tarapyndan okalmadyk, ýöne, nesilme-nesil dowam edip gelýän iki sany möhüm şerti bar, olaryň birinjisi, ilki bilen on-on bäş minudyň dowamynda gyzgyn çägä gömlüp ýatmak, ikinjisi, çägeden çykyp, käliň gyzgyn şor suwunda hem şonçarak wagt ýatmakdyr. Dogrusyny aýtjak, bu aňsat zadam däl. Şonuň üçinem her kim öz ýüreginiň, tutuş göwresiniň ýagdaýyna diňşirgenip, esewan bolup ýatmalydyr. Ýagdaýyň erbetleşip başlanyny duýsaň, dessine çäge-de bolsa, suw-da bolsa, çykmaly. Bilşiň ýaly, ol ýere gidýänler, esa- sanam, meň ýaly, meniň ýaşyma golaýlan adamlar. Enteg-ä men obamyzdan biriniň gumuň ýa-da suwuň gyzgynyna çydaman erbet bolandygy barada eşidemok. Şolaryň çydan gyzgynlygyna seniň gelniň hem çydar, siz bir ýaş juwan adamlar ahyryn — diýip, Nedir aga onuň pikirini biljek bolýan ýaly, Myradyň ýüzüne seretdi. — Elbetde, çydar, görgüli agyrysyn- dan dynmak üçin hemme zada kaýyl — diýenden soň, Nedir aga sözüni dowam etdirdi. — Çägelige baranyňyzdan soň, onuň tekizräk ýerinden gelniň inine-bo- ýuna laýyk ýeriniň üstki gyzgyn gumlaryny iki eliň bilen iki gapdala aýyr. Şol ýerde gelniň ynjalykly ýatandan soň, üstüne hälki aýran gumlaryňy sür. Iki egninden başlap, ýüreginiň üstünden başga ýerini, tä aýagynyň ujuna çenli çäge bilen gowuja basyr-da, gidip suw- ly taňkanyň aşagyna ot ýakyber. Taňka gaýnaýança, käle girip, onuň boyunyň Senemgüle laýyk ýeriniň duz gatlak- laryny ýanyňda äkiden piliň bilen dyz boýy çuňlukda gazyp aýyr. Oňa deňiç taňkaň hem gaýnar. Çaýyňy demle-de, Senemgülüň ýanyna baryber. Gyzgyn çägede basyrylgy ýatan adam şeýle bir derleýär welin, öl-myžžyk bolýar. Aýdyşlaryna görä, endamyňdaky ähli derdiň, hut şol der bilen çykyp, çägä siňýärmiş. Hawa, şeýdip, Senemgüli gumdan çykaryp, endamyna ýel çal- manka käliň şor suwunda ýatyr. Ol ýerde-de on-on bäş minut çydap biläýse, enşalla, ininde dert galmaz. Ana, soň kälden çykaryp egnine ýanyňyzda äkiden dony geýdir-de, demlengi çaýyňyzy içip, azyklaryňyzdan garbak-gurbak ediň. Şeýdip, ýuwaş-ýuwaş yzyňyza — öýe tarap ugraberseňiz bolar. — Nedir aga, Taňryýalkasyn, şeýle bir çintgäp-çintgäp aýtdyňyz welin, men-ä baryp öz gözlerim bilen gören ýaly boldum. Başarmaz ýaly kyn zadam ýok ýaly, nesip bolsa, hemmesini siziň aýdyşyňyz ýaly ederin — diýip, Myrat öýlerine gaýtmak üçin ýerinden turdy. — Bar, Myrat jan, ýoluň ak bolsun, ähli amallaryň em bolsun! — diýip, Nedir aga ak ýürekden pata berip, ony ugratdy. Myrat öýüne gelip ejesine-kakasyna sala saldy. Olar ogluny goldadylar. Ejesi bolsa: — Oglum, siz arkaýyn gidiberiň, Meret jany özüm alyp galaryn, gelnimiziň der- dine em tapylsa bolýa — diýdi. Şeýdibem, howanyň petiş günleriniň birinde Myrat bilen Senemgül ir säher ýola düşdüler. Nedir aganyň salgysy boýunça gün günorta golaýlaberende duzly käli tapyp bardylar. Myrat arabany ýazdyryp, atyny ýylgynlyga daňdy-da, atynyň maňlaýyndan sypalap: — Bar, janawar, senem otlap garnyňy doýur, dynjyňy al, içjek suwuňy bolsa, soňrak bererin — diýip, goşlaryň ýanynda duran Senemgülüň ýanyna bardy. — Se- nemim, ýör, seniň çägede ýatmaly ýeriňi saýlaly — diýip, Myrat wagtyhoşluk bilen gelnine ýüzlendi. Olar käliň aňry tarapyna geçip, daş-töweregi synlap birsalym durdular. — Çar tarapyňa bir syn et, biziň otly-suwly, bag-bakjaly ýerlerimizem-ä owadan welin, giden gözýetime ýaýylyp gidýän bu gum alaňlyklarynyň hem özüne ýeterlik gözelligi bar eken — diýip, Myrat dillendi. — Menem şu wagt hut şol barada oý- lanyp durdum — diýip, Senemgül jogap gaýtardy. Ana, şol ýeriň çägesi hiç neneň däl ýaly — diýip, Senemgül duran ýerlerinden bäş-alty ädim ilerde, düýbüne ýylak, kert ýaly çöl otlarynyň guran samany üýşen bir topbak çerkeziň gapdalyndaky tekiz çägeligi görkezdi. — Hemme ýerem birmeňzeş ýaly, goý, seniň öz halan ýeriň bolsun — diýip, Myrat Senemgülüň görkezen ýerine bardy. Çöküne düşüp adam boýy ýeriniň çägesiniň üstki gatlagyny iki eli bilen iki gapdala süýşürip başlady. — Myradym, iki eliň bilen gumy iki tarapa süýşürip oturyşyň, edil suwda gu- laçlap ýüzüp barýana meňzeýär — diýip, Senemgül birenaýy ýylgyrdy. — Seniň üçin, seniň saglygyň üçin ummany ýüzüp, giden çöllügi bagrym bilen süýşüp geçmeli hem bolsa men taýýar — diýip, mähirden doly gözlerini güldürip, söwer ýaryna seretdi. — Çäge örän gyzgyn. Sen nädip çydarkaň? — diýip, aladaly sorady. — Çydaryn. Öň gelip-gidýän aýallaram çydandyrlar-a. Onsoňam sen gumuň üstki gyzgyn ýerini aýyrdyň, indi çydamaz ýaly däldir. Kellämiň aşagyna-da, Nedir agaň aýdyşy ýaly, donumy epläp goýaryn — diýip, Senemgül owadan gözlerini güldürip, Myrada mähir bilen bakdy-da, onuň taýýarlan ýerine geçip süýndi. Myrat iki gapdala serpen gumlaryny Senemgülüň üstüne sürüp, ellerini eginleri bilen, bilinden başlap aýaklarynyň ujuna çenli çägä gömdi. — Nähili, gaty gyzgyn dälmi, hiç zat biynjalyk edenokmy? — Ýok, hemme zat gül ýaly, diňe şu donuň bir syýyny ýüzüme ýapsaň bolýar, ýogsam Günüň şuglasy edil gözümi alyp barýar. — Ýok, dony ýüzüňe ýapsam dem almagyň kyn bolar — diýip, Myrat iki sany çöpi Senemgülüň kellesiniň iki gapdalyndan biri-birine atanaklaýyn diräp goýdy-da, donuň syýyny şonuň üstüne atdy. Ana, tutuş ýüzüňiň üstüne kölege boldy. — Mun-a gaty gowy tapdyň, sag bol — diýip, gelin hoşallyk bildirdi. — Bolýar onda, arkaýynja ýat, men saňa bir ajyja çaý demläp goýaýyn — diýip, goşlaryna tarap ugrady-da, ýene yzyna öwrülip: — Dogrudan-da, hiç zat biynjalyk ede- nokmy? — diýdi — Ýok, arkaýyn işiň bilen boluber — diýenden soň, ol ynjalyp, goşlarynyň ýanyna ugrady. Taňkany suwdan dolduryp, aşagyna ot ýakyp goýberdi. Çöp-çalamlar guran ýylgyn şahalary bilen dessine tu- taşyp, bir salymda taňkany lasyrdadyp gaýnatdy. Myrat oňa çaý atyp, bir çetde goýdy-da: «Indi Senemgülem gumdan çykaryp, käliň suwuna salmaga wagt bo- lan bolsa gerek» diýip, oňa tarap ugrady. Gelniniň ýatan ýerine baranam şoldy, onuň: «Wa-a-ý, Senem ja-a-anyme-e-eý» diýip, ýürekleri-kalplary lerzana getirýän ses bilen gygyrmagy sansyz aňňatlardan aşyp, giden çöl-beýewanlyga iniňi tikenekledýän aýylganç ýaň saldy. Senemgülüň gül meňzine gögümtil reňk çaýylypdyr. Huşy başyndan uçan Myrat Senemgülüň üstündäki gumlary hasyr-husur aýryp, ony ýatan ýerinde bagryna basdy. Onda dem-düýt ýokdy. Onuň hemişe ýaşaýşa höwesli, durmuşyndan razy, hoşroý katdy-kamatly söýgüli ýary ýolnup taşlanan ajaýyp gülüň süllerişi ýaly, süllerip ýatyrdy. Mähriban ýanýoldaşynyň jesedi bilen gi- den çölüstanlykda ikiçäk galan, ýok, giň dünýä giňişliginde, ýer bilen asmanyň arasynda ýalňyz galan Myrat, duýdansyz depesinden inen ýowuz betbagtlygyň öňünde durup bilmedi. — Waý, janym, saňa nämeler boldy- leý? Waý, meniň mähribanym, indi men näme ederin-leý? Waý, men ýoluňa sere- dip oturan Meret jana näme jogap bererin-leý? Waý, seniň bagtyňa guwanyp ýören ejeňe-kakaňa näme diýerin-leý? Waý, indi men il- günümiň ýüzüne nädip serederin-leý? Indi men sensiz nädip ýaşaryn-leý?.. Boljak iş bolupdy. Indi elden aldyran söwer ýaryny oba aşyrmalydy. Myrat bir elini Senemgülüň boýnunyň aşagyndan, beýleki elini dyzlarynyň astyndan geçirip, çaga göteren ýaly alyp ýerinden galanda, gelniň agramyna birki ädim yzyna götinjekläp gitdi. Şo bada-da Senemgülüň ýatan ýerine birden gözi düşen Myradyň zähresi ýarylan ýaly bolup, duran ýerin- de doňup galdy. Gelniniň ýatan ýerinde gömülgen ýylan ýatyrdy. Tutuş bedeniňi jümşüldedýän kiçijik yş ýaly gazaply, gorkunç gözleri Myradyň içinden parran geçene meňzedi. Bu görnüşe huşy başyndan uçan Myrat Senemgüli pugta bagryna basyp, arabasyna tarap ylgady. Ol indi mähriban ýanýoldaşynyň nämeden şeýle bolanyna düşündi — ony şol ýylan çakyp öldüripdir. Myrat bilmezlikde Senemgüli ýylanyň öz çagalary bilen günüň çogundan gizlenip ýatan hininiň üstünde ýatyran bolmaly. «Eýelän mesgenine dalaş edilýändir öýden ene ýylan Senemgülümi çakandyr. Onda Senemgül näme üçin gygyryp, kömege çagyrmadyka? Ýa-da men eşitmedimmikäm? Ýok, mümkin däl. Daş-töwerek ümsümlik, ses-üýn ýok, ara ýakynjak, gygyran bolsa men eşidäýmeli. Hatda ol bada-bat turup gaçybam bilýärdi ahyryn. Onda näme üçin şeýtmedikä? Ýa-da, bedenine bir bada köp mukdarda zäheriň aralaşmagy, onuň beýnisini za- ýalap, aňyna-huşuna dessine güýçli täsir edip, hatda, gygyrybam ýetişmedimikä?». Myrat heniz oňly dynjyny alyp, ýeterlik otlap ýetişmedik atynyň boý- nundan gujaklap, hossaryna duşan ýaly zeýrenip, esli wagtlap aglady. At janawar gepläp bilmeýänine, öz eýe- sine göwünlik berip, derdini paýlaşyp bilmeýänine kemsinýän ýaly, gözüni bal- kyldadyp, müýnli ýaly başyny aşak egip, gymyldaman durdy. Myrat atyny araba goşdy. Arabanyň üstüne Senemgülüň öz donuny ýazyp, ony şonuň üstünde uzaboýuna ýatyrdy. Onuň üstüne bolsa «Menem baranyma görä, Senemgül birki käse çaý içýänçe, duzly suwa girip çyksam geýerin» diýip, ýanynda äkiden donuny ýapdy-da, özem Senemgülüň başujunda ornaşyp, atyny öýe tarap haýdady. At janawar ir säher öýden käle tarap gaýdanlarynda iki ýaş juwanyň biri-birine gysmyljyraşyp söýgi, mähir paýlaşyp gitjek pursatlaryny uzaltmak islän ýaly, bütin ýoly howlukman keremara ýöräp gaýdypdy. Häzir bolsa, bimöçber betbagtlyga uçran eýesini tizräk öýüne, hossarlarynyň ýanyna ýetirmek isleýän ýaly, badyny gowşatman säpjäp barýardy. Ýolda ne ugurdaş barýan, ne garşydan ýolagçy gabat gelýärdi. Howa diýseň petişdi. Ähli janly-jandar günüň jokrama yssysyndan gaçyp, kölegeli ýerlerde gizlenen bolmaly. Tutuş tebigatam Günüň asmandan inýän howruna melul bolup, günorta ukusyna giden ýaly dym-dyrslykdy. Diňe üstüne Senemgülüň jesedi ýüklenen araba kä ýerleri oýtak-oýtak gumly ýolda takyr- dap tozan turzup barýardy. «Ýoly ýörän ýeňer» diýlişi ýaly, Myratly, Senemgülli araba öýlän gelip gapylarynda saklandy. Nabat daýza eli sübseli ojagyň daş-töweregini syryp-süpürip ýördi. Arabanyň gelip duranyny gören Nabat daýza, Myradyň ýeke oturanyna gözi düşse-de, arabanyň içine pisint etmän: «Gelin daş işikde düşäýdimikä?» diýip oýlanyp ýetişmänkä, ejesine gözi düşen Myrat: «Waý, eje-le-e-ý» diýip, möňňürip goýberdi. Nabat daýza nämäniň-näme- digine düşünmese-de, bir betbagtlygyň bolandygyny syzyp, özüni lampa ýere goýberdi. Myradyň aýylganç sesine: «Nabat daýza bir zat bolaýdymyka?» diýşip goňşulary ylgaşyp geldiler. «Waý, eje jan, ýeteweri» diýip, Myrat arabadan düşen ýerinde Senemgülüň jesedini gujaklap durşuna aýylganç lägirdi. Goňşu- laryň biri ylgap Myradyň ýanyna bardy, biri Nabat daýzany ýerinden galdyryp, söýgetläp arabanyň ýanyna eltdiler. Arabada gül ýaly görmekli gelin süýnüp ýatyrdy... Ertesi Senemgüli uly oba bolup soňky ýoluna ugratdylar. Gonamçylykdan gaýdan gölegçiler gapa gelende Myrat dyňzap bokurdagyna gelen içki duý- gularyny ondan aňryk saklap bilmän iki elini ýüzüne tutup, Senemgül bilen ýaşan tamyna girip gitdi. Ol otagyň ortarasynda dyzyna çöküp, maňlaýyny keçäniň üstüne goýup dükgerip ýatyrka gözi ýaşly ejesi girip geldi. Nabat daýza ýüregi ýaraly ogluny gujaklap, bir salym bile aglaşdylar. Soňra oglunyň eginlerin- den galdyryp, ýüzlerini sypalady, onuň bir tarapa gyşaran papagyny dürsäp geýdirjek bolup çykaranda, oglunyň şargara saçlarynyň iki günde çuw ak bolandygyny görüp ýüregi gyýym-gyýym boldy. — Balam, saňa döneýin, nädende men seniň derdiňi ýeňledip bilerkäm, jan balam? — diýip, onuň saçlaryny sypalap ahy-nala edip otyrka, Gurt aga girip geldi. Ol eneli-ogluň çekýän hasratlarynyň bimöçberdigini bilse-de, erkek kişi, maş- galabaşy hökmünde olara ýüzlenip: — Nabat, Myrat jan oglum, hany, bes ediň, Alladan gelen ýüki mertlerçe çekmek lazymdyr — diýip, damagy dolup, bir salym dymdy-da, — Oglum, tur, daşaryk çyk, derdiňi paýlaşmaga gelen adamlaryň arasynda otur. Nabat, tur, senem aýallaryň ýanyna çyk, bolup oturyşyňyz nähili?! Näme, men gynanýan däldir öýd- ýäňizmi?! Agy, dad-u-bidat bilen gelnimizi yzyna gaýtaryp bolmajagyna gözüňiz ýetip dur-a! Özüňizi ele alyň, siz diýip gelen adamlaryň öňünde oturyň — diýip, olary turzup daşaryk çykardy. ...Myradyň haly teňdi. Köplenç öz otagynda düýrlenip ýatýardy. Ertir ýedisi diýlen agşam gam laýyna batyp oturyşyna, birden bir zat ýadyna düşen ýaly, zöwwe ýerinden galdy. Sähelçe salym böwrüni diňläp durdy. Soňra ýuwaşlyk bilen daş çykyp, obanyň ýaşululary bilen hümürdeşip oturan kakasynyň ýanyna baryp nämejal halda aşak çökdi.— Gel, oglum, otur — diýip, Myradyň ornaşykly oturary ýaly, Gurt aga bir gapdala süýşdi. — Kaka, Senemgülüň şeýle bolmagynyň sebäbini bildim — ol ýylan menden ar almak üçin Senemgüli çakyp öldüren bolmaly. Gurt aga ogly gaýgy-hasratdan ýaňa näme diýýänini özem bilmän samrap oturandyr diýip, oýlandy-da: — Oglum, o näme diýdigiň boldy, düş- nükliräk aýtsana, sen näme diýjek bolýaň? «Gulakda gapak ýok» diýişleri ýaly, ataly-ogluň pessaýja ses bilen edýän gürrüňlerini ýanlarynda oturan ýaşulularam eşidip otyrdylar. — Myrat saňa ynjalyk bermeýän bir syr-a bar ýaly, gürrüň berseň ýüregiň gowzar, derdiň ýeňilleşen ýaly bolar — diýenden soň, Myrat gürrüň berip başlady. — Ol wagtlar özüm ýaly oglanlar bi- len ýarym salkyn gapymyzdaky barja goýun-geçilerimizi meýdanda bakmaga äkidýändigimizi sen bilýärsiň. Oglanlaryň arasynda ekabyrragy mendim. Güýzüň soňky günleriniň biridi. Şol gün mallarymyzy obamyzyň hol «Çandyr ýeri» diýlip at alan ekerançylyk meýdanynyň golaýyndaky ýylgynlyga sürdük. Ol ýerde hemişe mallar üçin iýmäge ot tapylýardy. Sowuk urup gurap ugran hyşşalar, şoradyr syr- kynlar, akbaşlar, azda-kände buýandyr ýandaklar ýeterlikdi. Şor topragyň ýüzi bolsa mallaryň halap iýýän çalymtyk reňkli şorçaýyr bilen örtülendi. Topbak-topbak bolup oturan ýylgynlaryň pürleri dökülip, şahalary gyzylja taýajyklar bolup otyrdylar. Mallarymyzyň öz maýdalyna otlaşyp ýöre- ninden peýdalanyp, biz oglanlar hem her hili oýna gümra bolýardyk. Ana, şol gün gumaksy şor topragyň ýüzünde ýylanyň egrem-bügrem yzyny gördük. Ol bäş-al- ty ädim çemesi aralykda mese-mälim yz galdyryp, bir topbak ýylgynyň aşagyna dökülen pürleriniň arasyna sümlüpdir. Öňi bilen biz ýylanyň näme üçin henizem gyş ukusyna gitmändigine geň galdyk. Soň- ra ýylanyň şol ýylgyn pürlerinden çykyp giden-gitmänini onuň daşyndan aýlanyp barlap çykdyk. Ol ýerden çykan yzy ýokdy. Püri taýak bilen peşeläp görmäge-de gorkduk — birden üstümize topulaýsa nätjek! Meň kelläme bir ýeser pikir geldi. «Dostlar, geliň şu püri daş-töwereginden ýakyp göreliň» diýenimden, «Geliň-de, geliň» diýşip, oglanlar bu pikiri alyp gö- terdiler. Çar tarapyndan otlanan pürler entek ýagyn zat ýagyp çyglanmandygy üçin, derrew tutaşyp, hatda ýylgynyň şahalary-da şatyrdap ýanyp, ol töwerekleýin ýalyna öwrüldi. Biz sesimizi çykarman eden işimiziň netijesine garaşyp durduk. Birdenem ýanyp duran oduň içinden köýen hamyň ysy ýaly bir täsin ys gelip ugrady. Biz ot doly ýanyp gutarýança garaşdyk. Oglanlaryň biri «Indi näderis?» diýip maňa seretdi. Men sesimi çykarman elimdäki malyň yzynda göterýän taýagym bilen gorka-gorka ýanyp gutaran ýylgy- nyň külüni dörjeläp başladym. Birdenem taýagyma bir zat ilen ýaly boldy. Men ýanyp gap-gara bolan ýagjymak tanap ýaly ýylany usul bilen taýagyma ildirip, tomaşa edip duran oglanlara tarap taşladym. Aramyzda iň kiçimiz Ahmetdi. Ol ýüzüni bir tarapa sowup: — Bu janawary beýder ýaly, onuň nä- me günäsi bardy, Myrat?— diýdi. Ýene biri: — Aý, nejis ýylandyr-da, şony kim nirede görse-de öldürýär-ä — diýse, başga biri: — Ol bize hiç zat etmedi ahyryn, gaýtam, ony gizlenip ýatan ýerinde diri otladyňyz — diýdi. Boljak zat bolandan soň oglanlar akyl satyp başladylar: — Men bir gezek babamyň «Ýatana ýylan hem degmezmiş» diýenini öz gulagym bilen eşitdim. Biz bolsa, ýylança-da bolman, ony ýatan ýerinde diriligine ýakyp öldürdik — diýip, Çaryjyk kemiş-kemiş edip aglamjyrady. Iň howatyrly zady Penji aýtdy: — Meniň eşidişime görä ýylan hemişe taýly gezermiş. Eger-de kimde-kim olaryň birini öldüräýse, diri galan taýy hökman öldüreni tapyp, ondan ar alýarmyş. Myrat, senem şu ýylanyň taýynam tapyp öldü- räýmeseň, ol seniň yzyňdan galmaz, ägä bol — diýdi. Şodur-da şodur men hemişe gorkup gezdim. Garaňkyda daş çykmaga gorkardym, gündizlerine-de çöp-çalamlaryň içine girmäge heder ederdim. Ýöne wagt geçmegi bilen, kem-kemden gorkaklygymy ýatdan çykarypdym. Ana, ýaňy Senemgül barada oýlanyp, içimi gepledip otyrkam birden şol waka ýadyma düşüp, «Birwagtky öldüren ýylanymyň taýy menden ar alandyr» diýen pikir kelläme geldi. Hut şeýle, kaka, ol menden aryny aldy. «Hany, ýigit, taýyňy eliňden aldyrsaň, nähili bolýandygynyň awusyny sen hem dadyp gör» diýip, ol ýylan meni göz-görtele muşakgata sezewar edendir — diýip, ol uzyn gürrüňini tamamlap, — Kaka, munuň hut şeýle bolmagy mümkin gerek — diýip, öz çakynyň tassyklanmagyny isleýän ýaly, ol ýene-de Gurt aga ýüzlendi. — Men-ä şeýle diýip biljek däl, oglum. Ondan bäri ençe wagt geçip, ol gören ýylanlaryňdan derek galdymy?! Ol-a bir. Ikinjidenem, ol waka seniň çagalyk ýyllaryňda şu töwereklerde bolupdyr, a gelni- mizi çakan ýylan bolsa bu ýerden ýarym günlük uzakda ahyryn — diýip, sözüni gutardym etdi. Ataly-ogluň özara gürrüňine olaryň ýanynda oturan ýaşulularam goşulyşyp gitdiler. Olaryň biri: — Myrat jan, sen oň ýaly pikir edip, özüňi horlap ýörme. Senemgül gelniň ýazgydy şeýledir, alaç ýok. Ýogsam oba adamlary ömür şol käle topar-topar bol- şup gidip-gelip durlar-a. Şu wagta deňiç şol jelegaýlarda ýylana gabat geldik diýen adam bolmady. Bu diýdigim çölde ýylan ýokdur diýdigim däl. Çölde-de her hili jandar, şol sanda ýylanlaryň hem käbir görnüşleri ýaşaýar. Senemgüli çakan gömülgen hem şolaryň bir görnüşi. Gömülgen ýylanlar özüne abanýan howpdan goranmakda hem oňa hüjüm etmekde zäherli ýylanlaryň arasynda öz gaýduwsyzlygy, çalasyn hem çakganlygy bilen tapawutlanýarlar. Tomsuň jokramasynda gumuň üstki gatlagynyň gyzgynyna çydaman, ýylanlar gün- dizlerine çägäniň astky gatlaklarynda gizlenip ýatýarlar-da, awa-da gijelerine çykýarlar. Nätjek, Senemgül gelnimiziň kysmaty şeýledir-dä. — Inim, Myrat, sen ýaşulularyň diý- ýänlerine gulak as. Seniň häzir diňe göwnüň däl, tutuş synaň synan ýaly duýýandygyňy bilýäris. Ýöne sen bir zady bek belle- o janawarlaram özüň degmeseň ýa-da atanlykda üstünden basaýmasaň degmeýärler. Bu bolan waka dogrudan-da Senemgül gelnimi- ziň täleýi ters gelipdir diýmekden başga näme diýjegiňi biler ýaly däl. — Boljak zada çäre ýok, Myrat, kys- maty şeýle eken Senemgül görgüliniň, belki, köpçülik bilen gidende-de şeýle ýagdaý bolsa nätjek. Şonuň üçin sen özüňi günäkärläp horlanyp ýörme, mert bol — diýip, oturanlar ýerli-ýerden göwünlik berdiler. Senemgülüň kyrkyny berýänçeler hemem ondan soňky iki-üç aýyň dowamynda Myrat öýde azda-kände girip-çykyp ýören hem bolsa, göwnü- ni soramaga gelen deň-duşlary bilen göwünli-göwünsiz gümür-ýamyr etse- de, onuň hiç zat bilen hoşy bolmady, köplenç halatlarda işi öz otagyna girip ýatmak boldy. Dogan-garyndaşlarynyň ýalbar-ýakaram, dostlarynyň, obadaş- larynyň töwella-maslahatam peýda bermedi. Ol içini hümledip gam laýyna batyp ýatan ýerinde: «Senemgüli ýitiren günümden bäri kalbymyň göze görün- mesiz ýaralarynyň dynman ganjaryp durandygy üçin, meniň tükeniksiz ejir çekýändigimi kim syzyp biler? Ony ýat- ladygym saýy ýüregimiň jöwlan urup, dyňzap-dyňzap kükregimi ýaryp çykjak bolýandygyny kim duýup biler? Men Senemgül üçin ýaýdanman öz janymy bermäge taýyndym ahyryn» diýip, Se- nemgülüň ölüminde özüni günäkärläp, gije-gündiz içini hümledip ýatmagy, ony telbelik derejesine ýetiripdi. Onuň bolşy ähli zatdan bizar bolana meňzeýärdi, dünýä bilen işi ýokdy, hemme zada biperwaýdy, bimöçber göwnüçökgündi. Şeýde-şeýde, men diýen berdaşly ýigit gysga wagtyň içinde tanar ýaly bolmady. Öwezini dolup bolmajak bu ýitgi, çekme- si agyr bu hasrat, onuň bilini büküpdi. Senemgül ikisine niýetlenen otagda ol indi ýalňyz galypdy. Onuň gijelerini çirim etmän daňyny atyrýan gezekleri köp bolýardy. Şeýle gijelerde Myrat özüniň aladasyz geçen çagalyk, bigam geçen ýetginjeklik döwrüni, Senemgül bilen geçiren, gysga-da bolsa, yşkdan-bagtdan doly ýyllaryny süýjülik bilen ýatlaýardy. Onuň ýekeliginiň şaýady bolan bu otagyň goş-golamlary, içki görnüşi Senemgül bar wagtyndaky ýaly üýtgew- siz duran hem bolsa, Myrat üçin onuň içi boşap galypdy. Hossarlary bu ýagdaý- dan çykalga gözläp, kän kelle döwdüler. Ony lukmanlara görkezmäge äkitjek bolsalar-da, kes-kelläm garşy bolýardy, soň olary öýe çagyryp maslahat sora- ýardylar, bary biderekdi: ne olaryň mas- lahatlaryna pitiwa edýärdi, ne-de beren däri-dermanlaryny içýärdi. Türkmençilik edip oba arasyndaky tebiplere-de görkezdiler, olaryň hem gepini diňlemedi. Şeýdibem, Senemgülüň ýogalanyna bir ýyl hem dolmanka Myradam onuň «yurduna» rowana boldy. Myradyň hem Senemgülüň ogly Meretjigi Nabat daýza bilen Gurt aga ähli mährini siňdirip, hiç zada zar etmän, terbiýeläp ýetişdirdiler. Aýlar, ýyllar geçip, ol hem jahyl çykdy. Orta mekdebi tamamlandan soň Gurt aga ony ýokary bilim almak üçin okuwa ugratjak boldy, ýöňe Meret: — Ata, men enem bilen sizi taşlap hiç ýerik gitjek däl. Ýanyňyzda bolup, kolhozda işläberjek. Özümem siz ýaly traktorçy bolasym gelýär. Onsoňam size öýdäki mallara, olaryň otuna-suwuna, mellegimize seretmäge hem kömek gerek ahyryn — diýdi. Ata-ene muňa guwanman durmady. Meret diýseň akyl- ly-paýhasly, zähmetsöýer, ýigit bolup ýetişdi. Iki-üç ýyldan soň ony söýýän gyzyna öýerdiler. Häzir ol uly maşgalanyň eýesi bolup otyr. Üç ogul, iki gyz onuň göz guwanjy boldy. Ana, Sadabyň adamsy hem meniň dostum Döwran bolsa — Merediň ogullarynyň iň kiçisi, Myrat bilen Senemgülüň agtyklarynyň biri. Döwran hem özüniň başda aýdyşy ýaly, ata-baba kesbini dowam etdirip, işlemegem, dynç almagam başarýan kärendeçi daýhan. Onuň hem bu gün agzybir, bagtly maşgalasy bar. * * * — Ana, gelnejeler, Döwranyň ýylanyň ady tutulanda keýpiniň bozulmagynyň düýp sebäbi şeýle waka bilen bagly. Şonuň üçin ondan aýyp-syn etmäň — diýenden men: — Diýýäniň näme Myrat, aýyp-syn etmek beýle-de dursun, gaýtam, gürrüň beren bu wakaň biziň ýüreklerimizi tolgundyrdy. Bu agyr durmuş dramasy, hakykatdan-da, Döwran dagynyň maşgalasynyň ýadyndan çykar ýaly bolmandyr — diýdim. — Türkmenem her doga-töwirinde «Göze görner-görünmez bela-beterden, howpdan-hatardan Allaň özi gorasyn» diýip, ýöne ýere dileg edýän däldir. Alla jan saglyk bersin, hiç kime ýamanlyk ýüzüni görkezmesin, her kimiň görjegi gowulyk bolsyn — diýdi. — Nesip bolsa, şeýle-de bolar. Bagtyýar ýurdumyzda adamlaryň saglygy üçin, olaryň abadan durmuşy üçin, döwlet möçberinde yzygider alada edilýär. Munuň üçin dürli ugurly kesel bejeriş ulgamlary, hassahanalar, saglyk öýleri, şypahanalar döredilýär. Indi adamlara Senemgülüň hem onuň obadaşlarynyň birwagtky boluşlary ýaly, ýylyň-ýylyna jokrama yssy günlerine garaşyp guma, duzly käle gitmek aladalary ýok. Indi islendik adam ýylyň bütin dowamynda ýokary hilli bejeriş tilsimatlary bilen enjamlaşdyrylan arassa, ýagty şypahanalarda öz saglygyny dikeldip bilýär. Ana, bizem Hazaryň şypaly suwundan lezzet almak, saglygymyzy bejertmek hemem medeniýetli dynç almak üçin barýarys-a — diýip, Myrat ýerinden turdy-da, — Bolýar, onda, gelnejeler sag-aman ýatyp turuň, ýolumyz ak hem rahat bolsun! — diýip, hoşlaşyp, öz bolýan küpesine gitdi. Oguljan POLADOWA. | |
|
√ Gök gözli Ýefrosinýa / hekaýa - 13.05.2024 |
√ Ýene haýwanam diýjeksiň... - 05.10.2024 |
√ «Dag imesdir, köñlüm içre boldy myhman gözleriñ...» - 26.07.2024 |
√ Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024 |
√ Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024 |
√ Seniň baryňda / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Başky söýginiñ müşki / hekaýa - 04.01.2024 |
√ Sekiz emjekli "gahryman ene" / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Tabyt / hekaýa - 17.07.2024 |
√ Gara gözli söýgi ýaşaýarka... / hekaýa - 17.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |