DURMUŞ NOBATGULY DÄLDIR, GÖWHERIM
■ Uly gürrüňe kiçi giriş
Allatagala alty günde jümle-jahany — Ýeri, Aýy, Güni ýaradyp, ýedinji gün bolsa dynç alypdyr diýýärler. Belki-de, ol ýedinji gün öz ýaradan dünýäsine haýran galyp, aşyk bolup, meýmirändir, çünki adam ogly nije million ýaşan bolsa, şonça million ýyllabam deňizleriň, daglaryň, ýyldyzly asmanyň gözelligine maýyl: şahyr şygyr döretse, hudožnik surat çekipdir, kompozitor saz bilen şol gudraty beýan etmäge dyrjaşsa, tansçylar beden gözelligi bilen tebigatyň gözelligini döretmäge ymtylypdyr. Heýkeltaraşlar gara daşlary ýonup, Taňrynyň ýaradan gözelligini ýaňadan döretmäge synansa, artistler durmuşy sahnada janlandyrypdyrlar. Ähli sungatyň baş maksady Allatagalanyň ýaradan dünýäsini, durmuşyny özüçe ýaňadan ýaratmakdan ybaratdyr. Žiwopis — sessiz poeziýa, skulptura — daş poeziýa, saz — owazdan ybarat poeziýa, tans — beden poeziýasydyr. Taňry ynsany palçykdan ýasap, oňa päkize demi bilen jan beripdir. Oňa dini dilde «ruh» diýilýär, emma oňa poeziýa diýibem bolar. Geçmişiň akyldarlary zehinsiz adamyň ýokdugyna, ýöne köp kişileriň özleriniň zehinini açyp bilmän, «dogulman ölüp» gidýändigine kepil geçýärler, beýle dünýä gelip zehinsiz ýaşamak gabahat iş.
Ýaz durşuna poeziýa bolsa, tomus miweleriň endamyna hal bolup poeziýa ornamaýarmy, güýz — durşuna Gurbannazaryň poeziýasy dälmi, öýde oturan gyzyň gözelligi ýaly garly gyş poeziýa dälmi näme?! Ýylyň dört paslynyň ähli gözelligini poeziýasynda bitewi beýan etmegiň hötdesinden gelýän Nobatguly Rejebowyň eserlerini okanyňda durmuşyň gözelligine meýmireýärsiň, imrinýärsiň. Durmuş hakda çuňňur oýa batýarsyň.
Taryhçylaryň aýdyşy ýaly, adamzat garaňky gowakda bir söz aýdan bolsa — gepländir, ikinji aýdan sözi bolsa poeziýadyr. Poeziýany diňe şygyr diýip düşünmek hebes bolar. Durmuşda, tebigatda bar bolan sazlaşygyň ählisi poeziýa.
Şahyrlar öz tebigaty, ýaradylyşy, zehini, hüý-häsiýeti, düşünjesi boýunça dürli-dürli bolýarlar. Şonuň üçinem bir şahyr bilen ikinji şahyry deňeşdirmek, «haýsy güýçli» diýen ýaly soragy bermek muzzurlyk. Birnäçe okyjy Gara Seýitlini gowy görse, birnäçesi Rehmet Seýidi, bir topar okyjy Kerim Gurbannepesi söýse, başga bir topary Ata Atajany ýa Berdinazar Hudaýnazarowy söýýär. Kim Halylyň ölemen aşygy bolsa, kim Italmaz Nuryny gowy görýär. Emma şahyrlaryň hem şahyry bolýar, halkyň hem. Bütin türkmen halkyna özüni söýdüren Kerim şahyry halky şahyr diýip bolar, Kerim halka düşnükli, halkyň aýdaýjak, diliniň ujunda duran, emma aýdyp bilmejek zadyny akgynly, çeper şygyrlarda beýan edip meşhur boldy, Gurbannazar tersine, ilkinji gezek çylşyrymly goşgulary bilen köpçüligiň söýgüsini gazandy. «Rimliler aýtmyşlaýyn, şahyrlar pygamberlerdir, ýöne olar ýok zady, ýa howaýy zady beýan etmän, halk köpçüliginiň gaflatdaky beýnisinde müňňüldeşip oýanyp bilmän ýatan pikirlerini beýan edýär» diýip, Gerseniň belleýşi ýaly, Gurbannazar halkyň kalbyna hem onuň beýnisine çuňlaşdy, başky gözlegleri şowsuz boldy, şowly boldy, garaz, tutuş halk däl-de, ony tutuş ýaş nesil iň gowy şahyry, öz mugallymy hasaplady.
Poeziýada pikirem, obrazlaram täzelik bolmaly, edebi tapyndy bolmaly. Şahyryň goşgusy gaýypdan, pikiri gelejekden, özem pynhan syrdan ybarat bolmaly. Nobatguly Rejebow Halyl Kulyýewe bagyşlap ýazan «Halyl» atly şygrynda şeýle diýýär:
«Halyl!
Şahyr diýen pynhan syr ahyr,
Pynhan dünýe ahyr aýdyň dünýäde.
Materik deý açyp bolsa şahyry,
Onda ol şahyryň geregi näme?!».
Magtymgulynyň beýikligi nämede? Oňa bir söz bilen jogap berip bolmaýar, ýöne Magtymgulynyň beýikliginiň esasy bir alamaty — şahyry açmak, şahyryň aňyrsyna ýetmek mümkin däl, şonuň üçinem Magtymguly şu günüň şahyry däl-de, gelejegiň gelejeginiň şahyry. Birentek şahyrlar diňe öz halkynyň şahyry bolýar, belki, ol şahyryň gozgaýan meselesinden, halkylygyndan, söýgüsinden gelip çykýandyr, emma birentek şahyr dil serhedinden aman-esen ýaralanman geçse, başga halklaryň şahyry hem bolup gidýär. Öz döwründen öň dünýä inip, gelejegiň gözýetimlerini açyp gidýän şahyrlar hem bolýar, tersine, dogulmaly wagtyndan giç doglup, şu günki gün klassyky goşgy ýazyp, «Meniň goşgularym «Mollanepesiňkiden ýa Zeliliňkiden kemmi?» diýip ýören bedibagt şahyrlaram bolýar, hatda özüni döwrüň iň gowy şahyry hasaplaýan emeldarraklaryň içinde «Biz hem Magtymgulyça, Gurbannazarça ýazyp bilýäris» diýip ýörenem bar. Şahyrlar özbaşyna dünýä, olar dürli-dürli. Ýokarda aýdyşymyz ýaly, her biriniň öz okyjylary bolýar, haýran galmaly ýeri, käbir gowşak şahyryň okyjysy has köp, ýiti şahyryňky az bolýar. Men obalarda köp şahyrlar bilen ile çykyp gördüm, şonda Nobatgulynyň iň gowy goşgularyny okaman, gülşükli, satiriki goşgularyny okaýandygyna şaýat.
Zehin asman bilen bagly zat. Ylym hem zehiniň anatomiki aýratynlykdygyny subut edýär. Şahyrlara pikir, duýgy gaýypdan gelýär. Kuwwatly teleskoplaryň asmana seredip, kuwwatly radiolokatorlaryň pyrlanyşyp gaýry planetalardan bir alamat tutmak üçin gije-gündiz işläp durşy ýaly, şahyrlar hem mydama gözlegde, ýöne kimiň lokatory gaty pesden, kimiňki has ýokardan tutýar. Kimiň edebiýata getirýän pikirleri adaty pikirler, kimiňki weli garaşylmaýan pikirler. Biz şu işimizde şol garaşylmaýan pikirler bilen okyjylaryny köp garaşdyrman, häli-şindi begendirip ýören şahyr Nobatgulynyň döredijiligi hakda söhbet etmekçi. Men özümiň şu niýetim hakda Nobatgula aýtdym. Ol meniň pikirimi goldamady, gaýtam kes-kelläm garşy çykdy. Asyl, Nobatguly özi hakynda gürrüň edilmegini halamaýar. Şahyryň özi hakda ýazylmagyny islemezligi meni kejikdirdi. Sebäbi men Nobatgulyny türkmen edebiýatynda hadysa hasaplaýaryn. Şu işi ýazmak bilen bar maksadym Nobatgulynyň türkmen edebiýatynda hadysadygyny subut etmek. Alla maňa şu maksadyma ýetmäge kuwwat, saglyk, wagt bersin!
Gizlemäýin, Nobatguly hakda şu setirleri ýazmagymyň ýüregimiň jümmüşinde ýatan ýene bir gizlinje sebäbi bar. Şu ýazgylarymyň döremeginiň iň esasy sebäbiniň şol bolmagy-da mümkin. Mekdepde okaýan ýyllarym goşgy goşardym. Özümi tüýs şahyr hasaplardym. Meniň pikirimçe, türkmen edebiýatynda bir-ä Magtymguly bardy, soňam Kerim Gurbannepes. Kerim Gurbannepes meniň goşgularymy okasa, hökman şägirtlige alar öýderdim. Soňam, elbetde, şägirt halypadan ozdurmaly. Ine, şu pikir bilen uniwersitete okuwa geldim. Iki ýylam ýykyldym. Gaty gynandym. Edebiýata türkmen ýazyjy-şahyrlarynyň garaşmaýan tarapyndan gelmegi ýüregime düwüp, daşary ýurt dilleri fakultetine ekzamen tabşyrdym. Okuwa girdim. Daşary ýurt şahyrlaryny ürç edip okadym. Özem orginalda, nemes dilinde okadym.
Nemes dilinde ownuk-uşak zatlary ýazyp ugradym. «Neues Jeben» gazetinde çykyş etmäge başladym. Niýetim türkmen poeziýasyna taýýarlykly, bäh diýdirip gelmek. Uniwersitetiň umumyýaşaýyş jaýynda biziň bilen — daşary ýurt dilleri fakultetiniň studentleri bilen türkmen filologiýasy fakultetiniň studentlerem ýaşaýardy. Olar her hili duşuşyklar geçirýärdi. Şol geçirilýän duşuşyklaryň esasy guramaçysy menden iki ýaş uly bolan student, ýaş şahyr Ahmet Bekmyradowdy. Ana, şol ýigit meniň bar pikirimi pagyş-para etdi oturyberdi. Merkezi gazetleriň birinde meniň goşgym çykypdy. Ahmet Bekmyradow meniň goşgymy okapdyr. Meniň bilen ýakyndan tanyş hem däldi welin, göni şeýle diýdi:
— Hudaýtagala ýigriminji asyrda türkmene üç sany uly şahyry berdi: Rehmet Seýidowy, Gurbannazar Ezizowy, Nobatguly Rejebowy. Hudaýyň bar işi biz däl, ol başga halklara-da şahyr ogul bermeli. Şolardan soň şahyr boljak bolmak gözgynylyk. Men şuňa düşünip, goşgy ýazmamy goýdum. Ýogsam maňa Kerim Gurbannepesow, Mämmet Seýidow, Halyl Kulyýew ýaly gowy şahyrlar ak pata-da ýazyp berdiler. Barybir, goşgy ýazmamy goýdum. Men Kömek Kula-da goşgy ýazmasyny goýdurdym. Ahmet Halmyrada-da goşgy ýazmasyny goýdurdym. Kakajan Rejebe-de goşgy ýazmasyny goýdurdym. Senem goý. Kömek Kuly proza geçdi. Senem proza geç.
Ahmet Bekmyradow şu sözleri şeýle bir ynandyryjylykly aýtdy welin, ynanmazlyk mümkin däldi. Şol gündenem goşgy ýazmamy goýdum. Ýöne men poeziýa şeýle bir imrinipdim welin, goşgy goşmamy goýsam hem okamamy goýmadym.
Nobatguly meniň okan fakultetimi gutaran ýeke-täk şahyr. Diýmek, Nobatguly meniň ýörän ýolumy menden öň geçipdir. Nobatguly — meniň ýetip bilmedik menzilim. Nobatguly — meniň aýdasym gelen sözlerim. Nobatguly — meniň ruhy joşgunym. Nobatguly meniň aýtmak islän pikirlerimi aýdypdyr. Nobatguly hakda ýazmak bilen men wysal bolmadyk ruhyýetimi açýaryn. Nobatgulyny açmak bilen özümi açýaryn, Nobatguly hakda ýazmak bilen özüm hakda, içki pelsepelerim hakda ýazýaryn. Nobatguly hakda ýazmak bilen zelil göwnüme teselli berýärin. Megerem, şu kitabyň döremeginiň esasy sebäbi şu zatlar bolsun gerek.
Kimdir biri bilen jynyň alyşmagy ýöne ýere däl, gylyk-häsiýetiňde, maksadyňda ýakynlyk bolmaly.
Nobatguly «Poeziýa» atly goşgusynda tutuş şahyrlyk kredosyny şeýle beýan edýär.
Poeziýa saňa barym berdim men,
Galplyk ýokdur! Düşürmedim düşnügni
Gynanýan, düşnüksiz ömür sürdüm men,
Gynanýan: goşgulam juda düşnükli.
Kynçylykmy? — onuň ýakarys jantyn,
Ýaşa-da ýaz, ýa-da ýaşa — jowranma!
Ömrüň ýaryn öljegime gynandym,
Galan ýaryn — gynanaryn doglanma.
Nähili kämil eser. Şeýle ajaýyp şygryň döremegi üçin öňünde müň ýyllyk tejribesi bar edebiýat bolmaly. «Gorkut atanyň» döremegi üçin öňünde azyndan iki müň ýyllyk gory bolan edebiýatyň bolmaly. Oguzhan atamyzyň döreden elipbiýindäki edebiýatdan başlap, tä on ýedinji asyra çenli bolan edebiýatymyzy biz gaýry döwletleriň arhiwlerinden agtarmaly, olar gaýry ýurtlarda, gaýry dillerde ýazylan-da bolsa biziň edebiýatymyz. Ony gözlemäge şu mahala çenli mümkinçiligimiz hem bolmady, hünärmenimiz hem. «Golýazmalar ýanmaýar» diýlişi ýaly, ummasyz edebiýatymyz bolup, türkmen edebiýatynyň düýbüni goýujy diýip Magtymgulydan gaýtmak mundan buýana bolmaz. Şol döwürleriň edebiýaty öwrenilende Türkmenistanyň şu günki geografik çäklerini hem göz öňünde tutmak bolmaz. IV — VI, XI — XII asyrlarda türkmenleriň Arabystana emigrasiýasy, X — XII asyrlarda türkmenleriň Azerbaýjana, häzirki Türkiýä köpçülikleýin göçmegi, şol asyrlarda hem-de XIV — XVI asyrlarda orda-orda bolup türkmenleriň Hindistana, Gazagystan, Orsýet tarapa göçmegi bilen giden edebiýatlar hem biziňkidir. Haýsy dilde, haýsy ýurtda ýazylandygyna garamazdan, ol edebiýatlar biziňkidir. Bir ýönekeý mysal: 1968-nji ýylda beýik hindi şahyry, hindi ýolbarsy atlandyrylan Mürze Esedulla Galybyň ölen gününiň ýüz ýyllygy bellenildi. Şol ýubileýi hut Indira Gandiniň açmagy şahyryň mertebesiniň niçikdigine güwädir. Şol ýyl Hindistanyň Moskwada çykarýan «Indiýa» žurnaly açykdan-açyk onuň türkmen şahyrydygyny, terjimehalyny ýazdy, köp goşgularyny çap etdi, žurnal tutuşlygyna şol şahyra bagyşlanandy. Ony wagtynda biziň alymlarymyz, şahyrlarymyz türkmen okyjysyna ýetirmedi. Geçen birki ýyllykda bolsa Omar Haýýam bilen Mürze Galybyň şygyrlary bir kitap bolup, «Türkmenistan» neşirýatynda çapdan çykdy. Şol kitapda bolsa beýik türkmen şahyryny Samarkantda doglan diýip berýärler. Ýeri, muňa näme diýersiň, hiç zadam diýmersiň! Sebäbi biziň alymlarymyz Galyby hakdaky anyk taryhy maglumatlardan bihabar bolsalar näme! Galyby hakda gürleseň, gaýtam «Galyby däl, Gaýyby» diýip, saňa düzediş berip, öz bilýänjesini aýdyp içiňi ýakýarlar. Wah, biziň Gaýybyny bilşimiz hem ýabygorly ahyryn!
Türkmen halky gadymylyk babatda ilkinji onluga girýän bolsa, edebiýatynyň baýlygy babatda-da ol ikinji onluga girýär. Biziň geçmiş edebiýatymyz ýaly çuň filosofiýaly, näzik liraly, dürli-dürli žanrly edebiýat nega bir bagty çüwen halkda bar. Belki-de, bu biziň ata-babalarymyzyň birnäçe gezek uly döwletler, imperiýalar gurany üçin şeýledir, belki-de türkmen topragynyň ýerasty hem ýerüsti baýlyklara baý bolşy ýaly, bereketli toprak bilen baglydyr. Garasaý, türkmen edebiýatynyň geçmişi şeýle bir baý weli, ony öwrenjek halkymyzyň san azlygyna gyýylýarsyň. Bu halkyň her biri edebiýatçy alym bolaýanda-da olaryň hersine öwrenmäge bir uly şahyr ýetjek.
Türkmen poeziýasynyň şu gününden ýa geçmişinden söhbet açjak bolsaň, «Gorkut atanyň kitaby» oguzlaryň, aýratyn hem türkmenleriň ruhy, edebi kämilligiň çür başyna barandygyna kepil geçýär, hut şol eseriň üsti bilen oguzlaryň ruhy beýikligini hem syýasy-ykdysady derejesini kesgitläp bolýar. Diňe gaty kämil halk şeýle kämil eserleri döredip biler, emma dünýäde siwilizasiýany ösdürip, dürli eýýamlarda görlüp-eşidilmedik derejede ösen aýry-aýry halklar bar, emma olaryň hiçisi ol diwan ýaly diwan galdyraýmandyr. Sebäbi näme?
Şeýle pikirim bar: oguz edebiýaty mundan müň ýyl ozal hakyky dogry ýoldan — şu günki, häzirki zaman edebiýatynyň ýolundan barýan eken. Ýöne, diniň rowaçlanmagy hem-de pars diliniň, pars edebiýatynyň täsiriniň güýçlenmegi netijesinde, türki dilli edebiýat öz ähmiýetini peseldýär. Pars hem arap diliniň owazlylygy, oguz edebiýatynyň paýhaslylygyndan üstün çykýar. Şol ýyllar ähli türki dilli şahyrlar pars hem arap dillerinde döredip başlaýarlar. Taryhda örän selçeň gabat gelýän paradoks! Kämil edebiýat terk edilip, daş bezegi kämil edebiýat başlanýar. Öňe diýip, yza gidilýär. «Döwhä Goja ogly däli Domrul boýundan» bir parçany okalyň. Ezraýyldan ejizlän Däli Domrula ýassykdaşy ýüzlenýär.
Ne diýer sen, ne sözlär sen,
Gözüm açyp gördügim,
Köňül berip söwdügim,
Goç ýigidim, şa ýigidim,
Datly damak berip soruşdygym,
Bir ýassykda baş goýup emişdigim,
Garşy ýatan gara daglary senden soňra men neýlärem,
Ýaýlar olsam, meniň görüm olsun,
Sowuk-sowuk suwlaryň içer bolsam,
Meniň ganym olsun,
Altyn akjaň harçlar bolsam,
Meniň kepenim olsun.
Teble-teble şabaz atyň müner olsam,
Tabytym olsun,
Senden soňra bir ýigidi söwüp barsam, bile ýatsam
Ala ýylan bolup meni soksun,
Seniň ol muhannes eneň-ataň
Bir janda näme bar, saňa gyýmandyrlar!
Arş tanyg olsun,
Kürs tanyg olsun,
Ýer tanyg olsun,
Gök tanyg olsun, kadyr taňry tanyg olsun —
Meniň janym — seniň janyňa gurban bolsun!
Nähili ajaýyp şygyr! Nähili ajaýyp werlibr! Şeýle werlibri döretmek öňki SSSR-iň çäklerinde ýaşaýan şahyrlar-a arzuw hem edip bilmez, werlibriň ösen žanrynyň kämil ýurtlary Fransiýada, Ispaniýada, Italiýada, Latyn Amerikasy ýurtlaryndaky şahyrlara hem başartmaz. «Gorkut atanyň kitabyndaky» ak goşgular, werlibrler geçmişiň göwher şamçyraglary bolman, şu günki, geljekki edebiýat üçinem beýik nusgalardyr.
Eger-de, oguz edebiýaty, türkmen edebiýaty arap-pars poeziýasynyň owazyna aldanman, köne däplerini dowam edip geleninde türkmen edebiýatynyň ýetjek derejesine akyl hem ýetirmek mümkin däl. Häzir türkmen şahyrlarynyň käbiri ak goşgy hem werlibr döretmäge synanyşyk edýär, ýöne olara bu diwandaky ýaly ak goşgulary döretmek üçin uçursyz köp ýyllar gerek bolar.
Köp halklar on altynjy asyrdan ozalky edebiýatyny köne pylan dilden diýip terjime edip berýärler, biziň weli, Hudaýa şükür, şu gün terjimesiz okap bilýän müň ýyllyk beýik edebiýatymyz bar. Onuň sebäbi näme? Onuň sebäbini biz hut halkymyzyň durmuşyndan, häsiýetinden gözlemeli. Goňşy türki dilli halklaryň hemmesinde tans oýnamak bar, gadym döwürde ol bizde-de bolupdyr, emma türkmen halkynyň hüý-häsiýetiniň irimçikligi, öte salyhatlylygy zerarly bolsa gerek, toýlarda tans oýnap, kernaý-surnaý çalyp, dep kakmak däbi ýuwaş-ýuwaşdan ýatypdyr, deregine olar dutar bilen gyjagyň daşyna egele bolupdyr. Güňlenç sazy inçe saz bilen, şowhuny içki duýgy bilen çalşypdyr. Dünýäniň ähli halklarynda hem aýdym üçin ýazylýan goşgy bolýar. Bizde bolsa iň gowy, iň agyr, iň filosofiýaly goşgular aýdym edilip aýdylypdyr. Gýotäniň, Baýronyň, Geýnäniň, Puşkiniň, Miskewiçiň, Lermontowyň iň ajaýyp goşgulary däl-de, aýdyma niýetläp ýazan goşgulary aýdym edilipdir. Ýogsa iki-üç asyr, gör, nähili görnükli kompozitorlar olara ýüzlenipdir, emma Magtymgulynyň, Şabendäniň, Şüküriniň, Seýdiniň, Keminäniň, Mollanepesiň, Andalybyň, Garajaoglanyň, Ýunus Emräniň, Zeliliniň ähli gowy goşgulary ýüzlerçe ýyl bäri bagşylaryň dilinden düşmän gelýär, eger olaryň aýdym edilmedik şygry bar bolsa, birneme gowşakdyr ýa-da aýdyma halys gelmeýän žanrda ýazylandyr.
Türkmen aga asuda günem, toý baýramda-da, söweşde-de aýdymsyz oňmandyr. Magtymguly birnäçe goşgulary bilen ýigitleri söweşe galkdyrsa, Seýitnazar Seýdi ähli goşgularyny diýen ýaly duşman bilen ýüzbe-ýüz bolnanda ýigitleriniň güýjüne güýç goşmak üçin ýazypdyr. Mollanepes iň gowy goşgusyny aýdyp duşman bilen garpyşanda ýaralanyp, şol ýaradan wepat bolupdyr. Men bu zatlary nygtamak bilen beýleki halklaryň edebiýatyna pitjiň atmakdan-da, dil ýetirmekden-de daşda, bu zatlary aýdyp biziň durmuş bilen aýakdaş gidip, suw hem nan ýaly häli-şindi ulanylýan poeziýamyz bar diýjek bolýan.
«Magtymguly dünýäde iň uly şahyr» diýip görüň, şonda her bir halkyň wekili öz şahyryny dünýäde iň uly şahyr hasaplar. Bu gury jedel bolar. Şonda jedel edýän kişiňe: «Her günde türkmen halky Magtymgulynyň azyndan bäş-on şygry esasynda döredilen aýdymy diňleýär, siz öz klassygyňyzyň näçe aýdymyny diňleýäňiz» diýiň, ol dymaýar. Isle daýhan, isle alym, isle okuwçy, ol ýeke gün Magtymgulysyz oňup bilmez, hiç bolmanda onuň nakyla öwrülip giden setirlerini ulanar, durmuşda nakylsyz ýaşap bolmaýar, Magtymguly bolsa durşuny nakyl, durşuna akyl, akylsyz ýaşap bolmaýar. Magtymgulysyz ýaşap bolmaýar.
Magtymguly — türkmen halkynyň ruhy sütüni. Oňa diňe şahyr diýmek bolmaýar, ol şahyr diýlen düşünjeden has beýikde durýar. Magtymgula akyldar diýýäris, beýik diýýäris, geniý diýýäris, atamyz diýýäris, barybir, ol sözleriň ählisi Magtymgulyny kiçeldýär, Magtymguly — Magtymguly diýen derejäni döretdi, ol dereje bolsa dünýäde ýok.
Türkmen halky salyhatly, pähimli, az gepli, irimçik halk. Puşkin aýtmyşlaýyn, oňa «ýeňlesräk» poeziýa gerek däl, oňa gök çaýyň başynda, bir saçagyň daşynda derläp dury kelle, inçe duýgy bilen diňläp bolýan poeziýa gerek, ol poeziýanam klassyk şahyrlarymyz döredipdirler. Eger türkmen halky geçmişde dine gaty berlip, müezziniň azanyny diňläninde, ýa şerapdan ganyp, depregiň sesine bökelände, Pyragynyň aňyrsyna akyl ýetirip bolmaýan goşgusyny diňlemezdi. «Görogly», «Şasenem-Garyp», «Zöhre-Tahyr», «Leýli-Mejnun», «Wamyk-Uzra», «Döwletýar», «Ýusup-Züleýha» ýaly eposlar-dessanlar döremezdi. Türkmen şahyrlary onlarça dessanlary döredip, daňdana çenli rawynyň-bagşynyň aýdymyna gulak asypdyr, hut şonuň üçinem «Gorkut atanyň kitabyna» başga halkyň eýeçilik-şärikligi bolup bilmez!
Türkmen halkynyň kitaba, şygra, aýdyma sarpa goýşy gudrat, Ärsarybaba ýaly akyldar kişi iliniň sowadyny artdyrmak maksady bilen kyrk düýe berip kitap ýazdyrýar, Welmyrat aga ýaly garyp ýeke köşekli düýesini berip bir kitap satyn alýar, öýde keseki nazardan goralyp oturan uly gyz özüni bilmezden erkini aýdymyň yşgyndan akylyndan jyda düşüp özüni bagşynyň üstüne oklasa, namysjaň türkmen onuň günäsini geçýär. Şahyr Gaýyby bolsa bir goşgy bilen otuz-kyrk bagşynyň çapgy agajyna goýlan ömrüni gazaply hanyň gazabyndan gutarýar...
Aslynda, şahyrlar şahyrçylyk babatda gaty köp şygyr ýazýarlar, göräýmäge, olar özlerini bogema, ýagny Allanyň azyzy hasaplap, özgelere pitjiň atýan ýaly. Käbir şahyrlar bolsa, onlarça goşgusynda goşgy ýazmagyň kyndygyny, her bir setiriň jebri-jepa bilen döreýändigini nygtaýarlar, ýöne Nobatgulyda şeýle goşgularyň ýekejesem ýok. Ol şygryň jepasyny özüne goýup, miwesini halkyna, dünýä hödür edýär. Ýöne şahyr Nobatgulyda şahyryň borjy hakynda, durmuşdaky orny hakynda ýazylan goşgulary köp. Özem şahyr kämilleşdigiçe şol goşgularyň, şahyryň borjy hem çuňlaşyp barýar. Şahyryň ýetmişinji ýyllarda ýazan «Biz nähili dostduk» atly goşgusy gönüden-göni şahyryň durmuşdaky orny barada. «Dostlar, meslekdeşler, bu niçik ykbal» atly goşgusynda özi bilen şygyr meýdanyna girip, indem şol meýdany boş goýup giden şahyrlar barada şeýle ýazýar.
Rentgen kimin serederdik durmuşa,
Ýokdy bizde galplyk bilen barlyşyk.
Göwreler okguna dönüp durşuna
Ölmäge-de taýýardyk biz garpyşyp.
Türkmen aga poeziýa gudrat hökmünde garaýar, çünki geçmişdäki şahyrlarymyz poeziýany gudrat derejesine çenli göterip bilipdirler, şu gün hem şol beýik poeziýa dowam edýär.
Nobatgulynyň poeziýasyny öwran-öwran okap bir zada göz ýetirdim. Nobatguly Gündogaryň dana poeziýasy bilen Günbataryň owadan, duýgudar poeziýasynyň nikasyndan doglan şahyr. Ol Gündogar filosofiýasy bilen Günbatar poeziýasynyň näzikligini sintezläp bilen okumyş şahyr. Onuň poeziýasy öz gözbaşyny Gündogaryň folkloryndan alyp, Günbataryň poeziýasyndan biziň poeziýamyza aşa duýgudarlygy getirdi. Biziň eramyzdan ozal Aristoteliň: «Poeziýa geniniň ýa-da telbeligi oýanan kişiniň ala meýdanydyr, olaryň biri döredijilige baş ursa, beýlekisi ekstaza gider» diýip belleýşi ýaly, Nobatguly käbir şygrynda özünden daşa çykyp ýazýar. Ol ýyldyryma köýnek tikýär. Emma her bir ýagdaýda-da şahyr öz şahyrlygyna galýar. Şahyryň borjy bolsa ynsan kalbyny päklemekden, ynsan kalbyny owadanlaşdyrmakdan ybaratdyr. Şahyr şol mukaddes jogapkärçiligi sadyklyk bilen ýerine ýetirýär. «Biziň öz elimizden alyp, arassalanan hem päklenen görnüşde özümize gaýtaryp bereni üçin hem ol şahyr, şahyryň ykraryýeti hem şonda» diýip Gogolyň belleýşi ýaly, Nobatgulynyň poeziýasyny okasaň dünýäň gözelleşýär, owadanlaşýar, kalbyňda ynsançylygyň ähli mertebeleri oýanyp dünýä, adamlara söýgiň artýar.
Nobatgulynyň edim-gylymy, adamkärçiligi, ýaşaýyş obrazy özboluşly poeziýa. Men onuň gürrüňlerinden tükeniksiz lezzet alýaryn. Onuň bilen günde-günaşa duşuşyp, dünýäniň gürrüňini edişýäris. Ýöne, boýnuma alaýyn, men onuň goşgularyny az okapdyryn. Soň men onuň goşgularyny okamaga başladym. Ol nämedir bir zadyň gürrüňini bermäge başlar welin, men aňymda at çapýan gürrüňe geçýän. Soňky bäş ýylyň içinde uly iş edinip, Nobatgulynyň döredijiligini öwrendim. Bäş ýylyň irginsiz zähmeti netijesinde-de, hormatly okyjy, ine, şu ýazgym döredi. Ýazmasy güzaply bolanam bolsa, okamasy akgynly, lezzetli, manyly bolsun, eý Allam!
Bu gün men onuň ýanynda arkaýyn öwünýän: «Nobat akga, goşgularyňy men senden gowy bilýärin». Öz üstüme alan işimiň näderejede başardandygyny biljek däl, ýöne Nobatguly Rejebowyň döredijiligi hakda saldamly iş edendigime çäksiz begenýärin. Zähmetimiň ýerine düşmegi begenjimi goşalaýar.
Ömrüniň soňky günleri Ahmet Bekmyradow Nobatguly hakda köp gürlärdi. «Nobatguly beýik şahyr Ol hakda düýplüräk makala ýazmak isleýän. Nobatgulynyň poeziýasyny «çigitlesem», köp şahyrlar özlerini tanap, galamyny taşlarlar». Ahmet neressä Nobatgulynyň poeziýasyny açmak, öz sözleri bilen aýtsam, «çigitlemek» miýesser etmedi. Meniň bäş ýylky zähmetim Ahmet Bekmyradowyň wysal bolmadyk şol arzuwynyň belli bir derejede öwezini dolup bilse-de, depäm gök dirärdi.
Edebiýaty öwreniş