20:06 Durmuş Nobatguly däldir, Göwherim -2: Poeziýanyñ ýiligi - poeziýanyñ milliligi | |
2. Poeziýanyň milliligi — poeziýanyň ýiligi Halkyň poeziýasy — halkyň ruhy hazynasy, halkyň milli baýlygy. Şahyr islendik stilde, dürli formada ýazyp biler, ak goşgam, «gök» goşgam ýazyp biler, taryhy goşgam, fantastiki goşgam ýazyp biler, ol onuň öz işi, emma onuň şygry milli bolmasa, ol şygry halk almaýar. Goşgynyň ruhy, pikirlenişi milli bolmasa, şol goşgy gowulygyna garamazdan, söweşde alnan olja ýaly bolup, edebiýatymyza garylman-gatylman ýatar. Millilik näme? Oňa düşünmek mümkin, düşündirmek müşgil. Bütin ömrüne Watanynyň waspyny edip watançy, milleti hakynda ýazyp milli şahyr bolup bilmedik gyt däl, emma Halyl Kulyýew ýaly ürç edip Watany, halky hakynda ýazmanam türkmeniň milli şahyry bolup bolýar eken. Gije-gündiz «il beýik», «türkmen beýik» diýip gygyryp, hökümet tarapyndan halk şahyry diýlip resmi at alyp, zor bilen mekdep programmasyna girip, oňa-muňa özüni öwdürip, halkyň şahyry bolup bilmedik hem gyt däl, emma şindi dirikä bary-ýogy şapbat ýaly ikije kitap çykardyp, Gurbannazar Ezizow ýaly halkyň şahyry bolup bolýan eken. Durnany gonduryp dutarym bile, Nobatguly türkmen şahyrlarynyň içinde ilkinji bolup türkmeniň beýikliginiň subudy bolan türkmen bedewini, türkmen halysyny, türkmen dutaryny... türkmeniň beýikliginiň simwollary derejesine götermäge synanyşyk etdi. Bu şahyra başardypdyr hem. «Görogly» eposy alym Ahmet Bekmyradow aýtmyşlaýyn, «türkmen aty hakynda epos», ýöne şol bir wagtda ol türkmen dutary hakyndaky epos hem. Göroglynyň baş ýaragy — dutary, dutary onuň baş ýaragy, syýasaty. Eposda Görogly ýüz ýola ýaralanýar, emma rawylar ýokarky pikiri aýdyp bilmändirler, ony Nobatguly aýdýar. «Agyp-dönüp är dek söweş edemde, ýetmiş ýerden ýara düşdi bedenme, emma dutaryma duşman tygyn degdirmedim». Gör, nähili beýik pikir! Dutaryňy sat diýsene, Kaýsar şa! Müňlerçe halkdan ybarat dünýä üçin bir halk bir maşgaladan uly däl. Şol uly maşgala türkmen diýýärler. Türkmeniň ýalňyz syýasaty bar, ol onuň dutary, türkmeniň ýalňyz bir syrdaşy, söhbetdeşi bar, ol onuň dutary. Ärsarybaý «Halky aýdym-saz bilen agzybirlikde saklap bolar» diýen ynanjy bilen mahal-mahal türkmeniň ähli bagşy-sazandasyny çagyryp, ullakan toý geçirer eken, toýda aýdym aýtdyrar eken. Dogrudanam, adamlar ol toýdan soňky toýa garaşyp agzybirlikde ýaşapdyrlar. Balkan sebitlerinde toýuň iň uly baýraklarynyň birine Ärsarybaýyň baýragy diýýärler. Gadymyýetde dörän bu ýörelge entegem dowam edýär. Çuwal bagşynyň bagryna basan gara gazma dutaryny şahyr Gurbanaly Magrupy, ýagny Saltyk bagşy bagryna basyp, ýat illerde aýdym aýtmakdan boýun towlap gözüni çekdirendir, Şükür bagşy bolsa şonuň ýaly ýat ilde saz çalyp agasyny bendilikden boşadandyr. Şahyr Gaýyby gözi gyzaran azgyn hem nadan hanyň ölüme höküm eden otuz-kyrk bagşysyny gara gazmasy bilen aýdym aýdyp boşadandyr. Aba serdar söweşe ugrajak güni ýörite bagşy diňlän bolsa, Baýram han söweş gyzanda Göroglydan aýdyma gygyrar eken. Seýitnazar Seýdi ertir söweşe ugramaly diýlen güni ýigitlerini daşyna üýşürip, ar hakda, namys hakda, Watan hakda, söwer ýar hakda aýdym aýdar eken. Aňyrda, has aňyrda bolsa biziň Gorkut atamyz her bir oguz ýygnagynda, ýaş ýigide at berip, söweşde rüstemlere serpaý berip, boý boýlap, goluna sazyny alypdyr. Diýmek, türkmen aga döräli bäri, onuň söhbetdeşi — mähriban topragy, gara daglary, çöli, derýasy; türkmen aga döräli bäri, baş söhbetdeşi — dutary. Şonuň üçinem Nobatguly öz gahrymanyna: «Eger dutarymy satsam, onsoň meniň türkmendigim kim biler?!» diýdirýär. Gedaý bagşy ýat illere olja düşüp dilini ýitiren ogluny dutardan gaýry haýsy gudrat arkaly tapyp biler. Ol: Men bir jeset — şu dutarda iňňildim, diýip, şol dutary bilen tarhan hatly deý şalaryň köşgüne girip, hökümdarlary dutaryna tabyn edendigini aýdýar. ...Şu dutarym bile «Gedaý bagşy» türkmen dutary hakynda ýazylan ajaýyp tragediýa. Nobatguly «Gedaý bagşy we Kaýsar şa» atly rowaýat goşgusynda hem dutaryň gudraty hakdaky pikirini ösdürýär. Häzir gaýry planetadan gelmişek uçup gelse, onuň bilen nähili dilde gepleşjek?! Alymlar matematiki dilde diýýärler, şahyryň pikiriçe bolsa, saz bilen düşünişip bolýar. Dutar — tutuş halkymyzy bir ojaga jemläp duran ruhy ojak, dutar — başga halklaryň içine gitseň, biziň dilmajymyz, ilçimiz! Gan dökýändir ady — soltan, ady — şa, Nobatguly Rejebowyň «Türkmen dili» atly şygry onuň «Topragyň tagamy» atly ilkinji goşgular ýygyndysynda çap edildi. Goşguda türkmen dili hakynda gaty batyrgaý pikirler aýdylýar, elbetde, şol döwrüň gözi bilen baha bereniňde. Şahyr türkmen diline gepleşik serişdesi hökmünde seredenok, tersine, oňa halkyň tutuş taryhda ýygnan ruhy baýlygynyň hazynasy hökmünde garaýar. «Akyl bolup galan sende danalar, nakyl bolup galan sende babalar» diýen ýaly gönümel didaktiki pikirleri aýdýar-da, birden Nobatguly öz original Nobatgulyny görkezýär. Ýesir düşen gerçekleriň dymmasy Türkmen dilinde dymyşlyk galypdyr, özem taryhdan şu güne galypdyr. Näme, şu günki türkmen eýsem dymmany hem oňaranokmy? Oňarýar, gaty oňarýar, çünki olara ýesir düşen gerçekleriň dymmasy dymyşlyk, mukaddes dymyşlyk bolup galypdyr. Nähili çuňňur pikir! Bu pikire akyl ýetirmek üçin, baý dymarsyň-a... Ine, Nobatgulynyň milliligi şu ýerde. Bu onuň janyny ýakýan, örtenýän zady. Ol örtenme ýeňil-ýelpaý zat üçin örtenme däl. Ol türkmen halkynyň milliligini, halkylygyny, türkmenligini saklamagy, olary soňky nesle ýetirmegi. Ol türkmeniň milliliginiň, diliniň, taryhynyň ýitip gitmeginden elheder edýär. Nobatgulynyň şahyr ýüregi türkmen halkynyň milliliginiň, diliniň, taryhynyň üstüne aýylganç howpuň abanandygyny duýupdyr. Şol aýylganç howpy ol assyrynlyk bilen halkyna aýdýar, duýdurýar. Diňe bir aýdyp, duýduryp hem oňaýanok. Beýle ýowuzlyga ýol bermeli däldigini berk aýdýar. Bu habar-signal üçin Nobatguly özüne uly howpuň abanandygyny duýan däldir diýmek sadalyk bolar. Ýöne raýatlyk, şahyrlyk borjy ony dymdyran däl bolsun gerek. Onuň pikiri örän aýdyň: Eger diri bolsa türkmeniň dili Nobatguly goşgusyny şeýle pikirler bilen tamamlaýar. Oturyp oýlanyp gör, türkmen dili döwlet dili däl, ol ösmeg-ä beýlede dursun, ölüp barýan dil. Her kes orsçany öwrenjek, her kes wezipe-dost aljak. Eger mekdep partasynda okuwça türkmen dili öwredilmeli bolsa, onda ilki bilen şu goşgy ýatlanmaly dälmi? Şeýle täsirli, ýiti goşgy türkmen şahyrlarynda başga ýok. Şonuň üçin şu goşgy ilkinji nobatda okuwçylara ýetirilmeli, öwredilmeli, ýat tutdurylmaly diýip pikir edýärin. Ogullaryň taşlaýşy deý atasyn, Indi ýokarky iki setire-de üns beriň. Eger türkmeniň dili diri bolsa — ol şindi dirimi, dälmi — ony kesgitlemegi okyja goýýar: pikir et, eger seniň diliň diri bolsa, geljegiňem diridir, geçmişinem! Eger diliň ölüp başlan bolsa geçmişiň-ä bir öler, üstesine-de geljegiň hem öler. Diýmek, türkmen öler diýen eýmenç pikiri şahyr ýönekeýden sadalyk bilen aýdyp bilýär. Nobatgulynyň millilik, paýhaslylyk, inçelik ýüzi şeýle meselelerde has aýdyň, açyk görünýär. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |