3. «Şahyrlyk ýangyndan başlanýan eken»
Türkmen edebiýatyny, onuň problemalaryny, üstünliklerini, kemçiliklerini diňe öz çäginde däl-de, töwerekleýin öwrenmeli, çünki halklaryň, döwletleriň bir-birleri bilen gatnaşykda bolşy ýaly, edebiýat hem beýleki edebiýatlar bilen bile ösýär, has dogrusy, döwletleriň arasynda ilki edebi, medeni gatnaşyklar ösüp başlaýar.
Dünýä edebiýatyna çuňňur ser salyp otursaň, her bir halkyň edebiýatynyň şol halkyň taryhy, syýasy, sosial-medeni ýagdaýlara bagly ösüşde ýa tesişde bolýandygyna göz ýetirýärsiň. Ýigriminji asyr bolsa edebiýat üçin edebiýat asyry bolmady. Birinji hem ikinji jahan uruşlary tutuş Ýewropada edebiýatyň ösmegini bökdedi. Afrika, Aziýa ýurtlarynda tutaşan milli azat ediş hereketlerem, ýüzlerçe halklara galkynyşy, ösüşi getiren-de bolsa, asylky edebiýatyň birsydyrgyn dowamatyny syndyrdy. Ýigriminji asyr — antifaşistik, milli galkynyş, göreş edebiýatlaryny döretdi. Dünýäniň altydan bir bölegini tutup durýan Patyşa Russiýasynda bolan rewolýusiýa, sosialistik lageriň hem täze edebiýatlaryň döremegine getirdi. Iki sistemanyň arasyndaky göreş ýitileşip başladygyça parahatçylyk hakyndaky eserleriň örňemegine eltdi. Uly eýýamyň nukdaýnazaryndan seredeniňde bolsa — bularyň ählisi arassa edebiýatyň ýoluny üýtgetmesidir.
Türkmen halky üçin soňky asyr weli juda eýmenç betbagtlyk getirdi. Serediň, 1881-nji ýylda Patyşa Russiýasy bizi basyp alandan soň klassyky edebiýat öz ösüşini düýpleýin togtatdy. Şol mahallar aýatda bar bolan şahyr Mätäji türkmen edebiýatynyň iň soňky klassygy boldy-da galyberdi. Soňra Rewolýusiýa. Rewolýusiýa hem zoraýakdan öz edebiýatyny döretdi. Tä 1960-njy ýyllara çenli bolan edebiýat, Rehmet Seýidowyň lirikasyny hasaba almasaň, dogrusyny aýdanymyzda, sargyt boýunça ýazylan edebiýatdyr, hakyky edebiýat sargydy inkär edýär.
Ellinji ýyllaryň ahyrlarynda, altmyşynjy ýyllaryň başynda eýýäm wagzy poeziýa, edebiýat halky ýadatdy, birsydyrgyn, endigan, asuda durmuş ösüşi edebiýatyň özgermegine sebäp boldy. Şonuň netijesinde-de, romantiki edebiýatyň döremegi üçin amatly şertler döredi. Aslynda, dünýä edebiýatynda romantizm adatylykdan aryp, täsin gözelligi, adatdan daşary ýurtlary, ýaşaýşy agtarmak romantizmi döretdi.
Durmuş birsydyrgyn, endigan, asudalyk bilen ösüp başlasa, tersine, edebiýat birsydyrgynlykdan, endiganlykdan, adaty zatlardan ýadap, uly gözleglere baş goşýar. Şu ýagdaý hem on sekizinji, on dokuzynjy asyrda dünýä edebiýatynda romantizmiň döremegine getiripdi. Romantizmiň başdaky manysy başgaçady: fantastiki, syýahaty, geň-taň zatlar hakynda ýazylan ähli eserler romantiki eserler diýlip atlandyryldy, eýýäm iki asyryň çatrygynda bolsa dünýäniň ösen ýurtlarynyň ählisinde diýen ýaly romantizm edebiýatyň täze ugry diýlip ykrar edildi. Täzeçe ýazylan täze edebiýat romantizm diýlen at bilen edebiýaty öwreniş ylmyna girdi. Aslynda, edebiýatda döreýän täze ugurlar — modernizmiň, realizmiň, tankydy realizmiň, akmeizmiň, futurizmiň, sýurrealizmiň düýp manysy täze edebiýatyň täze etapy diýmekdir. Islendik täze dörän ugur wagtyň geçmegi bilen könelýär, edebiýatda döreýän täze ugra-da ylmy at berýärler.
Aslynda, edebiýatda dörän, möwritini ötüren hem ötürmedik edebi ugurlar — modernizmem, realizmem, tankydy realizmem, simwolizmem, abstraksionizmem akmeizmem, sýurrealizmem manysy boýunça täze edebiýat ýa-da edebiýatdaky täze ugur diýmegi aňladýar.
Iňlis, ispan, italýan, fransuz, rus romantizmleri edebiýatlaryň birek-birege täsiri netijesinde döräp, döwrüne görä kämilleşdi.
Häzir türkmen edebiýaty Ýewropa, aýratynam, rus edebiýatynyň gös-göni täsiri astynda ösýär, kämilleşýär, şonuň üçinem ony Ýewropa edebiýatynyň ösüşi bilen bilelikde öwrenmek zerur.
Ellinji ýyllaryň aýagynda, altmyşynjy ýyllaryň başynda biziň edebiýatymyzda aýaklanan romantizm köp şahyrlary özüne çekdi. Rehmet Seýidow, Gara Seýitliýew, Ata Atajanow, Kerim Gurbannepesow, Berdinazar Hudaýnazarow, Mämmet Seýidow dagy onuň wekilleri boldy. Gurbannazar Ezizowyň «Nesiller», «250 000 000», «Mukaddes ýalan» poemalary, Italmaz Nuryýewiň, Halyl Kulyýewiň onlarça goşgulary türkmen romantizminiň ajaýyp nusgalarydyr.
Nobatguly Rejebow romantik şahyr. Onuň poeziýasyndaky hyruç, möwç, höwes, gözellik, söýgi, owsunyp duran duýgular türkmen edebiýatyndaky romantizmi has-da baýlaşdyrdy, kämilleşdirdi. Ine, onuň «Aşyk-magşuk» goşgusy: aýdyň gije aşyk oglan bilen gyz şirinden-şirin pyşyrdaşýar:
— Ýaňagyň al — ýanaýyn men,
— Sen onsuzam ýalyn, oglan.
— Alkymyň ak, ýatabilmen,
— Gara saçym ýapyn, oglan.
— Wagt dur duran ýerinde,
— Goý, geçmese geçmesin.
— Sözle, sesiň eşdeýin,
— Lebiň meniň lebimde.
Göräýmäge, pynhan söýgi dialoglary, emma adaty zat ýazsa, ol Nobatguly boljakmy!? Duýgulary owsundyrýan sözleri aýdyp duran ýigit bilen gyz gije duşuşyga çykandyr öýdýärsiň, olaryň joşgunly söýgüsi seni-de heýjana salýar, birdenem şahyr:
Gyz gijeler pyşyrdaýar,
Pyşyrdaýar aşyk oglan.
Söýseň, nämeler bolmaýar:
Aşyk-magşuk arasynda
Bir günlük ýol ýatyr ýogsam...
— diýip, şygry nowella bilen tamamlaýar. Çyrmaşyp, çolaşyp, özünden biygtyýar samraýandyr öýdýän aşyk-magşugyň arasynda bir günlük ýol bar.
M.Ý.Lermontowyň poemalary rus romantizminde täzelik bolsa, Nobatguly Rejebowyň «Rowiýa», «Serwi agajy ýa-da sentimental poema», «Publisistik poema» ýaly eserleri türkmen edebiýatynda romantizmiň original hem kämil nusgalarydyr. «Rowiýa» poemasyndaky owgan gyzy Rowiýanyň obrazyna serediň:
Eý-ho!.. Owgan gyzy, zemin gyzy däl,
Ol bir ertekiden çykaýan hüýrdi.
Sowlup gitdi diýlen on ýedi bahar
Onuň jemalynda jem bolup durdy.
Tans edäýse dagy, guw deý Rowiýa
Ýürek bary akar suw deý, Rowiýa,
Ýel pyrlanar aýlansa ak çadyra
Ýer pyrlanar aýlansa ak çadyra.
Teneçiriň ganaty deý perenje,
Ýansam-ýansam diýer al-elwan çoga,
Uklasa, zemine gara gije ger
Oýansa, al säher çaýylar göge.
Poemanyň wakasy durmuşdan alnyp, kem-käs üýtgedilen. Bu poemanyň wakasy Ýolöten etrabynda ýerleşýän bir buluç obasynda bolup geçýär. Nobatguly özüne wepaly bolup, ýaş owadan, asylly, ýönekeý owgan gyzyny gahryman edip alýar. Rowiýa kelç-külç gyz däl, söýgi azatlygyny alyp, göreşe çykan aktiw gyz däl, ol ýönekeý, utanjaň oba gyzy. Birden «Ýaňy leblerine şeker inen, ýaňy ýaňaklarynyň aly durlanan, ýaňy düýşleri süýjäp başlan» Rowiýa söýgä uçraýar. Şahyr gyzyň kalbynda gopup başlan apy-tupany beýan edýär. Rowiýa ýigidiň gözlerine seredýär, ine, şondanam ol dünýäniň eýmenç gudratyna sezewar bolýar. Ol gözler onuň kalbyny mynçgap, iýip gelýär. Ol dilinden jyda düşýär.
Göze çyra düşen jeren deý ýaýnap
Aýrybam bilenok gözden gözlerin,
Aýdybam bilenok «bes oglan» diýip.
Ol söýgi oduna sataşyp, bütinleý başga adama öwrülendigini bilip, öz-özünden utanyp ugraýar. Ýat-ýakyn bilen salamlaşaýsa-da aşyk bolany bildiräýjek ýaly hala baryp ýetýär. Onuň gözleri diňe aşygyny — Ahaty görýär, onuň gulagyna ses eşidilýär, aýdym ýaňlanýar.
«Rowiýa!
Rowi-ýa!
Nazar sal bize,
Edilsem-de tüýdüm-tüýdüm, Rowiýa!
Gara çadyraňy aç emaý bile
Göreýin hyýal deý düýşüm, Rowiýa!
Ýa-ha perenjäňe çolanaýyn men,
Ýa-da perenjäňe dolansyn meýdim.
Maňa bir posa ber gülgün leblerden
Rowiýa,
Ro-wi-ýa!
Men seni söýdüm.
Şol leblerden sordur maňa awy ýa,
Rowiýa!».
Bu birehim aýdymy kim aýdýar, kim? Elbetde, oba oglany Ahadam ol aýdymy aýtmajagy belli. Onda ol aýdymy kim aýdýar?
Ýaňlanyp dur aýdym, birehim aýdym,
Aljyraýar,
Owgan gyzy haýygýar.
«Hany aýdyň,
meniň bagrym suw edip
Şol aýdymy,
şol aýdymy kim aýdýar?
Senmi şemal?
Ýakma meni beýdip bir,
Ýeri näderin men ejem eşitse.
Senmi ýagyş?
Maňa rehim et ýagyş,
Näderin agalam eşitse eger.
...Gije senmi?
Söýgi bilen oýnama
Syrymy jahana ýaýarsyň, gije!
Men-ä bir ah çekip köýer giderin,
Sen menden ot alyp ýanarsyň, gije!
Ol aýdymy onuň alyhezretleri söýgi aýdýar, söýgi ýaly owadan dünýä aýdýar, ony söýgi ýaly owadan gyzyň ýaşlygy aýdýar.
Adatça, poeziýada söýgi beýik gudratly güýç, jadyly hadysa, dirilik çeşmesi — aby-köwser, pynhan gudrat hökmünde suratlandyrylýar, emma Nobatguly, şol pikirleri öňe süren Nobatguly ondan aňryk geçýär. Söýginiň ähli betbagtlygyň gözbaşydygyny, ol päk ýürekli arassa kişiler üçin jebri-jepadan, hasratdan başga hiç zat getirmeýändigini hem janyýangynlylyk bilen beýan edýär. Ol söýgä gargaýar. «Islendik söýgi — zäher. Tebigat şeýle bir genial, onda islendik zäheriň garşysyna hem zäher bar. Emma käte-käte şol zähere garşy zäher dürli ýerlere seçilen bolýar — ony gyssanman bir ýere ýygnamaly, jemlemeli, ýelimlemeli hem nämäniň nämedigine düşünmeli. Tebigat özüne biziň kellämiz bilen akyl ýetirýär» .
Hawa, dünýäde ýeke-täk adam hem akyl ýetirip, hem akylyny özgeler üçin beýan edip bilýär. Adam dünýäde pikirlenip bilýän ýeke-täk Güýç. Ol pikirlenip bilýändigi üçin dünýä, tebigata, söýgä, Hudaýa akyl ýetirmegiň höwesinde. Diýmek, dünýä, tebigat adamyň kömegi bilen özüne akyl ýetirmek isleýär. Biz muňa Nobatgulynyň goşgularyndan köp mysal tapyp bilýäris.
Söýgüde ýeke-täk çykalga bolýar! Söýmeli! Söýginiň nämedigini bilmeýän owgan gyzy söýgä tabyn bolýar: Rowiýa hem Ahat söýgi dünýäsine gaçýar, emma ele düşýärler. Olaryň daşyny gan öýülen gandar gözler gabap dur.
Awtor garaňky dünýäde aşyklaryň daşyny gabap duran gaflatdaky hossarlaryny durmuşdan yza galanlykda, ganhorlukda aýyplamaýar, aklajagam bolmaýar, iki setir şygyr bilen olaryň dünýäsini açýar.
Men namyssyz ýaşap bilmen dünýäde,
Gyzsyz weli...
mydar edip bilerin...
Daşy gabalan aşyk-magşugyň elinden näme gelýär? Olar näme edip biler?!
Alaçsyz aşyklar garpyşyp bir dem
Otly lebler sordy gyzyň leblerni.
Şo pursat söýginiň ähli lezzeti,
Şo pursat ýaşaýşyň ähli manysy
Ýeke posa,
ýeke posa jemlendi.
Beýnisi geçmişiň tümlüginde galan, namysy baýdak edinip ýaşap ýören köne pikirli adamlar seniň kanunyňy bilýärmi, söýgi azatlygyny bilýärmi?! Olar üçin ýekeje kanun bar: Namys! Söýgi üçin hem ýekeje kanun bar. Söýgiňe gowuşmaly! Eger söýgüsine gowuşyp bilmese, islendik aşyk-magşuk ölmäge taýýar. Başda gyzynyň görküni «Apatdyr» diýýän goja madyrdaýar:
Ýandyrdyň olary gara kül edip,
Bir demde buz bolup doňan namysy
Şu otdan başga zat bilmez ýyladyp.
Şu ýerde Rowiýanyň beýik adamkärçiligi ýüze çykýar. Ol söýgülisinden özüni öldürmegi haýyş edýär. Hakykatda olary gyzyň hossarlary pyçaklaýar.
Yşkyň jepasynyň eziz bolşy dek,
Täleýi ters yşkyň ölmäm ýeňildir.
Meni posaň bilen bogsana oglan,
Kakam gandar bolar ýogsa-da, oglan.
Bagtyýar men, seň goýnuňda jan berýän.
Bol, ezizim, meni elin sen öldür.
Aşyk bilen magşugy münüp gaçan motosikline daňyp otlaýarlar. Eýsem awtora hakyky wakany üýtgetmegiň näme zerurlygy bolduka?
Ýalyn galdy tüweleý deý towlanyp,
Lowlap galdy,
güwläp galdy eý, aman,
Ýigit Rowiýasyn bagryna basyp
Durdy oduň ortasynda butnaman.
Ol alaw ot däldi,
ol beýik söýgi
Gazap bilen syryn dünýä ýaýýardy.
Rowiýanyň gara çadyrasy deý
Gara gije ýanýardy,
Gara gündiz ýanýardy.
Gara gije — ýarganatyň ganaty,
Gara gündiz — gara adatyň gaflaty
Ýanýardy,
Ýakýardy dünýäni söýgi.
Göreçleri köz deý ýanýan gandarlar
Ýanýardylar gözlerinden ot alyp...
Söýgi ýakýar, söýgi ýanmaýar. Ot — söýgi! Ol gijäni-garaňkylygy, nadanlygy ýandyrýar. Ol ot gara gündizi, gara adaty ýandyrýar. Hatda gyzyň hossarlary — aňy geçmişde galan adamlar hem ýanýar. Olar gözlerinden ot alyp, tutaşyp ýanýar. Söýgi ýanýar hem ýakýar. Ine, birgiden simwollar tapgyry! Ol ot ullakan bägül bolup gijäň gursagynda lowurdap dur. Aşyk bilen magşuk bolsa «ýalnyň dillerine dolanyp» rowaýata göterilip barýarlar. Awtor özüne mahsus ýowuzlyk bilen söýginiň güýjüni, gudratyny görkezip filosofiki netije çykarýar. Wagt, döwür-döwran üýtgeýär. Gyzyny otladan gojanyň kalbynda, dünýäsinde uly özgerişlik bolupdyr. Indi ol eden işine ahmyr edip, Aşyk-Magşugy otladan ýerine kyrk ýyl bäri zyýarata gatnaýar. Ýüreginiň sary giden, söýginiň ar alan gojasy şol ýakan oduny gözýaşlary bilen öçürjek bolup gatnaýar, emma...
A ot bolsa şindem alawlap durdy,
Indi ol ot däldi,
dönüpdi güle.
Goja gözýaş bilen söndürjek bolup
Gaýta suwarýardy gözýaşy bile.
— diýip, filosofik netije çykarýar.
Nobatguly Rejebow her dürli öwüşginli, göwni batbörek ýaly asmanda gaýyp ýören, göwresi labyr ýaly topraga baglanan, joşguny içine sygmaýan köp-köp romantiki obrazlary döretdi.
Edebiýaty öwreniş