08:10 Durmuş Nobatguly däldir, Göwherim -5: "Durmuş Nobatguly däldir, göwherim" | |
5. «Durmuş Nobatguly däldir, göwherim» Hakyky şahyrlaryň alnynda hemişe üç sany müdimi sowal keserip durupdyr: 1. Söýgi näme? Şu üç sowala, aýratynam birinji sowala dünýäniň iň genial şahyrlary jogap agtaryp şygyr, poema, dessan, sonetler çemenini döreden bolsalar-da, şol baky sowalyň takyk jogabyny şindize çenli tapan ýok. Söýgi geçmişi-de, geljegi-de äsgermeýär, Al Maariniň ýa Attaryň, Pyragynyň ýa Baýronyň yşky goşgulary şu günki okyjyny heýjana salsa-da, şu günki söýgä jogap bolup bilmeýär. Her bir täze dörän yşk özi üçin aýratyn pida talap edýär. Yşk ylahy gudrat bolup, ol her bir adama miýesser etmeýär, diňe ylahynyň ilerläp, azyzlan bendeleri yşka uçraýarlar, yşkdanam zehin uçgun alyp, beýik-beýik kişiler döreýär. Söýşenleriň ählisi uly şahyr, alym, kompozitor bolmaly diýlen zat ýok, emma yşka uçran adamlaryň ýukaýürek, ynsaply, gowy adam bolýandygy weli hak. Gaýry dillerde «izbrannyýe», «poswýasennyýe» diýen ýaly düşünjeler bar, ol düşünje bizde-de bar eken, emma soňky giçki orta asyrlarda diniň güýjemegi bilen, şol düşünje ulanyşdan galyberipdir. Ol käbir dessanlarda «azyzlar» hökmünde duş gelýär, biziň hem mundan buýana Allanyň arzylan bendelerini azyzlar diýip atlandyrmagymyz gerek. Ýaňy dogan Aýdan, gyýkmajyk Aýdan Ýaňaklaryň aly — säheriň agy Lal biçäre seni görse dil açar, Yşk-söýgi temasy tutuş Gündogarda şeýle bir işlenen, şeýle bir sünnälenen, göwnüňe bolmasa, şol poeziýadan soň şahyrlar yşky goşgulary ýazyp bilmejek ýaly. Türki dilli edebiýatdaky yşky poeziýa bolsa durşuna gyzyla gaplaýmaly dessan. Özem Kiçi Aziýada, Häzirbegjanda, Türkmenistanda gadym zamanlarda derwüşçilik, diwanaçylyk, galandarçylyk, sopuçylyk ýaly aşyklar akymy hem döräpdir. Ýunus Emre, Garajaoglan, Saýat Nowa ýaly onuň ägirt uly wekilleri bar. Aşyklar eline gazma dutaryny alyp, öz söýgülisiniň waspyny edip, oba-oba, kent-şäher söküp il içinde aýdym aýdypdyrlar, goşgy okapdyrlar. Olaryň belli bir ýaşaýan ýeri bolmandyr. Has takygy, olar türki dilli ullakan ýurtlarda söýgülisiniň waspy bilen ýaşapdyrlar, halk olary bagşy diňlän ýaly diňläp, iýdirip-içirip, egnini bitirip, goňşy oba ataryp goýberipdirler. Häzirbegjanlaryň «Görogly» eposynyň baş gahrymany Görogly hem belli bir derejede aşyk şahyr. «Nejeboglan», «Şasenem-Garyp» ýaly meşhur dessanlarymyz hem şol aşyk-şahyrlardan galan miras bolsa gerek. Şol dessur hem Mätäjä çenli formasyny, belli bir ýagdaýda mazmunyny üýtgetse üýtgedip, biziň klassyk şahyrlarymyzda ýaşapdyr. Mollanepesiň, Seýdiniň, Keminäniň, Saýylynyň, Pidaýynyň, Şabendäniň, Andalybyň uly şahyr hem uly bagşy bolandygyny biz bilýäris. Şeýle baý mirasy bolan türkmen edebiýatynda söýgi hakda täze pikir aýdaýmak weli çetin, emma hakyky şahyr täze pikir aýtmagy başarýar: «Galileý açandyr Ýeriň aýlanşyn, Nobatguly Rejebow islendik pikiri takyk, göze görnüp duran detalyň, obrazyň üsti bilen aýtmaga synanýar. Ol oňa başardýaram. Şonuň üçinem onuň her iki setiri bir-birine gapma-garşylykly iki pikirden real bir pikiri dünýä getirýär, özem şol pikir şeýle aýdyň hem nakyl, aforizm şekilli aýdylany üçin dessine ýadyňda galýar. Meni posaň bilen öldür, Ýa-da: Maňa iki sany ajal ber Alla, Ýa-da: Ýa seni taparyn Ýeriň ýüzünden, Ýa-da: Labzymy süýjet sen bir posa ber-de, Ýa-da: Dünýä bäş gün — aňýamyň sen, Ýa-da: Ogşa meni, ogşa dilber, Ýa-da: Ýanjak bolup dur sen, ýyldyrym çaksa, Gadym Arabystanda şahyr Mežnun Leýliniň waspyny edip, Leýliniň janly obrazyny döredýär. Petrarka Lauranyň, Petefi Etelkanyň, Pyragy Meňliniň, Seýdi Hatyjanyň, Zelili Döndiniň janly obrazyny edebiýata getiripdir. Gynansak-da, yşk mülküniň şasy Mollanepes bütin ömrüne gyz-gelinleri wasp edip ýetip bolmaz kämillige çykandygyna garamazdan, onda belli bir at bilen gyzyň obrazy döredilmändir. Örän inçe lirikdigine garamazdan, Keminäniň poeziýasynda bolsa ýigrimiden gowrak gyz-gelniň ady tutulyp, olaryň belli birini bijebaş edip bolar ýaly däl. Şu ýaramaz ýagdaý sowet poeziýasynda hem dowam etdi. Nobatguly şol howpdan halas bolup, özüniň meşhur «Serwi agajy ýa-da sentimental poemasynda» Selbiniň obrazyny göwnejaý işläpdir. Selbi — toslanyp tapylan at, Magtymgulynyň Meňlisi hem hakyky at bolmasa gerek. Çünki biriniň gyzynyň adyny (eger ol aýaly bolmadyk bolsa) bagşylaryň diline berip, ile jar etdirmek türkmen etikasyna gabat gelmeýär. Şeýlelikde, Nobatguly türkmen edebiýatyna Selbiniň obrazyny getirdi. Ol özünden ozalky şahyrlarda hem döwürdeş şahyrlarynda ýok obrazy döretdi. Şol poemadan soň Nobatgulynyň haýsy bir şygryny okasaň hem göz öňüne inçe billi, saçlary başyna jyga kimin oralan, gaşlary taraşly Selbi gyz göz öňünde janlanýar. Epiki poemada beýle obrazy döretmek kyn mesele bolmasa-da, liriki poeziýada, aýna döwükleri ýaly san-sajaksyz goşgulardan bir gyzyň mozaikasyny düzäýmek çyn şahyryň işi. Şindem göz öňümde hünjüli kirpik, Nobatgulynyň döreden Selbisiniň magiki jadyly bir tarapy bar, o-da şahyryň söýgi hakda islendik goşgusyny okasaň biygtyýar çabgada ezilip, ýukajyk köýnegi endamyna ýelmenip duran Selbi göz öňüne geläýýär, hatda söýgi hakda däl goşgusynda hem gyz synasynyň ady tutulsa... A sen edil didäň ýaly owadan, A sen edil sesiň ýaly eýjejik, Eýjejik hem lälijek, tylla balyjak ýaly owsunyp duran Selbi gyz. Dogry, bu goşguda onuň ady tutulanok, emma şonda-da ol göz öňünde. Şahyr bu şygrynda türkmen poeziýasynda şindi ulanylmadyk dürli hilli meňzetmeleri ulanýar. Magtymgulynyň Hudaýa «Seni senden isterem» diýşi ýaly, ol gyz gözelligine deňeşdirmäni hut onuň özünden agtarýar. «A sen edil lebleriň deý ýumşajyk» diýýär weli, ýüregiňe ýumşajyk gyz lebleri goýlan ýaly bolýar. Sen şindi ýanymda! Şahyryň aýdyşy ýaly, gijeler düýşleriň süýjäp başlaýan ýaşlyk ýyllaryny her kim başyndan geçirendir. Aşyklygyň başy düýşden başlanýar, şahyrlara hem ylahy meý düýşünde berilýär, bagşylar keramatly Babagambar hem-de Aşyk Aýdyň piriň guburyny ýassanyp, düýşünde bagşylyk alýar. «Leýli-Mežnundan» başlap ähli dessanlaryň baş gahrymanlary düýşünde birek-birege aşyk bolýarlar. Umuman, şunuň ýaly ençeme mukaddes zatlar bilen bagly bolany üçin, düýşler ezizligine, pynhanlygyna galýar. Düýş düşünjesi bolsa entek Nobatgulydaky ýaly hiç bir şahyrda şeýle köptaraplaýyn işlenen däldir. Aslynda, dünýä — düýş! Muny Magtymguly aýdýar! Nobatguly bolsa: Ýaşaýyş — düýş söýleňde, Şahyr «Ýaşaýyş — düýş» atly goşgusyndan başlap, ähli goşgusynda diýen ýaly, düýşüň ezizligini, jadylylygyny, heserliligini, keramatlylygyny gaty inçelik bilen beýan edýär. Şu goşgusynda şahyr şindi türkmen poeziýasynda ulanylmadyk täze formany ulanýar. Özem goşgy şeýle bir erkin, ol goşgy däl-de, rawynyň örän süýjedip berýän jadyly söhbedine meňzeýär. Özem her bendinde, her setirinde täze pikirler, täze meňzetmeler, täze rifmalar ulanýar. Ýaşaýyş — düýş, ynanaý, «Ýüzsün» işligini şahyr täzeçe ulanýar: «Ellerim ýüzsün seniň gara saçlaryň yzlap». Şemal ýaly çolanýan, desse saçlary, topuga ýetip duran saçlaryny sypalaýyn diýmäniň deregine, saçlary yzlap, terezi ýaly terezilenip duran eginleriň üsti bilen, gumrynyň göwsi ýaly ýumry döşlere çenli, inçe bile çenli eller ýüzüp ýör! Ol pursatda näzijek gyzyň düşjek ahwalatyny göz öňüne getirmegem mümkin däl, diňe şahyr «Huşuňdan jyda düşseň, başyňy egnime goýaý, men-ä alkymyň ysgap zordan özüme geldim» diýip, şahyrana netijä gelýär. Beýik rus şahyry Anna Ahmatowa: «Şahyryň her dört setiriniň ikisi ylahy tarapdan berilýän bolmaly, ikisi bolsa şahyryň ussatlygy bilen dünýä inýär» diýýär. Ýöne ýokarky setirlere seredip, olaryň tutuş ylahy tarapdan döredilendigine ynanýarsyň! Eger yşka uçrasaň, Şahyr «Ýyldyrym çaksa ýanjak bolup, el degirseň uçjak bolup duran», söýgüsi kirpikmen didelerinde balkyldap görünýän türkmen gyzynyň waspyny edýär. Nobatgulynyň «dar basyp gidende endamy sarsman, topukdan aşagy näz bilen ýöreýän» maýaly-maňyzly, edepli-ekramly, ejap-haýaly, geplemegiň deregine dideleri, sarç gaşlary bilen diýjegini diýip bilýän, Poeziýanyň özi ýaly päkize gahrymany bar. Ol owadan gyz, owadan Selbi ähli söýgi şygyrlarynyň içinden seýkin basyp geçip gidip barýar. Sen deňze giren deý uklan halatym Ýa bolmasa: Ýitdi çalymdaky çykarlan geýim, Pyşyrdy... Mysallaryň ikisinde-de, gelin ýalaňaçlanýar, emma ol gelin däl, ol duýgy, ol gözellik, şonuň üçinem olar ejaba laýyk. Dünýäň tütäp duran gamyndan doglan ...Ýaşap ýörsüň dünýäň ýüzünde, Meňli, Hany aýdyň, haýsymyz Meňlini Sumbarda ýaşap ýören adaty bir sada gyz hökmünde göz öňüne getirýäris!? Meňli pynhan peri, Meňli Allatarapyn dünýä inen gyz. Meňlini şol derejä Magtymguly göterdi. Meňli hem otly söýgüsi bilen Magtymgulyny dünýäniň iň beýik akyldaryna çenli ýokary göterdi. Şonuň üçinem Nobatguly «Heýkeltaraş bolan bolsam, Magtymgulynyň guburynyň başynda, heýkeliňi goýardym men mermerden» diýýär. Hoş gal, Şu ýerde bir zady nygtalyň. Geçmişiň meşhur eserleri «Leýli-Mežnun», «Şasenem-Garyp», «Zöhre-Tahyr» we beýleki dessanlarda hijran temasy has kämil işlenendir. Olar söýgi hakdaky dessanlardan aýralyk hakyndaky dessanlara golaýdyr, belki, şonuň üçinem halk olary diliniň senasy hökmünde şu günlere çenli gylyny gymyldatman getirendir. Aşyk-magşuklar biri-birine gowşan badyna dessan tamamlanýar, emma hakyky şahyrlaryň dessanlary — aýralyk hakyndaky aýdymlary bolsa, tä ölýänçä dowam edýändir. Şahyryň liriki gahrymany köýen söýgüsine derek bagryny paralap, söýgi gözleýär, emma söýgi ýeke, ömür ýaly, ölüm ýaly ýeke. Eger ol köp bolanda söýgi hakda goşgy hem ýazylmazdy. «Bu dünýä Hudaýyň fantaziýasydyr, Nobatguly tragik şahyr. Nobatguly gapma-garşylyklardan ybarat şahyr. Onuň çylşyrymly, gazaply, ýowuz, gyzma, paýhasly liriki «meni» Lermontowyň, Wiýonyň, Wilýam Bleýkiň liriki «menine» çalymdaş. Ol pes pälli, emma uly ýürekli, kiçi göwünli, şol bir wagtda göwnaçyk, özdiýenli. Nobatgulynyň pikiriçe, dünýä — Allatagalanyň kalby: arassa, päkize, owadan dünýä. Oňa aşyk bolmajak bol, barybir, ol seni söýdürýär. Onda şol beýik gudrat bar. Eger ol özüne muşdak edip bilmejek bolsa, ondanam bir dünýä bolarmy, onda oňa şahyr Allatagalanyň kalby diýermi! Dünýä neneň ajaýyp, Adama ömür hem, ölüm hem, yşk hem, dünýä hem ýekeje ýola berilýär. Taňry dünýä seýran ediň, gudratymy görüň, tebigatyň öleňlerine, ummanlaryna, dag-u-düzlerine aýlanyň diýip bizi ýaradyp, hut şoňa ýeterlik hem ömür beripdir. Emma ýaşamaly dünýäsini paýlaşyga salan adamzat dünýäni nätdi?! Durşuna aran aýlap serhet çekdi, uruşdy, gyrlyşdy, açlyga sezewar boldy, mergiden, görgüden gyryldy. Eýsem adam diňe gara garny, üstüne külbe, aşagyna maşyn, endamyna geýim üçin ýaşamalymy? Ýigriminji asyr! Haçana çenli garnyň bilen pikirlenjek, ynsan! Haçana çenli dünýäniň manysy zenanyň budunda bolmaly?! Haçana çenli adam ogly öz ýasan puluna gul bolup gezmeli?! Şahyry şu sowallar heläk edýär. Ýok, bu sowallar asla şahyryň kosmopolitizme ýykgyn edýändigini aňlatmaýar. Bu sowallar dünýä real seredýän adamyň sowallary. Ol döwürdeşinden dünýä real seretmegi hem talap edýär: Dostum, dünýä geleniňe ökünme Zemini göterip duran närse ynsap! Baýlyk gazanmak üçin ynsaby kündä goşulan bolsa dünýäniň ýagdaýy çatak. Dünýä arena! Gadym dünýäde onda gladiatorlar birek-biregi hanjardan geçiripdir, Indi her kim birek-biregi al salyp toruna düşürýär. Utýanam-utulýanam, barybir, özüni pida eýleýär. Dünýäniň ýitirýän zady ýok, diňe biz ýitirýäris! Dünýäň piňine däl: Şahyryň hem piňine däl: pikiriň gara garnyňmy? — diýmek, gara garnyň — seniň gabryňdyr! Geýim üçin ýaşaýarmyň — geýim seniň kepeniňdir! Baýlyk üçin ýaşaýarmyň — seniň üstüňe atyljak gum alyp gitjek baýlygyňdyr!.. Şahyr «Bölüşmäge gelmedim men terekä!» diýýär, çünki adamzat baýlyk üçin hatda dünýäni ýok etmäge-de taýyn. Şahyr: «Zeminiňi-hä bölüşdiler, asmanyňdan bir habardar bolawer» diýip Taňrysyna ýüzlenýär. Erkekleň geýmine girdi tişiler, (aýallar) Dünýä türkmen aga ýaly adyl baha kesen ýok bolsa gerek! Türkmen aga dünýä ýalançy diýýär. Dünýä ýalan, ölüm çyn! Ýaşaýyş ýalan, hasrat çyn! Dünýä ähli zady nesýe berýär, emma alanynda gaňryp nagt alýar. Şahyryň liriki meni dünýäniň düýbüne akyl ýetirmek isleýär. Bilmedim men dünýä akyl ýetirip, Sende aglamaly kişiler gülýä, Ýalan sistemanyň çüýrük ideologiýasy Sowet Soýuzyny her hili edip goramak üçin — Hudaýyň ornuna — Marksizmi, Pygamberiň ornuna Lenini döretdi. Ony duýan şahyr şeýle ýangynly setirleri ýazypdy. Dünýä bulam-bujar: Nobatguly «Jemşidiň jamy» atly filosofik poemasyny Magtymgulynyň ömrüniň iň soňky üç gününe bagyşlap ýazandygyny ozal aýdypdyr. Magtymguly şahyr ölmeziniň öňüsyrasynda dünýädäki uruşlaryň, adalatsyzlyklaryň, betbagtlyklaryň köküniň gözlegine çykýar. Poemada Adam ata hakynda bir rowaýat getirilýär. Rowaýata görä, Adam atanyň ýetmiş iki ekiz perzendi bolanmyş. Allatagalanyň yradasy bilen Adam ata bir ekiziň gyz taýyny beýleki ekiziň oglan taýyna berip, ählisini öý-işik edýär, emma atalaryndan göwni galan ogullary dil düwşüp, Adam atany öldürmegiň kül-külüne düşýärler. Bu şum pikir Adam ata aýan bolýar. Ol gije Hudaýa nalyş edip, dildüwşügiň amala aşmazlygy üçin ogullarynyň bir-biriniň diline düşünmez ýaly etmegini towakga edýär. Bu, hakykatdanam, şeýle bolýar: ertesi olar bir-biriniň diline düşünmeýär, şeýdibem ýetmiş iki millet döreýär. Şahyr adamlaryň arasyna dil serhedini çekenden: «Eý, atamyz Adam, öz ýüregiňden önen perzentleriň her jüpünden bir millet ýasanyňdan ýalaw ýaly tygdan ölüp gidiberseň bolmaýarmy?» diýip ýüzlenýär. Adamzadyň arasyna çekilen ikinji serhet hem dinler. Muny Nobatguly Pyragynyň adyndan şeýle beýan edýär: Dört kitaby ýerge ýollady Alla, Nobatgulyny bu ýerde hudaýsyzlykda aýyplap bolmaz, ol asla dinlerem, Hudaýam ret edenok, emma ol dini filosofiýalardan hakykaty gözleýär. Eýse, dinleriň üstünde bolýan uruşlar gaýry sebäplere görä tutaşýan uruşlardan köp bolmasa az däl ahyry. Ol şu ýerde dinlere ynanmadyk Karmatlaryň filosofiýasyny hem getirýär. Karmatlar dünýäni dört sany çopan harap etdi diýip ynanýarlar. «Musa — gaýynynyň goýnuny bakan, Eýse, munuň üçin kim günäkär! Ýere dört dini iberen Taňrymy? Ýa özlerini Hakyň resuly diýip yglan eden pygamberlermi? Jany ýanan şahyr: Hem diýsem Muhammede, Şahyr yslam dinindäki oňşuksyzlygyň hem sebäbini dykgata hödürleýär. Bu erkin pikirler üçin şahyry gönertlemek, dinsizlikde aýyplamak bolmaz. Iýmäge agyz, ýöremäge aýak berlişi ýaly, pikirlenmäge hem kelle berendir Alla adam ogluna! Beýni bolsa şeýle pikirleri orta oklaýar. Emma bu çykalga pikiri däl! Şahyr dert-azar çykalga agtarýar, çykalga bolsa ýok. Çünki ynsanyň pikiri — zemini. Ol ýere görä, ýaşaýşyna görä, gözýetimine görä pikirlenýär, zemini bolsa asman ýaradandyr, Alla ýaradandyr, oňa älemiň aňyrsyna akyl ýetirmän, akyl ýetirmek mümkin däl. Älemiň aňyrsy bolsa tükeniksizlikdir. Älemiň aňyrsy ýok, biziň beýnimiz bolsa çäkli, ol gabyň içinde ýerleşdirilendir. Şonuň üçin şahyr çykalga tapman, göwnüçökgüm netijä gelýär: Akyl-paýhas nämä zerur, Dünýäde ähli zat hereketde, emma şahyryň pikiriçe, gelejegem ýok, geçmişem: gelejegem gije, geçmişem. Sagat aýlanyp dur, Aý, Gün aýlanyp dur, ýyldyzlar aýlanyp dur, pasyllar aýlanyp dur, nesilme-nesil ynsan aýlanyp dur, diýmek, biz duran ýerimizde aýlanyp durus. Ertir gidip agşam öýüňe gelýäň, Dogrudanam, biz nirä barýarys! Dünýäde hiç bir zat täzelik däl: ýaşaýşam, ölümem, söýgem, uruşam, açlygam, şatlygam, bagtam. Dünýäde ýalňyz täzelik bar, ol hem täze pikir. Ýetmiş ýyldan gowrak wagt SSSR Marksyň ýekeje pikiriniň çygrynda ýaşady, şol pikir üçin işledi, şol pikir üçin ýüzlerçe million ynsany pida edip, dünýäni iki lagere bölüp, ne günlere sezewar etdi. Görüp otursak, ol hem ýalňyş pikir eken. Geljege — kommunizme diýip ýetmiş ýyl yza gidipdiris. Meýzana, Islendik şahyr öz döwrüniň, ýaşaýan jemgyýetiniň, pikirleniş derejesiniň, däp-dessurlarynyň ýesiri bolýar. Emma hakyky talant kämillige ýeteninde şol orbitany terk edip, täze dünýä, öz açan dünýäsine baryp bilýär. «Men ýaňyja doglan köşegiň eşeninden aýrylyşy ýaly, ýaňyja ýumurtgasyny ýaryp çykan düýeguşuň ýumurtga gabyklaryny terk edişi ýaly, öz poeziýamy başymdan aýlap urdum, çünki olar şygyrlaryň iň gowulary. Men mundan buýana şeýle eserleri döretmerin, çünki olaryň iň gowulary ýalan-ýaşrykdan ybarat, gowşagraklary bolsa döredijiniň mertebesini peseldýär» diýip, on birinji asyryň beýik batyl şahyry Al Maari ýazýar. Nobatguly hem öz gezeginde Nobatgulyny Nobatguly eden ýumurtgany ýaryp çykyp, terk etmegi başardy. Onuň ümzügi hakykata gönükdi. Ol ýigriminji asyryň hem öz ýumurtgasyny ýaryp, kosmosa çykandygyny gysgajyk sýurrealistik şygrynda beýan edýär. Adam ýeriň orbitasyny terk edip, kosmosa çykdy, ondan aňryk uçmaga onuň ganaty kämil däl, ondan aňyrda adamzadyň akyly hem ömri ýetmejek giden boşluk ýatyr. Diýmek, aň üçin elhenç çykgynsyzlyk, gapyk tragediýa öňde ýatyr. Ol Pyragynyň «Jem bolup» atly genial goşgusyndan gepbaşy alyp, «Gabrystan» goşgusyny ýazýar. «Gabrystana bar-da otur pikr eýle», Liriki gahryman gabrystanyň haýatynyň ýanyna barýar-da, iki dünýäň — bu dünýäniň hem o dünýäniň serhedinde durup, oturyp pikir öwürýär. Onuň pikiriçe, «gabrystan — ýaşaýşyň harmany», jemi. Hanha, Ol syry dirilerden bilýän ýok, ol syry bilýän ölülerden hem gelýäni ýok. Adamzat paýhasynyň serhedi gabrystana baryp tamamlanýar, gabrystana baryp wagt hem tamamlanýar. Gabrystanda wagt ýok. Ähli dinler ruhuň ýaşaýşyna ynanýar hem ynandyrýar. Ylym hem oňa belli bir derejede kepil geçýär. Emma şahyr: Ölüp tölemeli ýaşaýşyň muzdun, — diýip, «Näme üçin Allanyň öz ýaradan bendesi müdimi ýaşaýşa ölüp barmaly?» diýen sowaly goýýar. Soňam şahyr: Bu dünýä Hudaýyň fantaziýasydyr, — diýen täze, geň netijä gelýär. Elbetde, akyl-huşuňy haýran edýän bu ajaýyp dünýäniň, örän kämil adamzadyň öz-özünden döremedigi köre hasa. Hökman biziň eýämiz bolaýmaly! Bizi ýaradan gudratam, bize esewan edip oturan gudratam hökman bolaýmaly. Geçmiş poeziýamyzda, gör, näçe beýik şahyrlar Ýaradana aşyk bolup ony agtarypdyrlar. Gündogarda sufizmiň iň beýik ýyldyzy, iň soňky ýyldyzy Magtymguly hem bagryny girýan edip, Hudaýy agtarýar. Onuň «Ýar senden», «Jahan, eý, dost», «Sataşdym», «Näme sen?», «Aşyk bolmuşam» goşgulary sufistik şygryň ajaýyp nusgalary. Şahyr: «Bir garyp aşyk menem, ýar, seni senden isterem» diýip oda düşýär. «Özi gaýyp, zülpleri ýeldaýa aşyk bolmuşam» diýip, Taňrynyň gaýypdygyny-da aýdýar. Ol «Bihabar» atly ajaýyp goşgusynda: Sen-sen araýşy jahan, hem jan senden bihabar, — diýip, Taňryga zemin akylynyň ýetmejekdigini nygtaýar. Ol «Jahan, eý, dost» diýen şygrynda Allatagalany gözläp, sözlemegiň özem «janga jebri artdyrýandygyny» aýdýar. Sensiz gözümge hergiz görünmez jahan, eý, dost! Emma şahyr Hudaýy gözleýär. Näme diýip? Magtymgula pany jahanyň baýlygy gerek däl, hanlygy gerek däl, ol gününe kaýyl, emma Haky gözleýär. Birinjiden, Hak — bu hakykat! Şahyryň birinji gözlegi hakykat! Şahyryň daýanjy hakykat! Ilim-günüm hary-zardyr, gelsin döwlet leşgeriň, Ol çapawul-basawul zerarly, adalatsyzlyk zerarly il-gününiň hary-zardygyny, ajap Kuran bilen halkyny bagtly edip bolmajakdygyny, türkmeniň alny açylyp, döwlet gurunmaga döwlet leşgerini iberäýmese, çykgynsyz günde galandygyny nygtaýar. Ýaşaýyş — wagtyň ýadydyr, Bir zamanlar Benijan ýerde hökmürowanlyk sürüpdir. Häzir ýeriň eýesi adam, Ýeriň ady — Adam planetasy, emma adam hem ot oýnap ýeri ýok etmäge çenli baryp ýetdi. «Düýä dünýäde gämi süren Nuha, dünýä ýandy diýseň ynanarmy heý». Üstesine adamzat bimany köpelip gidip otyr, köpelip gidip otyr. Dünýä ýaraglanyp barýar, ýaraglanyp barýar, ynsanyň ahlak ýoýulmalary görlüp-eşidilmedik derejä baryp ýetdi. Dünýä güýç-güýç ýeteniňki. Aran deý dyrnakly iýýändir sende, Dünýä şeýle derejä bardy: Ynsaply kişi naýynsabyň pidasy, hakyky adam haýwanpisint adamyň pidasy. Haýyr bilen şeriň, adalat bilen jahalatyň, çyn bilen ýalanyň, hak bilen nähakyň, söýgi bilen ýigrenjiň, halal bilen haramyň göreşiniň kulminasion nokadyna ýetip, ilkinjileri agbarlan pursady dünýä, Taňrynyň ýaradan ajaýyp, owadan dünýäsine täze pikir gerek! Şol pikiri Nobatguly Rejebow agtarýar, müňlerçe şahyrlar agtarýar, milliardlarça adamlar bolsa asmandan delalata garaşýar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |