08:26 Durmuş Nobatguly däldir, Göwherim -6: Gapma-garşy pikirleriñ dürs netijeleri | |
6. Gapma-garşy pikirleriň dürs netijeleri Soňky wagtlar «Täze pikir ýok, täze diýilýän pikir gaty ir unudylan köne pikirdir» diýmek ýoň bolupdyr. Öz tapan pikiriniň tapyndylygyna, özüniňkiligine kepili az kişiler bilen jedele girmek maksadym ýok, ýöne täze pikir ýok bolsa, täze poeziýada ýokdur, bu jedelsiz fakt! Hatda köne pikiri täzeçe, döwrüne görä aýdyp bilmegiň özi hem täzelikdir. Döwür üýtgeýär, garaýyş üýtgeýär, öz döwründe dogry diýilýän pikiriň ters bolýan halatlaram az däl. Bu durmuş. Emma täze pikirsiz şygyr ýaşamaga ukyply bolmaýar. Maýyp-müjürip, müň bir keseli bar kişiniň yra-dara sagat adamdan uzak ýaşaýdygam bolýar, ýöne edebi eser sagdyn bolmasa, ol ýaşap bilmeýär. Biz dünýäni oýun sanyp köýýäris, Dünýäni oýun sanyp aldanmak bu özbaşyna antiteza, çyn sanyp adamçylykdan çykmak, bu-da özbaşyna antiteza, birinji setir bilen ikinji setirdäki gapma-garşylyk hem üçünji antitezadyr. Soňky iki setirdäki pikir halkyň arasynda ýaşap ýören pikir. «Öz ýaryny alan barmy?» diýip ozal ýazan şahyr hem bar. Emma aýdylyşyna üns beriň, bu ýerde ozal bar bolan hakykaty Nobatguly şahyrana umumylaşdyrýar, soňam takyk netije çykarýar. Ol antimetabola. Jahyllyga aýlanypdyr ýaşlygym, ...Ýa seni taparyn Ýeriň ýüzünden ...Sen-ä giç doglanňa günäkär dälsiň, ...Galileý açandyr Ýeriň aýlanşyn Şahyryna antimetabolalary, aforizmleri akyldarlaryň dana sözleri bilen garyşdyrmaly däl, olary dana sözler ýaly gerek ýerinde öz sözüň bilen aýtmak hem bolmaýar. Olary poeziýa dili bilen aýtmaly. Şahyrana aforizmler poeziýada ýaşaýar. Ynha, Nobatgulynyň «Gelin» atly goşgusynda iki sany antimetabola bar. Şahyr islese, olary aforizm hem edip bilerdi, dana söz-de. Emma olary soň goşgusyna girizip bilmezdi. Şahyr gelne ýüzlenip şeýle diýýär: «Sen ýigdiň başyna çykjak bolmagyn, goý, ol seni depesine täç etsin», «Ýigdiň mertebesin göter beýge sen, ol şonda başyny aýagňa goýar». Gapma-garşy pikir bar, dürs netije hem çykýar. «Bagt bir guşdur, her kim tutjakdyr ony, tutjak boldugyňam uçar gider ol», «Ogşa meni, ogşa dilber, näme garyp galýamyň sen?», «Agşam bagtym diýip bagra basanym, Säherler oýansam düýş bolup çykdy», «Bu dünýä jenneti adam oglunyň, Bu dünýä gabrystan — Adam ogluna!», «Bu dünýä Hudaýyň fantaziýasydyr, o dünýäni oýlap tapan adamzat!»... Bular aforizm ahyry! Seni bäş pula satan, Zalyma gol bererler, «Seniň ýaş toýňy toýlamaň näme, aglap oturmaly takdyryň barka?», «Isa bolaý, ilki haça çüýlärler, soňam Pygamber diýp ederler sejde». Nobatguly antitezalaryň, azianizmiň, antimetabolalaryň her dürli görnüşini her röwüşde ulanýar. Şahyryň «Pul» atly goşgusy tutuş şol çeperçilik serişdelerinden ybarat. «Pul duşmandyr!» akyl berer akyldar, Kime gujak gerip baýlygyň berdiň, Aşakda mysal getirjek bolýan atsyz goşgym tutuşlygyna antitezadan, azianizmden, antimetaboladan ybarat. Antimetabola şahyrana aforizme çenli ösüpdir. Oturdym: Ýer-göge nazar aýladym, Aýdaýyn men nämedigin gussanyň Men durmuşda agyr ýoly saýladym, Ozal bir kanunalaýyklyga gelen çeperçilik serişdeleri hem döwre görä üýtgeýär, kämilleşýär, mazmun, forma taýyndan çylşyrymlaşýar. «Bermud üçburçlugy» atly goşgy forma taýyndan täze antiteza goşgusy. Bermud üçburçlugy üstünden ýoly düşen ähli zady ýuwdup ýatan elhenç betbagtlyk. Ýeri, şahyr oňa dahylly, oňa deňär ýaly näme tapdyka? Munda forma mazmundan rüstem gelýär. Merdan — Birinji setir: Merdan, ýagny erkek kişi öz aýalyndan gaýry bir gelne göwün berse, ol ýarym pajyga, bolaýýan zat, emma ikinji setirdäki ýaly, aýal öňe geçip, erkege berilse, kyýamat! Ograş bar ýerinde erkek ýok! Görüň forma mazmun bilen nähili oýun edýär. Hylwat dileg edýärin şahyry gam basanda: Şahyryň esasy hemrasy gam-gussa. Nobatguly gam basan şahyra ýalňyzlygy dileg edýär, ýalňyzlykda şahyr horlanyp ölýär. Şahyr ýalňyzlykda dogulýar, ýalňyzlykda ölýär, başga çykalga ýok, ýalňyzlyk şahyra ýalňyz gaçybatalga! Elhenç! Didar dileg edýärin men aşyky-bimara: Söýgülisinden jyda düşen aşyga dünýä bir aşyk, oňa dünýä gerek däl, eger ol söýgülisine gowuşsa, oňa ýene jahan gerek däl, ýöne bu gezek jahan onuň gözüne görnenok. Görýäňizmi, gapma-garşylyklary ulanyp şahyryň edýän oýnuny! Pelek bir bakyşda bagtyýar etse, Şunuň ýaly mysallaryň ençemesini getirmek mümkin. Bu mysallar şahyryň kämilliginden alamat. Nobatguly islendik predmetiň her dürli tarapyndan baryp görýär, hem original nukdaýnazary, hem original stili, hem original usuly tapýar. Bu bolsa şahyryň öz ýoluna düşen şahyrdygyna kepil geçýär. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |