7. «Üstümde gulagyň sallap oturma»
Edebiýat döräli bäri ençeme edebi ugurlar döredi, ol ugurlar boýunça okyjylar dünýäsini ruhyýet şerbetinden gandyrdy, wagtyň geçmegi, döwrüň, heňňamyň üýtgemegi bilen bolsa Jeýhunyň öz ornuny wagtal-wagtal ýalmap-opuryp durşy ýaly, akabasyny çalyşdy. Şu asyryň başynda rus edebiýatynda birnäçe edebi ugruň dörändigini, köpüsiniň bolsa öz möwrütini ötürendigini biz bilýäris. Akmeizm, futurizm, sosialistik realizm, sýurrealizm ýaly täze ugurlar diňe bir edebiýatda öz ornuny alman, eýsem çeperçilik sungatyna, kino, teatra hem öz täsirini ýetirdi. Her bir ugur ýöne ýerden döremeýär, Her bir ugruň döremegi üçin uly bir talant ýa-da ülker ýaly bir topar talantlaryň birleşmesi zerurlykdyr. Seredip otursak, futurizm zerurlykdan döreýär, çünki tutuş Orsýet, Ýewropa rewolýusiýa bilen dem alýar, çünki «Ýewropada kommunizmiň alamatlary gezýär». Beýle ýagdaýda halkyň ruhy dünýäsini sünnälenen, berk düzgün-nyzamly ýazylýan klassyky poeziýa beýan edip biljek däl. Rewolýusiýa könäni ýumuryp, ýykyp, dargadyp barýan rewolýusioner şahyr zerur. Ol hem W.W.Maýakowskiniň paýyna düşdi.
Eýse sýurrealizmiň döremegi üçin hem öz döwründe zerurlyk ýüze çykypdy. Bu ýerdäki «sýur» affiksiniň «süýr» sözünden bolaýmagy hem gaty ähtimal. Bu edebi ugur şu asyryň başynda dörän awangardçylyk ugurdan gözbaş alýar. Bu ugruň döremeginde dadaizmiň hem roly biçak uludyr. Sýurrealizmi esaslandyryjylar bu edebi ugruň köklerini beýik fransuz şahyry Artur Rembonyň edebi mirasyna çenli alyp gidýärler. Bu edebi ugur birsydyrgyn hülli-hülli edilip ýetişdirilen, şol bir pikirleniş usullarynda döredilen buržuaz gymmatlyklaryny inkär edip, romantik-anarhistik pitnewi pikirleri edebiýata getirýär. Bu ugur hatda real pikirlenmäni hem ret edip, onuň ornuna aňasty aň esasynda döreýän eserleri, ýagny türkmençeläp aýtsak, halat esasynda döreýän edebiýaty döretmek isleýärler. Şeýlelikde hem olar real dünýäden, real pikirlenişden daş düşüp, dura-bara jemgyýete ýat edebiýata öwrülýär. Ýöne bu edebiýatyň, aýratynam poeziýanyň L.Aragon, Pol Elýuar, Rober Desnos ýaly ägirt uly läheňleri bar.
Wagtyň geçmegi bilen sýurrealizm öz ýoluny, äheňini üýtgedip, Ýewropadan ösen döwletleriň ählisine ýaýrady. Häzir realistik poeziýada bütinleý täze poeziýa sýurrealizm dililýär. Islendik uly şahyr, uly ýazyjy özünden öňki edebiýaty özüne binýat edinip, soňra köp halatda şol edebiýaty ret edip, ýa ret etmän täze bir akym döredýär, täze bir ugur, hiç bolmanda täze bir stil döredýär. Islendik uly şahyr — döwre garşy, dünýä garşy, çarhypelege garşy uly ýa kiçi pitnedir.
Perişdepisint, ýagşyzadakybap, emer-damary bilen dindar, hudawy Magtymguly türki dilli poeziýada rewolýusiýadyr, ol özünden ozalky poeziýanyň inkär edilmesidir. Hudaýa bütin durky bilen bitýän halaty, Biribarsyz çöpbaşy gymyldamaýandygyna belet Magtymgulynyň Taňrynyň ýasan dünýäsine gargaýşyna bir bakyň! Ahundan ylymdar Magtymguly Ýaradanyň dünýäsine «loly dünýä», «gasygy gam bilen doly dünýä», «öz balasyn özi iýýän, doýmaz-dolmaz» diýip gargama kemini goýmaýar. Eýse, pygamber derejesine göterilen Magtymgula dünýä şeýle gahar-gazap bilen gargamak uslypmydyr?! Elbetde, Magtymguly diniň bendisi däl, ol sufist, ol dünýäden Hudaýy agtarýar. Ol zeminde bolup ýören adalatsyzlyga çydaman, sebäpkärini agtarýar...
Türkmen poeziýasynda Gurbannazar Ezizow hem, Nobatguly Rejebow hem pitne. Biriniň möçberi ulurak, biriniňki kiçiräk... Bu pitne zerurlygy üçin dörän pitnemi, şahyr pitnewi bolmaly diýip zoraýakdan dörän pitnewimi ýa hakyky?
Sosialistik realizm — bu, öňi bilen, galypdyr. Bu, öňi bilen, çarçuwadyr. Sosializmiň özüniň ýasama jemgyýet bolşy ýaly, sosialistik realizm metody hem ýasama edebiýaty döretdi. Edebiýat partiýalaýyn bolmalydyr diýen şygary baýdak edinen ýazyjy-şahyrlar özbaşdak pikirlenmän, kompartiýanyň ideologiýasynyň wagyz-nesihatçylaryna öwrüldiler. Şeýlelikde, goşgular hem, poemalar hem, powestler, romanlar, pýesalar hem birmeňzeş galypdan çykyp başlady. Partiýalaýyn edebiýaty döredýänler arzyly ýazyjy-şahyrlara öwrüldiler, hökümet sylaglaryna mynasyp boldular, her dürli atlar edindiler. Emma zandy dörediji adamda öz döwrüne, öz döwrüniň syýasatyna, dünýä, pelege hökman protest bolaýmalydy, çünki milli medeniýetiň, ata-baba däp-dessurlaryň, türkmençiligiň köküniň gurap barýandygyny duýan şahyr pitnewi bolman bilmez. Bu pitne Gurbannazarda ilkinji gezek çynlakaý proteste eýe boldy.
Protest — ilkibada köne pikirlenişe garşy pitneden başlaýar. N.S.Hruşýow döwründe sowuk uruş gaýnamaga, dünýäni dowzah oduna sezewar bolmak derejesine çenli eltdi. Şahyrlar respublikan, soýuz problemalaryny goýup, bütindünýä problemasyna, urşa garşy seslenmäge başladylar. Emma pikirlenişde Ata Salyhçylyk dowam edýärdi. «Ýok, bolsun uruş!», «Ýaşasyn parahatçylyk!» diýen ýaly ýöntem pikirler ýörelgedi. Käbir şahyryň Amerikanyň Prezidentine çenli açyk hat ýazyp, formada formal täzelik tapany bilen, pikir ediş usuly könedi. Ýetmişinji ýyllar Nobatguly «Ilkinji bugdaý» atly şygryny ýazdy. Bu şygyr türkmen edebiýaty öwreniş ylmynda göze-de ilmedi, ýöne ol eýýäm başgaça pikirlenmedi, poeziýada täze ugurdy, sýurrealistik poeziýady.
Şahyr öz şygrynda bir söweşjeň taýpanyň durmuşyny beýan edýär. Taýpa taýpa däl-de, ýaragly regulýar goşun. Her gün söweş, her gün jeň. Kim jeňden gaçsa — onuň haky bir ok. Günlerde bir gün ilkinji daýhan «deregine gylyjyň, okuň, sowutlaň, ýasady ol ilkidurmuş azalyn. Agdardy mes ýeri, gysyr topraga, daýhan dogurmaga hemaýat berýär». Ony gören taýpabaşy oky ýaýa dolduryp göni daýhanyň ýüreginden urýar. Daýhan agyp gaýdýar. Bir gün jeňbaz uruşdan dolanyp gelýärkä seretse, şol ýatan daýhany synlap haýranlar galýar.
Bir öwrümde ýeňlip gelýän şol jeňbaz
Geň galyp saklanýar meýdiň duşunda.
Seretse, ok däl-de,
altynbaş bugdaý
Gögeripdir şol daýhanyň döşünde.
Türkmen poeziýasynda örän üýtgeşik meňzetme: — sary algyr peýkam, altynbaş bugdaý. Özem antiteza! Bu goşgynyň biziň poeziýamyzyň iň gowy goşgusy hökmünde öwreniljekdigine men gaty ynanýaryn.
Sýurrealistik poeziýa — hemme taraplaýyn täze poeziýa: şygryň ideýasam, pikirem, pikiriň berlişem, stilem, formasam — täzeligi talap edýär. Nobatgulynyň «Pikir» atly goşgusynda şahyryň düýşi berilýär. Şahyr düýş görýär, ýöne başda biz onuň düýşdügini bilemzok. Bütin halk tomaşa garaşyp dur, jellat meýdançasy tomaşa meýdany. Şahyryň gol-aýagyny baglap çapgy agajynyň ýanyna getirýärler. Jellat aýpaltasyny çarhlar, şahyryň gözüni baglaýarlar. Edil şol mahal şahyryň kellesine bir pikir gelýär. Ol jellada ýalbarýar: kelläme şeýle bir ajap pikir geldi, şony aýdaýyn, soňra öldüräý. Emma jellat oňa: sen meni akyldar diýip eşidipmidiň, maňa pikir gerek däl, maňa pikiriň gaby gerek diýýär. Ol aýpaltany aýlap salýar, liriki gahryman gygyryp oýanýar.
Oýandym,
begendim kelläm ýerinde,
Gyýyldym, çünki şol ajap pikir ýok.
Adam bütin ömrüne hakykaty agtaryp ýaşaýar, ol ölümiň öňýany şol ajap pikiri tapýar, emma ol ony kime aýtmaly — pikiriň duşmanyna!
Nobatgulynyň «Kelle» atly goşgusam örän original goşgy. Ýigriminji asyr, güýçden, baýlykdan kelläniň ýokary çykan asyry.
Kelläm,
Men seni depäme göterdim, kelläm,
Owgan aýalynyň merhemet edip
Depesinde göterşi deý saçagyn.
Garnyma däl,
saňa atdym tapanym.
Kyrk ýyldyr astynda ýegşerip gelýän,
Durmuş gaty
Ýuka seniň paçagyň,
Soltanyny göterşi deý raýatyň,
Depäme göterdim,
taýýar emriňe.
Depäme göterdim mirasdar oglun
Ýeke ýigdiň göterşi deý egnine.
Durmuş agyr —
seniň agyr halatyň.
Sen Taňrynyň atan lagnat daşymyň?
Nije ýyl apalap göterip geldim.
...Üstümde gulagyň sallap oturma
Meni bu dünýäde göterjek sensiň.
Rifmaly ýazylandygyna garamazdan goşgy werlibre ýakyn, diýseň erkinlik bilen ýazylypdyr. Ähli detallar kelläniň beýikde durmalydygyny nygtap gidip otyr, birdenem şahyr täze pikiri oklaýar. «Sen Taňrynyň atan lagnat daşymyň?». Bu näme diýdigi şahyryň? Pikirlenip otursaň, biziň kellämiz ýa Taňrynyň atan lagnat daşy, ýa onuň arzylap beren tarhan haty. Şonuň üçin şahyr başga bir goşgusynda: «Dostum, boş kelläni götermek ýeňil, agramy kesekä düşýär diýmeseň» diýýär. Biziň çylşyrymly asyrymyzda esasy rol güýçde, muskulda däl, kellede. Bizi asmana göterjek hem kelle, bizi aýak astyna oklajak hem kelle. «Kelle» simwoliki goşgy.
Nobatguly gözleýän şahyr. Ol täze pikiriň, täze çeperçilik serişdeleriniň, täze formanyň gözleginde. Megerem, şonuň üçin Nobatguly az ýazýandyr. Geliň, onuň «Manekenler» atly goşgusyny okalyň. Uly magazinlerde täze kostýumlary, dürli eşikleri satmak üçin geýdirilip goýulýan ýasama adamlar-manekenler bezemen witrinada dur, olar täze-täze geýimleri güjeňleşip «sessiz şowhun» turuzýarlar.
Manekenler gije çykýarlar seýle,
Ýuwlan köçelerde
neon yşygy
Düşelen al-ýaşyl tämiz ýollarda
Olar duş gelýärler birek-birege.
Olar tanamaýar birek-biregi,
Eşigne seredip birek-biregiň
Manekenker geçip gidýär duşundan.
Eýse biz hem maneken bolaýmalyň?!
Nobatguly Rejebow sözüň gadyryny bilýän, sözüň ähmiýetine düşünýän, sözüň ornuna sarpa goýýan şahyr. Ol Kerim Gurbannepesow bilen şägirt-halypa hökmünde gezen-de bolsa, Kerim şahyryň poeziýasyna uly baha berýän-de bolsa, Kerim şahyryňky ýaly sözüň jylawuny öz erkine goýbermegi halamaýar. Ol her bir setirinde «sözüň orny gysby, a pikiriň orny giň bolsun» diýen şygardan ugur alýar. Ol aýtjak bolýan pikiri üçin ýer gysganmaýar, gerek bolsa kadany ýykyp, setirini uzaldyp, täze kada geçip gidýär. Emma söze gezek gelende ol gaty tygşytly.
Nobatguly öz döwrüniň ýaradar, ynjyk ýüregi, açyk nerwi. Ol dünýä real seredýär, dünýäniň üýtgemegini isleýär, emma şahyr Taňry däl, adalatly dünýäni ýaradaýar ýaly. Şahyr — ynsap, şahyr — zehin, emma zehinli, ynsaply adam ýaşardan dünýä ýowuz, gazaply. Şonuň üçinem ol köp halatlarda terkidünýälige urýar, hasrata batýar:
Iň ajaýyp syrym ýaýylman galar:
Sebäp dostlarym-a ýuka ýürekli,
Sebäp duşmanlarym juda birehim.
Ol hatda öz hakykatçyllygy bilen ýuka ýürekli dostlarynyň kalbyna hem agram salmaga dözmeýär. Şahyr hadyslardan şeýle bir setiri şygryna tymsal setiri edip alýar. Ol setir şeýle: «Taňrynyň nazary — bendesiniň gam-gussalary».
Ynsap meniň başbilidim,
ylham meniň baş şygarym,
Gaflat gara ýaly basýar,
daga-daşa urýan başym.
«Ýaşa!» diýip ýaratdyň sen,
men neneň çekip çydaryn,
Taňrym, zeminiňde bir menmi nä tabakdaşyň?!
Şahyr halk üçin gaflata batýar. Çünki ýalňyz ideologiýanyň hanasyna düşen halk özünden jyda düşüp emer-damaryny, taryhy köklerini ýitirip barýar. Oňa şahyr aglaman, kim aglasyn? Nobatguly «Legzeban» atly şygrynda könä ýüzlenip, täzäni urýar. Gadym zamanlar köp halklarda bolşy ýaly, türkmende-de öz ýakyny ölende ýasa pajyga beriji ýörite aglaýjylary bolupdyr.
Sen haýsy asyrda galdyň legzeban,
Nirde galdy seniň garyp guburyň?
...Aýt, legzeban, adam haçandan bäri
Diňe öz agysyn aglap başlady?
Ýaňy-ýakynlaram türkmen aga bir bende kaza edeninde şol bendäniň kyrkyna çenli ýas tutardy. Kyrkyna çenli ýakyn dogan-garyndaşlary, goňşy-golamlary, dost-ýarlary üýşüp, säher bilen şol bendäniň öýüniň agzynda ses ederdiler. Ol dessurlar ýitdi, indi hatda ölen güni, tabyt çykan güni hem ibaly ses edilenok. Obanyň bir ýerinde bir kişi jan berýär, beýle ýanynda bolsa biri aýdym-sazly toý tutýar. Taryhy köküni ýitiren täze gojalara «toý bilen ýas bile gelýändir» diýen jümläni hem aýtdyrdylar. Eýse, bu näme — täze durmuşyň üstünligimi?!
Aglaly gel,
orlaly gel,
legzeban,
Gadymýetden hany bäri bir eset:
Hol dirkildäp barýan ýaşajyk melek —
ýaşajyk jeset!
Hol gülüşip barýan mähellä eset,
Men olara belet, — Jeset!
Bu şygyr görnükli türkmen tankytçysy Saýlaw Myradowyň ölümine bagyşlanýar. Şahyr Saýlaw Myradowyň beýikligini nygtajak bolup azara galanok-da:
...Hanha, ýene-de bir diri ýigidi
Gabrystana alyp barýar jesetler!
— diýip, Saýlaw Myradowyň edebiýat meýdanynda diridigini, onuň üstünden atly-atsyz arza baryny ýazyp, ir ölümine sebäp bolanlaryň bolsa ölüdigini takyk setirler bilen mydama ýadyňda galar ýaly obrazly beýan edýär.
Şahyr diňe sýurrealistik şygyrlarynda däl, gazaply filosofik goşgularynda türkmen Diýarynyň, türkmen halkynyň düşen pajygaly ýagdaýyny şahyr dostuna ýazan «Ýadyrgama» atly şygrynda beýan edýär. Baýrondan başlap Nobatgula çenli hemme hakyky şahyr özlerini ýat asyrda ýaşaýan hasaplaýarlar. Hakyky şahyryň üstünden asyr geçenden soň hakyky real güýjüne düşünilýär. Onuň pikirdeşleri indi dogulmaly. Hakyky şahyra diňe bahyllar däl, döwrüň syýasy düzgüni däl, dünýä hem, pelek hem garşy. Täze pikir garşylyk esasynda döreýär.
Erteki ýok!
Gögermeýär kesewi,
Durmuş ýigrenýäniň bagtyn çüwdürýär.
Aýlaw küýsäp kişňäp duran bedewiň
Gözün baglap oňa harman döwdürýär.
Söýýäne däl-de, tersine, ýigrenýäne sarpa goýýan durmuşda bedew atlaryň et kombinatynda soýlandygyny nygtaýandyr diýmek, juda ýöntemlik bolar. Şahyr halkyna, ýurduna mertebe, şöhrat getirjek goç ýigitleriň gözüni daňyp, ters aýlap, pikirlenmeden mahrum edilendigini, olaryň ýerine hiç zadyň alnyndan bolmadyk tilkileriň öňe çykandygyny nygtap, göwünlik beripdi. Häzir mysal getirjek iki setirimizde bolsa öz ýurdunda türkmeniň, şahyryň ornunyň ikinji derejelidigini hem aýlawly setirler bilen aýdyp geçipdi.
Bolsa bolsun ornuň ardynda atyň,
Barybir, eliňe berlendir jylaw.
Eýse, jylaw näme? — Jylaw — talant, jylaw — hakykat! Şahyryň gursagynda talant bar, ony Taňry berýär, halkyň arkasynda hakykat bar, ony Taňry berýär, halkyň arkasynda hakykat bar — ony taryh berýär. Nobatguly Atajan Annaberdiýewiň «Guýy» goşgusyndan mysal alyp, diýseň obrazly sýurrealistik şygry döredipdir:
«Ussa Ýer şaryny deşip gidipdir,
Görünip dur o tarapyň asmany».
Diýip ýazýaň!
Haýran galýar sadalar
Mydam sadalygyna galar ekeni.
Dostum, ol guýy däl,
haramzadalar
Sogrup gidipdirler Ýeriň okuny!
Derýa giňedigiçe, ulaldygyça akymy kadalanýar, emma Nobatguly beýle derýalara meňzemeýär, ol Jeýhun, ol baran ýerini opuryp, oýup, läbik bolup akyp ýatyr. Ol bu gün mundan ýol salsa, erte allowarralardan çykýar. Nobatguly bir şygrynda içini tutup sessiz ýanyp ýazsa, ýene bir şygrynda tüweleý deý towlanyp dünýäni sarsdyrýar. Beýleki bir şygrynda sözlerinden ot syçradyp, dergazap bolup tribun şahyr deý kalplary heýjana getirse, ýene bir şygrynda leýlisaçyň teli ýaly owadan hem syrdam setirleri bilen ýüregiňe yşk oduny aralaşdyrýar.
Edebiýaty öwreniş