8. «Bir sugry bagana türkmeniň ýurdy»
Entek Watanyny söýmän şahyr bolan ýokdur. Watan şahyr üçin ylham çeşmesi, gözellik mülki, duýgular hazynasy, akyl-paýhas mesgeni, edep-ekram, adamçylyk mekdebi. Emma her şahyr Watanyny özüçe söýýär, özüçe wasp edýär. Eger Watanyň bakna bolsa — onda şahyryňky çatak. Ol hem öz Watanyny söýmeli, hem onuň erkinligi ugrunda göreşmeli, hem şol mukaddes göreşe assyrynlyk bilen halkyňy çagyrmaly. Emma Watanyň bakna bolsa, senem bakna, bakna bolsa aýtjagyny aýtdyrmaýarlar, diýjegini diýdirmeýärler. Bu ýerde diňe şahyrlara ussatlyk kömege gelýär.
Nobatguly öz Watanyna erkinlik arap, bagt arap batyrgaý goşgulary hem ýazdy, geçip giden beýik läheň şahyrlaryň edişi ýaly, özge ýurtlar hakda ýazyp pikirini öz ýurduna kakdyrdy. Şahyryň «Parahatlyk marşy» hakynda ýazylan poemasynda muňa onlarça mysal getirip bolýar. Emma Amerika hakynda ýazyp, Aziýanyň merkezinde, ýüreginde horlanýan Watana pikiriňi ýetirmek kyn. Şahyr köp agtarýar, halkyna öz pikirini doly ýetirip boljak ýoly gözleýär. Ol hakyky pikirini, maksadyny bukmak üçin geçmişe ýüzlenýär.
Şahyr türkmeniň milli gahryman şahyry Seýitnazar Seýdä bagyşlap 1969-njy ýylda «Serkerde» atly liriki poemasyny ýazdy, ol onuň «Topragyň tagamy» atly ilkinji ýygyndysynda çap edildi. «Serkerde» poemasy şahyryň ilkinji poemasydygyna garamazdan, gaty kämil çykan eser. Poema ýowuz başlanýar, ýowuz dowam edýär, ýowuz hem tamam bolýar.
Ýene saba bilen atyldy tüpeň,
Atyldy böwründen asudalygyň,
Ümsümligiň,
süýt deý säheriň, türkmen!
Indi sygyn, türkmen, gyljyna sygyn!
Ilçi deý atyldy
parahatlygyň...
Şol okuň sarsgynna atdy hallançak
Bäbejigi oýanmadyk sallançak.
Ok atylýar, bäbejik oýanmaýar, sebäp ol türkmen balasy! Sallançak okuň badyna hallançak atýar. Üns beriň, şahyr edil şeýdibem poemasyny jemleýär.
Ýene saba bilen atyldy tüpeň,
Atyldy matam-ýas,
Atyldy gaflat...
Türkmen tüpeň atýar ogly bolanda,
Eşidýärmiň, ýene tüpeň atylýar,
Eşidýärmiň, gohy, duşman leşgeri!?
Tüpeňiň sesine atýar hallançak,
Bäbejigi oýanmadyk sallançak.
Günde-günaşa alamana, garakça, galtamana, ýowuz basybalyjylara garşy uruşlar dowam edýär, türkmen sallançagy yrgyn atyp dur, olarda geljekki türkmen gerçekleri kemala gelýär.
Şahyr poemanyň bir ýerinde-de ata-babalarymyz mert bolupdyr, gahrymançylykly uruş alyp barypdyr diýen ýaly haýbatly sözlere ýykgyn etmän, diňe söweş pursatlaryny beýan edip, beýik gahrymançylygy türkmeniň adaty bir ýagdaýy hökmünde görkezýär. «Handyr özün gala salyp goraýan, Siz janly galasy diýaryň, halkyň!» diýip, serkerde ýigitlerine ýüzlenýär. Goja serkerde öz ornuny Seýitnazar Seýdä berenden soň, Seýdi kiçigöwünlik bilen:
Ýöne bir daýhan men asuda günüň,
Jeňli gün serkerdäň, eýäň men seniň
— diýip, geçmişde türkmen halkynyň jemgyýetçilik gurluşynyň nähilidigini hem aýdyp goýberýär. Geçmişde gaty köp jahankeşde taryhçylryň ýazmagyna görä, her oba, her ile, her etraba han bellense-de, ol hanlar heleý üstüne heleý alyp aýagyny çilşirip ýatmandyr, tersine, olar her bir işde halka görelde bolup, iliň biri ýaly işläpdirler.
Poemanyň ikinji bölüminde duşman bilen türkmen gerçeginiň sekiz-dokuz setir sorag-jogaby bar, gaty jüpüne düşen setirler, filosofiki çözgütler, netijeler.
— Hany türkmen, seniň tuguň nirede?
— Tugum — serimdir!
— Läşdir başsyz göwre — hanyň nirede?
— Hanym şu üstünde duran ýerimdir.
— Janyň nirede?
— Erkimdir!
— Hany türkmen...
(Gylyç inipdi şol demde)
— Sorag edip durar ýaly sen kimdir!..
— diýip, şahyr iň soňky jümle bilen tutuş türkmen halkynyň gylyk-häsiýetini açyp goýberýär. «Pederlerimiz — tuguny seri, hanyny topragy, şirin janyny — erki hasaplan bolsa, seniň näme diýip başyň egik, sen näme diýip öz topragyňy meýletin kesekä bagyş edip, gul kibi işläp ýörsüň, türkmen!» diýen pikirler beýniňde biygtyýar oýanýar.
Umuman, şahyr poemanyň dowamynda diňe serkerde şahyryň içki dünýäsini däl, tutuş halkyň içki dünýäsini açmaga synanýar. Özem her bir setir gunt düşen ýaly, her bir setir söweşe barýan ýigit ýaly pikirdenem, duýgudanam, gazapdanam ýüki ýetik. «Görogly» eposyna mahsus bolan kinaýa-da örän ýerlikli ulanylýar.
Dillen, gana suwsap geldiňmi, duşman?
Saç onda sen ilki haram ganyňy!
Ýa istegiň gyzmy, gelinmi, duşman?
Al jennetiň tutuş hüýrüstanyny.
Ýer küýsäp, ýurt küýsäp geldiňmi, duşman?
Bolýar seňki bolsun, ýedi gara ýer.
Şahyr poemanyň ýekeje ýerinde hem «Watan mukaddesdir», «Watan keramatlydyr», «Watany goramak parzdyr» diýen ýaly boş, haýbatly jümleleri ulanmaýar, «Watana duşman çozan güni her bir erkek göbekli esgerdir» diýen pähime uýup, örän ajaýyp şahyrana netije çykarýar:
«Watan seniň bahaň ýokdur!
Her bir jeň —
Sen dilenen nyrhyň diňe zerresi,
Seni basyp aljak bolup gör kimler,
Kimler söýüp pürreletdi serleri!
Bu poema göwrüm taýdan kiçidigine garamazdan, hupdulwatan türkmeniň Watana söýgüsiniň möwjünden, garadangaýtmaz ýigitleriň duşmana bolan möwjünden, beýik serkerde Seýitnazar Seýdiniň paýhasyndan doly, örän şowly harby gahrymançylyk poemasydyr. I.Turgenew «Russiýa biziň hiç birimiz bolmaýanymyzda-da oňup biler, biziň hiç birimiz welin Russiýasyz oňup bilmeris» diýen jaýdar aksioma aýdýar. Nobatguly türkmen bilen bile biten, bile dörän şahyr. Ol şygrynda şahyryň iň uly borjy — Watana gullugy bilen ölçenilýär diýen netije çykarýar. Ol Watanyny halys ýürekden söýendigi üçin Watan hakyndaky pikirleri gaty ýürekden hem ynandyryjy.
Nobatguly «Watanym sen, janym sen» diýip gygyrýan şahyrlardan däl, ol «ata-babalarymyzyň jesetlerini gäminiň labyry ýaly şu topraga salladyk, şondan hem Watan hasyl boldy» diýip, «onuň goralmaga hem gurulmaga mätäçdigini» nygtaýar. Entek garaşsyzlyk hakynda pikir hem edip bolmaýan mahallary, entek türkmen topragynyň baýlygynyň gaýry ýurtlara akyp gidip duran mahallary, ol türkmen topragynyň gelmişek üçin nämedigini kiçijik bir goşgusynda şeýle düşündirýär. Goşgynyň adyna üns beriň! «Iňlis içalysynyň dokladnoýyndan». Bu şahyra pikirini dogry aýtmak üçin buky!
Soňsuz talaňlardan,
deňsiz ejirden
Dargan bu ýurt, eger karta geçirseň —
Ak çägede ýazlyp goýlan bagana!
Dogrudanam, Türkmenistanyň keşbini kartada synlasaň, bagana meňzeýär.
Bir sugry bagana türkmeniň ýurdy:
Ony ajy serne eýläp saýrylaň
geýäýse Angliýa,
Missis Angliýa
Hem owadan bordy, hemem baý bordy...
On dokuzynjy asyryň aýagynda, ýigriminji asyryň başlarynda dünýä bazarlarynda bagananyň altyna barabarlaşyp, beýleden Angliýanyň, eýleden Orsyýediň holtumyny uzadýan wagty, ýurdumyzyň talaňa düşen wagty, biz, şol topragyň — ady, familiýasy, eýesi — türkmenler şol sugry baganany ajy derimize eýläp bermeli saýrylar hökmünde görüldik. Başga hiç zat däl! Ýurduň bagana, özüň saýry!
Bu goşgynyň äheňi onuň birinji kitabynda çykan «Bagtym» atly goşgusynda dowam edýär. Şahyr ýalňyzlykdan çykalga tapman, Garagum bilen sözleşmäge gelýär. Nebit, gaz, baýlyk gözläp çekilen ýollary dürräniň yzyndan enaýy görmän, ýatan çölüň üstünden «Ygýar ak buludyň gara kölgesi» diýip gyzyl imperiýa baha kesýär-de, «Ýüregiň ýarasyn jöwzaňa daglap, gözýaşym sürteýin sary ýalyňa» diýip, bagryny paralaýar. Şonda, alym ýoldaşy, ildeşi iňlis içalysynyň pikirini ösdürýär:
«Garagumum — kemsiz bişen gömme nan,
Çägesini kakyp iýibermeli!»
Nähili eýmenç tragediýa! Iňlis içalysy ony eýläp, bagana possun edip geýjek bolsa, indi öz alymyň ony «iýibermeli» diýýär. Kesekiler türkmen topragyny gömmenan kibi bölüşip iýýär. Türkmen alymy bolsa oňa guwanýar. Heý, mundan artygam pajyga bolarmy! Hawa, iýme kemini hem goýmadylar!
Şahyr birsydyrgyn däl, ol bir-de türkmen topragyny jennete meňzetse, bir-de «Meger Çerkezliň çölüni, Hudaý şumat ýasap durdy» diýýär. Bir-de: «Bu bedibagt toprakda, ýagşam diläp almaly, garam diläp almaly» diýse, başga bir ýerde «Hol etekde bolsa, türkmeniň ýurdy, çöregi çykarlyp duran tamdyryň bihuş edýän ysyn kükedip durdy» diýip ýazýar. Garagum ýanyp ýatyr, şahyryň alajy ýok. Ol «Ygýar ak buludyň gara kölgesi» diýýär. Näme diýip beý diýýär, sebäbi gara bulutlardan ak ýagyşlar ýagmaýar.
Meniň pikirimçe, şahyryňky ýaly mümkinçilik kyssaçyda-da, dramaturgda-da, kinoçyda-da ýok. Şahyr «kölgeleň ereýän ýerinden geldim» diýýär, bolup dur. «Ýogsa çeşmeleňden urgan deý dartyp, deňziň çykararyn Ýeriň teýinden» diýse bolup dur. «Bu gözleri gören gözler hüýrlener, hamyla bor ony gören gelinler» diýse-de, bolup dur. Şahyr talantlylyk bilen çypdyrsa-da, gümmi-sümmüsiz ynanýarsyň. Hany aýdyň, ýokarky setirleri kyssaçy okyja ynandyrjak bolsa, näçe sahypa zaýalar, barybir, ýaňky ýaly täsirli edip bilmez!
Şahyr türkmen topragyny akylyndan daşgary söýgi bilen söýýär, onuň geçmişinde sergezdançylyk edip, heminzamanynda (häzirki zamanynda) ýalkymly sözlerini aýdyp, gelejegine buýsanýar. Şahyr erkin pikiriňi aýtmak gadagan döwründe-de rowaýatlaryň, taryhy temalaryň, daşary ýurt temalarynyň üsti bilen «erkin bolmadyk döwletde erkin ýaşap bolmaýandygyny, erkin pikiriň ösmeýändigini» aýdyp bildi. Şahyryň «Gurt» atly goşgusyna üns beriň: Gurt — biziň gadymy tötemimiz — biziň hudaýymyz! Şahyr haýwanat bagyna baryp gyýylýar:
Men hor, sen mendenem elli esse hor,
Hudaýyň kapasda gören mahalyň,
Aýt, hudaýym, neneň çydam etse bor!?
...Indi türkmen gyryp tohum-tijini
Garagumda diňe köpeldýär goýny!
Şahyr hakyky şahyr bolanynda islendik zady şol döwrem aýdyp bilýärdi. Serediň, bu goşgyny üşüksiz okyjylar söýgi goşgusydyr öýdýändir, emma «Ikimiz» atly bu goşgy ganyňa çenli sorup ýatan doýmaz-dolmaz Sowet imperiýasy hakynda:
Seniň aslyň otdan, toprakdan meňki,
Sen owsun atýarsyň, a men çalajan.
Meniň geçmişim bar,
gelejek — seňki,
Sen-ä hanym,
men günüme talaban.
Sen meniň ýülügmi sorarsyň, keýgim.
Men seň jady lebleriňden soraryn.
Sen zeminiň Gün taýynda doglupsyň,
Men garasyn görmän hatda Aýyň-da,
Doguldym zeminiň gije taýynda!
...Reňksiz telewizor meniň gözlerim,
Seniňki reňkli.
Şindi seniň ýaly magşuk görmedim:
Sen hem düşek
Sen hem kepen taýynla!..
Sowet imperiýasy — amerikan, fransuz imperiýasy däldi, çuňdy, mekirdi, netikazady — ol türkmen, özbek, gazak ýaly halklaryň doganlaşmanyň, bitewi bir ýurda öwrülip gitmäniň hatyrasyna ýitip gitmegidi. Emma adamzat paýhasy üstün çykdy, Tolstoýyň, Puşkiniň ildeşleri örän paýhasly çykalga tapdylar. Uruş bilen, gan bilen, kepen bilen gutarmaly imperiýa asudalykda dargady.
Nobatguly — çuňňur watançy şahyr, ol Watanyň ýandagyndan başlap keramatly arçalaryna çenli, çägesinden başlap mukaddes daglaryna çenli, haýwanat dünýäsinden başlap, çaýkanyp ýatan ummanlaryna çenli özüçe söýýär, özüçe wasp edýär, her bir hadysany özüçe görüp, özüçe düşündirýär. Eger-de Garaşsyzlyk dadymyza ýetmedik bolanda bagt kanaly adyny alan «Garagum kanalynyň» türkmen halkyna nähili betbagtlyk getirýändigini, suwuň, topragyň, howanyň — ekologiýanyň zaýalanyp ýetjek derejesine ýetendigini «Ýurdum» atly goşgusynda gaty täzeçe beýan etdi.
Geçdi gitdi üstünden ýykyp-ýumrup Isgender,
Geçdi gitdi Çingiz han, maslyklar minder-minder.
Geçdi gitdi üstünden öz türkmeniň Nedir şa...
Indem kanal geçip barýa...
Doýmaz-dolmaz gyzyl imperiýany doýurmak üçin, goýna bir guza derek zor bilen alty guzy guzladylan bolsa, topraga-da şonça kast edildi, halka-da. Bu bolsa halkyň fiziki ýok edilmesine barabar diýip şahyr wagtynda gygyrdy.
Indi topragyň hasylynyň däl-de, topragyň eýesi bar. Indi toprak gyzyl imperiýanyň hazynalar ammary däl-de, türkmen halkynyň ekleýjisi, Watany, gözüniň göreji!
Edebiýaty öwreniş