09:22 Durmuş Nobatguly däldir, Göwherim -9: Soñundan aýtjak sözlerim | |
9. Soňundan aýtjak sözlerim Türkmen poeziýasynyň geçmişiniň baý bolşy ýaly, onuň şu asyram beýik-beýik şahyrlara gaty baý. Ýigriminji-kyrkynjy ýyllarda tutuş sowet poeziýasynda bolşy ýaly, türkmen sowet poeziýasy hem esasan syýasatyň gullugynda durup, agitatorçylyk missiýasyny ýerine ýetirip, öz mukaddes borjundan sowlup geçdi. Emma şol ýyllarda-da poeziýasy düýbünden öwrenilmedik A.Gulmuhammedow kimin ägirt şahyrlar bolupdyr. Olar hakyky poeziýa bilen iş salyşýar, şonuň üçinem olary Staliniň gazap syýasaty ýok edip, olaryň deregine agitator şahyrlary mertebe belentligine göteripdir. Ýetişdirdik kütüje hem çeýeje, Bary-ýogy üç-dört setir, ine, pantorim. Nobatguly bu ýerde täze rifmanyň hatyrasyna goşgy kadasyny ýykyp, täze kada tapyp, ussatlygyny görkezmek islänok, ýok, ol öz döwrüniň «diplomly» kesellerini sanaýar. Entek olar asmana, Şahyr atom urşy turaýsa, dünýäniň nähili boljakdygyndan söz açýar, ýaraglanmagyň bigünä, ýaşamak isleýän halk köpçüligine tükeniksiz hasratdygyny, elhençlikdigini nygtaýar. Bakyň ahyr, dünýäň gabrystanlary Hawa, hakyky kyýamata garaşyp ýatan merhumlar «emeli kyýamata» garşylyk görkezip, durmuşa garşy «haçly ýöriş» guraýar. Nobatgulynyň başga bir goşgusynda bolsa gurlup barýan şäher diňe sährany gysman, töwerekdäki gonamçylyklary hem gysýar. Şol hüjüme tap getirmedik gabrystanlylar «ak baýdaklaryny» göterip, ýowuz ýaşaýyşdan aman dileýär. Gözün köwlediler Saltyk şahyryň Nobatguly poeziýa şahyrana nowella žanryny getirdi, kämilleşdirdi. Aslynda, şahyryň gaty köp goşgulary nowella häsiýetlidir, onuň sebäbiniň hem Nobatgulynyň «ters» pikir edip, garaşmaýan ýeriňden barmagy başaryp bilýänliginden. Goja bolsa pyşyrdap wasp edýärdi — diýip, Nobatguly Berdi Kerbabanyň islendik öwgüden, magtamadan beýikdigini, hatda ýubileý dabarasy wagtynda hem Berdi aganyň şahyrlygyna galandygyny, şahyryň borjunyň bolsa gözelligiň waspydygyny örän täsinlik bilen aýdýar. Ýalaňaç hindi kimin Hydyr diýdim Hyrs çykdy, Forma taýdanam, mazmun taýdanam, pikir taýdanam original täze goşgy. Haýsy betbagt aýyň hamyn sypyryp Bu şygyr, göräýmäge, tebigaty goramak baradaky şygyr ýalydyr, emma şygyr dünýäniň kanunalaýyklygy hakda. Dünýäde artyk hem kem zat ýok. Seniň bir zadyň artsa, başga biriniň bir zada gowzaýar. Takyk, anyk filosofiýa! Ýumurtga — Awtor bu goşgusynda ýigriminji asyryň ýumurtgany ýaryp daşa çykandygyny, entek adamzat aňynyň hem, ganatynyň hem bekemändigini beýan edýär. Nobatguly bu pikirini ösdürip «Bäbejik» diýen şygrynda ynsan beýnisini wagty ýeten, dogulmaga garaşyp ýatan bäbejik hökmünde suratlandyrýar. Büküdip ýatan beýni bilen ene garnynda ýatan çagajygyň arasyndaky meňzetmeden ugur alyp ynsan doguldy, indi onuň beýnisiniň dogulmaga wagtynyň ýetendigini aýdýar, emma ters dünýäde ol bäbejigi — beýnini o dünýä özi bilen äkiderin diýip howatyrlanýar. Ynsan beýnisi dükge düşüp ýatyr. Ol kimiň öňünde dükge düşüpdir? Wagtyňmy, Hudaýyňmy, nadanlygyňmy? — Şahyr ondan çykalga tapman sufizme urýar. Ol, şeýlelikde, onlarça sufistik goşgy ýazyp, Magtymgulydan we beýleki sufistik şahyrlardan soň, türkmen poeziýasyna täzeçe sufizmi getirdi. Ol Hudaýy, ýaşaýşyň manysyny, absolýut hakykaty agtarýar. On dokuzynjy hem ýigriminji asyrda poeziýada ýere düşen ynsan pikirini ýene asmana göterýär. Ol syrly poeziýany getirdi. Men şeýtan — ilkinji erkin pikir men, — diýip, Nobatguly şeýtana täze «status» tapdy oturyberdi. Şahyr Nobatguly Rejebow häzirki zaman türkmen poeziýasynda romantizmiň edebi ugruny gutarnykly suratda kemala getirdi. Ondan öň romantizm diňe mahal-mahal ýüze çykyp durýan tendensiýa derejesinde ýaşaýardy. Şahyryň söýgi hem peýzaž lirikasynyň obrazlar sistemasy hut romantiki prinsiplerde romantizmiň kanunlary boýunça ýaşaýan çeperçilik sistemasydyr. Şahyryň romantiki lirikasy arkaly türkmen poeziýasyna deňiz stihiýasy geldi. Stihiýa, onda-da deňiz stihiýasy bolsa romantiki dünýäni aňlaýşyň ýüze çykmasy üçin juda ýerlikli formady. Ruhuň şo hili ýagdaýy hem kalbyň şo hili sypaty romantizm üçin esasy zatdyr. Şahyryň romantizmi türkmen poeziýasyna Selbiniň, Garperiniň, Suwperiniň, Serwi agajynyň romantiki obrazlaryny getirdi. Ol obrazlar özüniň emosional-estetiki özboluşlylygy, içki strukturasy boýunça-da, türkmen poeziýasynda uly täzelik bolup durýar. Şol obrazlar romantizmiň Nobatgulynyň döredijiligi arkaly türkmen poeziýasynda estetiki kämillik hem intellektual ösüş babatda Ýewropa poeziýasyndakydan pes bolmadyk derejä ýetendigini aňladýardy. Şahyryň magşugy bolan Selbi dünýä poeziýasyndaky belli-belli zenan şahsyýetleri bilen baglanyşykly ideal obrazlara ýakynlaşýar. Özüniň estetiki tebigaty boýunça ol tüýs romantiki obrazdyr. Ondan öňki XX asyr türkmen poeziýasynda aýal-gyzlaryň adatça realistik obrazy bardy. Ruhy-estetiki hadysa bolan romantiki stihiýa söýgi meselesinde erotiki duýgularyň emansipasiýasyny getirdi. Bu hem adam duýgularynyň suratlandyrylyşyny galyba salan sosialistik realizmiň böwsüp geçilmegidi. Şu manyda Nobatgulynyň erotikasy Keminäniň hem Mätäjiniň ruhy belentligine ýetdi. Bu bolsa adam duýgularynyň ýöntem hem wagşyýana ýüze çykmasyndan düýpgöter tapawutlanýan ruhy-medeni hadysadyr. Garperi, Suwperi ýaly romantiki obrazlar ruhuň klassyky derejesindäki estetiki hadysa boldy. Olar biziň milli estetiki düşünjämiziň täze gözýetimlerini açýardy. «Çeşme kimin inçe bil», «çeşme deý towlanyp duran», «çeşme saçly», «ak saçly» ýaly metaforalar real dünýäni syzyşyň täze estetiki standartlaryny alamatlandyrýardy. Munuň özi XX asyr türkmen poeziýasynda açylan birgiden metaforalar sistemasydyr, ýönekeýleşdirip aýdanyňda, birgiden çeperçilik älemidir. Ol özüniň many tükeniksizligi hem emosional jadysy boýunça klassykanyň «lagl dodak», «simi-zenehdan», «zülpi-şamar» ýaly obrazlylygy bilen bäsleşýär. Umuman, Nobatgulynyň türkmen poeziýasyna getiren metaforiki obrazlary birki jümlede sanap görkezerden köpdür. Nobatguly Rejebow türkmen poeziýasyna sufizmi gaýtaryp getirdi. Munuň özi şahyrana ruhuň taryhynda özboluşly düýpli öwrülişikdir. Ol täze bir etapdyr. Öňki, klassyky sufizm bilen deňeşdirilendäki täzeligi bir jümlede aýtmaly bolsa, şeýle diýip bolardy: Nobatgulynyň sufizmi mistiki ýokundylardan saplanan sufizmdir. Degişli estetiki hadysada — Nobatgulynyň poeziýasynda marksistik ideologiýa içki protestini görmek bolýar: sosialistik realizm, kommunistik ideologiýa adam ruhunyň kosmiki gözleglerini önümçilik progresine baglap goýýar. Adam ruhunyň erkinligi ret edilip, material barlyk hemişe esasy planda goýulýar, ruh ikinji derejeli zat diýip bilinýär. Munuň özi predmetler babatda olaryň kölegeleriniň ikinji derejede bolşy ýaly bir zatdyr. Şeýle ideologiýa adamyň estetiki ukyplaryny hem göýdük galdyrdy. Adamlar, şol sanda şahyrlar hem diňe gündelik, sosial hajatlaryň hyzmatkärine öwrüldiler. Nobatguly türkmen poeziýasynda ilkinji bolup kommunistik ideologiýa garşy çykyş edip ugrady. Sufizm bolsa, şol sanda Nobatgulynyň sufizmi hem adamzat ruhuny kosmiki hadysa, adam gatnaşyklaryny kosmiki netijeli hem kosmiki manyly gatnaşyklar hökmünde ykrar edýär. XX asyr türkmen poeziýasynda Nobatguly ilkinji bolup ynsan söýgüsini ylahyýet (ylahy-Hudaý) derejesinde suratlandyrdy. Munda Aşygyň hem Magşugyň obrazynyň estetiki manysy real söýgüdäkisinden düýpgöter üýtgeýär. Sufiý — Aşygyň dünýä, ynsana, ýaşaýşa akyl ýetiriş meselesinde öz gnoseologik pozisiýasy, öz estetiki konsepsiýalary, öz intellektual ölçegleri kemala gelýär. Degişlilikde, özboluşly sufiçilik obrazlar sistemasy, ideýalaryň özboluşly sufiçilik sistemasy ýüze çykýar. Nobatgulynyň ylahy söýgüsi klassyky sufiçilik ýörelgelere sygmaýar. Munuň özi birhili, «dünýewileşen» sufizmdir. Eger Magtymguly öz ylahy lirikasynda Hudaýy (Gözelligi, Bakylygy, Adyllygy, Diriligi) adamlaşdyrsa, Nobatguly Adamy ylahylaşdyrdy (hudawylaşdyrdy). Munuň özi bäş günlük hatyraly jemgyýetçilik-kollektiwistik Erke gurban edilen Ruhy halas etmegiň, aýaga galdyrmagyň şahyrana najatydy. Nobatgulynyň simwolikasy iki hilidir: sufiçilik simwolika hem-de häzirki zaman simwolikasy. Sufiçilik simwolikanyň şahyryň estetiki prinsipleri bilen dahylly çeşmeleri bar bolsa, soňky simwolikanyň sowet döwrüniň senzurasy bilen baglanyşykly sebäpleri bar. Şahyr XX asyr türkmen poeziýasyna pitnewilik ruhuny getirdi. Şahyryň eserlerinde kommunistik senzura tarapyndan gadagan edilen ideýalar aýlaw, podtekst, simwol bilen ýaşyrynlykda okyja ýetirilýärdi. Şeýdibem, şahyr döredijiliginiň bütin dowamynda diýen ýaly özüniň raýatlyk pozisiýasyny simwollar arkaly beýan edýän liriki gahryman ýaşap geldi. Şol pozisiýany şahyr bir halatda yrsarap bolmajak simwoliki detallar arkaly berse, başga bir halatda diňe «mus-mus» diýmek, «soňuna çenli aýtmazlyk» usulynda, podtekstde aňlatdy. Şonuň üçinem onuň birinji kitabynda-da, iň soňky ýygyndysynda-da döwrüň jemgyýetçilik problemalaryna seslenme tapyp bolýar. Nobatgulynyň simwolizmini XX asyr poeziýamyzda öňem ýoň bolan allegoriýadan düýpli tapawutlandyrmalydyr. Allegoriýa — birtaraplaýynlykdyr. Allegoriýada göçme many asyl manyny «ýuwudýar», şeýdip onuň bir gatlakly strukturasy emele gelýär. Simwolda bolsa iki gatlak hem deň derejede ýaşaýar, simwolyň iki özeni bolup, hem manylar, hem suratlar sistemasy öz özeniniň daşynda gurnalýar. Gijä çalyp hanjar ýaly alawun, Şeýle şygyrlaryň, olara girýän sözleriň iki manylydygy (tümlük, sowuk, belentlik, tüsse, gyrmyzy gan) zerarly, iki özeni kemala gelýär. Beýle çeperçilik hadysa öň duş gelýänem bolsa, Nobatgulynyň poeziýasy arkaly türkmen şygyrýetinde ol giň hadysa öwrüldi. Şahyr soňky kitabynda, köplenç, sufiçilik simwolika ýüz urdy. «Ýazgyt», «Kelle», «Adam», «Eý, tula», «Gurt», «Etjegiň et» ýaly şygyr sufiçilik ruhdaky simwolika ýugrulandyr. Şeýle simwolizm ýaşaýşyň uniwersal kanunalaýyklarynyň üstüni açýanlygy bilen tapawutlanýar. Onuň «ýaşyryn dili» aýanlyga geçirilmekden gorkmak zerarly däl-de, aýanlyga terjime edip bolmaýan mazmunynyň barlygy sebäpli kemala gelýär. Nobatgulydan öň, sosialistik realizm çäklerinde şeýle estetiki uniwersalizm akyla sygjak zat däldi. Nobatgulynyň şygyrlaryndaky milli raýatlyk pafos okyjyda milli taryhy hakydanyň oýanmagyna sebäp bolýar, çünki olardaky liriki gahrymanyň özünde taryhy hakyda çuňlugy bilen tapawutlanýar, şonuň bilen ol beýleki döwürdeş hem öňki şahyrlardan tapawutlanýar. Gaýrylaryň taryhy hakydasy iş ýüzýnde 1917-nji ýyldan başlanýardy, ondan öňki zatlar bolsa hälki bir mysal, gep gerdişi hökmünde öz döwrüne illýustrasiýa hökmünde ýatlanylýardy. Sowet ideologiýasy, ähli beýleki zatlar ýaly, geçmişi-de öz işindäki bir serişdä öwrüpdi, Nobatgulyda bolsa, ol ahyrky maksatdy. Onsoň «gadymy halk», «beýik geçmiş» ýaly jümleleri kiçi dilden bärde aýdanyň bilen taryhy hakyda oýanmaýardy. Onuň oýanmagy üçin milli geçmişiň ähli içki gymmatlyklaryny, taryhy prosesiň üznüksizligini öz ruhuňda dikeldip bilýän şahyr bolup dogulmak gerekdi. Nobatgulynyň goşgularynda milli geçmişiň köp ýatlanylmagy asla ýöne ýere däldir. Nobatgulynyň türkmen poeziýasyndaky özboluşlylygyny alamatlandyrýan faktlaryň biri-de şahyryň sungata gatnaşygydyr. Şahyr sungat meselesine paş edijilikli garaýar. Munuň özi kommunistik sungata bolan gatnaşykdyr. Kommunistik partiýanyň boýuntyrykly guluna öwrülen edebiýatyň hakykaty dogruçyl suratlandyrmaga-da, okyja estetiki lezzet bermäge-de gurby çatanokdy. Sungatyň düýp manysy hem funksiýasy barada düýpli pikirlenip bilýän Nobatguly türkmen poeziýasyna degişli temadaky ýaňsa hem gyjyda ýugrulan şygyrlary getirdi. Dünýä poeziýasyna çykmak, onuň iň öňdebaryjy ugurlarynyň çeperçilik gazananlaryny ýerli şertlere görä döredijilikli özleşdirmek hem Nobatgulynyň hyzmatlarynyň biridir. Ondan öň türkmen poeziýasyna haýsydyr bir şahyryň, özem, köplenç, rus şahyrynyň täsiri gelýärdi. N.Rejebow bolsa Fransiýa, Germaniýa, Latyn Amerikasy, Ispaniýa ýaly ýurtlaryň birgiden edebi ugurlarynyň üstünliklerini çeperçilik sistema hökmünde özüne siňdirmäge çalyşdy. Muňa ylaýta-da şahyryň döredijiliginde sýurrealizmiň tutýan orny boýunça akyl ýetirmek mümkin. Sýurrealizm fransuzçadan terjime edilende iň ýokary realizm diýmekdir. Beýle diýilmeginiň özüne ýetik sebäpleri bar. Bu ýerde, esasan, iki faktor göz öňüne tutulýar: Birinjiden, eseri ýazýan wagty şahyr daşky dünýäniň özünde döreden täsirini öz subýektiw aňynyň «düzedişlerini» gatnaşdyrmazdan bada-bat kagyz ýüzüne geçirmelidir. Ikinjiden, realizm hökmünde ol diňe bir aňyň — adamyň subýektiw ygtyýaryndaky sferanyň däl, eýsem ondan has aşakdaky dünýäň — aňasty reallygyň impulslaryny, instinktiw derejedäki ymtylmalaryny beýan etmelidir. Nobatgulyny sýurrealizme getiren zat — onuň öňki çeperçilik ýörelgeler bilen kanagatlanmaýan gözleýji erkidir. Şol erk hem türkmen poeziýasynyň dünýäniň öňdebaryjy poeziýalary bilen gönüden-göni aragatnaşykda bolmagyna, türkmen poeziýasynyň sözüň hakyky manysynda dünýä poeziýasyna çykmagyna getirdi. Nobatguly türkmen poeziýasyna batyrgaýlyk bilen öz şahyrana dilini girizen şahyr. Nobatguly Rejebow kämil şahyr. Bir akyldaryň aýdyşy ýaly, geçmişe baha bermek aňsat, emma şu güne akyl ýetirmekde iş bar. Sebäp şu gün entek dowam edýär. Nobatgulynyň dünýäsine töwerekleýin göz ýetirmek üçin, onuň dünýäsinde ýaşamaly, onuň gözýetimine göz ýetirmeli, bu bolsa häzir mümkin däl. Sebäbi şu gün entek dowam edýär, entek biz yzarlap Nobatgulynyň edebiýatymyza nähili täzelikler getirendigi babatda köp kelle döwmeli, öwrenmeli, jedelleşmeli bolarys. Bir zat weli aýdyň: Nobatguly Rejebow türkmen edebiýatyna Nobatgulyny getirdi. 1990 — 1995 ý. Osman ÖDÄÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |