10:54 Durmuş otlusy | |
DURMUŞ OTLUSY
Goşgular
Otly barýar bir sydyrgyn gyrmyldap, Iki sany demir ýola sygynyp. Gidip barýar öň bellenen ýol bilen, Käte-käte menzillerde säginip. Dürli-dürli wagony bar otlynyň, Umumy wagon bar, aramlygy bar. Birisi ýük üçin tirkelen bolsa, Birisi rahat, giňiş, ygtybar. Öýjüklerden doly, wagonlaň içi. Her kimiň öz ýeri orunlary bar, Ýöne, nätjek, köpçülikde bolýan zat, Ornun tapman gözläp ýörenleri bar. Wagonlaryň içi adamdan doly, Aýal, oglan-uşak, garrydyr ýaşdan. Elleri boş gidip barýan bar, ýüksüz, Birniň egnine çen dolupdyr goşdan. Menzilleňem atlary bar üýtgeşik, Birisi "çagalyk”, birisi ”ýaşlyk”. Birisi “juwanlyk”, biri “ýigitlik”, Birisi “gam-gussa” ýa “göwnühoşluk”. Her menzilde säginende,otlymyz, Onda baky düşüp galýanlary bar. Oň tersine, otla tarap at salyp, Münjek bolup, ylgap gelýänleri bar. Ol otlynyň ady “durmuş otlysy”, Otly diýseň, otly eken bu durmuş. Ýolbeletleň aýdýan gürrüňne görä, Her kimiň düşmeli menzili barmyş. Otly indi haýsy menzilde durjak? Köp durjakmy,az durjakmy belli däl. Menziller, süýnüşip, yzda galsada. Entek,öňümizde ýatyr uzak ýol. Otly gidip barýar, durmuş otlusy, Iki sany polat ýoluň üstünde. Ýollaň biri bagt adyny göterse, Beýlekisi betbagtlyk isminde. Azat NURGELDIÝEW. | |
|
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||