22:42 Durmuş sapaklary | |
DURMUŞ SAPAKLARY
Goşgular
Uslypmydyr bir ullakan adama ownuk-uşak gepe gulak gabartmak? Uslypmydyr bir edermen ýigide bir ejiz bendäni urup aglatmak? Uslypmy sakgalñy girewne goýup, adam aldatmak? Ekleýärkä çekýän halal zähmetiñ, Uslypmydyr çekmek özgäñ minnetin? Uslypmydyr goç ýigide Ýardan özgä ýaranmak, Uslypmydyr ýaran bolup şer işe, Haýyr işe ýaýdanmak? Ýalandan ýylgyryp, ýalan aglamak bähbit arap, özge birin aldamak? Uslypmydyr jany sagat adama ýatyp ýadamak? Uslypmy şahyra ýalan ýaşamak, Ýalan sözi, ýaman sözi, galp sözi dogry söze derek satyp, mes bolmak, mertebåñi salyp aýak astyna, derejäñden pes bolmak uslypmydyr adama? ... Megerem, uslyp däldir. * * * Söýgi hiç wagt gutulmaýan bir dertdir, Ömrïñ ahyrna çen halas bolma ýok. Yşk adama Hak tarapyn berlipdir, Ondan gutulma ýok ýa-da ölme ýok. Ol derýa dek käte-käte meseýär, Ol deñiz deý aram-aram peselýär. Ummanlar deý bar onuñam daşgyny, Umman kimin bar onuñam gaýtgyny. Gojalarda oýarýar ol ýaşlygy, Bar onuñam baýram güni, aýt güni. Kä aña eýgertmän, ýürege dolup, Kä añdan ejizläp, ýürek gowzaýar. Söýgi hiç wagt gutulmaýan dert bolup, bizden biding mahal-mahal gozgaýar. Atamyrat ATABAÝEW. "GARAGUM" žurnaly, 5/2016 ý. | |
|
√ Ýolbars we Möjek / basnýa / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Täze tuýuglar / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Alla dälmidir / Goşgular - 16.05.2024 |
√ Damak belasy... / Goşgular - 22.05.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Gadym ata ertekisi / Goşgular - 05.11.2024 |
√ Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Bolarmy / Goşgular - 13.09.2024 |
√ "Ýa suwa, ýa-da samana..." / Goşgular - 22.07.2024 |
√ «Превратила всё в шутку сначала…» / Goşgular - 29.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 3 | |
| |