17:05 Durmuşymyñ birinji ýer titremesiniñ üstünden ýetmiş ýyl geçdi... | |
DURMUŞYMYÑ BIRINJI ÝER TITREMESINIÑ ÜSTÜNDEN ÝETMIŞ ÝYL GEÇDI, HENIZEM GEREKLI SAPAKLARY ALAMZOK!..
Publisistika
1953-nji ýylyñ 18-nji marty... Sagat 21:05... Çanakkale... Ýañy on ýaşapdym. Añzakly sowukda harby bölümleriñ we ähli mekdepleriñ gatnaşmagynda Deñiz güýçleriniñ ýeñişiniñ otuz sekiz ýyllygyny belländen soñ, gije ýarymdan aganda uka gitdik. Ýöne kän wagt geçmänkä gorkunç güwwüldä atylyp turduk. Nämä uçranymyza düşünmän durkak ejem bilen kakam hemmämizi (bäş dogan) gujaklaryna gysyp, lepbekläp ýagýan garyñ astynda öýümiziñ howlusyna çykardy. Kakam içerden ýorgan, odeýal, palto ýaly bizi ýyly saklap biljek näme bar bolsa alyp gelipdi. Onýança-da öýümiziñ üçegi çökdi. Biz çagalar düýş görýäsmi, gara basýarmy diýip oýlanyp durkak, gapdap goñşymyzyñ üç gatly jaýynyñ üçeginiñem duldegşirindäki ýeke gatly jaýyñ üstüne gaýdandygyny gördük. Kesekleriñ arasyndan yzanda-çuwan sesler eşidilýärdi. Durmuşymyzyñ ilkinji uly ýer titremesini başdan geçirýändigimize düşündik. Kakam üstümizi örteneen soñ "Häzir gelýän!" diýip gitdi. Gidişi gidiş boldy!.. Biri-birimize gysylyşyp zordan dañymyzy atyrdyk. Gün dogan badyna kakam gaýdyp geldi. Ol aradan çykandan soñ bize buýsançly miras bolup galan "Minnetdarlyk hatlaryny" okanymyzda, kakamyñ gije bize howluda taşlap, betbagtlyga uçranlaryñ dadyna ýetişmäge gidendigini bildim. * * * Ertesi gün howlymyza dikilen we üçegimiz abatlanýança ýaşamaly çadyra ýerleşdik. "Gönen-Ýenije ýer titremesi" ady bilen 7.2 balla ýeten ululykdaky sarsgynda 265 ildeşimiz gurban boldy, ýüzlerçesi ýaralandy. 6.750 binanyñ ýykylan ýer titremesinde iñ uly ýitgini Gönen we Ýenije çekdi. Ýykylan jaýlaryñ arasynda 211 mekdep, 176 edara binasy, 27 metjit bardy. Gönende abat jaý galmandy diýen ýalydy. Alty adamlyk maşgalasyny elden gideren Mümtaz Azbaý atly bir ildeşimiz nerwisi doñmagy netijesinde kesekleriñ aşagyna girip ýatyp, dowam etjek soñky sarsgyn bilen ölümine garaşmaga başlapdy. Ol polisiýa işgärleriniñ kömegi bilen göwünlik berlip, gorag astyna alynypdy, ýöne Balykesirde ýakyn hossarlary gurban bolan bir ýaş gyz akyl-huşuny ýitirmekden halas bolup bilmändi. * * * 21-nji mart güni günortan töweregi prezident Jelal Baýar Gönene geldi. Geçirilen barlaglaryñ yzyndan "Enşalla, az salymda Göneni täzeden gurarys. Hökümet hemmetaraplaýyn maddy we magnawy kömegini gaýgyrmaz, ýaralara em eder. Geçdigi bolsun!" diýdi. Az wagtyñ içinde baş wekil (premýer-ministr) Adnan Menderes bilen Baýyndyrlyk wekili (deputaty) Kemal Zeýtinogly hem ýer titrän ýerlere aýlandylar. Olaram Jelal Baýaryñ aýdanlaryna meñzeş sözleri gaýtaladylar. Ýolbaşçylar "Gerekli sapaklaryñ alynyp, öñüni alyş işleriniñ geçiriljekdigini, şeýlelikde mundan beýläk sebitdäki ildeşleriñ ýer titremesinde ömür tanaplarynyñ üzülmejekdigini" aýtdylar. * * * Uýam Aýtene çadyrda ýaşan kyn şertlerimiz zerarly ýolugan rewmatoid artrit ýüregine ýetdi we gynansak-da, ony elden giderdik. Soñky ýyllarda Türkiýäniñ ýer sarsgynlarynyñ ýurduna öwrülendigine, ilatly punktlardaky infrastrukturalary we binalary şoña laýyklap gurmaly boljakdygyna göz ýetirdik. Ýöne her ýer titremesiniñ yzyndan ähli ýolbaşçylaryñ "gerekli sapaklaryñ alynyp, öñüni alyş işleriniñ geçiriljekdigini, şeýlelikde mundan beýläk sebitdäki ildeşleriñ ýer titremesinde ömür tanaplarynyñ üzülmejekdigini..." aýdýan boş geplerine-de halys öwrenişip gidipdiris! Bir ýandan şeýle diýip, bir ýandanam zol gurluşyk göz ýumuşlygyny edip, başga manyda "çüýrük binalarda ölüm" rugsadyny beren populist syýasatçylara bolsa näme diýjegimizi bilemzok! * * * Aýdyşym ýaly, aradan geçen şunça ýyllaryñ dowamynda razlom halkalary bilen doly geografiýamyzyñ birnäçe ýerinde agyr ýer titreme heläkçiliklerini başdan geçirdik. Aradan çykan ildeşlerimiziñ gynanjyny deñ paýlaşdyk. Olaryñ ýakyn hossarlary bilen bile aglaşdyk, kesekleriñ astyndan sag-salamat çykarylanlara begenip gözýaş dökdük. Her gezeginde-de "gerekli sapaklaryñ alynjakdygy..." hakdaky gury sözleri diñlemekden halysalla ýadadyk!.. * * * Müñlerçe ildeşimiziñ gurban bolan, on müñlerçesiniñem ýaralanan 1999-njy ýylyñ 17-nji awgustyndaky Uly Marmara ýer titremesiniñ salan ýaralary bejerilip ýörkä "Şu ýer titremesi Türkiýe üçin öwrülişk sepgidi bolar. Mundan beýläk hiç zat öñküsi ýaly bolmaz. Ýer titremesi boýunça talaplara laýyk gelmeýän gurluşyklaryñ alnyp barylmagyna ýol berilmez, öñki gurlanlaram şäher-abadanlaşdyryş işleriniñ çäginde howpsuz ýagdaýa getiriler" diýdiler welin, az-owlak umytlanypdyk. Emma kän wagt geçmänkä Stambul ýaly ýer titreme howpy astyndaky şäherlerimizde berilen sözleriñ ýatdan çykarylandygyny, şäher-abadanlaşdyryş işleriniñ ýerine "peýda-abadanlaşdyryş işleriniñ" geçirilendigini görüp, gorky we alaçsyzlyk içre "gerekli sapaklaryñ alynjak" (!) täze ýer titremeleriñ bolaryna garaşybermeli bolduk. * * * Gynansak-da, öññinki gorkunç ýer goduklamalarynda Günorta we Günorta-Gündogar Anadolynyñ 10 şäherinde 10 müñden gowrak binanyñ ýykylyp, müñlerçe ildeşimiziñ gowşak binalarda ýitip-ýok bolup gidendiklerini, müñlerçesiniñem añzakly sowukda az sanly halas ediş toparlarynyñ kesekleriñ asatyndan çykarylmagyna garaşýandyklaryny görenimizde, ganymyz depämizde gaýnady. * * * Gönen-Ýenije ýer titremesiniñ üstünden tegelek ýetmiş ýyl geçdi. Gynansak-da, biz häzirem ýer titremelerinden gerekli sapaklary alyp bilemzok. A çagalarymyz şol sapagyñ alnan, ýer titremesine çydamly infrastrukturalaryñ we binalaryñ gurlan Türkiýesinde ýaşap bilerlermikä?!. Ugur DÜNDAR. "SÖZCÜ" gazeti, 08.02.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |