08:21 Düşündirip bilemok... | |
DÜŞÜNDIRIP BILEMOK...
Publisistika
Bill Geýts TED konferensiýasynda çykyş etdi. Has takygy, TED-iñ moderatory Kris Andersonyñ we onuñ kärdeşleriniñ sowallaryna jogap berdi. “Koronawirus pandemiýasyny nähili düşündirip bolar?” Bill Geýts araçäkleriñ täzeden açylmagy bilen baglanyşykly soraga şu jogaby berdi: - Soñunda kimiñ halas edilen kişidigini onuñ waksina sertifikatyndan añlap bileris. Dünýäde gözegçilik edip bolmajak adamlaryñ ýaşamagyny islämzok… - Ol sözüni dowam edip şeýle diýdi: - Netijede sferalaýyn täzeden açylyşy añsatlaşdyrjak bular ýaly elektron immunitet faktory döretmek zerur. Meniñ aýtjak bolýan zadym şu: Resmi RED wideoýazgyaynda bu soñky jümläniñ arasy kesildi, minut 34:27. Sebäbi soralanda: “Reportaž uzaga çekdi, gysgaltdyk” diýdiler! Birnäçe ýyllap telewideniýede işledim, şujagaz gysgalyk üçin gepleşigiñ arasyny kesmek o diýen ynandyryjy däl, çünki gürrüñi gidýän wagt bary-ýogy 2-3 sekuntlyk wagt! Ýeri. Şol jümle näme üçin kesildi? “Elektron” sözünden bolup bilermi? “Waksina sertifikaty” we “elektron” sözlerini biri-birine sepleseñiz, aklyñyza näme geler? Waksina sertifikatynyñ elektron wersiýada bolmagy has praktiki, has çalt we has añsat amala aşyrylar! Bill Geýtsiñ "Microsoft" şereketi kompýuter programmalaryny, elektron enjamlary, şahsy kompýuter hyzmatlaryny öndürýär, kämilleşdirýär, satýar. Indi bolsa… Kimiñ waksina bolandygyny görkezýän “elektron sertifikat”-kiçijik elektron parça-çip synamyza ýerleşdirilmek islenilýärmikä? Dünýä jemgyýetçiliginiñ häzir muna taýýarlykly däldigi üçin Bill Geýts şol jümlesiniñ kesilmegini isledimikä? Ýa-da onuñ maliýeleşdiren Amerikan Massaçusets tehnologiýa institutynyñ bu maksatanamany taýýarlap gutarmandygy üçinmi? • MEÑŞEŞ ÇEMELEŞME 2020-nji ýylyñ 20-nji apreli. Germaniýanyñ hepdelik "Der Spiegel" žurnaly Bill Geýtsden söz açdy. Žurnal (hamala garşylyklaýyn toparlaryñ) Bill Geýtsi millionlarça ýalñyş maglumata gömendiklerini ýazdy. Hamala, Bill Geýtsi koronawirus krizisiniñ günäkäri hasaplap, ony ýerliksiz aýyplaýarlarmyş! Hamala, Bill Geýts dünýäni mikroçipler arkaly aýasynda saklamak isleýän Deçjalmyş! Hamala, Bill Geýtse garşy garalama kampaniýalary waksina garşy gidýän toparlar, aşa sagçylar we komplimasiýaçylar tarapyndan ýöredilýärmiş! Žurnalyñ soñky pikiri meniñ ünsümi hasam özüne çekdi: Bilşimiz ýaly 2011-nji ýyldan bäri nemesleriñ "Die Linke" çepçi partiýasy Bill Geýtsi nyşanalap ýör. Edil Türkiýede bolşu ýaly käbir gatlaklary ýanlaryna çekmek isleýänler mowzugy hökmany ýagdaýa “waksina garşydaşlygy”, “aşa dinçilik” ýaly meselelere baglanyşdyrýar. Germaniýada-da şol ýagdaýyñ gaýtalanýandygyny görmek bolýar. Ýogsam bolmasa... Nemes çepçi partiýasy Bill-Melinda Geýtsleriñ fondy bolan – GAVI meselesini başgaça gözden seredýär; partiýa fondy keseliñ sosial sebäplerine göz ýumandygy we dünýä ýurtlaryna tehniki-medisina merkezli tilsimi ulanmaga mejbur edendigi üçin tankyt edýär "Der Spiegel" ýaly global metbugat organy Bill Geýtsi aklap “ak jüýşä” öwürjek bolýar. Hernäme-de bolsa nemes metbugatyny gutlamak gerek. Olar makalanyñ aşagynda şu belligi goýdular: “Mälimnama: "Bill & Melinda Gates" fondy (BMGF) "SPIEGEL" globallaşma maksatnamasy bolan "Global Society"-ny üç ýyllap 2,3 million euro bilen ýardam etdi. Aziýadan, Afrikadan, Latyn Amerikasyndan we Ýewropadan gelen korrespondentler "Global Society" rubrikasy astynda beýannama bilen çykyş etdiler, makalalar "SPIEGEL"-iñ halkara bölüminde çap edildi”. Ajap. Şular ýaly aç-açanlygy žurnal şu aşakdaky meselelerde-de edip bilermikä? • BİLL GEÝTSIÑ ŞÄRIKDEŞLERI "Spiegel"… Meselem, "Bill & Melinda Gates" fondunyñ dünýä ekerançylygyny ýok eden Monsanto ve Kargille näme üçin pul kömegini edendigi barada ýazyp bilermi? Meselem, "Bill & Melinda Gates" fondunyñ ynsan saglygyna düýpli zyýan ýetirýän "Coca-Cola"-nyñ 538 million dollarlyk aksiýasyna näme üçin eýeçilik edýändigini içgin seljerip bilermikä? Diñe şularmy? Bill Geýts azyk gigantlary bolan "Unilever", "Kraft-Heinz", "Mondelez", "Tyson Foods" şereketleri bilen birlikde, alkogolly içgileri öndürýän "Anheuser-Busch" we "Pernod" şereketleriniñem aksiýalaryna eýeçilik edýär ahwetin! Iñlisleriñ "Serco Group" atly şereketi barada eşdipmidiñiz? Türme hyzmatlaryny amala aşyrýan şereket! Tussaglar, bendiler we bosgunlar üçin etiketleme abzallaryny öndürýär. Şärikdeşi kim? "Bill & Melinda Gates" fondy! Ol ABŞ-nyñ Afrikada-da iş alyp barýan hususy türme şereketi bolan "GEO Group"-yñ hem şärikdeşi! Elektron etiketleme bilen elektron çipiñ arasyndaky baglanyşygy çözmek üçin ullakan akyl gerekmi? Ýeri bolýa-la. Ýurdumyzda bu zatlar barada ýazjak žurnalist ýokmy? Diñe men ölüm howply ýyldyrymlary öz üstüme çekmelimi? "Gizlinlikde saýlananlar" (“Saklı Seçilmişler”) we "Gara gapyrjak" (“Kara Kutu”) kitaplaryny ýazandygym üçin “ylmyñ we waksinanyn duşmany” hökmünde görkezilenim bes dälmi? Özaramyzda dawalaşyp-gohlaşyp ýörmegimizi bes edip, asyl göreşi şol zatlaryñ garşysyna alyp barmak gerek… Gynansak-da, men muny hiç düşündirip bilemok! Soner ÝALÇYN. 30.04.2020 ý, "SÖZCÜ" gazeti. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW, Stambul uniwersitetiniñ talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |