12:24 Düşünjäniñ ölümi | |
DÜŞÜNJÄNIÑ ÖLÜMI
Publisistika
Erdogan Germaniýanyñ federal kansleri Olaf Şols bilen Berlinde geçiren metbugat ýygnagynda günbatarly hökümetleriñ ysraýyl genosidlerine garşylyksyz galmagyny "Serediñ, men arkaýyn gürleýärin. Çünki biziñ Ysraýyla bergimiz ýok. Bergili bolsak, bular ýaly arkaýyn gürlemezdik. Emma bergisi barlar arkaýyn gürläp bilenoklar" diýip düşündirdi... Erdoganyñ "bergi" diýmek bilen göz öñüne tutýany Faşistik Germaniýanyñ jöhitlere genosid-holokost etmegidi. Onuñ bilen bir pikirde däl: Günbatar meselesiniñ has düýplerdedigini pikir edýärin. Hem bolup geçýän agyr konflikt meniñ pikirimçe diñe Ysraýyl bilenem çäklenenok. Erdoganyñ Germaniýa resmi sapary döwründe elimde bir kitap bardy: Haýdeggeriñ we Kassireriñ bilelikde ýazan "Ýewropa düşünjesinde bölünmeler" kitaby. Garward uniwersitetiniñ filosofiýa bölüminiñ mugallumy, düşünje taryhçysy Piter Gordon iki uly nemes akyldarynyñ 1929-njy ýylda Dawosda guran "Adam näme?" ady bilen geçiren pelsepewi çekişmesini kitabyna girizdi. Peýlenen wagt tötänlik däldi: Günbatar kapitalizminde diñe 1929-njy ýylyñ uly ykdysady krizisi ýokdy. Kitabyñ adyndanam belli bolşy ýaly, Gordon XX asyryñ başyndaky ýewropa düşünje durmuşyndaky uly döwülmä ünsi çekdi... Günbatarda täze gurluş-"täze adam" (liberalizm, faşizm, sosializm ýa-da gumanizm, antigumanizm, progressiwlige garşy progressiwlik ýaly) nämäniñ üstünde boý almalydy? * * * Professor Gordonyñ pikiriçe, XX asyryñ başynda dinden döwlete, syýasatdan sungata, bilim-terbiýeden edebiýata - ýewropa düşünje durmuşynda intellektual krizis bardy. Salgylanýan çeşmeleri-de Rudolf Panwisiñ 1917-nji ýylda ýazan “Ýewropa medeniýetiniñ krizisi”, Roza Lýuksemburgyñ 1919-njy ýylda ýazan "Sosial-demokratiýanyñ krizisi", Pol Waleriniñ 1919-njy ýylda ýazan "Pähimiñ krizisi" ýaly kitaplardy... Haýdeggeriñ pikiriçe, radikal krizisler geljekdäki üýtgeşmeler üçin birinji şertlerdi. Kassiseriñ pikiriçe welin krisizler uly ahlak çöküşliginiñ, takatsyzlygyñ sebäbi bolmalydy. Ahyrynda Ikinji jahan urşy turdy: Haýdegger nasistlere baş egdi, Kassirer Germaniýadan gaçmaga mejbur boldy! Krizis Ýewropanyñ buržuaz siwilizasiýasynyñ ýumrulmagyna-weýran bolmagyna getirdi. Ýeñilen progresdi. Germaniýadan gaçmaga mejbur bolan Hanna Arendt öñki mugallymy (we öñki oýnaşy) Heýdeggere jogap berýän ýaly "Totalitarizmiñ kökleri" kitabyny ýazdy. Progressiwler bilen birlikde jemgyýet nädip gözi gapylan halda (antisemitizm ýaly) radikal şumlugyñ "şärikdeşi" bolupdy? Ýagny, XX asyryñ başyndaky düşünje krizisleri adamzadyñ uly ýykgynçylygyna getiripdi. Ýogsa-da, Haýdeggeri "iñ gowy halypam" diýip öwen nemes filosofy Habermasyñ düýn Ysraýyly goldaýan deklarasiýa gol çekmegine nähili baha bermeli? Ol meseläniñ başgaça hörpünden gopdy: * * * Sosial-demokrat kansler Olaf Şolsyñ bolşuna düşünmek kyn däl. Pelsepeçi Habermasyñ bolşuna düşünmegem kyn däl. Tegelek ýüz ýyldan soñ... XXI asyryñ başynda Günbatar düşünjesi ýene çöküşlikde. Göreñzokmy: Borgesiñ, Kortasaryñ, Gewaranyñ, Maradonanyñ watany Argentina geçen ýekşenbede ekstremist sagçy Hawýer Miläni prezidentlige saýlady! Germaniýa bilen bir hatarda Günbatarda faşistik partiýalaryñ öne saýlanyp başlamagy tötänleýin däl: XX asyyñ başyndaky krizis gaýtalanýar. Ysraýyl genosidlerine sesini çykarmaýandyklary munuñ görkezijisi: antigumanizm, irrasionallyk güýçlenýär... Şu günlerde aýlanyp-dolanyp Samir Amini okamak gerek... Soñky otuz ýylda agressiw gylykly ýewropa merkezçiligi ideologiýasy ýene özüni soñlandyrmagyñ ýolunda öñe barýar... Adamlar "iñ gowusyna ýetmek" üçin Günbatary yzarlamakdan şol sebäpli el çekýär. Erdoganyñ "haçly-ýarymaý çaknyşygy" diýmesini şeýle analiz etmek gerek. Akyl-paýhas galmady indi Günbatarda! Marksy "gömmek" bilen bir hatarda her tankydy kadadan, garaýyşdan daşlaşdylar. Şeýdibem, Germaniýada koalisiýanyñ ýaranlary bolan Sosial-demokratlar, Ýaşyllar, Liberallar çaltlyk bilen çökdi, häzirem çökýär... Erdoganyñ "Ysraýyla bergileri bar" diýýäni meñ pikirimçe-hä holokost däl, Günbataryñ ýeke-täk derñewine öwrülen kagyzdyr... Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 22.11.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |