11:45 Dutaryñ owazy | |
DUTARYŇ OWAZY
Aýdym-saz sungaty
Radionyň efirinde «Pyragyny gören daglar» diýen aýdym ýaňlanýardy. Aýdym diňleýjileri özüne bendi edipdi. Onuň sözleri-de, sazy-da tüýs jüpüne düşüpdi. Men bolsam öz içimden pikir öwürýärdim: «Bu aýdymy näçinji ýola diňleýärkäm. Her gezek diňlänimde-de şol ilkinji gezekkisi ýaly!». Hawa, bu aýdymyň ömri uzak boldy. Indi ýigrimi ýyldan bäri halkyň söýüp diňleýän aýdymyna öwrüldi. Häli-häzire çenli hem ony konsert programmalarynda ýygy-ýygydan diňlemek bolýar. Eýsem-de bolsa, bu aýdymyň ömrüniň uzak bolmagynyň syry nämedekä?! Elbetde, muňa bir söz bilen jogap berse-de bolardy. ... Meniň Döwletgeldi bilen çaý başyndaky söhbetim uzaga çekdi. Biziň edebiýat baradaky gürrüňimiziň soňy saza ýazyp gitdi. Ol gapdalynda ýatan dutaryny emaýlyk bilen ele aldy-da, ýuwaşlyk bilen onuň kirişlerine kakyp gördi. Dutary mazaly düzenden soňam saz çalmaga durdy. – «Pyragyny gören daglar» meniň ilkinji döreden aýdymym bolmaly. Şol döwürde uniwersitetde okaýardym. Bütin türkmen halky beýik Magtymguly Pyragynyň 225 ýyllyk baýramynyň toýuny tutýardy. Häzirki halk şahyrymyz Kerim Gurbannepesowyň ýazan «Daglar» atly goşgusyny bolsa gazetde okapdym. Bu goşgy meni labyzlylygy, akgynlylygy bilen biçak tolgundyrypdy. Ozalam birlän-ikilän aýdym aýdyp ýöremsoň, mende bu goşgyny aýdym etmek pikiri döredi. Sebäp diýende, şahyryň wasp edýän daglary maňa ýakyndan tanyşdy. Bu daglaryň arasynda meniň çagalygym geçipdi. Çagalyk ýyllary. Adamyň çagalyk ýyllarynda gören-eşiden zatlary ýadynda galgyç bolýar diýýärler. Bu hakykatdanam şeýledi. Ol çagalyk ýyllaryny ýatlanda, tolgunyp gürrüň berýär. Neneň tolgunmajak. Ol şol ýyllar durmuşyň agyr hupbatlaryny ýaşajyk gerdeninde çekmeli bolupdy. Çünki ýurtda uruş gidýärdi. Hemme zat front üçindi. Obada aýal-ebtatlardyr çagalar bütin bir kolhozyň işini dolamaly bolupdyrlar. Gazy gazýanam, orak orýanam şolardy, gyşyň aňzagynda daglarda mal bakyp, çopançylyk edýänem şolardy ahbetin! Adamlar aç oňmaga kaýyldylar, olar «Ýeňiş bolsa bolýar» diýýärdiler. Ýöne frontdan biri-birinden ajy habarlar gelýärdi. Kimiň kakasynyň, kimiň doganynyň, kimiň bolsa söwer ýarynyň «öldi» habary gelýärdi. Dag obasy çogaryp galypdy. Iň agyr bela bolsa açlykdy. Ana, şonda-da daglar adamlara pena bolupdy. Agyr işden surnugan adamlaryň dagda bitýän otlary iýip oňmaly wagtlary hem az bolmandy. – Alwan diýip bir ot bar. Ol diňe dagda bitýär. Alabaharda ol şeýle bir owadan gülleýär welin, hiç çeniň-çakyň däl. Ine, şonuňam köküni gazyp alyp, ýuwup-ardyp, un bolsa-ha ne ýagşy, bolmasa-da şony üwäp iýmeli bolýardy. Çagajygam bolsak, ýatymlyk gidip, aýlanmadyk jülgelerimiz, çykmadyk daglarymyz galan däldir – diýip, meniň söhbetdeşim gürrüň berýär. Ine, onuň daglar hakdaky çagalyk ýatlamalary şeýle. Hawa, Döwletgeldi Ökdürowa ilkinji döreden aýdymy uly döredijilik şöhratyny getirdi. Onuň adyny uly ile tanatdy. Bu aýdymy onuň özi ýerine ýetiripdi. Bagşy Döwletgeldi Ökdürowyň mylaýymdan hoş owazy bar. Bu owazy aýyl-saýyl etmek diňleýji üçin kän bir kyn düşenok. Ol owaz radioda ýaňlananda, adamlar «Döwletgeldi aýdym aýdýar. Hany diňläliň» diýişýärler. Il içinde «Bagşyçylyk nesil yzarlaýar» diýen gürrüň bar. Bu ähtimal şeýledirem. Oba adamlary Döwletgeldiniň daýylarynyň atly bagşy bolandyklaryny häli-bu güne çenli ýatlaýarlar. Onuň uly daýysy Artyk bagşy urşuň ilkinji ýyllarynda Watan goragyna gidipdi. Ol öz ýany bilen dutaryny hem alypdy. Artyk bagşy duşmana garşy hem eli ýaragly, hem dutarly söweşipdi. Onuň aýdýan aýdymlary türkmen esgerlerini gahrymançylyga ruhlandyrypdy, duşmana gahar-gazap döredipdi. Artyk bagşynyň söweşde görkezen edermenligi üçin oňa wagtlaýynça obalaryna görme-görşe rugsat beripdiler. Artyk dag obasynda az wagtlyk bolsa-da öz obadaşlarynyň göwünlerini galkyndyrypdy. Hoşlaşyk gijesi bolsa ýaşuly adamlaryň şu günki ýaly ýadynda. Bagşy uly-uly söweşleriň şaýady bolan dutary bilen Gün batandan tä daň atýança aýdym aýdyp obadaşlaryna hezil beripdi. Soňam ol Çukurýurtdan tä Bäherdene barýança her obada dynç alyp, aýdym aýdyp gidipdi. Onuň şol gidişi-gidişi bolupdy. Hawa, indi Döwletgeldi daýylarynyň ýoluny dowam etdirýär. Ol öz senedi bilen halkyň alkyşyna mynasyp bolýar. Döwletgeldi Ökdürow bu gün onlarça ilhalar aýdymlaryň awtory. Ol bu aýdymlary ussatlyk bilenem özi ýerine ýetirýär. Onuň aýdymlary güneşli türkmen ülkesini wasp edýär. – Halk içinde «Az bolsun – uz bolsun» diýen bir dana söz bar. Bu ýöne ýere aýdylanok. Bu her bir kärdäki adama degişli. Ol döredijilik adamsy üçin-ä asyl parz – diýip, ol aýdýar. Kerim Gurbannepesowyň «Apat» atly goşgusy çap edilipdi. Goşguda zenan gözelligi örän ussatlyk bilen teswir edilýärdi. Şonuň üçin hem ony bada-bat aýdym diline geçiräýmek ýeňil däldi. Mahlasy, goşga mynasyp söz tapmalydy. Söz tapyldam. Birlän-ikilän diňläp görenler ony unadylaram. Emma kompozitor täze aýdymyny çeperçilik sowetine hödürlemäge howlukmady. Ony gowy timarlady. Emma şondan soňam bir ýyllap dagy iş edindi. Her gezegem ony täzeçe öwüşgin bilen bezedi. Şonuň üçinem aýdym ilkinji gezek radionyň efirinde ýaňlananda, Döwletgeldi öz zähmetiniň ýerine düşendigine göz ýetirdi. Sebäbi şondan soň kän salym geçmänkä, aýdymy diňlemäge isleg bildirip, sazly gepleşikler redaksiýasyna diňleýjilerden yzly-yzyna hat gelip gowşupdy. Onuň «Sumbaryň nary» atly aýdymy hem wagtyň synagyndan geçen aýdymlarynyň biri. Onuň tekstini şahyr Meretguly Garryýew ýazypdy. Bu aýdym Döwletgeldi üçin hasam arzyly. Çünki munda onuň dogduk diýarynyň waspy ýetirilýär. Elbetde çaklaňja gazet makalasynda onuň aýdymlarynyň her biri hakda aýratyn durmaga mümkinçilik ýok. Ýogsam onuň şahyr Sapar Öräýewiň sözlerine döreden «Bibijan», «Maral», Rahmet Seýidowyň sözlerine döreden «Türkmenistan» ýaly aýdymlary hakynda-da köp gürrüň etse bolardy. Kompozitoryň klassyk şahyrlaryň döredijiligine ýygy-ýygydan ýüzlenmegi hem tötänden däl bolsa gerek. – Magtymguly, Kemine, Zelili, Mollanepes... bularyň hersi bir özboluşly dünýä. Olar öz goşgularyny gör, nähili nepislik bilen döredipdirler. Giden bir hazyna – diýip, Döwletgeldi Ökdürow aýdýar. ... Garrygala raýonynyň Könekesir obasynda çagalyk hem ýetginjeklik ýyllary geçen dagly oglanyň adyny bu gün güneşli ülkämiziň hemme ýerinde tanaýarlar. Onuň döredýän hem ýerine ýetirýän aýdymlaryny höwes bilen diňleýärler. Bu gün ol bagtly maşgalanyň eýesi. Ýakynda bolsa bir hoş habar bu maşgalanyň şatlygyna şatlyk goşdy. Döwletgeldiniň inisi Alyhan Ökdürow ylymlaryň kandidaty diýen ady almak üçin jemagat öýünde üstünlik bilen dissertasiýa gorady. Biz şu ýazgymyzda zehinli bagşy, kompozitor Döwletgeldi Ökdürow hakynda gürrüň etdik. Ýöne filologiýa ylymlarynyň kandidaty, tejribeli magaryf işgäri Döwletgeldi Ökdürow hakynda-da has gyzykly gürrüň berse bolardy. Onuň şeýle gürrüň edere örän mynasypdygyny welin, ýene-de bir gezek nygtasym gelýär. Allaýar ÇÜRIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |