10:50 Duýguçyl adam | |
DUÝGUÇYL ADAM
Goşgular
Berdaşlydy, çeýe polat sim ýaly Her öňýeten atagza-da gysdyrman Şol adaty endigine atlanyp, Gidip barýar ýylgyrşyny gysganman Atsalar-da pitjiň, etmän pitiwa, Bildirmän hiç, köpçülikde gussasyn Iliň şatlygyna şatlygyn gatyp, Hemem sorap garry, çaga, hassasyn Bir arabajyk çekişse-de derdini Çekişmekçi, öz derdini unudyp Ruhy dünýäleri aç galan bolsa, Sözlerini bermekçi ol, un edip Dildenem köp, elden kömegi ýetse Begenýärdi, öňkisinden bäş beter Gar diýseler, Gimalaýdan gar daşar, Güýjin jemläp, damja bolup, daş deşer Özi dünýäň bu çetinde bolsa-da, Alada bolupdy, dünýäň o çeti Her bir işe petde-petde analiz, Pikirleri ýyrtýardy oň iç-etin Oňa mahsus ähli zatlaň dogrusy Gaharjaň. Mähirli. Gaýgyçyl. Şadam. Bütin dünýäni oziniňki saýyp Köçe bilen barýar duýguçyl adam Ylham GURBANALYÝEW. 2021 ý. | |
|
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |