05:10 Duýgulam ýazypdy | |
DUÝGULAM ÝAZYPDY
Goşgular
Söndi, seniň her bir aýdan sözüňden Umyt bile ýanýan, kalbym her şemi Duýgularym garap galdy yzyňdan... Gitdiň, galdym özüm bilen hemşeri Şonda asman çybarlatdy gözýaşyn Onuň yzyn menem alyp ugradym (Nädeýin men, çydamady berdaşym) Asman ýeri, men ýüzümi suwladym (Ýer asmana begenendir kän gezek, Meniň üçin kim begendi? Bilmedim.) Söýgüňsiz aç, aç garna-da ýatamok Bilýäň-ä, duýgulam şeýle çümhörek Sojap dur, hüňňürdisäm ýatanok Diýýär maňa, diňe, diňe sen gerek Bar hakydam hoşlaşykda galypdy... Wagt entek galdyrmandyr-a ökjänem Ýok, Ýok, Özüm däl. Duýgulam ýazypdy Saňa baran iň soňkyja bukjanam Ylham GURBANALYÝEW. 2021. | |
|
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |