02:37 Duýgularym | |
DUÝGULARYM
Goşgular
Içde mesgen tutdy, ýaşady olar Barlygyny duýdurdylar söz bilen. Ne gije görüldi, ne-de bir gündiz, Asla-asla görülmedi göz bilen. Juwan ýaşda juwanlygyn bildirtmän Söz açdylar edil garrylar ýaly. Bagtly günleri-de boldy-la welin, Muşakgatly hem-de görgüler ýary. Eden-etdilikler ýoluny kesip, Haýkyrdy adamlaň ýalňyşlaryna. Dogryçyl bolany üçindir, belki Uçrapdy ýalňyzlyk gargyşlaryna. Ýük etdiler aladany, gussany Bir pursadam ýaşamandy keşiksiz. Ýetim olar söýgä, mähre zar mydam Hem afrikaly çaga deý eşiksiz. Ylham GURBANALYÝEW. | |
|
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |