23:25 Düýp mesele - geçmişe bolan garaýyşda | |
DÜÝP MESELE - GEÇMIŞE BOLAN GARAÝYŞDA
Publisistika
Häkimiýet mydama goh-galmagalyñ içinde... Häkimiýet mydama meselede... Häkimiýet mydama krizisde... Dynman geçmişi perdelenýär. Geçmiş döwri dynuwsyz häzirki zamanda ýaşatmaga jan edýär! Bärdäki düýp mesele häkimiýetiñ diñe şowsuzlyklarynyñ üstüni örtjek bolmagy däl, ýa-da jogapkärçilikden gaçjak bolmagy-da däl. Bu nukdaýnazar has uly problemalaryñ döremegine sebäp bolýar. Düýp mesele şu: Geçmişe bolan garaýşyñyz siziñ häzirki zamana nähili garajakdygyñyzy görkezýär. Ýagny osmanlynyñ başyna gelenleri dynuwsyz "üst akyl komplimasiýasy" bilen düşündirjek bolsañyz, şu günüñ meselelerini-de şular ýaly kelle bilen düşündirmäge synanşarsyñyz! Şeýlekin añyýet, şeýlekin garaýyş häkimiýeti hakykatlar dünýäsinden daşlaşdyrýar. Ine, düýp mesele häkimiýetiñ hyýaly dünýäsindedir. Bu ruhy ahwal häzirki zamanyñ hakykaty bolan - bazarlaryñ durgunlyga girmegi, işsizligiñ artmagy, nyrhlaryñ çakdanaşa galmagynyñ ýaşaýşy güýçsüzleşdirmegi, öz janyna kast etmeleriñ köpelmegi ýaly hakykatlar bilen ýüzleşip bilmez.… Kadir Mysyroglynyñ "kellesi" bilen düýne-taryha baha berseñiz, şu günüñ jismany analizini nädip edersiñiz, ýurduñ şu günki meselelerini nädip çözersiñiz? Galyberse-de, gol ýapýan häkimiýetiñiziñ hiç bir ýalñyşlygynyñ ýokdugyny, meseläniñ-krizisiñ ýeke-täk sebäpkäriniñ “daşarky barmaklardygy” baradaky wehime, paranoiklige özüñizi aldyrarsyñyz. Bu ýagdaý häkimiýetiñizi şol bir aýdan zadyny gaýtalap ýören dikdüşdä öwrer. Bu ýagdaý häkimiýetiñizi ikitaraplaýyn seljerme geçirip bilmejek derejede yñdarmalyga eltýär. Bu ýagdaý häkimiýetiñizi aşa şübheçi eder. Häkimiýetiñ birinji çözmeli meselesi şudur: Häzir şular ýaly agyr ykdysady çöküşligiñ bolup geçmeginiñ esasy sebäpleriniñ birem, häkimiýetiñ geçmişe düşünme-analiz etme ýalñyşlygyndan halas bolup gidibermeýänligindedir. Gynansak-da, çökgünlik ulaldygyça, häkimiýetiñ hakykatlardan üzñe - düýne dolanyp barma hyýalbentligi artýar! ■ HAÝSY TARYH Nemes filosofy Fridrih Nisşe (1844-1900)... Onuñ 1887-nji ýylda ýazan "Ahlagyñ genealogiýasy barada" (“Ahlâkın Soykütüğü Üstüne”) kitaby filosofiýa dünýäsink düýbünden sarsdyrdy. "Genealogiýa" diýlende ýadyñyza näme düşýär? Ata-babalarymyzdan nesillere gelip ýeten maşgalañyzyñ-şejeräñiziñ kökeni, garyndaşlyk gatnaşyklary... Nisşe genealogiýany sosial bilimlere sokdy. Ol ahlagyñ genealogiýasyny ýazdy, ahlak çemeleşmeleriniñ köküni seljerdi: adamogly "ýagşy" we "ýaman" häsiýetlendirmelerini haýsy şertlerde döretdi? Döwrüniñ jemgyýetçilik pikirini, tejribesini kök-genealogiýa barlaglary arkaly derñän Nisşäniñ ýoluny Mişel Fuko, Žak Derrida, Rolan Bart, Feliks Gwattari, Žil Delýoz ýaly filosoflar dowam etdirdi. (M.Fukonuñ şejere boýunça ylmy işi bolan saglyk-medisina ugrundan häkimiýetiñ bedeni nädip ele geçirişini "Gara gapyrjak" ("Kara Kutu") kitabymda Türkiýeden mysallar getirip gürrüñ beripdim. Diýseñ az lukman düşündi muña! Kitabymy halamazçylyk edýänlere Fukonyñ baryp-ha 1963-nji ýylda ýazan "Klinikanyñ döreýşi. Medisina garaýşynyñ arheologiýasy" kitabyny okamagy maslahat berýärin. Filosofiýa size nämeleri bilmeýändigiñizi görkezer...) Eýse, taryhyñ arheologiýasy näme? Hakyky taryhy ýazmak mümkinmi? Taryhy ýazmak-beýan etmek wagtyñ dowamynda nähili üýtgedi we üýtgäp gelýär? Häkimiýet taryhy beýan etmegiñ-taryh fantaziýasynyñ niresinde? Häkimiýet taryha haýsy düşünje biçüwleri bilen baha berýär, faktlary nähili düşündirýär, hyýaly göz öñüne getirmelerini nähili şekillendirýär? Ž.Derrida taryhy ýazuw arheologiýasyjy haýsy jemgyýetçilik we syýasy maksatlar üçin ulanylyşyna görä üýtgeýän dil arkaly düşündirdi. "Oña berilýän many-mazmunyñ çäkleri diliñ taryhylygynyñ içinde dowamly ýerini üýtgedip durýar." Ýagdaý şeýle bolsa, häkimiýete muny ýatlatmakda peýda bar: Geçmişe ýalñyş düşünseñiz, şu güni ýalñyş ýaşarsyñyz-ýurduñ başyna-da muny getirersiñiz. ■ “ALTYN ASYR ” MITI Ýurdumuzdaky "tankydy" genealogiýanyñ başyny 1860-njy ýyllardan başlamak mümkin. Ol tankydam ylmy-obýektiw däl-de, hyýalbentçi-impressionistik häsiýetlidir. Bu garaýşa görä, tankyt - "kitaplardan lezzet almak, olar bilen duýgulary gözelleşdirmek we baýlaşdyrmak sungatydyr." Bu garaýşyñ belli-başly ugry-kadasy-teoriýasy ýokdy. Şahsy duýgulara baglanşyklydy. Bu tankytçylar Tanzimatyñ günbatarçy münewwerleridi (intelligensiýasydy). Tankyt ylmy tutumy bilen esasy roly obýektiwlige berip gymmatyny artdyrdy we bu biziñ ýurdumuza diñe 1960-njy ýyllarda geldi. Emma... demokratik tankyt düzgünini we durmuşuny häzirem gurup, berkarar edip bilemzok. Biziñ günlerimizde häkimiýet tarapyndan tankydyñ şolar ýaly derejede "jenaýat-jeza" düşünjesine bürendirilmeginiñ düýp sebäbi-de, geçmişe düşüniş şekili dälmi näme? Abdylhamyt II "obsessiwligi" dowam edýär! Her gün diýen ýaly bir habar ýa-da sosial mediýada paýlaşan maglumaty sebäpli raýatlarymyz tussag edilýär! (Häkimiýetiñ ýolundan ýöräp, her edilen tankydy belligiñ daşarky güýçlere hyzmat edýändigini oýlaýan käbir syýasy galmagalçy kelleler az däl!) Sözümi jemlär bolsam: "Altyn asyr" miti häkimiýeti günümiziñ obýektiwliginden üzñeleşdirýär. Häkimiýet gelejegi gurmagyñ öñündäki iñ uly päsgelçiligiñ hut şu düşünje-ruhy ahwalydygyndan habary barmyka? Bardyr öýdemok. Eýse. Taryhdan hem görnüşi ýaly, geçmişiñ hatalary bilen ýaşaýanlar gelejekde ýykylyp gidýärler. Hawa, real hakykat şudur: Geçmişe düşüniş şekliñiz, öñümizdäki zamana nähili düşünjekdigiñizi görkezýär. Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 06.10.2020 ý. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |