01:19 Düýp ýapynja şudur | |
DÜÝP ÝAPYNJA ŞUDUR
Medisina
Başy ýapynjaly psiholog bolup bilermi ýa bilmez? Prezident başlyklaýyn bu çekişmä girmedik galmady. Kimler nämeleri diýdi, diýilmedik zat galmady... Başýapynja bolmazdan ýurduñ üns merkezine başga meseläni goýmak mümkin däl! Ýogsam bolmasa şol günlerde mediýada kiçiräk bir habar bardy: "- Ençeme ýyl bäri "bagtlylygyñ gormony" diýip bilýän serotoniýamyzyñ beýnindäki kemçiliginiñ depressiýa bilen baglanşygyñ ýokdugy ýüze çykdy. Bu bolsa "biderek ýere antidepressiýa dermanlaryny ulanýarmykak?" diýen sowaly öñe çykardy". Bu habar boýunça ýeke gezegem pikir alyşan bolmady. Men şuny magat bilýän: saglygy goraýyş we däri-derman temalaryna "ylym" öwüşginj berilýär we hiç gürrüñi etdirilmeýär! "Gara guty. Ýüzleşme wagty" kitabymyñ elli bir sahypasyny antidepresiýa dermanlary temasyna aýyrdym. Maña hüjüm etmedik tanymal psiholog we psihiatr galmady. Ýogsam bolmasa men dünýäde dowam edip duran jedelli gürrüñleri ýazypdym. Bir mysal bereýin: Professor Irwing Kirş. Garward uniwersitetiniñ medisina fakultetiniñ mugallymy... Psihologiýa boýunça ýörite hünärmen... Antidepression dermanlar boýunça ylmy-barlag işlerini alyp barýar... Uniwersitetiñ “Plasebo işleri we terapewtik garşylaşma programmasy" ylmy-barlag işlerini alyp barýar. 2009-njy ýylda ýazan “The Emperor's New Drugs” («Новое лекарство короля») kitabynda şeýle diýdi: “- Antidepressiýa dermanlaryndan peýdalanylmagy depressiýanyñ soñky ýyllarda gaýtalanma howpuny 113-280% artdyrýar. Dört-sekiz hepde ýaly gysga wagtlaýyn ulanmalarda hem depressiýa muny gaýtalaýar. Günümizde depressiýanyñ duş gelme ýygylygynyñ iñ düýpli sebäpleriniñ biri-de antidepressiýa dermanlarynyñ ulanylmagydyr! Çünki derman içeniñiz bilen depressiýadan dynyp bolmaýar..." Diñe bulam däl: • YLMY-BARLAG IŞLERI ÇAP EDILMEDI! Professor Irwing Kirş ABŞ-nyñ Azyk we serman serişdeleri uprawleniýesinden (FDA) berilýän maglumatlary öwrenende, durmuşynyñ iñ uly sýurpizine duşandygyny mälim etdi: - Antidepressiýalar boýunça geçirilen ylmy-barlag işleriniñ kyrk prosenti çap edilenok... - Çap edilmedik işlerde antidepressiýalaryñ 88%-niñ depressiýanyñ bejergisine düýpli peýda etmeýändigi görkezilýär... Beterinden beteri bar: - Depressiýa garşy dermanlar 24 ýaşa ýetmedik ýaşlarda we çagalarda öz janyna kast etme howpuny 62%, uly ýaşlylaryñ arasynda ysmaz howpuny 50-60%, göwreliligiñ ilkinji üç aýyndaky ulanyşda bolsa aýal-gyzlaryñ otistik bäbek dogurma howpuny 280% artdyrýardy. Aýratynam ölümler boýunça statistika hem ep-esli goşandy bardy... Bu ylmy-barlag işlerini geçiren professor Kirşe baýraklar berildimi? Ýok. Gaýtam onuñ garşysyna şobada garalama kampaniýasy başlady. Myjabatçylykly propagandanın başynda ABŞ-nyñ Psihatriýa soýuzynyñ başlygy, professor Jeffri Alan Liberman bardy. Şeýle-de, Liberman Döwlet Ylymlar akademiýasynyñ Medisina institutynyñ, ABŞ-nyñ Ylmy ösüş jemgyýetiniñ, FDA-nyñ Geñeşiniñ agzasydy. Ýokary okuw jaýlarynda onuñ ýazan "Psihatriýa", "Şizofreniýanyñ köptaraply seredilşi", "Psihiatriýa dermanlary we ahlak düşünjesi" ýaly sekiz kitaby okuw gollanmasy hökmünde okadylýardy. "Psihiatrik barlag. Adam predmetlerini goramak boýunça gollanma jübi kitaby" ýaly işlerine hemişe salgylanylyp gelindi. (Gollanmasy şu kitaplar bolanlaryñ "Gara guty" kitabymy keseklemeleri tötänlik däl.) Professor Liberman şeýle diýdi: "- Kirş ideologik we ynanmazçylykly nukdaýnazardan seredýär. Pikirlerini ideologik taýdan berkitmek üçin analiz ýöredýär we düşündirýär. Bu nukdaýnazar tarapgöý we adamlara zyýanlydyr! Gelen ýalñyş netijesi depressiýadan kösenýän we antidepressiýa dermanlaryndan haýyr tapýan adamlara zyýan bermegi mümkin." Professor Liebermanyñ "Wall Street Journal", JAMA" ýaly medisina žurnallarynda derman öndüriji şereketler bilen ýakyn gatnaşygynyñ bardygyny görkezýän habarlardyr makalalar çykdy! Ol medisinanyñ sesi däl-de, global derman şereketleriniñ aýakçysydy. Bu ýöne bir mysal... • BEÝNINI ÖLDÜRMEK Antidepressiýa dermanlary beýnä täsir etmäge ukyply. Beýnini problemanyñ çeşmesi hökmünde görýär. Şonuñ üçinem ony "ýola getirmek" isleýär! 50-nji ýyllaryñ başlarynda tapylan “Imipramin” antidepressiýa dermany wagtyñ geçmegi bilen köpeldi. “Prozac” ýaly antidepressiýalaryñ 90%-i 80-nji ýyllarda ilkinji gezek satuwa çykaryldy. Bu döwür derman öndüriji şereketleriñ dünýä açylma müddetidi. Neoliberalizm jahana ýaýylanda derman gutujyklarynda antidepressiýalar bardy... Arañyzda şol dermanlardan içmedigiñiz barmy? Çaga, ýetgingjek diýenoklar, zol şu dermanlary ýazyp berýärler... Türk beýnisini şu dermanlar gurşap aldy: 2003-nji ýylda 14 million guty antidepressiýa dermanlary sarp edilen bolsa, bu görkeziji 2010-njy ýylda 34 million gutyn 2015-nji ýylda 43.5 million guty, 2018-nji ýylda 55 million guty antidepressiýa dermanlary satyldy. Hawa, global şereketleriñ beýnä “format” atýandyklarynyñ gürrüñini hiç edemzok. Günbatarda "Pfizer"-dan "GSK"-ä çenli global derman öndüriji şereketleriniñ üstünden bu dermanlar sebäpli müñlerçe arz-şikaýatlar boldy. Türkiýe bolsa bu "ýapynjany" hiç serpäýenok. Nädip serpilsin, derman öndüriji şereketleriñ sponsorlyk edýän "ylmy" žurnallar çykarylýar, "ylmy öñe tutýas" diýýän tebipler soýuzynyñ ýolbaşçylary poliklinikalarda depressiýa dermanlaryny ulanmagy maslahat berýär! Siz bolsa çekeleşiñ-de oturyñ: Başy ýapynjaly psiholog bolup bilermi ýa bilmez? Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 19.08.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |