14:46 Düyş | |
DÜÝŞ
Goşgular
Perman geldi, Ugramaly gyssagly, O dünýä gitmeli bolduk ikimiz. Ýöne şol torgaýam galmady bizden, Ýaýdanyp, tirkeşip bardyk üçimiz. Eli aýpaltaly, Murtlary syh-syh, Gözünden gan damyp duran bir jellat Garşylady bizi: «Hoş gördük sizi, Bular kimkän diýip ýördüm bir ýyllap. Siziň söýgüňizden arza gowuşdy, Ýazypdyr biçäre ejizläp, eňräp. Bulaşyk dünýäde eliň degýärmi? Bagyşlaň wagtynda bilmedim derňäp. Aldapsyňyz, Harlapsyňyz siz ony, Aýdyň kim günäkär!.. Çeksin jezasyn» ...Seniň ýaňagyňdan syrykdy gözýaş, Menem çökdim şol gözýaşyň yzasyn. Aljyradyň, Seniň diliň tutuldy. Men abanyp gelýän jezany duýdum. «Günäkär men – diýdim – ber jezaň bolsa!» Soň paltaň astynda kellämi goýdum. Arman... Torgaý birden saýrap başlady: «Ýalbarýan, ynanma sen muňa, jellat! Gyz günäkär, unutdy öz wadasyn, Baryn gördüm – ynan sen maňa jellat!..» Gygyrdym: «Torgaý, dost!..» Düşündi Torgaý, Eňräp-eňräp uçup gitdi bir ýana. Jellat diýdi: «Hany, bellesin ediň, Wagtym ýok, garaşyp, beýdip durmaga...» Sen: «Men!» diýdiň, Menem: «O däl, men!» diýdim, Jelladam jabjyndy: «Bolmaň iç ýakan!..» Paltasyn göterdi... Astynda galgan, Hudaýa müň şükür, meň kelläm eken... ■ DÜÝŞÜMDE Men agşam düýşümde belent dag gördüm, Depesine çykjak bolup ylgadym. Özümi ýeňiljek, keýpi çag gördüm, Ýele galgan peşmek ýaly galgadym. Käbir ýerde duşan çogdam-çogdamja Terje gök otlaryň gyrdym baryny. «Duýsun» diýip gollarymyň zoruny, Maýdaja daşlary kelemenledip Zyňamda ýere, Ýaňlandy, gaýgyly seslendi dere, Меn bolsam jak-jaklap güldüm, şatlandym. Eglendim hem öz ýoluma atlandym. Wah... Birden aýaklam taýdy-da gitdi, Göwräm-de sandyrap eňdi birýana. Telpegim başymdan gaýdy-da gitdi, Tutara zat gözläp, bakdym her ýana. Arman, ýapyşalga ilmänsoň göze, Aljyrap, el urdum sülleren ota. Şol dem ot dillendi, başlady söze: «Eger-de gyrmadyk bolsaň sen meni, Häzir ýapyşardyň, saklardym seni...» Ol sesden utandym, bakdym aşaga,. Hemaýat gözleýji öçen nazarym Dikdim aşaga. Şol wagt eşdildi daşlaň-da sesi: «Eger-de sen bizi zyňmadyk bolsaň, Häzir aýagyňa direg bolardyk. Belkem, seni halas edip bilerdik...» Italmaz NURYÝEW. | |
|
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |