14:38 Düýş, durmuş, hakykat: Ruhy ahwalaty kimler görýär?! | |
DÜÝŞ, DURMUŞ HAKYKAT: RUHY AHWALATY KIMLER GÖRÝÄR?!
Geň-taňsy wakalar
Düýş näme?! Bu sowala adamzat pikirlenip başlan döwründen bäri jogap gözleýän bolsa gerek. Ylymda düýş hakynda dürli çaklamalar edilse-de, düýş näme?! diýen sowala anyk bir jogap ýok. Şonuň üçin düýşüň nämedigi barada ylymda edilen çaklamalary mysal getirip, okyjylary güýmäp oturmaýyn. Din boýunça düýşe nähili garalýar?! Bu sowala hem anyk jogap bermek gaty çetin. Ýöne dini ulamalaryň adamzadyň gören düýşüni ýorandygy inkär edip bolmajak hakykat. Özem düýş pygamber ýorgudy bolsun diýlip ýorlupdyr. Dini ulamalaryň düýş hakynda aýdan pikirlerini öwrenip, olaryň düýşi iki topara bölendigini aýtsa bolar. Birinji, hemme adamzada mahsus bolan ýatanyňda görülýän adaty hakyky düýşler. Ikinji, ruhy ahwalat. Ilki bilen hemme adamlaryň görýän adaty düýşi barada söhbete geçmezden owal, pygamberleriň, ulama adamlaryň, özüni kämilleşdiren ynsanlaryň görýän ruhy ahwalaty barada gysgaça durup geçsek, düýşüň nämedigine gowy düşünip bolar diýip pikir edýärin. Kämillige ýeten adamlaryň başyndan geçirýän geň-taňsy wakasyny ruhy ahwalat diýlip atlandyryylýandygyny mäneli Berdinazar ahun (1990-njy ýylyň başlaryna aradan çykan bu ýaşuly 1937-nji ýylda agyr süteme sezewar bolandygy üçin, özüniň ahundygyny gizlin saklapdyr). Hojanazar ogly bize gürrüň berdi. Ukudaky adamyň ruhy ahwalaty görmegi hemme ynsanlara mahsus bolmandyr. Ruhy ahwalaty görýän ynsanyň aň kämildigine ýetmegi hökmany şert bolupdyr. Asla ruhy ahwalata kesgitleme bermek gaty kyn. Biziň düşünşiimizçe, ruhy ahwalaty görýän kämillige ýeten ynsan edil huşundaky ýaly düýşünde hem hereketlerine erk edýär. Türkmen okyjysyna düşnükli bolar ýaly, beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragydan mysal alaýyn. Milli şahyrymyz Magtymgulynyň “Turgul diýdiler”, “Bir nan getirdi”, “Uçdum ýaranlar”, “Boldum girýana”, “Oýan diýdiler”, “Ýar bizem sary” ýaly ona golaý şygry şahyryň gören ruhy ahwalatynyň beýanydyr. Şahyryň “Turgul diýdiler” şygrynda gören ruhy ahwalatyna gysgaça syn etsek, ruhy ahwalatyň nämedigine aň ýetirmäge mümkinçilik bolar diýip umyt edýärin. Magtymguly “Turgul diýdiler” goşgusynda beýan edilen wakanyň köýünde bolup geçendigini tekrarlap, turanda agzyndan ak köpük saçandygyny tassyklaýar: Turup, Magtymguly gözün açypdyr, Serine ne köýler gelip geçipdir, Hyra ner dek ak köpükler saçypdyr, “Oglan, Alla ýaryň, bargyl” diýdiler. Bu goşgy şeýle başlanýar: Bir gije ýatyrdym tünüň ýarynda, Bir dört atly gelip: «Turgul» diýdiler. «Habarmyz bar saňa pursat jaýynda, Şol ýerde ärler bar, görgül» diýdiler. Soňra şol dört atlyny görüp, Magtymgulynyň kalby joşa gelip, başyna gowga inýär, ine, bir ýerdenem iki diwana gelip, Magtymgulyny duran ýerinden alyp gidýär, bu ýerde Magtymguly diwana sözüni däli manysynda ulananok, umuman, tä giçki orta asyra çenli Hudaýyň yşkynda hem gözleginde bolup, sözüň doly manysynda şu dünýäniň lezzetinden, hatda ogul-gyzyndan geçen adama diwana diýipdirler, ýöne bu diwana sözünde hiç bir erbet many ýokdur. Magtymguly: Şol iki diwana tutdy golumdan, Alyban gitdiler duran ýerimden, Bir yşarat boldy şol wagt ýanymdan: «Saýramda boluban durgul!» diýdiler. diýip, özüniň şol atlylar bilen Saýrama gelşini beýan edýär. Magtymgulynyň bu ruhy ahwalaty görmeginiň maksady özüniň şahyrçylyk zehininiň hakdan berlendigini subut etmekdir. Şonuň üçin akyldar Muhammet pygamberiň baştutanlygynda geçen agyr mejlise Saýramda gatnaşyp, olardan ak pata alýar. Beýik akyldar ylhamynyň hakdan berlendigini subut etmek üçin hak ylhamyna eýe bolan adamlaryň mejlisinden şygrynda ak pata alandygyny esaslandyrýar. Magtymgula ak pata bermegi Muhammet pygamberiň özi şägirtlerine tabşyrýar. Muhammet pygamber Magtymgula ilki hak ylhamy bilen näme maksat tutan bolsa bermegi egindeşlerine tabşyrýar: Resulalla aýdy: «Ýa, Şahymerdan, Eý-ä, Eslim hoja, ýa, Baba Selman, Abu Bekr Syddyk, ýa, Omar, Osman, Bu guluň maksadyn bergil!» diýdiler. Eslim, Baba Selman buýurdy merde, Pyýalany tutup, saldylar derde, Gitdi akyl-huşum, ýatdym şol ýerde, «Arşda-ferşde ne bar, görgül!» diýdiler. Magtymguly ilki bilen hak ylhamy boýunça ylma eýe bolup, “Arşda-ferşde” näme bar bolsa ylmy taýdan akyl ýetirmek ylhamyna eýe bolýar. Magtymguly “Turgul diýdiler” goşgusyny” bolmanda ýigrimi-ýigrimi iki ýaşlarynda, döredijiliginiň kämilleşen döwründe ýazypdyr. Magtymguly “Turgul diýdiler” goşgusynda tassyklamagyna görä: Ýel boldum, ýügürdim ýeriň damarna, Nazarym tokundy Arşyň kemerne, «Jebrut äleminde Jelil syryna – Gelip, özüň garap görgül!» diýdiler Näge hyýal etsem, ele getirdim, Kaýda baksam, oňa nazar ýetirdim, Bu hal ile men parahat ýatyrdym, Ýüzüme tüýkürip: «Tur, gul!» diýdiler. diýip, Muhammet pygamberiň ak pata bermeginde älem-jahana akyl ýetirmek paýhasyna eýe bolýar. Has dogrusy, şahyr “Turgul diýdiler” goşgusynda şol döwürdäki halk ynanjyna görä, hakdan ylham alan şahyrdygyny subut edýär. Magtymguly “Turgul diýdiler” şygrynda özüniň şahyrçylygynyň hak ylhamydygyny il-gününe ykrar etdirýär. Şahyryň “Bir nan getirdi” şygry şu bent bilen başlanýar: Bir gije ýatyrdym, şa Nagyşbendi Keremi joş eýläp, bir nan getirdi, Sag elinde gülgün bada şeraby, Sol elinde täze birýan getirdi. Türkmende nan rysgal-döwletiň gönezligi hasaplanýar. Diýmek, Magtymguly Nagyşbendä nan getirtmek bilen rysgal-döwletiniň onuň sopuçylyk ýoluna baglanandygyny beýan edipdir. Emma şahyr şygyrlarynda Nagyşbendiniň sopuçylyk ýolyna oňyn garaýşyny beýan edenem bolsa, Magtymguly Hak ylhamyndan gözbaş alýan şahyrçylyga ak pata alandygyny şygyrlarynda beýan edipdir. Şahyr “Boldum girýana” şygrynda Hydyrdan, Isadan, Alydan hümmet isländigini, emma olar bilen baglanyşykly garaşmadyk ruhy ahwalatynyň bolup geçendigini beýan edýär. Wakanyň soňunda Magtymguly olardan isleg-myradynyň hasyl bolmagy üçin ak pata alýar: Diýdiler: «Üç kişi bolduk ussadyň, Daýym dessan bolar älemde adyň, Magtymguly, wagtdyr, iste myradyň...», Bu syry akmak açar, ýa bir diwana. Görnüşi ýaly, Pyragy adynyň “älemde dessan boljakdygyny” Hydryň, Isanyň, Alynyň adyndan beýan edýär. Şol döwrüň türkmen jemgyýetçilik aňyna görä, Pyragy adynyň “älemde dessan boljagyny” özüniň aýdanyndan mukaddes şahslaryň aýtmagynyň has ynandyryjy boljagyna oňat düşünipdir. Hydyr, Isa, Aly Magtymgulynyň ussady bolýar. Bilnişi ýaly, Hydryň, Isanyň, Alynyň sopuçylyk taglymaty bilen hiç bir baglanyşygy ýok. Hydyr, Isa-pygamber. Gündogarda Hydyr baky ýaşaýşa eýe bolan pygamber hasaplanýar. Özem ol çöl-beýewanlarda, dagda-düzde adamlary suwsuzlykdan gandyryp, ölümden halas edýär. Isa pygamberem adamlara halasgär bolup gelen hem diri gaýyp bolan pygamber, Magtymgulynyň ussady bolan Hydyr, Isa pygamberem baky ýaşaýşyň simwoly. Aly bolsa ylmyň eýesi bolan şahs. Magtymguly adamlara halasgär, baky ýaşaýşa (Hydyr, Isa), ylma (Aly) eýe bolan üç ärden ak pata alýar. Magtymgulynyň ruhy ahwalatynda özüniň şahyrçylyk zehininiň Hakdandygyny subut edipdir. Şol sebäpli Magtymguly “Gökleň” diýen şygrynda “Sözi agzyma Hak salar” diýip, özüniň gören ruhy ahwalatlarynda ýazyşy ýaly, Hakdan içen şahyrdygyny beýan edýär. Ruhy ahwalaty görüp, özüniň Hakdan içen şahyrdygyny subut etmek däbi Gündogarda gaty ýoň bolupdyr. Gündogar edebiýatynyň görnükli wekilleri Hafyz, Sagdy ýaly şahyrlaryňam şahyrçylyk zehinini ykrar etdirmek üçin gören ruhy ahwalatlaryny çeperçilik bilen beýan edýän şygyrlary bar. Ol şygyrlary mysal getirsek, makalamyz has uly bolar. Şeýlelikde, ruhy ahwalat kämillige ýeten ynsanlaryň ukudaky ýagdaýynda hem özüne akyl-huşy bilen erk edip bilmegidir. Günbatar ýurtlarynda-da kämillige ýeten adamlaryň ruhy ahwalaty başyndan geçirendigi hakynda anyk maglumatlar bar. XIX asyrda ýaşan, dünýä belli rus şahyry Nikolaý Çernyşewskiý kähalat gündiziň günortanam özünden giden ýaly bolup ýatýar eken. Turubam haýsydyr bir eserini ýazýar ekeni ýa öňki ýazan eserini dowam etdiripdir. Nikolaý Çernyşewskiniň döwürdeşi bolan Fýodor Mihaýlowiç Dostoýewskide hem edil şeýle ýagdaý gaýtalanýar eken. Nikolaý Çernyşewskem, Fýodor Dostoýewskem ruhy ahwalaty başyndan geçirende agzyndan ak köpük saçyp, olaryň towlanyp, togalanýan halatlaram az bolmaýar ekeni. Elbetde, bu şahyrlaryň bu ýagdaýyny gören garyndaşlary, dost-ýarlary olardan biynjalyk bolupdyrlar. Emma olar özleriniň bu ýagdaýyndan ünjä galmazlygy ýakynlaryna tabşyrýar ekenler hem şol pursatda nähili hereket edýänem bolsalar özlerini oýarmazlygy çyny bilen haýyş edýär ekenler. Bir gezek Nikolaý Çernyşewskiý doganoglan aýal dogany Lenanyň (Pylinin) “Nikolaý, biz neneň biynjalyk bolmaly, sen agzyňdan ak köpük saçyp, harlap towlanyp, büküşip ýatyrsyň” diýen sowalyna ol täsin şu jogaby beripdir: “Men nähili hereket edýänimi bilemmok, ýöne biynjalyk bolmaň. Men şonda alýan ruhy lezzetimi dünýäni elime berselerem almaryn. Şonuň üçin meni hergiz oýaraýmaň. Siz meni alýan lezzetimden kesip, meniň bedbagtlygyma sebäp bolmagyňyz hem mümkin”. Hatda Muhammet pygamberiň Gurhanyň süreleriniň köpüsini ruhy ahwalaty ýagdaýynda alandygy hakynda maglumatlar bar. Muhammet pygamberem şeýle pursatda özüni oýarmazlygy haýyş edipdir. Ruhy ahwalat baradaky söhbetimizi uzaldybam bilerdik. Ruhy ahwalaty başyndan geçirýän adamlara garaguş agyryly diýlen ýaly töhmetleriň atylan pursatlaram bolupdyr. Ýöne ol adamlaryň ruhy taýdan gaty sagdyn bolup, diňe kämil şahsyýet bolup bilendikleri üçin, ruhy ahwalaty başyndan geçirendilerini aýtmak gerek. Ruhy ahwalat hakyndaky söhbetimizi jemläp, anyk şeýle netijäni aýtmak bolar. Ruhy ahwalat kämillige ýeten adamlaryň huşdaky pikirlerini düýşde dowam etdirip, anyk, oňyn netije alyp bilmegidir. Kämil adamlaryň başyndan geçirýan ruhy ahwalaty adaty adamlaryň görýän düýşüniň bir görnüşidir diýmäge doly esas bar. Ruhy ahwalaty nähili ýagdaýda görülýändigini, ol pursatda maglumatyň nireden alynýandygyny ylym heniz-ä çözmekden ejiz gelýär. Nesip bolsa, indiki makalamyz düýş hem düýş ýorgudy hakynda bolar. Döwletmyrat ÝAZGULYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |