11:50 Dymyp gezip ýörün içim hümledip | |
DYMYP GEZIP ÝÖRÜN IÇIM HÜMLEDIP
Goşgular
![]() Dymyp gezip ýörün içim hümledip, Golumda-da daşy könelşen Şukşin. Belki diýýändirler maňa seredip, Bolup ýörşi gowy-ha däl şu kişiň. Sähralara siňsem, soňam gelmesem, Ýitsem sessiz derýalaryň boýunda. Dost-ýarlaryň hossarlaryň hemmesem, Galmasady agyr derdiň teýinde. Gussa ýüregimi köwüp teşe deý, Soň ruhumy şoň içine gabaplar. Dertler goş ýazdyrdy goşa-goşadan, Gel aýt ol zyndany kimler halapdyr. Bir ýerde özümden uzak ýerlerde, Bir dost bar ýaly-la ahwalym aňýan. Ol bir bilýärmikä bärde gam bilen Dertler eşek bolýar üstümde agnap. Şukşin maňa düşünmeýär bu çakda, Biraz ýukalypdyr aňym-üşügim. Ýöne alyslarda bakylyk hakda, Bilsem diýýän öz kalbymdan düşünip. Sylapberdi MUHAMOW. 02.05.2020 ý. | |
|
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |