09:03 Edebiýatyñ ruhy - halkyñ ruhy -2 / dowamy | |
EDEBIÝATYÑ RUHY - HALKYÑ RUHY-2
Edebiýaty öwreniş
▶ 1. Lirikanyň tebigaty M.Amansähedowyň ylmy pikirlenmesiniň esasy gymmatlygy bir zatda – taglym we edebi-taryhy derňewiň bitewüliginde. Hususanam, ol lirikanyň tebigatyny onuň taryhyny içgin yzarlamak arkaly ýüze çykarýar we onuň tebigatynyň kemala gelşi boýunça taryhyny teswirleýär. Ylymda täze sözi aýtmak üçin meselä öňki garaýyşlary bir ýüpe düzmegiň zerurdygy düşnükli zat. Onda-da dünýä edebiýaty öwreniş ylmy boýunça. Bu babatda, gör, näçe geniler ajaýyp eser döretdiler. Bu ugurdan täze söz aýtmak asla mümkin däl ýaly. Ýöne, Hanguly täze pikir tapypdyr, pikirini subudam edýär. Alymyň birinji kitabynda – «Lirikanyň obrazlar sistemasynda» owalbaşda lirikanyň tebigatyna garaýyşlar jemlenilip, bitewi bir pikir-kesgitleme görnüşinde berilýär. Awtor bu babatda şeýle ýazýar: «Lirika žanrynyň tebigatyny öwrenmäge bagyşlanan işler, esasan, bu žanryň ynsan şatlygyny, söýgüsini, ýigrenjini, hyjuwyny, temperamentini – içki dünýäsini açmaga muwapyklygyny belleýärler». Edebiýat ylmynda žanrlaryň özboluşlylygyny biri-biri bile deňeşdirmek arkaly, olaryň özara tapawudy görnüşinde göz öňüne getirýärler. Ylmy taýdan, megerem, bu zerur hem dogry usuldyr. Ýöne özge edebi žanrlardan anyk deňeşdirmeli mysal getirmän, olary diňe öz içki aňyňda gaýybana göz öňünde tutubam, lirikanyň dürli aýratynlyklary barada gürrüň etse bolarmyka diýýärin. Dünýäde, şol sanda adam aňynda örän çylşyrymly ýaşaýyş prosesi dowam edýär. Ylmy dilde muňa ýaşaýşyň dinamikasy diýilýär. Ähli zat hereketde, çylşyrymly, özgerip-üýtgäp duran, biri-birine geçip duran halda. Onsoň hadysalaryň düýp manysyny kesgitlejek bolup çalyşýan adam paýhasy olary hyýaly, şertli suratda, islese-islemese, biraz durgunlaşdyryp, ýönekeýleşdirip göz öňüne getirmeli bolýar. Şeýdip dinamiki haldaky proses statiki göz öňüne getirmä, çylşyrymlylyk biraz sadalyga, tebigylyk şertlilige, biri-birine öwrülip duran hadysa biri-birinden tapawutlanýan, arada serhet goýýan hadysa öwrülýär. Adam paýhasy janlylyga shemany girizýär. Ýogsa akyl ýetirmek diýilýän işiň bolmagy mümkin däl. Ýöne akyl ýetirişiň kanunalaýyk, durnukly işe – forma giren işe öwrülen wagty zatlaryň hem hadysalaryň tebigatyna düşünmek üçin tapylan şol durnukly göz öňüne getirmeleriň, shemalaryň hut akyl ýetirişde uly kösseklere öwrülmegi adaty hadysadyr. Bu ylmy akyl ýetirişiň paradoksy ýa-da guran gapanyňa özüň düşmegiň bolýar. Hususanam, adam «lirika» diýilýän ruhy hadysanyň belli bir kesgitlemesini berýär. Şol kesgitleme bu hadysanyň belli bir wagtda, belli bir tarapynyň ýüze çykmasyna esaslanýar. Emma ol janly proses ahyryn, ol biziň oýlap beren kesgitlemämizden tapawutlylykda hemişe, ylaýta-da, edebi ösüşiň has işjeňleşen pursatlarynda öz tebigatyny üýtgedip dur. Şeýdip, kesgitleme bile hadysanyň tebigatynyň arasyna şum tapawut düşýär. Şonuň üçinem hakykylyk, dogrulyk nukdaýnazaryndan anyk göz öňüne getirme islendik zady öňli-soňly kesgitlenen däl-de, üýtgäp duran, dürli formadaky hem röwüşlerdäki zat görnüşinde göz öňüne getirmekdir. W.Şklowskiý realizme bir ünsi çekipdi. Munuň özi, zady bütin tebigy çylşyrymlylygynda aňly-düşünjeli doly göz öňüne getirmäge synanyşykdyr. Ýokarky kanunalaýyklyk lirika näme diýen mesele babatda-da hökmürowandyr. Lirikany ruhy ýaşaýşyň dürli kontesktlerine görä, dürlüçe kesgitlemek mümkin. Lirika – iň giň manyda adam ruhunyň bir özboluşly awhalatydyr. Lirika heserlenme, nostalgiýa, durmuşyň poeziýasy ýaly söz düzümleri şol ruhy ahwalat bilen baglanyşyklydyr. Ýaşaýyş gözelligine haýran galmak, dünýä yşkynda hesere düşmek, ömrüň geçip barýanlygyny ýatlap, nostalgiýa ulaşmak adamyň liriki duýgulanmasynyň görnüşleridir ýa pursatlarydyr. Diýmek, giň manyda «lirika» düşünjesi ýa-da onuň sypata öwrülen «liriki» warianty ruhy ýaşaýşyň bir elementi bolup, gözellik-betnyşanlyk, hasrat-gülki, howalalyk ýaly estetiki düşünjeleriň şahs bile baglanyşykly röwüşini aňladýar. Lirika – sungatyň bir elementi. Sungatyň islendik görnüşinde – sazda, žiwopisde, heýkelde ýa başga birinde liriki äheňler hem pursatlar bolýar. Aýdaly, liriki aýdymlar ýa sazlar diýen jümle biziň aňymyz hem gulagymyz öwrenişen düşünjelerdir. Beýik hudožnikleriň suratlaryndaky reňkleriň özboluşly sepleşişi liriki şekilleri kemala getirýär. Aslynda, lirika sözi liradan – gadymy ýunanlaryň saz guralynyň adyndan gelip çykypdyr. Adamyň «jigerine» degýän, onuň ýüreginden ýapyşýan sungat äheňleri liriki äheňlerdir. Lirika – çeper edebiýatyň elementi – edebi žanrdyr. Eýsem, «lirika» düşünjesi näme üçin ala-böle hut şu ýerde öz hususyýetini tapypdyr, ymykly ornaşypdyr? Näme üçin beýleki ugurlardaky ýaly aýyklaýjylyk roluny däl-de, düşünjäniň özüni aňladypdyr?! Sebäbi bu ýerde ahwalat hökmündäki lirika, mazmun bolan lirika öz formasyny – poeziýany tapypdyr. Mazmun bile formanyň şowly sepleşigi täze närsäniň ýüze çykmagyna getirýär. Şol sepleşik söz sungatynyň özboluşly, giden bir dünýä bolan žanryny kemala getiripdir. Lirika – edebi žanryň bir elementidir. Edebiýatda bar bolan epika, proza ýaly žanrlaryň içinde liriki obrazlar, sahypalar az duş gelenok. Bu hadysa ýörite lirizm diýip at hem goýupdyrlar. Hangulynyň özem Ç.Aýtmatowyň proza eserlerinde liriki äheňler barada gürrüň edýär. Turgenowyň, Gogolyň galaba proza eserleri lirika ýugrulan eserler ahyryn! Türkmen edebiýatynda lirik ýazyjy hökmünde Arap Gurbanowyň we Akmyrat Şirowyň atlaryny agzamak mümkin. Edebi eser hakynda aýdylanda «liriki» sözüniň sinonimi hökmünde «şahyrana» sypatlandyrmasy hem ulanylýar. Ruhuň janly ýaşaýşynda şol bir düşünjäniň «giňelip», «daralyp» durandygyna göz ýetirmek bolýar. Ýöne şol hadysa hut edebiýatyň lirika diýen žanrynda özüniň has doly beýanyny, has dokmäde ýaşaýşyny tapýar. Durmuşyň prozasynyň bolşy ýaly, onuň lirikasy hem bolýar. Ýöne durmuşyň hadysasy bolsun, sungatyň ýa edebiýatyň hadysasy bolsun, lirikada esasy aýratynlyk – onuň şahs, subýekt bilen aýrylmaz baglanyşyklylygydyr. Lirika diýmek ähli zady «menleşdirmek» diýmekdir. Hatda daşky dünýäniň, «men» däl zatlaryň suratlandyrylmagy-da bu ýerde «meni» ýüze çykarmagyň serişdesi bolup durýar. Elbetde, bu lirikanyň asylbaşky, içki mümkinçilik aýratynlygy. Emma Hangulynyň öz işlerinde eden bir ylmy açyşy – ol liriki poeziýanyňam obýektiw, daşky dünýäni içkä ýazdyrmazdan, bulary bir-birine ýokdurmazdan suratlandyryp bilýändigini subut edýär. Bu ýerde herhal, lirikalyk ikinji plana geçip, esasan, poeziýa komponenti öňe çykýar. Gurbannazar Ezizowyň aşaky setirleri ýadyma düşýär: Çekdi oglan dag suratyn adama meňzeş. Çekdi oglan bag suratyn adama meňzeş. Uzyn günläp deňiz çekdi, gül çekdi, Hemmesine jan beräýseň adam deý «Ah, ýaşamak hezil!» diýip güljekdi… Otyr oglan, Depderinde ençe ýürek müňzeýär. Günem – Adam. Gülem – Adam. Asyl çeken ähli zady adamlara meňzeýär… Şygryň içinde «adam» sözi bile «ýürek» sözüniň sinonim bolup durandygyna üns berseň, manylydyr. Lirikada bar zat adam hem adam nukdaýnazaryndandyr. Özem adam diýen giň düşünjäniň hut şol tarapy – ýürek bile baglanyşykly aýan bolmasy lirikanyň hadysa hökmündäki özenini emele getirýär. Ýürek bilen baglanyşyklylykda lirikanyň, esasy bäş alamatyny bellemäge ýol açylýar. Hawa, lirika, umuman alanyňda, el bilen tutaýardan has irrasional-logiki pikiriň, hadysalaryň hem zatlaryň ýakasyndan ebşitläp tutaga-da, ine, şu diýip görkezýän pikiriň gysymyňa düşerden has sypjyk zatdyr. Lirikanyň şeýle tebigaty onuň birinji alamat aýratynlygyndan – onda duýgy agdyklygyndan gelip çykýar. Ýürek – duýgular agyly. Şahyryň esasy ýaşaýyş organy – ýürek. Daşky dünýäniň täsirleri gelip ýürege degýär. Ýürek joşýar. Lirika adamyň dünýägaraýşynyň däl-de, dünýäni duýşunyň hadysasydyr. Şahyr dünýäni duýgynyň üsti bilen kabul edýär hem duýgy hökmünde-de suratlandyrýar. Her bir täze goşgy okyjyda täze-täze duýgulary açýar, onuň durmuş mährini ýa awusyny tas endamy bile syzmagyna sebäp bolýar. Çünki ýürek – adamyň ýeke-täk hem ruhy, hem fiziologik organydyr. Saz bilen bilelikde poeziýa, lirika göni ýürege baryp urýan iki sany sungatdyr. Lirikada pikir minimal derejede, hemişe goşmaça planda bolýar. Duýgyňa näçe çalt hem çuň aralaşýan bolsa, lirika şonça-da lirikidir. Dünýäniň predmetleri duýgy organlaryna täsir edýär. Dünýä predmetleriniň ysyny, sesini, tagamyny, reňkini ten duýgulary arkaly kabul edýäris. Kabul edilen informasiýa fiziologik organ hökmündäki ýürekden ruhy organ bolan ýürek-kalba geçip, söz ruhy duýgy bile eýlenip, şygra öwrülýär. Lirika – daşdan gelýän täsiri ten duýgulary derejesindäki tebigylykda saklap bilýän iki sungatyň biridir. Ikinjisi – saz. Lirikanyň ala-böle poeziýa, goşgy şekilinde bolmagy-da onuň hut şol asylbaşky aýratynlygy bile baglanyşyklydyr. Diňe şygyr – ritm, kapyýa ten duýgularyndaky owazy, tagamy, reňki garyndysyz, paýhas ýokundysyny almadyk görnüşde saklap bilýär. Şonuň üçinem hakyky liriki şygyrda bentler, setirler hemişe duýgulardan püre-pürlenip durandyr. Ine, şahyr Nobatguly Rejebowyň «Buýnuz» atly iki bentlik goşgusy. Buýnuz – eýýäm munuň özi türkmen ýüreginde birhili gatylyk, ýylmanaklyk duýgusyny oýarýar. Ýaşajyk sugnuň şahyndan Kälde Şybyk ýasap berdi dolgan ussasy. Gursagyma çilim tüssesi däl-de, Doldy ölüp giden sugnyň gussasy. Ussa myhman gyza ýylmap buýnuzy Ýasap berdi örän ajaýyp tüýdük. Gyz çaldy. Sogaşyk sese bir sugun Tisgindi ýitigi gelendir öýdüp. Şu şygyr duýgynyň, has dogrusy, syzgynyň beren täsiriniň ýürege baryp, pikiriň gatnaşmagy bile dörän ruhy hadysa. Pikir gatnaşmazdan şygyr döreýän bolsa, onda, haýwanlaram poeziýa eserini döretmäge ukyply bolardylar. Ýöne, pikir herhal bu ýerde gatanç hökmünde gelýär. Şygryň irrasional mazmunyny her hili ideýa arkaly ýüze çykarmaga synanyşyp bolar. Ýöne, abstrakt oýlanmak ukyby bile çörek bişirip bolmaýşy ýaly, olaryň hijisem hiç haçan şygryň açýan duýgusyny berip bilmezdiler. Bu mümkin bolanlygynda asyl şahyryň zerurlygam bolmazdy. Adamzat diňe alymlar bile oňňut edip bilerdi. Emma lirika diňe fiziologik däl, eýsem duýgynyň islendik başga hillerini-de açmaga ukyply sungatdyr. Aýdaly, Nobatgulynyň aşakdaky «Ýetim» atlandyrylan şygry ynsanyň sosial-ahlak duýgusyny özünde jem edýär. Damjak bolýan gözýaş ýaly naýynjar, Bir ýigidiň mirasy ol, ýasy ol. Ynjamasyz ýöne ýerdenem ynjar, Dyrnajygy gopan maýa ýaly ol. Ýok, ol aglamaýar, Ýok, ol gülmeýär. Şeýle bir perişan bolsa-da haly. Aglar ýaly diňdirmäge kimsi bar, Kimsi bar gülende buýsanar ýaly. Bu şygryň mazmunyny şahyryň ýetim oglanjygy görendäki başdan geçiren duýgulary tutýar. Şol duýgular bolsa, dürli pikir-sözlem hatary bilen berilýär. Diýmek, lirikada pikiriň funksiýasy duýgulary ýüze çykarmakdyr, liriki duýgulary ýüze çykarmak. Lirikada pikir – duýgynyň ulagydyr, emma ol bu ýerde öz-özlüginde ýaşap bilmez. Pikire öz-özlüginde ýaşamaga mümkinçilik bermeýän zat lirikanyň tebigaty: bu ýerde «men», has dogrusy, «jan» ýeke-täklikdir. Pikiriň «men» bolmagy üçin bolsa, pikiriň döremegi, hususyýete öwrülmegi üçin bolsa ikinji bir «men» gerek. Çünki pikir iki «meniň» aragatnaşyk serişdesidir. Lirika bir «meni» hem dünýäni bilýär. Şonuň bilen baglanyşyklylykda onuň ikinji bir alamaty – pynhanlyk emele gelýär. Lirika intim, pynhan duýgularyň jemidir. Adamlar gaty gadymy döwürlerden başlap şahyrlygy dälilile meňzedipdirler. Çünki şahyr öz-özi bile gürleşip ýör, özi bile gümra. Ol öz içki dünýäsinde ýaşaýar. Lirikanyň özem şol içki, pynhan dünýä. Liriki pynhanlygyň özboluşly özüne çekijiligi hem süýjüligi bar. Adamlar haçan şygra höwesli bolýarlar? Haçan-a olar öz-özleri bile ikiçäk galmak islänlerinde, öz içki dünýälerine gümra bolmak, içki dünýäsiniň pynhanlygynyň mazasyny görmek islänlerinde. Öz-özi bile ikiçäk galmak islemeýän adamlar goşgynyň gadyr-gymmatyny bilmezler. Lirikanyň iň oňat, sap nusgalarynda säher, agşam, güýz, geçmiş äheňleriniň ýörgünlidigi pynhanlyk häsiýeti bilen baglanyşyklydyr. Çola, ýalňyzlykda galyp, adam dünýäniň, adamlaryň gohundan gulagy dynyp, öz içki dünýäsiniň owazlaryny diňlemäge hem eşitmäge mümkinçilik alýar. Magtymguly-ha, köplenç, öz köňli bilen gürrüňleşip aýlanyp ýör. Onuň dünýäsiniň pynhanlygyny üpjün edýän liriki elementler köňül, Hudaý ýa öwlüýäler. Häzirki zaman türkmen şahyrynyň liriki pynhanlygy başga detallaryň üsti bilen amal bolýar. Erbet bor bu baglar geçse deňinden. Bu ýagyşlar seniň üçin ýagmasa. Bagy ikiýana bulanda tupan, Zerur çygy gül ýüzüňe degmese. Gykuwlaşyp geçip gitse deňiňden, Durnalaryň ýyllar kimin hatary. Seni gozgamasa beýik ýaşaýşyň, Çözülen hem çözülmeli mataly. (G.Ezizow.) Pynhanlyk duýgynyň hasam möwç urmagyna sebäp bolýar. Sentimental liriki duýgy çeşme kimin gaýnap joş urýar. Şahyr ýüregi adatdan daşary intensiw işläp, ol hil taýdan täze görnüşe – jigere geçýär. Jiger – pynhanlyk öýi. Jiger – duýgy öýi. Duýgy – adamyň daşky dünýä bilen arabaglanyşygynyň ten derejesindäki iň ilkinji hem tebigy basgançagydyr. Lirikanyň dili – ten duýgularynyň dili. Lirikanyň dili – şahyrana ümlüklerdir. Hiýh! Wa-aý! Wä-äk! A-aý! Oh! Bä! Wiý! – Ine, şygyrlaryň pikir gabygyny aýranyňda, lirikanyň öz dilinde galýan hakykatlar. Poeziýa pikir harpygyndan azat bolanda, şo hili duýgularyň tebigylygyna ýetip bilýär. Pynhanlyk, intimlik şahyrana ýüregiň joşgunyny pöwhelikden hem badyhowalykdan halas edýär. Şahyryň «meni» tebygylygynda, agraslygynda hem terliginde ýüze çykýar. Lirikada çuwal gyzyň kalbyndaky, säheriň gulagyňy şaňladýan ümsümligindäki ýüregiň tämizleýji, ýatlamalardaky melul heserlendiriji pynhanlyk bar. Şonuň üçinem şahyryň baky hemrasy – onuň söýgüsi. Göz ýaşardyjy, ýüregiňi üzüp barýan ýiti duýgulardan dolduryjy pynhanlyk. Lirikanyň galan üç alamaty onuň poeziýalyk häsiýeti bilen has baglanyşykly. Birinjiden, poeziýa sözi gysyp-gysyp, onuň suwuny çykarýar hem-de sözüň duýgy bermek, many aňlatmak ukybyny aňrybaş derejede ýüze çykarýar. Şygyr manyny çugdamlaýar. Oňa şygyr tokga, gunt ýaly bolýar. Çünki ony ýazan şahyr gep tokgalamany, şahyrana sözi çugdamlamany başarýar. Şonuň üçinem şeýle şygryň gözbagçynyň şlýapasyny ýada salýar: lentany näçe çykaryber, ony şlýapanyň içinden çykaryp gutaryp bolmaz. Çyn şygryň içindäki manyny-da, duýgulary-da seçeläp, aýyl-saýyl edip gutaryp bolmaz, soňuna çykyp bolmaz. Poeziýa beýleki žanrlara garanyňda az sözde iň köp many berip bolýan sungatdyr. Emma şuňa esaslanyp, kämahal pylan goşgy tutuş bir romanyň mazmunyny berýär, pylan hili şygryň romanlyk mazmuny bar diýen äheňde gürrüň edýärler. Munuň özi žanrlaryň tebigatyna, olaryň hersinde mazmundyr formanyň mynasybetine gödek düşünilmegidir. Her žanryň diňe özüne görä mazmuny hem laýyk formasy bolýar. Şonuň üçin olar hiç mahalam biri-biriniň ýerini tutup, biri beýlekisine barabar bolup bilmez. Eger şygyrda romanyň mazmunyny berip bolýan bolsa, onda ýazyjy soňkyny ýazybam oturmazdy. Asyl eserleriň gadyr-gymmatyny şeýle göz öňüne getirmegiň özi ýalňyşdyr. Poeziýa sungatynyň gysbylygy liriki mazmunyň öz aýratynlygyndan gelip çykýar. Liriki mazmun maýyşgak, rezin ýaly gysylmaga ukyplydyr. Sebäbi ol duýgudyr. Biri-birine barabarlaşdyryp bolmaýan pikirlerden tapawutlylykda duýgular gatbar-gatbar, gasanak-gasanak bolup, pamyk kibi preslengi ýaşap bilýärler. Asyl epiki mazmuny beýle sykaja salyp biläýmersiň. Emma okalanda alynýan estetiki täsiri, göwnüňi dokundyryşy, kanagatlandyryşy manysynda, aýdaly, şygry romana deňäp bolar, sebäbi çyn şygyr bir romandan aljak lezzetiňi bermäge ukyplydyr. Gysbylyk – dördünji alamat – poeziýanyň özboluşly diliniň barlygy, simwolika hem pelsepe bilen baglanyşyklydyr. Simwol hemişe sözüň özünden has uly zady aňlatmaga ukyplydyr. Simwol şygryň men diýen derejä ýetenini aňladýar. G.Ezizowyň «Iki agaç», N.Rejebowyň «Ot» ýaly şygyrlary simwoldyr. Lirikanyň ýene bir aýratynlygy – şahyrana söz hemişe özüni däl-de, ikinji, üçünji… zatlary aňladýar. Şahyr sözi asyl manysyndan näçe daşlaşdyryp bilýän bolsa, ol şonça-da ussatdyr. Lirika diňe sözüň özüni däl, özgeleri aňlatmaga başlan pursatynda döreýär. Şonuň üçinem men köp aýdýaryn – şahyr bolmak oňat edip, owadan edip fantaziýany – çypdyrmany başarmakdyr. Fantaziýa – täze metaforalary tapmakdyr. Metafora diýmek bolsa, iň umumy manyda ideal düşünje bile real predmetiň utgaşygy diýmekdir. Düşünje bile predmetiň özboluşly utgaşygy düýpli çeperçilik täsirini döredýär. Şonuň üçin, M.Amansähedow hem synçy alym hökmünde «Dogry, lirikada çeperçilik has güýçli» diýip ýazýar. Alymyň sözlerine şertli düşünmek mümkin, çünki hiç bir sungat ýa hiç bir žanr haýsydyr bir beýlekisine garanda has çeper ýa az çeper bolup bilmez, çeperçilik ýazýan, döredýän şahsyýetiň zehinine bagly zat – ol žanryň, formanyň aýratynlygyna bagly zat däl. Ýöne lirika has täsirli, okyjynyň kalbyna bada-bat täsir edýän, tiz ýüze çykýan çeperçilige eýedir. Bu bolsa alymyň nygtap görkezýän ýa-da biziň ýokarda görkezip geçen lirikanyň tebigat aýratynlyklaryndan gelip çykýar. Hangulynyň lirikada göçgünlilik baradaky pikiri juda ähmiýetlidir. «Lirika kähalatlarda soňuny saýylman, ala meýdanda türkmen bedewiniň iki jylawy deňleşdirilişine meňzeýär (Belki, öňünden gorp çykar, ony oýlamaz). Lirika türkmen erkegine meňzeşdir… Lirika begenende gül-gül açylyp, hanymanyny orta goýýan sähraýy türkmendir… Şeýle pursatlardaky hereketlere samsyklyk diýip bolmaz. Göçgünlilik diýip bolar. Göçülse näme diýilmeýär, näme aýdylmaýar». Lirika – göçgünlilik. Şeýle pikirleri diňe şahyr ýürekli, şahyrana kalply, şahsyýeti lirika ýugrulan adam aýdyp biler. Osman ÖDE. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |