12:56 Edebiýatyñ ruhy - halkyñ ruhy -3 / dowamy | |
EDEBIÝATYÑ RUHY - HALKYÑ RUHY-3
Edebiýaty öwreniş
2. Liriki obraz, liriki obrazyň röwüşleri (Alymyň täzelikleri) Hanguly lirikany, derňemegiň täze ýörelgelerini ylymda ýola goýdy. Munuň özi poeziýada, lirikada obrazy derňemek ýörelgesidir. Alymyň ýazyşy ýaly, çeper edebiýatyň derňewini häsiýete – häsiýetiň köpröwüşli alamatlaryny özünde jemleýän obraza gönükdirmeli. Bu hakykat türkmen edebiýaty öwreniş ylmynda edebiýatyň epos, drama, liro-epika ýaly žanrlarynda ulanylsa-da, lirikanyň öwrenilişi babatda bütinleý başga ugur bilen gitdi. Hususanam, türkmen lirikasyny öwrenmekde, köplenç, tematiki derňew agdyklyk edýärdi. Munuň özüçe artykmaçlyklarynyň bardygyna garamazdan, beýle derňew şahyrana şahsyýetiň özboluşlylygyny açmaga mümkinçilik bermedi. Şol sebäpli-de, lirikanyň žanr hökmündäki aýratynlygy bir gapdalda galyberdi. Ylmyň maksady öz derňeýän zadynyň tebigatyny, özboluşlylygyny, onuň beýleki zatlardan tapawudyny açyk görkezmekdir. Ylmyň maksady akyl ýetirmek. Emma tematiki derňew ikinji derejeli zatlarda ünsi egleýär. Şonuň üçinem Hanguly türkmen edebiýaty öwreniş ylmynda ilkinji bolup liriki obrazyň, lirikadaky obrazyň derňewini ylmy usullaryň sistemasy hökmünde berdi. Ol edil dramadaky, prozadaky gahrymanyň çeperçilik aýratynlyklaryna akyl ýetirilişi ýaly, lirikadaky gahrymanyň özboluşlylygyny açyp görkezdi. Bu bolsa iş ýüzünde türkmen lirikasynyň özboluşlylygyny, şahyrlaryň şahyrana dünýäsiniň aýratynlyklaryny görmäge mümkinçilikler açdy. Näme üçin hut obrazy derňewiň merkezinde goýmaly? Çünki obraz sungatda iň esasy zatdyr. Obraz sungatyň baş aýratynlygyny aňladýar. Ol sungatdyr, sungatam dünýäni hut suratlandyrýandygy, suratlarda aňladýanlygy bilen beýleki aň formalaryndan tapawutlanýar. Obrazy ýüze çykaryş serişdeleri hem usullary boýunça-da žanrlar biri-birinden düýpli tapawutlanýarlar. Aýdaly, epiki obraz ruhuň giňişlige ymtylmasy, liriki obraz bolsa ruhuň çuňluga ymtylmasy bilen baglanyşyklydyr. Lirika «menleşmäge», epikadyr drama «senleşmäge» hem «ollaşmaga» ymtylmakdan gelip çykýar. Lirikadaky obrazyň esasynda şahyryň şahsyýeti ýatýar. Ýöne, Hangulynyň görkezişi ýaly, şahyryň içki liriki dünýäsinde liriki obraz birnäçe röwüşlerde ýaşaýar. Olar biri-birinden manysy boýunça, hil taýdan, «menleşiş» derejesi boýunça düýpli tapawutlanýar. Şonuň üçinem liriki obrazy diňe şahyryň özüne syrykdyrmak onuň çylşyrymly liriki dünýäsini ýöntemleşdirmekdir, garyplaşdyrmakdyr. Örän inçe öwüşginlere, dürli gatlaklara hem hususy taraplara baý şahyrana obrazy ýekeje şahsa öwürmek ylma uslyp zat däldir. Bu ylmyň esasy wezipesine – akyl ýetirmek, saýgarmak, köpdürlüligi ýüze çykarmak wezipesine bütinleý ters gelýär. Liriki obrazyň köpröwüşliligini açmakda alym üçin ugur alyş nokady – awtoryň «menidir». Sebäbi Hangulynyň öz ýazyşy ýaly, lirika beýleki žanrlara garanyňda awtoryň özüne – subýektiwlige örän ýakyn. Şol ýakynlygyň derejesine laýyklykda-da lirikadaky obrazlary toparlara bölmek mümkin. Şu ýerde-de alymyň alymlyk güýji äşgär duýulýar. Alymyň güýji düşünjeleri aýyl-saýyl edip bilmekde, olary bir ulgama düzüp, klassifikasiýanyň esaslaryny görkezip bilmekde ýüze çykýar. M.Amansähedow liriki obrazy toparlara bölmegiň esasyny, daýanç nokadyny gaty şowly – lirikanyň tebigatyndan, şahyryň şahsyýetinden ugur alyp kesgitläpdir. Alymyň ýazyp görkezen liriki obraz görnüşleri edebiýat ylmy üçin täzelik bolup durýar. Onuň ilkinji görnüşi hökmünde ol liriki gahrymany tapawutlandyryp görkezýär. Liriki gahryman ýa-da liriki «men» edebiýat ylmynda owaldan ýörgünli düşünje. Emma Hanguly onuň anyk alamatlaryny, aýratynlyklaryny täzeçe kesgitläp bilipdir. Liriki gahrymanyň şahyryň şahsyýeti bilen arabaglanyşygyny hem aratapawudyny anyk göz öňüne getirmek hakyky ylmy pikirlenmäniň häsiýetidir. Bu ikisiniň arasyndaky dialektiki arabaglanyşygyň açylmagy akyl ýetiriş serişdesi bolan logiki pikirlenmäniň ezberliginden habar berýär. Şo hili baglanyşyk hökmünde şygyrdaky duýgy alnyp görkezilýär. Duýgynyň çeşmesi – şahyryň şahsyýeti. Indiwiduallyk häsiýetine eýe bolan duýgy adamzada, döwre mahsus alamatlaryň siňdirilmegi ony şahsdan tapawutlanýan liriki gahrymana öwürýär. Liriki gahryman çeperçilik häsiýeti boýunça duýguçyllygy, şahyranalygy, temperamenti, hyjuwlylygy bilen edebi gahrymanyň beýleki tiplerinden tapawutlanýar. Ýaşaýşa hyjuw, duýgularyň göni setirleriň ýüzüne çykyp durmagy, poetiki sintaksisiň hem-de ritmiň özboluşlylygy netijesinde ýüze çykýan şahyranalyk – ine, liriki gahryman şunuň ýalydyr. Hawa, liriki gahryman diňe mazmunyň hadysasy, mazmun bilen tamamlanýar diýmek birtaraplylyk bolar. Onuň aýratynlygyny alamatlandyrýan tapawutlar hut poeziýanyň forma özboluşlylygy tarapyndan doly ýüze çykarylýar. Şahyrana forma bolmasa, liriki mazmun, liriki «men» ýüze çykyp bilmez. Özem diňe ritmdir şahyrana sintaksis däl, eýsem metaforalar sistemasy-da şahyrana mazmunyň ýüze çykmagyna ýardam edýär. Aslynda metafora – obrazyň ýüze çykyş serişdesidir. Adatça, olar şahyrana obrazy döretmäge gatnaşýarlar. Alym liriki gahrymanyň esasy üç alamaty hökmünde a) duýguçyllygy, hyjuwlylygy; b) onuň «men» diýip formirlenmegini hem-de ç) tipiki bolmalydygyny görkezýär. Soňky iki alamatda edebi obraza mahsus bolan indiwiduallyk hem tipiklik oňat ýüze çykýar. Indiwiduallyk – häsiýetiň formasy, tipiklik bolsa häsiýetiň mazmuny diýip kesgitleýärler. Şu hili göz öňüne getirseň, bular aýry-aýry zatlar ýaly bolup dur. Emma beýle däl, olaryň ikisi-de mazmuna degişli çeperçilik hadysasydyr hem-de şol bir zatdyr. Ýöne, şol bir zatda indiwiduallyk hem tipiklik bar. Durmuşyň özünde tipiki hem tipiki däl, indiwidual birlikli häsiýetler gabat gelýär. Tipiklik, ylaýta-da, lirika babatynda ruhuň belli bir döwrüne hem giňişligine baplyk, häsiýetlilik, mahsuslykdyr. Milletiniň ruhy ösüşi bilen deň gidýän şahyrana şahsyýetde gürrüňsiz tipiklik bolýar. Meselem, Magtymgulynyň liriki gahrymany özüniň indiwidual aýratynlyklaryna – aşa okumyşlygyna, pelsepeçilligine garamazdan, öňde-soňda bolan türkmen häsiýetiniň tipiki aýratynlyklaryny özünde jemleýär. Hut şonuň üçinem, Magtymgula milli şahyr diýilýär. XX asyr türkmen poeziýasynda G. Ezizowyň, K. Gurbannepesowyň, B. Hudaýnazarowyň, N. Rejebowyň liriki gahrymanlary tipikidir. Elbetde, olaryň türkmen milletiniň aýry-aýry gatlaklarynyň duýgularyny has köp, güberçek görkezýänligi bile biri-birinden tapawutlanýan bolmagy mümkin. K.Gurbannepesowyň liriki gahrymany has halky. B.Hudaýnazarowda agras türkmen milliligi bar. G.Ezizowyň liriki gahrymanynda türkmen ruhunda XX asyrda ýüze çykan dünýewilik, tebigylyk duýulýar. N.Rejebowda öňki – XVIII – XIX asyrlardaky türkmenlik bile XX asyryň ruhy ewolýusiýasynyň sintezi mesaňa bildirip dur. Lirikanyň obraz derňewine geçmek – täze ylmy nazarýete geçmek bilen baglanyşykly ýene bir zat aýtmakçy. Islendik usul, goý, ol näçe ylmy, näçe dogry bolsa bolubersin, öz-özünden entek ylmy derňewiň şowlulygyny öňünden kepillendirmeýär. Mysal üçin, biziň edebiýatymyzyň proza ýaly žanrynda obraz bile baglanyşykly derňewler öňem alnyp barylýardy. Emma olaryň hemmesi şowly bolupdy, lirikanyň, poeziýanyň derňewinden öz derejesi hem netijeliligi boýunça hemişe ýokarda bolupdy diýip kim aýdyp biler?! Hiç kim! Sebäbi şeýle «derňewleriň» eseriň sýužetli mazmunyny, goý, has logiki, has ylmy terzde gürrüň bermekden, obrazlaryň analizi diýip esere gatnaşýan gahrymany häsiýetlendirmekden, onuň häsiýetini gürrüň bermekden başga hiç zat bolmandygyny biz bilýäris ahyryn! Şonuň üçinem, täze usulyýet, elbetde, ylmyň ösüşinde uly zatdyr, ýöne gep ahyrky netijede ony işe girizýän, iş ýüzünde ulanýan derňewçiniň intellektual zehininde bolup durýar. Terjimehal gahryman. Hangulynyň lirikanyň obrazlar sistemasynda aýratyn tapawutlandyryp görkezen ýene bir liriki obrazy terjimehal gahrymandyr. Şeýle ylmy düşünjäniň zerurlygyny ol edebiýatyň sap praktiki aladalary bilen düşündirýär. Ol terjimehal gahryman bilen liriki gahrymanyň gatyşdyrylmagynyň nähili bulaşyklar döredýändiginiň mysalyny Magtymgulynyň, hususan-da beýik şahyryň sosial durmuşyny we Meňli bilen gatşanykly meselesinde görüp geçýär. Terjimejal gahryman – şahyryň dokumental häsiýetli biografik şahsyýeti. Eger okyjy ýa edebiýatçy liriki gahrymanyň, ýagny şahyryň öz goşgularynda tipleşdiren duýgularynyň, pikirleriniň eýesi bolan, diýmek, islendik tipiki adam bile bir şahs edip boljak gahrymanyň obrazyny dokumental şahs bilen tapawutlandyryp bilmese, onda şahyryň biografiýasynyň gödek ýalňyşlyklar bilen doldurylmagy mümkin. Terjimehal gahrymany bolan liriki eserde şahyryň hut öz ömrüne degişli maglumat getirilýär. Şolam ondaky gahrymanyň liriki gahryman däl-de, şahyryň özüdiginiň subutnamasy bolup durýar. Şu hili tapawutlandyryş usulyny alym Magtymguly, Kemine ýaly şahyrlaryň eserlerindäki ýokarky iki gahrymanyň arasynda çäk goýmak işinde ulanýar. Liriki portret. Hangulynyň lirikanyň sistemasyndaky ýene bir obraz bolan liriki portret baradaky pikirleri juda esasly görünýär. Şeýle açyşlary etmäge ukyply alym mende guwanç duýgusyny döredýär. Özüne mahsus bolşy ýaly, ol bu anyk meselänem hertaraplaýyn ilik-düwme etmegiň hötdesinden gelýär. Ol şeýle ýazýar: «Hatda edebiýaty öwreniş ylmynyň sözlüklerinde-de, ensiklopediýalarynda-da liriki portrete aýratyn düşündiriş ýok. Ýöne weli, biziň pikirimizçe, lirikanyň örüsinde, döredijilik meýdanynda gahryman ýaşaýar». Soňky sözleme üns beriň. Onda awtoryň pikirleniş manerasy bar. Ol lirikany ýaşaýyş, janly bir hadysa hökmünde derňeýär. Ylmy pikirlenme bilen obrazly, şahyrana pikirlenmäniň utgaşygy gowy netijelere alyp barýar. Teoretiki pikirlenme, teoriýa edebiýat durmuşynyň praktiki meselelerini çözmäge mümkinçilik berýär. Şu işi okamazdan owal men Gurbannazar Ezizowyň liriki dünýäsinde nähilidir birhili häsiýet köpdürlüliginiň bardygyny duýýardym. Emma lirika öňki garaýyşlaryň çäginde bolansoň, ol kalba ýakymly hadysany aňly-başly göz öňüne getirip bilmeýärdim. Ine, Hanguly liriki portret, onda-da tipleşdirilen liriki portret düşünjesini girizdi-de, Gurbannazaryň degişli aýratynlygyndan meniň kalbymda döreýän täsirleriň düýp manysyny düşündirdi oturyberdi. Alym Gurbannazar şahyryň poeziýasyndaky dürli liriki portretleriň özboluşlylygyny, olarda duýgynyň, häsiýetiň hem predmetiň mynasybetini şeýle bir açyp görkezýär, ýöne «aperin» diýesiň gelip dur. Hangulynyň Ezizowyň poeziýasy baradaky pikirleri, derňewleri şol poeziýanyň edil öz intellektual derejesindäki ylmy hadysadyr. Gurbannazaryň degişli goşgularynyň aýratynlygy arkaly poeziýamyza psihologizm, edebi tip ýaly örän uly çeperçilik täzelikler gelipdir. Ine, Ezizowyň hyzmatlary baradaky esasly, delilli gürrüňiň bir ujy. Eger Gurbannazar Ezizow çeper mazmunynda tipiklik agdyk bolan çeper portretleri poeziýamyza getiren bolsa, Nobatguly şahyr tüýs romantiki, mazmunynda indiwiduallyk agdyklyk edýän çeper portretleriň birgiden galereýasyny döretdi. Ylaýta-da, şahyryň söýgi hem filosofik lirikasynda şeýle portretleriň dürli-dürlüsini görmek bolýar. Romantiki portretiň esasy aýratynlygy onda şahyr predmetiň üsti bilen düşünjäni, duýgyny, täsiri berýär. Duýgy bu ýerde predmetiň üstüni basýar, ony «ýuwudýar», gömýär. Lal biçäre seni görse dil açar, Dilli lal bor: owadan sen, owadan. Saçlaryň goýberseň çeşme deý akar, Göwherden jyga ol Başa orasaň… A sen edil sesiň ýaly eýjejik, Howamyň sen, owazmyň sen, nurmuň sen? Otdan alyp, suwa salyp, keýp edip, Saçlaryň deý towlanjyrap dursuň sen!.. Nähili ajaýyp romantiki portret! Sebäbi munda indiwiduallyk hem duýgy birinji orunda durýar. Şahyr üçin esasy zat durmuşdaky häsiýetiň ýa keşbiň tipikligini açmak däl-de, eýsem şol durmuş materialyny öz içki duýgularyny predmetleşdirmegiň, olary açmagyň serişdesine öwürmek. Şar gara gijäni – Şar gara saçlaryn atynan gelin. Pyşyrdy… Pygşyldy… Gelýär ak şekil, Ýanyp gelýär, Zat ýok ony deňäre. Derýa girip giden asmanyň Aýy Gelne siňip çykyp gelýär kenara… Lirikada portret, esasan, metaforalaryň üsti bilen amal edilýär. Şonuň üçinem ol göçme manyda bolýar. Şol gara gijäni atynan – diýmek, çuw-ýalaňaç bolýar-da. Şo hili detallardan romantiki portretiň bölekleri, süňňi kemala gelýär. Ýokarky bentleriň ilkinjisinde gyzyň saçy hem çeşme, hem jyga, täç bolup görünýär. Şu-da gözeliň gözellik portretiniň esasy elementidir. Nobatgulynyň şygyrlaryndaky şol portretiň ýene çeşmeden bil, ak gardan beden ýaly elementleri bar. Garaz, Nobatguly türkmen poeziýasyna ähmiýeti boýunça örän uly, manysy boýunça çuňňur liriki portretleri getirdi. Dünýä, Garagum, Deňiz, Magşuk, Türkmenistan ýaly liriki portretleriň anyk derňewleri bu şahyryň liriki obrazyň degişli görnüşini türkmen poeziýasynda täze bir belentlige galdyrandygyny aýan edip biler. Olarda poeziýanyň spesifiki dilini döredýän birgiden troplar toplumy bar. Şolaryň jeminden bolsa, Nobatgulynyň täsin, özboluşly türkmen romantizmi döreýär. Ylymda edilen açyş hil täzeliginden kemala gelýär. Hil täzeligi bolsa ýöne bir maglumatlary toplamak, olary teswirlemek däl-de, ylmy pikirlenişiň tebigatyna laýyklykda zatlary hem hadysalary hil taýdan başgaça göz öňüne getirmekdir. Roldaky gahryman. Hangulynyň lirika babatdaky derňewleriniň ýene bir täzeligi – ol «roldaky gahryman» diýen täze termini ylmy dolanyşyga girizdi. «Şahyr edil ýazyjy, dramaturg ýaly, başga biriniň rolunda çykyş edýär. Ol başganyň adyndan gürläp, ýazyjy, dramaturg ýaly (dogry, lirikanyň mümkinçiligine görä) başganyň liriki obrazyny döredýär. Biz muňa şahyryň başganyň rolunda çykyş edýänligi üçin-de, häzirlikçe, şertli roldaky gahryman diýip at bermekçi. Şeýle şygyrlar dünýä lirikasynyň, şol sanda türkmen lirikasynyň häsiýetinde, mazmunynda, formasynda, özbaşdak ýaşap bilmek ukybynda, mümkinçiliginde gabat gelýär». Hawa, diýseň-diýmeseň, şahyrana ýürek çyn alym üçin juda zerur zat. Çünki bu onuň akyl ýetiriş ukyplaryny ýiteldýär, zehinini açýar. Şu getirilen mysal hem şoňa şaýat. Ol lirikanyň ýaşaýyş usullaryny görýär, duýýar. Roldaky gahryman. Lirika oýun hökmünde. Şahyr aktýor hökmünde. Beýle jümleler kalbyňa täze duýgulary getirýär. Lirika sungatyna entek hiç kim beýle nukdaýnazardan seretmändi. Dogry, W.Belinskiý Puşkiniň döredijilik pafosyny artistizm diýip kesgitleýär, ýöne bu bütinleý başga zat barada düýbünden özge bir manyda aýdylypdy. Belki, täzeligi üçindir, jümle baharyň şemaly ýaly içki dünýäde terligi oýarýar. Öňler şahyryň dünýäsini düzümi taýdan baky kesgitlenen, hil taýdan üýtgewsiz, durgun bir zat hökmünde göz öňüne getirerdik. Asyl gaty bir beýle däl eken. Aýratyn alnan şahyryň döreden roldaky gahrymanlaryny ýörite göz öňünden geçirip, men şeýle bir netijä geldim: roldaky gahrymanlaryň köpdürlüliginde şahyryň lirikasyna mahsus ähli äheň köpdürlüligi jemlenýän eken. Diýmek, obrazly aýdanyňda, deňziň damjasynda deňze mahsus ähli himiki elementleriň jemlenişi ýaly, roldaky gahrymanlaryň tiplerinde şahyr döredijiliginiň köpgyraňlylygy hem-de häsiýet köpdürlüligi jemlenýär. Roldaky gahryman döredijilik psihologiýasynyň täsin hadysasy bolup biler. Rola girýän mahalynda şahyryň başdan geçirýän duýgulary hiç kimi biparh goýmasa gerek. Onsoň aktýoryň ussatlygyna baha beriş bile şahyryň ussatlygyna baha berşiň kriterileri bu ýerde umumylyga öwrülýär. Ýajyzy bolsa ýene ýagşy, özüni gahrymanlaryň ornunda goýmaga psihologik taýdan öwrenişen, häsiýet köpdürlüligini döredip gören adam. Emma biz lirigiň içimtap, öz-özi bile ýaşaýan adamdygy baradaky ýörgünli pikir bile özümiz bilmezden öwrenişip gidipdiris. Alymyň degişli düşünje boýunça ýöreden pikirlerinden soň Nobatgulynyň goşgusyny okap, şeýle oýlara gümra bolupdyryn. Nobatgulynyň şahyr dünýäsi, şähyr şahsyýetiniň özboluşlylygy barada ýazan şeýle pikiri-kesgitlemesi bar: … Şahyrlaň baky Duýgusyndan ejiz gelýändir akly, Duýgy diýmek – ýaşlyk, onda şahyrlar Hemişe ýaşlykda galmaga hakly. Munda şahyryň hem onuň döredýän özboluşly, awtonom dünýäsi bolan poeziýanyň hil aýratynlygy belli bolýar. Poeziýa – dünýägaraýşyň däl, dünýäni duýşuň hadysasydyr. Poeziýa daşky dünýä duýgular arkaly ýetmegiň hem ony duýgularyň, syzgylaryň berýän informasiýasy arkaly, şol esasynda suratlandyrmagyň sungatydyr. Şonuň üçinem bu sungat özüniň aşa inçeligi, näzikligi, çala gödegräk, sähel «akyllyrak» çemeleşilse ýoýulmaga meýilliligi bilen beýleki sungat formalaryndan tapawutlanýar. Poeziýada türkmeniň ulugyzynyň göwnüniň näzikligi, gyşyn-ýazyn başyndaky ak garlary eremeýän daglaryň garynyň el degmedikligi bar. Poeziýa – adam göwnüniň hadysasy. Adam duýgusy, göwni, ýüregi bilen baglanyşyklylygy bilenem poeziýa özge sungatlardan tapawutlanýar. Sungat – dünýäni obrazlaryň üsti bilen açýan aň formasy. Özge sungatlardan, şol sanda edebi formalardan poeziýa öz obrazynyň materialy boýunça tapawutlanýar. Poeziýa materialy duýgudyr. Liriki obraz özünde duýgyny göterýän obraz. Meniň H.Amansähedowyň «Lirikada obrazlar sistemasy» diýen ylmy kitabyny okap, ýokarky gürrüňini etmegimiň özüne etiksi sebäpleri bar. Alym lirikadaky obrazlar sistemasyny obrazyň diňe bir görnüşi aspektinde göz öňüne getirýär. Ol kitabynyň 149-njy sahypasynda «obraz-häsiýet, tip…» diýip ýazýar. Obraz onuň düşünişiçe, bitewi adam häsiýetini aňladýar. Munuň özi obrazyň dürli şahyrana, liriki görnüşi bilen prozaiki, drama görnüşiniň arasyndaky tapawutlary ýoga çykarýar. Emma liriki obraz bilen edebi obrazyň beýleki görnüşiniň arasyndaky tapawut – munuň özi duýgy bilen pikiriň ýa-da duýgudyr pikir sinteziniň arasyndaky tapawutdyr. Şol düýpli tapawutdanam bu žanrlaryň göwrüm aýratynlyklary gelip çykýar. Poeziýa diýlen zat hakykatda ýok, edil şonuň ýaly, Proza diýen zadam ýok. Bularyň bary biziň baha beriji, kesgitleýji akylymyzyň umumylaşdyryjy, howaýylaşdyryjy işidir. Hakykat ýüzünde goşgy bar, şonuň ýaly-da powest, roman, hekaýa… bar. Olaryň biri-birinden düýpli tapawudy-da olar üçin esas bolýan mazmunyň aýratynlygyndan gelip çykýar. Goşgy – göwrümi taýdan has kiçi bolýar, bölekleýinligiň hem şol bölekleýinlik içre bitewüligiň hadysasy bolup durýar. Çünki ol, köplenç, bir pursatlyk duýgy täsirini, şahyr kalbynda daşky hadysalaryň bir pursatlyk döreden reaksiýasyny özünde jemleýär. Şoňa baglylykda bu ýerde tebigaty boýunça özboluşly obrazlar bar. Ol obrazlar duýgyny suratlandyrýar, duýgy bolsa özüniň wagt, giňişlik taýdan çäkliligi sebäpli, köplenç, obrazyň kiçi derejesinde – troplar sistemasynda – metaforada, deňeşdirmede, epitetde we şuňa meňzeşlerde saklanyp galýar. Şu ýerdenem poeziýanyň dili diýilýän hadysa kemala gelýär. Magtymgulynyň «Gözlemeýin bolarmy» elegiýasynyň özeninde adamyň aýralyk duýgusy ýatyr. Şol aýralyga duçar bolan adamyň duýgusy dürli haýwan obrazlarynyň üsti bilen açylýar. Ara düşen ölüm zerarly perzendini ýitiren adamyň ruhy ahwalaty kürresini ýitiren eşegiň, köşegini aldyran maýanyň, owlagyny aldyran jereniň we ş.m.-leriň obrazynda berilýär. Şoniň üçinem şygryň leksiki düzüminde «aldyrmak» sözüniň aýratyn, sistematiki orun tutýandygy tebigy zatdyr. Aldyrmak – aýrylmal, aýrylmak – aýralyk. Eseriň mazmunyny aýralygyň yzaly duýgusy amal edýär. Bu ýerde aldyran ýa alnan adamyň göze doly obrazy eseriň söz düşeginde örki bar bolan suratdyr. Eseri okanyňda nähilidir birhili keşp göz öňüne gelmän hem duranok, emma bu obraz derejesine ýetmedik salgymdyr. Beýle salgymlary adam elinden hem aňyndan çykan islendik predmetde, mysal üçin, otluçöp gabynda-da görüp bolar. Adam bile baglanyşykly islendik faktyň aňyrsynda adam salgymy bar, çünki ol fakt adam aňynyň ýa eliniň yzydyr. Edebi obraz tebigaty hem ýüze çykyşy boýunça bütinleý başga, has çuňňur derejedäki hadysadyr. Şeýlelikde, liriki obraz – poeziýanyň dilinde örklenen duýgy obrazydyr. Lirikanyň düýp aýratynlyklary poeziýanyň şahyrana dili derejesinde ýüze çykýar. Mysal üçin, şahyr Gurbannazar Ezizowyň lirikasynda «ýaprak» obrazy, N.Rejebowyň döredijiliginde «deňiz» obrazy ýa-da Magtymgulynyň döredijiliginde «aýralyk» obrazy hut şo hili liriki obrazlar bolup durýar. Lirikadaky obrazlar sistemasy diýlende-de, edil şahyrana dil derejesindäki şol obrazlaryň özara içki baglanyşyklary bolan, çeperçilik manysynda baglanyşyklary bolan sistemasy göz öňünde tutulmalydyr. Adam häsiýeti şekilindäki obraz, megerem, edebiýatyň tebigaty boýunça başgarak žanrlarynda – prozada ýa-da dramada has tebigydyr. Çünki ol ýerde ýazyjynyň duýgy-pikiri onuň guran sýužetleriniň hem konfliktleriniň üsti bilen adam häsiýetlerini açýar. Olar obýekte gönükdirilen çeper pikiri açýarlar. Biziň edebiýaty öwreniş ylmymyzda «obrazly aňladyş serişdeleri», «çeper diliň serişdeleri» ýaly aňlatmalar ornaşan. Emma bularyň göz öňünde tutýan zady serişde däldir. Bular minimal derejedäki şahyrana liriki obrazlaryň özüdir. Adamyň eli-aýagy, ýüregi adamyň ýaşaýyş serişdesi däl-de, onuň özüdir, «adam» diýilýän düşünjäniň mazmunyny düzýän organlardyr. Edil liriki obrazlaryň arasynda-da şo hili berk baglanyşyk bar. Çünki islendik obraz – dünýäni aňlamagyň hem suratlandyrmagyň bir täridir. Elbetde, şu nukdaýnazardan lirikadaky obrazlaryň hil taýdan başga bir sistemasyny hem ýazyp görkezip bolar. Munuň özi awtoportret, liriki portret, tebigat portreti, edebi rol bolup biler. Emma liriki «men» häzirki ulanýan manymyzda liriki obraz, asla hiç hili obraz däldir. Ol lirikada şahyr şahsyýetiniň ýa-da, umuman, adam şahsyýetiniň ýüze çykyşydyr. Megerem, şonuň üçin Tomaşewskiý liriki gahrymana «edebiýat ylmyndaky salgym» diýip at berendir. Biziň pikirimizçe, lirikada liriki gahryman ýok, oňa derek şahyryň ýa-da haýsydyr bir ynsanyň awtoportreti bar. Lirikanyň tematiki derňewem, häsiýet taýdan derňewem bu çeperçilik hadysasynyň tebigatyny açmakda uly zat berip bilmez. Lirikany şahyrana dil hökmünde derňemek has göwnejaý bolup görünýär. Çünki şeýle edilende şahyryň dünýäni duýşunyň aýratynlygy, söz oýnadyşynyň, sözi obraza öwrüşiniň özboluşlylygy aýan bolýar. Munuň özi lirikanyň baş çeperçilik tebigatynyň – subýektiwliginiň açylmagydyr, şahyryň içiniň daşyna çöwrülmegidir. Çeper esere düşünmek meselesinde munuň özi onuň «içine girmek» mümkinçiligini açýar. Şahyryň şahyrana, liriki dünýäsiniň içine girýärsiň, bu ýerde dagam bar, çölem, deňzem bar, tokaýam bar, palta-da, odam, garaz, islendik predmetem bar, emma olar hersi özüniň metaforiki ýa simwoliki bolan çeper manysy boýunça hem-de biri-birine özboluşly, diňe şu şahyra mahsus baglanyşyklary boýunça, dogrudanam, özboluşly, özge ýerde duşmaýan bir dünýäni kemala getirýärler. Hut şonuň üçinem, olar sözüň hakyky manysynda liriki obrazlar sistemasy bolup durýarlar. Olary okanyňda, okyjynyň kalbynda dürli assosiasiýalary döredýär. «Şahyrana şahsyýet» düşünjesinde ahlaky manyly hadysa bilen çeperçilik tebigaty, estetiki manysy bolan hadysanyň mehaniki jemi bar. Edebiýat taryhynda öwrenilýän «şahyrlaryň» lriki gahrymanynyň şahsyýet derejesine ýeteni bar, emma olaryň eserlerinde şahyranalyk, ýagny adamyň estetiki duýgusyna täsir etmek ukyby galmandyr. Şu nukdaýnazardan Hangulynyň edebiýaty öwreniş ylmyna girizen termini – şahyrana şahsyýet näme? Şahyrana şahsyýet – lirikada öz poetiki dilini döredip bilen şahyrdyr. Diýmek, biz meselä ahlak, ideýa, häsiýet tarapdan däl-de, çeperçilik tarapdan barýarys. Kimiň döredijiligi poetiki obrazlar manysyndaky obrazlar sistemasyny alamatlandyrýan bolsa, şolam şahyrana şahsyýet derejesine ýetendir. Eýsem XX asyr türkmen lirikasynda şonuň hötdesinden gelen şahyrlar känmi?! Elbetde, juda az, barmak basyp sanaýmaly diýleni. Şahyrana şahsyýet diýen düşünjäni girizmek bilen M.Amansähedow ylma uly zat getirdi. Ýöne munuň özi diňe deslapky ädimdir. Entek aýry-aýry şahyrlaryň döredijiligini şu terminiň üsti bilen açmaga, giňişleýin açmaga synanyşmaly. Munuň edebi stil, döredijilik manerasy ýaly öňden ulanylyp gelýän ylmy düşünjeleriň aratapawudyny hem olar bilen baglanyşygyny kesgitlemeli. Diýmek, onuň ýaşaýşy, ylymdaky terjimehaly indi başlanmaly. Ylmy düşünjäniň hakykylygynyň iň oňat görkezijisi – onuň üsnüksiz iş prosesinde ýaşamagydyr. Ylmy düşünjäniň ýaşamagynyň esasy şetleriniň biri bolsa, onuň öňden gelýän düşünjeleriň sistemasyna tebigy suratda girip, olaryň ornuna geçip bilmegidir. Diýmek, ol özi bilen ikinji derejeli, komponent bolup durýan düşünjeleri hem-de şol düşünjeleriň sistematiki baglanyşyklaryny-da getirmeli. Şu nukdaýnazardan, liriki gahryman şahyrana şahsyýetiň komponenti bolup durýar. Liriki gahryman bu sistemada aýratyn orny eýeleýär. Ol şahyr şahsyýeti bilen şahyrana şahsyýeti birleşdiriji halkadyr. Liriki gahryman – edebi hadysa. Hut şonuň üsti bilen real durmuşyň edebiýatdan tapawudyny düşündirip boljak. Ýöne ol edebi hadysany aňlatmak üçin ýöne bir tehniki termindir. Biziňçe, liriki gahryman – şahyr şahsyýetiniň bir ýüze çykyşydyr. Ýöne şahyr däl adamlaryňam şahsyýetiniň psihologik köpgyraňlylygyny bilýäris ahyryn. Mysal üçin, adamyň häsiýetiniň ýagdaýa görä otnositel üýtgäp durmagy, ikigöwünlilik, gapma-garşy häsiýetlilik. Türkmençe muňa ýelesine-ygyna düşünip bolmaýan adam diýilýär. Şahyryň bolsa şahsyýet meselesinde hasam çylşyrymlydygyny, özünde döredijilik potensiýalaryny saklaýan adamyň bu meselede has çuňňurdygyny aýtmak gerek. Çyn şahyr, bir tarapdan, hameleondyr. Ol öz ýüreginde özgeleriň (hatda kämahal öz naturasyna kän bir gabat gelmeýän) sypatlarynam göterip bilýär. Döredijilik işjeňligi üçin agyp-dönmek, adam ruhunyň dürli taraplaryna hem öwüşginlerine geçmegi başarmak häsiýetlidir. Şonuň üçinem şahyrana şahsyýet problemasy işlenilende döredijilik psihologiýasynyň inçe kanunlaryndan habarly bolunsa, iş has öndümli bolar diýip pikir edýärin. Şahyrana şahsyýet şahyr şahsyýetiniň köpöwüşginliligini hem köpowazlylygyny alamatlandyrmaly diýip düşünýärin. Iň esasy-da, şahyryň «meniniň» bütin janlylygyny özüne siňdirmeli. Şahsyýetiň originallygy hem janlylygy şahyryň talantynyň ölçegi bolup durýar. Liriki talant – özüni doly hem janly, gaýtalanmaz röwüşde açyp bilýän talantdyr. Onsoň onuň içki dünýäsinde haýsydyr bir sypatyň jemgyýetçilik pikiri tarapyndan oňlanylmagy-oňlanylmazlygy, ýakymly ýa-da ýakymsyz bolmagy onuň eserleriniň estetikasyny kesgitläp bilmeýär. Şahyr üçin esasy zat öz ýüregine gelen tebigy duýgulary kör galdyrmazlykdyr, olara ikilik etmezlikdir. Şahyr şahsyýeti bilen şahyrana şahsyýetiň arasyndaky gatnaşyk hakda entek köp gürrüň ediler. Şahyryň şahsyýeti – durmuşyň, şahyrana şahsyýet – ylhamyň önümi. Döredijiligiň ahlak kanunlary bolup biler, emma döretmegiň, obraza geçirmegiň diňe çeperçilik kanunlary bar. Şahyrana şahsyýet – sap çeperçilik düşünjesidir. Şonuň üçinem ol häsiýet problemasy däl-de, obraz dörediş, dünýäni obraza salyş meselesidir. Diýmek, şahyrana şahsyýet – lirikada öz obrazlar sistemaňy döretmek. Obrazlar sistemasy – şahyryň döredijiligine häsiýetli çeperçilik aýratynlykdyr. Lirikanyň çeper häsiýetliligi – onuň içindäki sözleriň aňrybaş manylylygy, özbaşdak ýaşap bilýänligi hem şol bir wagtda tutuş eseriň bölegi bolup durýanlygy, sözüň simwolikiliginiň aňrybaş uniwersalizmi, duýgularyň gaýtalanmazlygy hem her bir adama mahsuslygy, şygryň özbaşdaklygy hem döredijiligiň içindäki özge şygyrlar bilen organiki baglanyşyklylygy. Şu hili käbir aýratynlyklar poetiki, liriki sözüň özboluşly tebigatyny kemala getirýär. Sözüň şol aýratynlyklary şahyrda özboluşly reňk hem röwüş alyp bilse, munuň özi şahyrana şahsyýetiň döränligidir. Şahyryň gymmaty onuň şahyrlygyndadyr. Onuň prozaçydan, dramaturgdan, edebiýatçydan, ýene birinden özeni boýunça tapawutlanýanlygyndadyr. Başgaça aýdanyňda, şahyr – prozada ýa-da dramada aýdyp bolmaýan närseleri aýtmagy başarýan şahsyýetdir. Emma adam häsiýetini bolsa özge žanrlarda has oňat, köptaraplaýyn açyp bolýar. Lirika özge kysymlardanmy ýa žanrlardanmy – bilemok, şolardan predmeti boýunça-da, tilsimaty boýunça-da, şu ikisiniň jemi hökmünde bolsa tebigaty boýunça-da düýpli tapawutlanýar. Lirikanyň nyşanasy – jiger, ýaragy – duýgy, şonuň üçin tebigaty şahyranalyk bolup durýar. Elbetde, biz köp pikirleri şertli manyda aýdýarys. Aýdaly, lirikanyň nyşanasy diýlende, birhili şahyr eserlerini öňünden kesgitlenen maksat-maksatnamaly döredýän ýaly bolup görünýär. Emma şahyrlygyň manysy – tebigaty başgaça. Şygyr öz-özünden, duýgyň dolup-daşmasyndan, syzgynyň agyp-dönmesinden döreýär. Edil baharda gülleriň açylyşy ýaly. Näme üçin, haýsy maksat bilen açylýar, edilýär, ýazylýar diýip soramak nälaýyklykdyr. Adamyň ýöne tebigaty şeýle. Göçgünlilik adam organizminiň häsiýetidir, şahyrlyk hem göçgünliligiň ruhy ýüze çykmasy hökmünde adam ruhunyň häsiýetidir hem ukybydyr. «Näme üçin doguldyň?» diýmek gülkünçlikdir. «Näme üçin ýaşaýaň?» diýen soragy weli adamyň öňünde goýmak paýhasa laýyklyk bolup görünýär. Şol adamyň deregine lirikany göz öňüne getiräýiň. Gözelligiň, ýagny poeziýanyň manysy hem funksiýasy hakda beýik rus ýazyjysy F.M.Dostoýewskiý şeýle diýýär: «Iskusstwo ýest takaýa že potrebnost dlýa çeloweka, kak ýest i pit. Potrebnost krasoty i tworçestwa, woploşaýuşego ýeýe – nerazluçno s çelowekom, i bez neýe çelowek, možet byt, ne zahotel by žit na swete». Bu zatlary näme üçin ýatlaýaryn? Ýeke maksat bilen: lirikanyň tebigatyny mümkingadar doly açyp görkezmek üçin. Lirika tebigy bolmalydyr, lirikada howaýy abstraksiýa ýakyn bolan pikir näçe az bolsa, ol şonça-da lirikadyr. Adamyň aňynyň hem eliniň hünäri bolan owadan binalar hem tebigatyň bir bölegi, çünki ony döredýän adamyň özi – tebigatyň bir bölegi. Emma şonda-da lirika baharda açylýan gyzyl güllere (bina däl-de) tebigylygy boýunça şolara ýakynlaşyp bilse, ol, biziňçe, has hakyky lirika bolardy. Şahyrana şahsyýet meselesine gelenimizde, biziň onuň güýji, özboluşlylygy sözüň obraza öwrülişiniň, söze reňk bermegiň originallygynda ýüze çykýar diýen pikirimiz hem, umuman, şertlidir. Adam pikirlenişiň özüçe tärini tapaýanda-da, kämahal, hatda çendanlar köplenjem öňki pikirleniş endiklerine görä, öz «özüçeliginiň» tersine gidip, ýalňyş sözlegiç bolýar. Munuň özi belli bir derejede mejbury obýektiwlikdir hem. Mysal üçin, biz «gün dogdy» ýa-da «gün ýaşdy» diýip gepleýäris. Hawa, ylmy garaýyşlarymyz boýunça indi näçe ýyl bäri «günüň dogmaýandygynam, ýaşmaýan – gizlenmeýändiginem» ýeriň Güne babatdaky başga hereketleriniň bardygyny bilýäris. Şonda-da pikirlenişiň öňki kanunlary bizi «aldamaga» – «aldanmaga» mejbur edýär. Täze ylmy garaýyşlar entek adamzadyň täze ruhy diline öwrülip bilenok. Munuň üçin, megerem, müňlerçe ýyllar gerekdir. Edil şonuň ýaly, aýdaýýarysam weli, aslynda şahyr söze reňk berenok. Ýok, ol öň hiç kimde bolmadyk duýgyny bütinleý täze şahyrana aňlatmalar bile berýär. Ol köne söze reňk berenok, ýok, ol öz sözüni döredýär. Şahyrana söz – adaty leksiki sözüň çeperçilik dona bürelmegi däldir (eger şeýle bolsa, onda poeziýany döretmek prosesiniň tebigatynyň ýoýuldygy bolýar, çünki munuň özi şahyrana duýgynyň birhili öňden taýýarlanyp, akylly-başly, plan boýunça döredilýändigini tassyklamak bolardy), ol tebigaty boýunça başga, söz bile duýgynyň bitewüligini ykrar edýän çeperçilik-estetiki hadysadyr. Şahyr duýgyny ýasanok, ol diňe aňladýar. Diýmek, ol obrazy-da ýasanok, ol obrazy tutup alýar, gapyp alýar. Şonuň üçin şahyrana obraz – many bilen şahyranalygyň iki predmetiň biri-birine ýelmeşişi ýaly mehaniki jemidir ýa-da şahyrana şahsyýet – ahlaklylyk şahyranalykdyr diýmek hadysany gaty gödeňsi göz öňüňe getirmek bolýar. Şonuň üçinem owazlylyk, heň, ritm, kapyýa, troplar – şygryň «daşky eşigi» diýmek ýalňyşlykdyr, çünki hut şolar arkaly lirika öz tebigatyny amal edýär, dünýäni duýşuň mazmuny hut şolarda aýan bolýar. Şonuň üçinem şahyrana şahsyýet – munuň hut şolaryň bütinleý täzeçe, özboluşly baglanyşygydyr hem bitewüligidir. Eger şahyrana şahsyýet diýip başga bir zady göz öňünde tutsaň, onda ol lirikanyň däl-de, ahlagyňmy ýa ideologiýanyňmy – nämemi, faktory bolardy. Hawa, şahyrana şahsyýetiň göze dolulygyny näme üpjün edýär diýen mesele bir görnendäkisinden has çylşyrymly meseledir. Käbir şahyr bolýar, bir görseň, öz owazam bar ýaly, öz äheňem, öz getiren obrazlaram bar ýaly, emma näme üçindir edebiýatyň ösüşinde şahsyýet bolubilenok. Ösüşe hiç hili täsir edenok. Şahsyýet – ösüşe täsir edýänligi bilen şahsdan tapawutlanýar. Biziň pikirimizçe, muny ylmy taýdan, pikiriň kömegi bilen düşündirmek uly töwekgelçilik bolar. Ýöne, näme-de bolsa, synanyşmak gerek. Şahyrana şahsyýet derejesine ýetmedik şahyrda onuň «getiren täzelikleri» çeper elementleriň ýöne bir mehaniki jemi bolup durýar. Şahyrana şahsyýetde bolsa bular sistema bolup durýar. Sistema diýmek janly dünýäni aňladýar. Çeper komponentler sistema girende, olaryň sistemanyň daşyndaky bar bolan ýa bolaýjak manysy üýtgeýär-de, bütinleý özge bir, şol sistemanyň özboluşly erkinden döreýän mana gelýärler. Ol erk bolsa şahyryň talantyndan gelip çykýar. Çeper obrazlar sistemasyny döretmek – daşdan alýan zadyňy özüňkä öwürmäni başarmak diýmekdir. Arman, edebiýatçylarymyz muňa üns berenoklar. Olar, köplenç, bu düşünjäni «toplum» bilen bir zatdyr öýdýärler. Emma, şu nukdaýnazardan seretseň, aýdaly, täsir ýaly tüýs agyryly meseläni-de oňyn, göwnejaý çözmek mümkinçiligi döreýär. Olar Haýýamyň dilinde aýdanyňda täsir almak – talantla halaldyr, talantsyza – haram. Çünki talantly öňden bir, «köne» zatlary öz sistemasyna salyp, ony özüniňkileşdirmegi başarýar. Şeýdip, ol hem öň bar, şol bir wagtda-da ýok zat bolup durýar. Talantsyz muny başaranok, onsoň ol epigona öwrülýär. Ç.Aýtmatow «Jemilesini» ýazansoň, gör, näçe ýazyjy oňa öýkünip, «Gelnejesini» döretdi. «Ilkinji mugallymyny» ýazansoň, edebiýat ilkinji mugallymdan ýaňa gyryň daşyna döndi. G.Ezizow güýz hakda ýazdy welin, birgiden ýaş şahyr güýzde «hasrat çekdi». Twardowskiniň «Wasiliý Týorkininden» soň her halkyň edebiýatynda oňa meňzeş gahryman juda köpeldi. Şygyr – real ulgam, poeziýa bolsa diňe biziň aňymyzda öz erkimiz bile döredilen ideal ulgamdyr. Lirikada esasy zat janlylygy üpjün etmekdir. Şeýlelikde, obrazlar ulgamynyň, şahyrana şahsyýetiň içki baglanyşygy bar. Käbir şahyrlar şahyrana şahsyýetlige ýetmän, şahyrana şahs bolup durýarlar. Özüm-ä XX asyr türkmen poeziýasynda şahyrana şahsyýet derejesine ýeten diýip diňe üç şahyry görkezip biljek: Rehmet Seýidow, Gurbannazar Ezizow hem-de Nobatguly Rejebow. Bu üç şahyr hakdaky pikirlerimi «Garaşsyzlyk diwany» atly kitabymda ýazypdym. Şonuň üçin olar hakda giňişleýin gürrüň edip oturmakçy däl. Makalanyň soňunda bu üç şahyryň adyny ýöne ýere getirmedim. Men olaryň XX asyr türkmen poeziýasynda edebi ugur döretmegi başarandygyny ýene bir gezek tekrarlamak üçin ýatladym. Şeýle hem XXI asyryň bosagasynda durup, XX asyrda edebiýaty öwreniş ylmymyzda bitirilen işleriň içinde M.Amansähedowyň poeziýanyň problemalaryna bagyşlanan kitaplarynyň asyryň jemini jemleýän monumental işdigini okyjylara ýetirmek isledim. M.Amansähedowyň kitaplarynda XX asyr türkmen edebiýaty öwreniş ylmymyz bitewileşdirilipdir, sistema salnypdyr. Şeýle hem täze Garaşsyzlyk edebiýatymyzyň ilkinji ädimleri, tutumy, ilkinji Prezidentimiz Saparmyrat Türkmenbaşynyň türkmen edebiýatynyň kämilleşmegi ugrundaky yzygiderli aladalary, edebiýatymyzyň öňündäki täze wezipeler kitaplarda täsirli beýan edilipdir. Biziň ikimiz hem bir supra – Garaşsyz türkmen edebiýat suprasyna hyzmat edýäris. Maksat edebiýat supramyzyň bereketiniň egsilmezligi, halkyň şol supradan teşneligini gandyryp bilmegi. Her bir ýazyjyny, şahyry, edebiýatçyny okyjylar köpçüligi köplenç bir eseri boýunça tanaýar. Her kimiň bir baş ömür kitaby bolýar. G.Markesiň ýazan romanlary, powestleri kän, ýöne Markes diýlende ýazyjynyň meşhur «Ýalňyzlygyň ýüz ýyly» romany okyjynyň göz atuwynda janlanýar. Kerim Gurbannepesow «Taýmaz baba» bilen Kerim Gurbannepesow bolupdy. Berdi Kerbabaýew «Aýgytly ädim», B.Seýtäkow «Doganlar», H.Derýaýew «Ykbal» romanlary bilen meşhur boldular. Men bu mysallary getirmek bilen, M.Amansähedowyň edebiýatçy alym hökmündäki baş kitaby ýokarda gürrüňini eden kitaplarymyz bolsa gerek diýmekçi bolýaryn. Kämilligiň serhedi ýok. Alymyň bu kitaplary, goý, kämilliginiň ilkinji basgançagy bolsun. Osman ÖDE | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |