10:58

Efemerida / hekaýa

Mistika we fantastika
Категория: Mistika we fantastika | Просмотров: 383 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 5.0/3
Awtoryň başga makalalary

Mistika we fantastika bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 8
0
1 Bagabat  
43
1 bitde – 1 belgi ýa-da bir hereket (impuls, amal) bar, 1 kilobitde bolsa, – 1 müň belgi ýa-da hereket (impuls, amal).
Alymlar ýazýa: “Adamyň aňy sekuntda 2 kilobitlik maglumaty özleşdirýämiş, aňastaňy bolsa 4 gigabitlik maglumaty”.
Şeýlelikde adaty adamyň beýnisi bir sekuntda 2 müň belgide aňladylýan maglumaty özleşdirip, seljermäge ýetişýämişdik.
Has gowy göz öňüne getirmek üçrib, bu ölçegleri sahypada sanasaň: “A4 formatdaky, standart ölçegli, 14-lik Times New Roman şriftindäki, 1,5 interwally ýazgy bilen doldurylan sahypa, probeller bilen bilelikde 1800 belgi sygýa” diýilýä.
Diýmek, bir sek-de ynsan aňynyň özleşdirip eýgerýäni, takmynan 1,1 sahypalyk maglumat bolýa.
Bir gigabitde – 1 milliard bit belgi ýa-da hereket (impuls, amal) bamyşdyk.
Şundan ugur alsaň, adamyň aňastaňy bir sek-de 4 milliard belgide aňladylýan maglumaty özleşdirip, seljermäge ýetişýän bolýamyşdyk. Onam 1800 belgä bölseň, bolýa duruberýä – 2 222 222,2 (iki million iki ýüz ýigrimi iki müň iki ýüz ýigrimi iki bitin, ondan iki) sahypalyk maglumat.
Beýlebir güýçli dä kompuň mikroprosessory bolsa, her iki nanosek-de takmynan bir logiki amaly amala aşyrýar. Mysal üçin, “2+2=4” diýen amaly. Bu bolsa takmynan 5 baýtlyk göwrüm bolýar.
1 baýt – bu 8 sany belgi ýa-da hereket (impuls).
Diýmek, ortaça kuwwatlykly komp, 2 nanosek-de, takmynan 40 bitlik maglumaty özleşdirip, seljerýär. Onam köpeltseň bolýa, komp, sekuntda kabul edýä 20 gigabitlik maglumaty. Olam bolýa 11 111 111,1 (on bir million bir ýüz on bir müň bir ýüz on bir bitin, ondan bir) sahypalyk möçber. Ýagny, ynsanyň aňastaňynyň özleşdiriş kuwwadyndan 5 esse köp.
Has kuwwatly komplaň özleşdiriş tizligi bolsa, ondanam müňlerçe esse ýokary.

0
2 Bagabat  
43
Golaýda täze oýlanyp tapylýan/taýýarlanýan kwant kompýuteri hakynda maglumatlary okadym.
Üýtgeşik zat ekeni.
Hasam, ol doly işlenip taýýarlanandan soň belli bir meseleleri çözmek prosessini birnäçe sekuntmy ýa-da nanosekuntmy geçmişe geçirip, şol ýerde ýörite emele getirilen kwant meýdanynda şol meseleleri derňäp, çözüp (ýagny, meseläniň jogabyny tapyp), ony ýene-de yzyna - öz "hakydasyna" (ýa-da "işjeň ýadyna (operatiwkasyna)") getirmegi başarjakdygy geň ekeni.

0
3 Bagabat  
43
Kwant komplarynyň beýleki kompýuterlerden ýene-de bir tapawudy:
1. Häzirki döwrüň komplary, haýsydyr meseläni çözende, onuň ähli jogaplaryny örän çalt bolsa-da ýeke-ýekeden seçip, olaryň içinden iň dogry jogaby saýlap almak prinsipinde işleýär;
2. Kwant kompýuteri bolsa, islendik meseläň ähli jogaplaryny birwagtyň özünde görüp, deňeşdirip, dessine-de şolaryň içinden iň ygtybarlysyny almagy başarjakmyş.

0
4 Bagabat  
43
Emeli Paýhas hakda henekler:

Bir gyz sürüjisiz taksä münüp, geň galypdyr:
-Wiý-ý! Bujagazyň eýjejikdigini-i! Öz-ä taksi, özem sürüjisiz.
Şo pille-de ulagyň Emeli Paýhasy agraslyk bilen dillenipdir:
-Dogrusy, men ägirt uly işewürlik meýilnamalaryny amala aşyrmak üçin döredilen ýokary mümkinçilikli Emeli Paýhas...Bü kireýkeşlik bolsa...äý ýöne, boş wagtym bäş manat gazanmak üçin...

***
Tebigy paýhasyň gutulgysyz ýok bolup barýandygy sebäpli, Emeli Paýhas günsaýyn meşhurlaşýar.

***
-Hemme zada Emeli Paýhas günäkär!
-diýip gygyrýarlar tebigy paýhasy tükenenler.

***
Tebigy akmaklyk bilen deňäňde – Emeli Paýhas barypýatan wiçjiklik!

***
Emeli Paýhasly robot kafe girýär-de, barmene ýüzlenýär:
-Bro, maňawir, biraz süňňüňi gowşadyjy birzatjyk uzatsana!
Barmen sesini çykarman, oňa towlaňňyç (otwertka) uzadýar.

***
Hapysa kişi, Emeli Paýhasly tozan sorujy roboty satyn alyp öýüne getiripdir-de, işledipdir. Çaň basan içerde bir gezek aýlanan badyna robot:
-Ýo, ýo, ýo! Meni ýasanlarynda zibilhanada ýaşaýan bomž bolmaly diýmändiler!-diýip ulili bilen bagyryp, o taýdan gaçyp gidipdir.

0
5 Bagabat  
43
MAGTYMGULY, KÖŇLE GAÝGY GETIRME,
BU BIR IŞ WAGTYDYR, ÖZÜŇ ÝITIRME,
SÖZÜM AŇLAN ÝOK DIÝP, ÜMSÜM OTURMA,
JAHAN GIŇDIR, ÇENDAN BILEN-DE BARDYR.
:-)...

0
6 Bagabat  
43
Emeli paýhas hakda...

0
7 sylapberdimuhamov  
1428
Aram-aram alyp okaýan şu hekaýany.

0
8 Bagabat  
43
Emeli aň/paýhas bilen gyzyklanýanlar üçin wakanyň ýene bir wariasiýasy :-(... to be continued... no happy endings...

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]