22:17 Egmeli topby. Seleñ telpek | |
EGMELI TOPBY. SELEŇ TELPEK
Edebi makalalar
Kyrkynjy ýyllaryň aýaklarynda bäş-on ýaşly oglankak kämahal ululara daklyşyp Marynyň uly bazaryna giderdik. Soňky eşiden maglumatlarymyza görä, şol mahallar bu bazara Türkmenistanyň dürli künjünden ýigrimi müň çemesi adam ýygnanýan ekeni. Murgabyň boýunda iňläp duran mähelle çagalyk ýatlamalarymda surat bolup galypdy. Bazarçylar aglaba erkek adamlardy. Bu günlerki bazarlarda welin, aýallar agdyklyk edýär. Siz muňa sosializmiň beren beýik deňligi diýersiňiz. Emma bazarlarda aýallara artykmaç orun berip, sosial deňsizligi ýok etmekde ýeňiş gazanandyrys öýdemok, gaýta zenan mertebesiniň peselen bolmagy juda ähtimal. Aýallar bimöçber agyr işiň hem-de bazar söwdasynyň adamlary däldir. Olara muny biziň guran sosializmimiz berdi. Muňa ynsan mertebesiniň kemsidilmesi diýse-de bolar. Biziň klassyk poýeziýamyzyň tutuş süňňi zenanlaryň waspyna ýugrulan. Mollanepesiň arşa göteren obrazlaryny hyýalyň belentli- ginden synlap otyrkaň, bu gözelligi hudaý şahyrlar üçin ýaradaýdymyka diýýärsiň! Ýaryna wepaly zenanlar söýgüniň simwoly bolup- dyr. Zenanlaryň wepasy türkmeniň buýsanjyny artdyrypdyr, emma ol buýsanjyny töwerege göz etjek bolmandyr, ony ahlak päkliginiň mizemez kadasy hökmünde kabul edipdir. Saçagyndaky çöreginiň gutarmagynyň ähtimallygyna ynansa-da, dulundaky zenanynyň bi- wepalylyk etjegine kes-kelläm ynanmandyr. Beýle ynamyň esasly- dygyna bu ülkä keseden gelenlerem düşünipdir. Belli etnograf A.Jykyýew “Günorta Türkmenistanyň ilatynyň kemala gelişinden we etniki taryhyndan oçerk” diýen monografiýasynda atly antropolog I.Ýaworskiniň aşakdaky sözlerini getirýär: ”Teke türkmenleriniň aýallarynyň mertebesini belende göterýän bir ýagdaýy, ýagny Türküstanyň beýleki halkyýetleriniň aýallary bilen deňeşdireniňde ahlak taýdan olaryň ýokary derejede durýandyklaryny hygtamak gerek”. Türkmenler hakyndaky taryhy maglumatlary okap otyrsyň. Bir ýerde-de aýallar söwdagär hökmünde görkezilmändir. Öz taryhy ýazgylarymyzda-da şeýle alamatlar ýok. Emma aýallara berlen erkinligiň az bolmandygy barada ýazypdyr. Taryhçy-etnograf Janmämmet Öwezow “Çendir jülgesiniň hem Sumbaryň orta boýunyň ilaty” atly monografiýasynda ene baýragy hakynda ýazýar, ony gökleňlerden beýleki türkmen il-taýpalarynda ýok diýip hasap edýär. Gelin toýunyň dabarasynda at çapyp, göreş tutup bäsleşýänlere ýigidiň ejesi baýrak goýýan ekeni, ony jarçylaryň ýörite yglan etmekleri aýallaryň mertebesiniň ykrar edilendiginden nyşan. Türkmen aýýallarynyň mertebesi bilen baglylykda halky- myzyň taryhy çeşmelerine ýüzlenmezden öňinçä, men size rus syýahatçysy N.N.Karaziniň 1879-njy ýylda “Niwa” žurnalynda çap etdiren ýazgysyndan aşakdaky setirleri hödürlemekçi bolýaryn: “Türkmen aýallarynyň örän owadanlygy jedelsiz. Olar Merkezi Aziýanyň aýallarynyň arasynda gowy sypatlary bilen juda tapawutlydyrlar. Ýöne, olaryň gözelligi ýowuz alamatda bolup, beýle bir özüne çekibem baranok. Türkmen aýallarynyň, hatda gyzlarynyň arasynda-da näzik ýüzlüsine seýrek duşsa bolýar. Inçesagat, syrdam, hemmesi diýen ýaly uzyn boýly. Gara gözlerinde sowuk hem gaharly garaýyş bardyr. Ýuka dodaklary berk ýumulan, hereketleri çakgan. Şu alamatlary synlanyňda gadymy amazonkalaryň (atly-ýaragly aýallar) klassyky keşbi göz öňüňde janlanan ýaly bolaýýar”. N.Karazin bilip aýdypmy, ýa-da öz intuisiýasyna maýyl bolupmy, garaz dogry belläpdir. Amazonkalaryň Gündogarda, Hazar ýakalarynda ýaşandyklaryny, skiflerde atly-ýaragly söweşjeň aýallardan legionlaryň bolandygyny gadymy grek taryhçylary ýazypdyrlar. Ýazgylardan başga-da oňa şaýatlyk edýän ýene bir gymmatly, has ygtybarly ýadygärlik bar Ol hem türkmen zenanlarynyň dakynýan täsin şaýlary. Şaýa besle- nip çykan türkmen gyzynyň keşbini synlaň, juda bir tünt adam bolaýmasa, söweş lybasyny göz öňüne getirer. Iň esasylaryny alaýaly. Depesi altyn çaýylan kümüş gupbaly şelpeli tahýa. Muňa guş perli harby telpek, ýa-da jöwher kulah diýse bolar. Döşünde gülýaka, gursakça. Muňa çapaýna diý. Iki tarapynda gulagyny, dulugyny ýapyp duran çekelik. Bukaw boýna pena. Bilezik gylyç tutan gollary urgudan goraýar. Kükrekden aşak gaýdýan çapraz-çaňňanyň hatary demir donuň esasy alamaty. Göz öňüne getirmäge şu aýdylanlar-da ýeterlik bolsun gerek. Söweş ýaragyny şaýlanyp, ata atlanan zenanlaryň jeň meýdanyndaky gaýratyny bilmek isleseňiz “Gorkut ata”, “Görogly” eposyň sahypalaryny agdaryň. Türkmeniň bir idealy batyrlyk bolupdyr. Batyrlygyň aýal-gyzlara-da häsiýetli bolandygyny eposlaryň, dessanlaryň wakalary aýdyp berer. “Gorkut ata” eposyndan Derse hanyň hatyny söwer ogly Bugaçy ýitirende gözýaş döküp, ejizläp, öýüniň dulunda aglap oturanok. Ýanyna kyrk kenizini alyp, bedew ata atlanyp, meýdan sary çykyberýär. Gaňly goja ogly Hantöreliň göwün beren Sylyjany ýadyňyzdadyr. Ol ýagynyň üstüne halaýan ýigidi bilen bile topulýar. Eposda ol şeýle teswirlenýär: “Sylyjan hatyn muny beýle gördi, içine ot düşdi. Bir bölek gaza laçyn duran kibi duşmana at saldy, ol ýüzüniň uguryna öňünden çykanlary bir ujundan gyryp, ol ujuna çykdy”. Türkmen dessanlarynda, eposlarynda ýaraga erk edip bilýän batyr gyzlara uly sarpa goýulýar. Ata çykyp Görogly beg bilen ýüzbe-ýüz duran Aýsoltana hormatyň, söýgüň artýar. Bu obrazlar gahrymançylygyň hatyrasyna asmana seredilip toslanan zatlar däl, geçmişiň real beýany. Biz taryhymyzy öwrenmekçi bolanymyzda ideologiýanyň göwnüni görjek bolup, şol reallygy inkär etdik. Geçmişde aýal-gyzlar basgylandy, kemsidildi diýip gygyrdyk oturdyk. Hemişe mertebesi kemsidilip gelnen bolsa, adam saýylmadyk bolsa, beýle ýagdaýda eneler erkinligi, azatlygy janyndan eý görýän türkmen ýigitlerini dogrup, kemala getirmezdiler, maşgalasynyň namysy üçin ölüme gitmekden tykyramajak gerçekleri ýetişdirmezdiler. Eneleriň namysjaň, belent ruhunyň çagalaryň kalbyna geçendigini çekinmän aýtsa bolar. Men başy altyn egmeli küküregi gursakçaly zenanlarymyzy synlanymda kaşaň köşklerdäki tagtlary göz öňüme getirýärin. Bu lybas çöl içinde agyr güzeran zerarly bili bükülen adamlaryň döreden seneti bolmaly däl, olar ata-babadan galan beýik miras. Mirasyň hakyky eýeleri has aňyrrakda ýaşapdyrlar diýesiň gelýär. Olary Marynyň, Horezmiň, Nusaýyň, Ispyhanyň, Töwrüziň köşklerinden gözlese bolar. Agyr egmä seredip durşuma topbynyň nämä niýetlenip edilendigine düşünýärin. Egmesiz topbyny altyn bezegi sypyrlan tagta deňese bolar. Hawa, keseden seredeniň gözüne onuň juda betnyşan görünmegi ähtimal. Muny iňlis syýahatçysy Jeýms Frezeriň ýazanlary-da (“Altyn şaha” kitabynyň awtory däl) ýazgysy-da tassyklaýar. Onuň 1825-nji ýylda çykan “Horasana syýahatyň beýany” atly kitabynyň on ikinji babynda gökleň aýallarynyň topbusy şeýle surat- landyrylýar: “Bu betnyşan topbularyň süňňi daşyna esgi soralan ýeňil çybyklardan ýa-da gamyşdan emele gelýär”. Awtoryň egmesiz topbyny synlandygy görnüp dur. 1860-njy ýylda Maryda Eýran leşgerleri bilen tekeleriň urşunda ýesir düşen fransuz Genri Blokwiliň “Türkmenleriňkide ýesirlikde” diýen kitabynda şeýle setirler bar: “Oral aýallar toý-tomguda kellelerine ýarym metre golaý beýiklikde börük geýýärler. (Mary tekeleri topba-da börük diýýärler- T.J) Börügiň ýokarsy gitdigiçe giňelýär we depesi düp-düz bolýar. Börügiň ýüzüne gyzyl mata ýa-da ýaglyk tutulyp, onuň ýüzünden uçlaryna pişme şekilli şaý dakylan zynjyrjyklar çatylýar. Börügiň ýokary gyralarynda ujy topbalyja syhlar bolansoň ol azda-kände täje çalym etmänem duranok”. Blokwiliň “täje çalym edýär” diýeni dogry. Parfiýa imperiýasy ýykylandan soň Eý- randa höküm süren sasany şalarynyň tagtda otyrkalar başlaryna geýýän täç telpekleri ýokarda aýdylan börüge meňzeş bolupdyr. Türkmen zergärleriniň elinden çykan egmäni synlanymda ol meniň üçin gadymylygyň hem belentligiň simwoluna öwrülýär. Ol şeýle-de bolupdyr. A.Golanyň “Mif we simwol” diýen kitabynda mundan on müň ýyl ozal, ýagny irki neolit eýýäminde kellesinde diş-diş jyga geýdirilen aýal butlarynyň heýkelleriniň bolandygy aýdylýar. Biziň egmämiziň hem ýokarysyny diş-diş şekilli hatar tutýar. Aýal hudaý Kibelanyň täji-de şu görnüşde. Şeýle görnüşli diademalar grek hudaýy Geranyň, rim hudaýy Ýunonyň başyny bezäpdir. Diadema, düşündirip aýtsak, aýallaryň kellesine geýýän täç görnüşindäki gymmatbaha bezegi hudaýyň keramatyny aňladýan belgi. Bu belgi soňra patyşalygyň simwolyna öwrülýär. Görüň, egmäniň aňyrsynda nähili many ýatan ekeni! Egmeden başlap, ähli şaý-sepini dakynan türkmen zenanyny synlamda massagetleriň patyşasy, Eýran döwletini bina eden Korosdan (Kirden) üstün çykan Tumar (Tomaris) biygtyýar ýadyma düşýär Gragumuň ak çägesine yzy siňen gadymy halkyň alamatlary biziň nepis şaý-seplerimizde hökman bolaýmaly. Indi iki agyz söz türkmen erkekleriniň gaba telpegi hakynda. Milli esbaplarymyzdan taryha dahyllylygy gözlemegi unudan döwrümizde, biz olaryň gymmatyny howa şertlerimize oňaýlylygy bilen kesgitlemäge endik edipdik. Goýun dersinden tikilýän gaba telpek biraz agyrlygna garamazdan jokrama yssynyň derdeserinden aman saklaýar diýdik. Elbetde, bu amaty inkär edip bolmaz. Eýsem-de bolsa, A.Golanyň öňe sürýän pikiri türkmeniň hem-de Kawkazdaky daglylaryň geýýän gaba telpekleriniň örän gadymy ynanjyň alamaty ekendigine ünsi çekýär. Munuň aňyrsy estetiki garaýyşdan dörän. Ol erkekligiň, batyrlygyň, hudaýy bilen bagly. Şol hudaýyň kellesi diýlende asmandaky Gün göz öňüne gelipdir. Şonuň üçin hem batyrlygy ideal edinýän erkekleriň kellesi juda gaba görünmeli diýen ynanç bolupdyr. Seleň telpegimizde-de gabalyk kemi ýok! Şu bölümde aýdylanlar hakynda oýlanyp oturşyma türkmenleriň aslyny oguz taýpalaryna baglamak dogrumyka beri diýen sowala maýyl bolýaryn. Gündogary öwrenýän alymlaryň arasynda türkmenleriň asly sarmatlardan diýen pikiri öňe sürýänleri bar. Türkmeniň şaý-sepinde, geýiminde, halylara salan nagyşlarynda, sazynda, atlara hormatynda, daş sypatlarynda, ýüz keşplerinde bu pikire talaş edýän alamatlar azlyk edenok. Oýlanmaly, öwrenmeli... Tirkiş JUMAGELDI. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |