18:02 Ekssentrist adam | |
EKSSENTRIST ADAM
Publisistika
Ol zenan eşiklerini satýan dükana eýeçilik edýän jöhit maşgalada dünýä indi. Boýunyň kelte bolmagyna süňkündäki näsazlyk sebäp boldy. Kelte boýlulygy ejize ganymlaryň jynyny atlandyrdy. Milletparaz “Ku Klux Klan” toparynyň hüjümlerine-de uçrapdy. Ýöne ol bütin bu başdan geçirmelerini “ejize ganymlara garşy göreşmegiň, ejizeleri goramagyň, sesini eşitdirip bilmeýänleriň sesine öwrülmek üçin” güýç çeşmesi hökmünde gördi... Professor Robert B.Raýh (1946-njy ýylda ABŞ-nyň Pensilwaniýa ştatynda doguldy)... Amerikan ykdysatçysy... Oksford we Ýel uniwersitetlerinde okady... Garward we Berkeleý uniwersitetlerinde okatdy... Häzir “Newsweek” gazetinde çykyş edýär… Ýigrimi iki dile terjime edilen on sekiz kitaby neşir edildi. Kitaplary esasynda dokumental kinofilmler surata düşürildi.... Ikisi-de ýakyn tanşy bolan Hillari Rodham bilen Bill Klintony Ýel uniwersitetinde tanyşdyranam Raýhdy. Ýagny, olaryň goş birikdirmegine-de sebap bolan adamdy... Bill Klinton ABŞ-nyň Prezidenti bolansoň, onuň ilkinji hökümet düzümine Zähmet ministri bolup girdi. Ministr bolup 1993-nji ýyldan 1997-nji ýyla çenli işledi. Alyp barýan işleri iki dostuň arasyny bozdy. Raýh hiç haçan ejizleri goramak prinsipinden dänmedi... Iň pes zähmet hakyny artdyrmak üçin çykyş etdi... Işçi maşgalalaryň saglygyny goramak baradaky kanuny çykartdy... Işden çykarylan işsizlere hossar çykdy... Sosial döwlet-gyradeň bolçulyk sözlerini dilinden düşürmedi... Netijede... “Ýolundan azaşan-şem kibi sönen, argyn demokrat” Bill Klinton bilen ýoluny başgalady... Hökümetiň iň ýokary gatlaklarynda işleriň nähili ýöredilýändigini we işleriň köplenç ugruna gitmeýändigini gürrüň berýän “Locked in the Cabinet” atly kitabyny ýazdy... Bugünki gün Raýh “Klinton häkimiýetiniň wyždany” we “Amerikan taryhynyň iň üstünlikli zähmet ministrlerinden biri” hökmünde tanalýar... ■ “NETFLIX”-iň DOKUMENTAL FILMI Jeýkob Kornblut (1972-nji ýylda Nýu-Ýorkda doguldy)... Amerikan režissýory... “Emmy” baýragynyň laureaty... Ykdysady meseleleri-ýurduň hakyky üns bermeli zatlaryny hemmelere düşnükli dilde düşündirmek üçin Robert R.Raýh bilen işleşip, gysga wideorolikleri taýýarlady. Soňra ikisi bileleşip girdeji maksady bolmadyk “Inequality Media” atly sanly mediýa şereketini gurdular. Olaryň maksady – artýan girdeji, baýlyk we syýasy güýç deňsizlikleri boýunça halk köpçüligine giňden düşünje bermekdi... “Inequality Media” şereketi “Sundance” kinifestiwalynda baýrak alan “Hemmeler üçin deňsizlik” ýaly ýüzlerçe wideorolikleri taýýarlady we köpüsi bary-ýogy iki minutlyk bu wideorolikler häzire çenli 300 milliondanam köp gezek tomaşa edildi... Raýh we “Inequality Media” şu ýyl ýoutube-de “The Common Good” atly hepdelik “talk show”-yň başyny başlady… 2017-nji ýylda surata düşürilen “Saving Capitalism” (“Kapitalizmi halas etmek”) dokumental kinofilmini “Netflix” satyn aldy. (Ýurdumyzyň kinoteatrlarynda häzirem görkezilýän bu dokumental filmi görmekligi maslahat berýärin.) Dokumental filmde uly global şereketleriň birnäçe ýylyň dowamynda täsirli güýje öwrülmek we syýasy häkimiýetiň üstündäki gegemoniýasyny berkutmek üçin nähili maddy güýç ulanýandygy gürrüň berilýär. Hususanam 2010-njy ýylda şereketleriň saýlaw çärelerine pul goşandyny goşmaga rugsat berýän kanunyň çykarylmagy bilen bir hatarda, sistemanyň dolulygyna şol global şereketleriň ganatynyň aşagyna girendigini anyk deliller bilen gürrüň berýär. Dokumental film: amerikan işçiler synpyna global şereketleriň boýunturugy astyndaky syýasy güýje garşy çykmak üçin birleşmegi ündeýär... ■ TÜRKIÝÄNIŇ ÝOLY Robert B.Raýhyň ABŞ-nyň prezidentligine kandidaturasyny goýýan demokratik sosializmiň tarapdary Berni Sandersi goldamagyna geň galasy iş ýok. Olar: - Baýlardan has köp paç alynmagyny talap edýärler... - Bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynyň wagşy neoliberal gandaldan boşadylmagy talap edýärler... - Iň pes zähmet hakynyň artdyrylmagyny talap edýärler... - Sindikatlaryň güýçlendirilmegini talap edýärler... - Önümçilik ykdysadyýetini talap edýärler... - Jaýlaryň elýeter bahadan gurulmagyny talap edýärler... - Imperial syýasatlara garşy çykýarlar... (Olaryň ikisi-de jöhitdigine garamazdan, Ysraýylyň okkupasiýasy astyndaky Palestinanyň ýerlerinde jöhit posýoloklarynyň gurulmagyna garşy çykýandyklary üçin “antisemit-jöhit duşmany” hasaplanýar!) Netijede diýýän zatlary şu: - Erkin bazaryň guramaçylyk biçüwi indi şübhelidir we düzedilmäge degişlidir. - Birgiden gatlaklary wagşyýana kapitalizme ýesir düşüren bu sistema hökmany suratda ýykylmaga degişlidir. Olar “Bu düýpsüz girdapdan hökman halas bolmaly” diýýärler, “Başga dünýäni gurmak mümkin” diýýärler... Robert B.Raýh (we Berni Sanders) sistemany tankyt topuna tutýar. Onuň “Sistema. Ony kim gurdy we nähili düzedip bolar?” atly iň soňky kitaby ýaly kitaplary aslynda “kapitalizmi halas etmäge” çytraşýar. Emma global şereketler kejeňeklik bilen muny görmek islänok. Bu bolsa, kapitalizmiň mähraby ABŞ-da haçanam bolsa bir gün hökmany suratda demokratik sosializmi häkimiýete getirer... Ýa-da ABŞ faşizm bilen bilelikde ýok bolup gider... Taryhyň bize öwredip gelen zady şu! Biziň ýurdumyzyň ýagdaýy-da şundan üýtgeşik däl... Soner ÝALÇYN. “SÖZCÜ” gazeti, 02.04.2021 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |