21:39 Ekstra üns | |
EKSTRA ÜNS
Publisistika
Hoşniýetlilik ýok, añlaýyş diýen zat asla ýok, sylag-hormat, mylakatlylyk ýok... Tankyt medeniýetimiz ýok. Ýurdumyzda islendik bir meseläni derñäp, ýalñyş hasaplaýan zadyñyzy ýazsañyz, şobada size duşmançylyk edilýär. Hiç kim tankydy bellikleri eşidesi gelenok, hemişe alkyş almak, hemişe öwülmek isleýär... Sezai Karakoç şeýle diýýär: "Döwlet durmuşynda hakyky tankyt hökman bolaýmaly. Tankytsyz döwlet az wagtda çökýär". Ussadyñ sözüne eýerip, döwleti tankyt edesim gelýär! Başlap bilerin: Ünsüñizi çekýän bolsa, soñky ýyllarda ýurduñ iñ esasy temasy - howpsuzlyk! - Milli howpsuzlyk gullugy pylan terrorçyny gümlema iberdi; - Içeri işler ministrligi pylan bandanyñ garşysyna operasiýa geçirdi... Her gün diýen ýaly habar beriş serişdelerinde döwlet howpsuzlyk edaralarynyñ geçirýän operasiýalaryna giñ orun berilýär. Döwletiñ howpsuzlyk çäreleri dilden düşürilenok... 1980-nji ýylyñ 12-nji sentýabr harby döwlet agdarlyşygy döwrüniñ militaristik günlerine meñzedik: Sud derñewleri, howpsuzlyk operasiýalary dyngysyz görnüşde döwlet agitasiýasy bilen "gözümize" sokulýar! Ýalñyş düşünmäñ, içerki we daşarky howplara garşy göreşilmesin diýemok, men munuñ her gün diýen ýaly-elmydama adamlaryñ üns merkezine sokulmagyna garşy çykýaryn. Meselem: Howpsuzlyk syýasatynyñ her edýän işini "habarlaşdyrmak" ýurdumyzyñ syn edilişine, synlanyşyna nähili täsir edýändiginiñ üstünde nämüçin hiç kim durup geçenok? Syýasat ylmyna görä, "üns merkezinde näçe köp polisiýa çäresi bar bolsa, şonça-da az demokratiýalaşmagy" añlatmaýarmy näme? Mysal üçin... Bu ýagdaýyñ aýratynam ýurduñ daşyndan görnüşine ýetirýän täsirini derñemegiñ gerekdigini aýdasym gelýär. Döwletiñ "dolandyryş psihologiýasynyñ" üstünde oýlanmak gerek dälmi? * * * Şeýle diýmek isleýärin: Ýurduñ asudalygy üçin terrorçylyga, jenaýatçylyga, dürli düzgün bozulmalara garşy göreşiñ depginini gowşatmaly däl, emma agressiýany, jenaýatdyr jezany üns merkezinden düşürmek lazym... Syýasy agressiýamyñ maksady şonsuzam hemişe üns merkezinde bolmak dälmi näme? Terrorçylara, jenaýatçylara beriljek iñ uly jeza - olaryñ ýatdan çykarylmagyny gazanmakdyr! Diñe terror hem däl, her gün diýen ýaly içeri işler edaralarynyñ jenaýatçylykly dünýäniñ işlerine garşy geçirýän operasiýalarynyñ ýurda, jemgyýete ýetirýän täsiriniñ üstünde pikir alyşmak gerek. Munuñ yzy üzülmeýän dowamlylykda günüñ saýlantgy temasg bolma ýagdaýy adatdan daşary ýagdaý režimine çalym etmeýärmi? Düýn “harby režime” garşy çykanlaryñ häzir "howpsuzlyk syýasatyny" hötjetlik bilen üns merkezinden düşürmezligine nähili baha bermeli? Psihologik uruş babatda kemçilikler bar. Döwleti aşa howpsuzlyk syýasatlaryny alyp barýan ýaly görkezmek ýalñyş. Howpsuzlyk operasiýalaryny gözümize sokup, güjeñläp durmagyñ özi Günbatar merkezli elitist-orýantalist halkara basyşyñ Türkiýä gönükdiren psihologiki hüjümlerinde elini güýçlendirýär. Gynansak-da, bizi gyraklatmak isleýänlere, ynamdar däl görkezmek isleýänlere gara propoganda serişdesini berýärsiñiz... Ýurdumyzyñ eksplutatirlenmeginiñ önüne pähim-paýhasly propoganda bilen geçip bileris. Beýik Türkiýe gorkularynyñ daşyna syzmagyna bil baglap bolmaz... * * * "Aý, ine, pylanyny öldürdik...", "pylanyny ele saldyk...", "pylanyny türmä saldyk..." Türme, sud, jenaýat, aldawçylyk, jynsy zorlamalar we şuña meñzeşler ýurduñ üns merkezinden hic aýrylyp gidiberenok, gitdirilmeýär. Jemgyýetçilik psihologiýasy babatda döwlet diñe tomaşa edip oñmaýar, onuñ özi bu tomaşanyñ artmagynda bilnikli ýa-da bilniksiz doly güýjünde iş alyp barýar! Diñe Günbatar däl, döwletiñ adyndan alnyp barylýan howpsuzlyk syýasatlarynyñ halkyñ sosial-medeni ýagdaýyna nähili täsir edýändigini-de içgin öwrenmeli... Şeýle diýip bilersiñiz: Häkimiýet gorkup-saññyldap duran jemgyýeti emele getirmek üçin obýekt gatlagyñ duýgularyna, pikirine we özüni alyp barşyna täsir etmek maksady bilen bu syýasatlary bilnikli ýöredýär. Şeýle bolýan bolsa, munuñam çekişmesi edilmeli dälmi? Çünki eger bu dogry bolsa, oppozisiýanyñam bar ünsi diýen ýaly howpsuzlyk syýasatyna gönükdirilen dälmi? Oppizision mediýanyñam häkimiýetiñ bu syýasatyna "serişde" berdigi bolmaýarmy? Sud derñewlerinden başga bilýän zatlary ýok. FETÖ pyrryldaklaryndan "miras" galdy bu... Hawa, döwletiñ howpsuzlyk syýasatynyñ-mehanizminiñ üns merkeziniñ esasy temasy bolmagynyñ üstünde durmak gerek. Çünki psihologik uruş sungaty babatda bu ýerde uly ýalñyşlyk goýberilýär... Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 19.12.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |