15:07 Eli gylyçly hytaý mugjyzasy | |
ELI GYLYÇLY HYTAÝ MUGJYZASY
Maliýe we ykdysadyýet
Erdogan dört gün öñ şeýle diýdi: " - Türkiýäni önümçilikde ösdürmek, göterim gysgyjyndan çykarmak üçin ykdysadyýetde täze döwre girdik. Hytaý şeýdip ösen eken." Erdogan üç gün öñ şeýle diýdi: " - Öz çagalaryny Pariže, Londona ugradyp, o taýlarda elpe-şelpelikde ýaşadyp, bu ýurduñ perzentlerine ölümi we öldürmegi rowa görenlere hiç ýol bermeris." Erdoganyñ iki sözi meni Hytaýa sary äkitdi. 1911-nji ýyl. Döwlet partiýasynyñ ýolbaşçysy Sun Ýatsen Hytaýda respublikanyñ gurlandygyny jar etdi. Respublikanyñ düýp esasy hökmünde "Üç halk ýörelgesini" durmuşa geçirdi - demokratiýa, nasionallyk we ykdysady reforma... Hytaýly talyplar Pariže we Ýewropanyñ dürli şäherlerine ýollandy. Şol talyplaryñ biri 1949-njy ýylda gurlan Hytaý Halk Rewolýusiýasynyñ birinji premýer-ministri Çžou Enlaýdy. (Ýaş Mao Szedunam gitjek bolupdy, oñarmansoñ özüni kämilleşdirmek üçin kitaphanalardan çykmady.) 1963-nji ýyl. Premýer-ministr Enlaýyñ ýolbaşçylygynda Ylmy we tehnologiki iş konferensiýasy geçirildi. Ýygnanşykda meşhur "Dört modernizasiýa" ara alnyp maslahatlaşyldy. Ekerançylyk, senagat, döwlet goragy bilen ylymdyr tehnologiýany öz içine alýan dört ugry güýçlendirmek. Medeni rewolýusiýa muny bozguna uçratdy. Çžou Enlaý 1975-nji ýylda dördünji Döwlet Halk kongresinde dört modernizasiýa üçin täzeden ädim ätdi. Emma bir ýyldan soñ aradan çykdy. 1978-nji ýyl. "Dört modernizasiýanyñ" öñündäki päsgelçilikleri aradan aýran - iş kepilliginiñ simwoly "demir bürünç käsäni" böleklemegi maksat edinen (M.Szedunyñ ölüminden soñ partiýanyñ başyna geçen) Den Sýaopin hem Fransiýa bilim almaga giden talyplaryñ biridi. Den Sýaopin Enlaýyñ öñe süren "Dört modenizasiýasyny" güýje girizdi. Şeýle-de ol öñ premýer-ministr Ç.Enlaýyñ kömekçisi bolubam işläpdi... • KIMLER BARDY? Hytaý mugjyzasyny-reformasyny durmuşa geçirenleriñ arasynda Ýewropa giden başga şahslaram bardy: Li Fuçun… Premýer-ministriñ kömekçisi boldy. Hytaýyñ sosialistik bazar ykdysadyýetiniñ düýbüni tutujylardan... Çen Ýi... Daşary işler ministri bolup işledi... Ne Žunçžen… Hytaý goşunynyñ modernizasiýalaşdyran şahslardan... Li Lisan… Zähmet ministri bolup işledi… Li Weihan… hünär ýokarlandyryş merkezi Merkezi Komitetiñ partiýa mekdebiniñ birinji müdiri boldy. D.Sýaopiniñ reformalarynyñ iñ uly goldawçysydy. Şol sanda... Pekin uniwersitetiniñ rektory we "Akademi Sinica"-nyñ düýbüni tutujy Saý Ýuanpeý bilen Hytaýyñ Renmin uniwersitetiniñ rektory U Ýuýçžan hem Fransiýada okan talyplaryñ käbirleridi. Şeýle-de: Fransiýadan dosty Szeduna ugradan hatlarynda bolşewik rewolýusiýasyna ýakynlaşmaga iteren Saý Hesen we onuñ aýaly Sýan Szinýuý, Çžao Şiýan, Çen Ýannian Hytaýyñ milletçi partiýasy tarapyndan ölüm jezasyna höküm edildi. Hytaý Kommunistik partiýasynyñ ýokary düzüminiñ agzasy Wang Ruofei uçar heläkçiliginde öldi. Gep uzatmagyñ geregi ýok... Dünýäniñ iñ uly ykdysady güýji Hytaýy döredenleriñ hususanam Fransiýada bolandyklarynyñ bu reformalary durmuşa geçirmek üçin ýetiren täsirine göz ýummak mümkin däl. • TALYPLARY NYŞANA ALMAK Şu hakykatyñ bilinmegi hökmany: Marksizmde "merkezi ykdysadyýet" modeli ýok... Meýilnamaly ykdysadyýet-de diñe sosializmi añladyp bilmez, kapitalizmde-de meýilnamalaşdyrmak bar! Hytaý bazar ykdysadyýetini sosializm gurluşynda amala aşyrdy... Bärde hytaýly talyplaryñ Fransiýada hem-ä marksistik taglymat bilen tanyşyp, hemem kapitalist ýurtda meýilnamaly ykdysadyýet tejribesini başdan geçirmeginiñ nä derejede täsiri boldy? Mysal üçin: "Dört modernizasiýany" işläp düzen premýer-ministr Çžou Enlaý Ýewropada synpy çaknyşyklaryñ çözgüdine gönükdirilen tapawutly çemeleşmeleri öwrendi. Fransuz zawodlarynda-da işlän Çžou Enlaý-Den Sýaopin "Dört modernizasiýa" sözbaşyly manifestinde şeýle diýdi: - Hytaýyñ ykdysady ösüşi üçin bilim we tehnologiýa birinji öñe tutulmaly ugurdyr. - Syýasy işden boşadylmalar zerarly eli-aýagy baglanan ukyp-başarnykly işgärleri yzyna dolap getirmeli, mynasyplyk iñ esasy öñe tutulýan zat bolmaly. - Şahsy artykmaçlyklar we synanşyklar höweslendirilmeli. Iş güýji professional bolmaly. - Hytaýly ýaşlar Günbatara bilim almaga ugradylmaly we başgalar. Ýagny, uzyn gepiñ keltesi: "Göterimi düşürdik, önümçiligi ýola goýup, bizem Hytaý mugjyzasyny gaýtalarys" diýen sözüñ hiç hili tutarygy ýok. Boş söz. Anadolynyñ negözel çagalaryny FETÖ-nyñ eline berenlerini az görýän ýaly "has köp Ymam Hatyp liseýlerini" gurjak bolup, bilimiñ derejesini nola düşürdiñiz! Sizden bolmadygy ukypsyz saýdyñyz, saýmaga-da dowam edýärsiñiz. Haýsy artykmaçlygyñyz bilen "Hytaý reformasyny" geçirerin öýdýärsiñiz? Ýa häzirem eli gylyçly metjidiñ münberine çykyp tomaşa görkezmek arkaly reforma geçirjek bolýarsyñyzmy? Ýa näme diñe göterimi düşüreniñiz bilen hytaý mugjysasyny amala aşyraryn öýdýärsiñizmi? Galyberse-de… Daşary ýurtda okap ýören talyplarymyzy nyşana almak aýypdyr! Olaryñ "ýurda getirjek modernizasiýasyna üns beriñ" diýesim gelýär, emma nirde oña düşünjek añyýet?.. Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 07.12.2021 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||