03:39 Enäniñ sesi | |
ENÄNIŇ SESI
Goşgular
Säher turup ele galam alamda, Sesiň gelýär: «Ölçerdiňmi, han ogul?..» Goşgymy tamamlap, hoşal bolamda, Sesiň gelýär: «Ölçerdiňmi, han ogul?..» Käte çar ýanyma gaharly garap, Gelnimden, çagamdan gezsem yrsarap, Goh turuzsam, buz üstünde toz arap, Sesiň gelýä: «Ölçerdiňmi, han ogul?..» Awa çykyp, bukulyp bir ýylgyna, Gözüm diksem bir biçäre sülgüne Ýa bir kişiň degjek bolsam göwnüne, Sesiň gelýär: «Ölçerdiňmi, han ogul?..» Käte-de buýsanyp ýönekeý zada, Gomparyp, özgäni salmasam ýada, Özümi iň güýçli saýsam dünýäde, Sesiň gelýär: «Ölçerdiňmi, han ogul?..» Bir çaka barsa-da ömrümiň saly, Mydam küýsäp gezýärin şol sowaly. Meni müň beladan goraryň ýaly Sesiň gelsin: «Ölçerdiňmi, han ogul?..» Italmaz NURYÝEW. | |
|
√ Быть блондинкой... / Goşgular - 26.07.2024 |
√ Küýze döwükleri / Goşgular - 02.07.2024 |
√ Tazy / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Baýram handan gazallar / Goşgular - 14.08.2024 |
√ "Diýdiñ: Gelin bolup görkezeýinmi?.." / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Gatmaga geldim / Goşgular - 26.08.2024 |
√ Perizat / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Ne ajaýyp hüý erer, eý şohy siminber saňa... / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Baky söz / Goşgular - 25.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||