20:29 Endamyndaky ýaglara çenli para-para edilen osmanly paşasy | |
ENDAMYNDAKY ÝAGLARA ÇENLI PARA-PARA EDILEN OSMANLY PAŞASY
Taryhy makalalar
Soltan Ybraýymyñ döwri osmanly köşgüniñ iñ betbagtçylykly döwürleriniñ biridir. Biziñ bu aýdýanlarymyzyñ iñ bärkije iki mysaly: Hüseýin jynçynyñ hökmürowanlygy we Warwary Aly paşanyñ gozgalañydyr. Makalanyñ adynda gürrüñi gidýän osmanly paşasy Hazerpara Ahmet paşadyr. Emma bu iki hadysany-da gysgajyk ýatlap geçäýeliñ. Ilki bilen Hüseýin jynçynyñ hadysasyny ýatlalyñ. Wakalar şeýleräk bolup geçipdi: Soltan Myrat IV-iñ aradan çykmagyndan soñ tagta geçen Soltan Ybraýym ruhy taýdan näsaglyklary başdan geçiripdir. Iñ ýamany-da, osmanly neberesi Soltan Ybraýym bilen soñlanmagyñ öñüsyrasyna gelipdir. Ýagdaý şeýle bir çataga diräpdir welin, tagta Krym hanlygyndan birini getirip goýmagyñ pikiri alnyp maslahatlaşylypdyr. Patyşanyñ derdine derman bolup we osmanogly nesilşalygyny ýok bolmadan halas etjek kişi ibaly medrese bilimi-de bolmadyk, jadygöýlik, doga-tumar bermek, jyn okamak bilen güzeranyny dolaýan Safranboluly Hüseýin ependi diýilýän çalasowatdy. Ol patyşany sagaldandan soñ Anadolynyñ baş goşun kazysy wezipesine çenli göterilip, parahorlyk arkaly "gözi gumdan dolup, puldan doýmadyk" Karun ýaly ummasyz baýlyk toplapdy. Elbetde, Hüseýin jynçyny köşge aralaşdyran we Soltan Ybraýymy oña örkläp goýanam Kösem soltandy. Iñlis ilçisi we osmanly taryhçysy ser Pol Rikotyñ aýtmagyna görä, Kösem soltan öldürilen wagtynda-da onuñ egin-eşikleriniñ arasyndan Hüseýin jynçynyñ doga-tumarlary çykypdyr. Hüseýin jynçynyñ ganyna jynçylyk doga-jady mübtelalygy ymykly siñipdi. Ol indi düzelerden geçipdi. Bu uguryñ lomaý girdejisi we adamlara edýän jadyly täsiri çalasowat mollany belli-külli özüne örkläp goýupdy. At-owazasy köşge baryp ýetensoñ-a, ýyldyrym çaltlygynda ösüpdi. Gysga wagtda goşunyñ baş kazysy bolup, hatda weziri-agzamdanam güýçli mertebä ýetipdi. Iñ gynandyryjysy-da, Şeýhulyslam Ýahýa ependi ýaly öz döwrüniñ ylymda belent mertebelere ýeten din alymynyñ şeýle masgaraçylykly ýagdaýa çydap bilmän keselläp ölmegidi. Hüseýin jynçynyñ soñunyñ hökman pajygaly ölüm boljakdygy görnüp durdy. Ýene bir mysalam Warwary Aly paşa gozgalañydyr. Warwary Aly paşa Soltan Ybraýym tagta çykandan soñ Siwasa häkim bellenipdir. 1648-nji ýylda Aly paşa Siwasa gelende özünden öñ Ipşir Mustapa paşa bar eken. Ipşir paşanyñ Peri hatyn atly ady dillere dessan bolan aýaly bolupdyr. Ipşir paşa wezipesinden boşadylandan soñ onuñ aýaly Siwasda galypdyr. Warwary Aly paşa wezipedekä Stambulda Hüseýin jynçy ýaly döwrüñ iñ bolgusyz adamlary ruhy taýdan näsag Soltan Ybraýymyñ töweregine üýşüpdiler. Kimdir biri Soltan Ybraýyma Ipşir Mustapa paşanyñ aýaly "Peri hatynyñ görmegeýliginden söz açyp, şeýle görmegeý zenanyñ diñe soltanyñ haremhanasyna mynasypdygy" barada patyşanyñ gulagyna çawuş çakyp ýetişipdir. Şonsuzam akly-huşy ýerinde däl Soltan Ybraýym şobada Siwasyñ häkimi Warwary Aly paşa çapar ugradyp, ondan öñki häkim Ipşir paşanyñ aýalyny haremhanasy üçin Stambula ugratmagy buýrupdyr. Warwary Aly paşa Stambuldan üç gezek gelen görkezmäni diñlemezlige-bilmezlige salypdyr we patyşanyñ bu ahlaksyz teklibini ýerine ýetirmekden boýun towlapdyr. Ol yzly-yzyna salynýan agyr salgytlary toplamak boýunça buýruklary-da ýerine ýetirip bilmejekdigini we halkyñ bu salgytlary tölemäge ýagdaýynyñ ýokdugyny patyşanyñ dykgatyna ýetiripdir. Soltan Ybraýymyñ Stambuldaky adalatsyz hökümeti we Warwary Aly paşadan talap edilen ahlaksyz talaplar netijesinde Siwasyñ häkimi gozgalañ turuzmaga mejbur bolupdyr. Ol hut Stambula goşun sürüp, patyşa Ybraýymy tagtdan agdarmagy özüniñ boýnunyñ borjy hasaplapdyr. Warwary Aly paşa Stambuly ele salmagyñ öñüsyrasynda durka, aldaw-hile bilen ýeñlişe duçar edilipdir. Soltan Ybraýymyñ döwründe ýene bir hadysa bolup geçipdir. Bu bolan waka ýokarky iki hadysanyñ üstünde tüý dikjek derejede depe saçyñy düýrükdirýärdi: Hezarpara Ahmet paşa wakasy... • Tike-tike edilen osmanly sadrazamy Hezarpara Ahmet paşa kalemiýeden (kanselýariýa) beýgelip, köşkde berk orun eýelän adamlaryñ biridi. Soltan Ybraýymyñ aýal-gyzlara, müşk-anbara, pula ejizligini bilip, ony gysymyna gysmagyñ ýollaryny gözläpdir. Birnäçe ynamdar çeşme onuñ baş wezirlik wezipesini hut patyşanyñ özüne para berip alandygyny habar berýär. Şeýle jogapkärli wezipesiniñ ýany bilen Soltan Ybraýymyñ ýañy iki ýaşan gyzy bilenem adaglanansoñ, döwlet apparatybda onuñ öñünde durup biljek adam galmaýar. Ahmet paşa osmanly taryhyndaky iñ kezzap sadrazamlaryñ biridir. Jogapkärli wezipeleri pula satypdyr, döwletiñ binýadyny opuryp biljek näme elinden gelse etmäge çekinmändir. Döwlet garabaşy bilen gaý bolup duran wagtynda-da, ýagny Wenesiýa bilen söweşip ýörkä we Çanakkale bogazy elden gitjek bolup durka ol, patyşa Ybraýymy aýal-gyzlar we zowky-sapalar bilen güýmäp, soltanlyga täze adamlary getirmegiñ ýollaryny gözleýärdi. Elbetde, Ýanyçarlar gwardiýasy we ylmy jemgyýetçilikdäki ar-namysly adamlar "Fatih" metjidinde jemlenip, gozgalañ turuzmagy makul bilipdir. Patyşa ýagdaýdan habarly bolan badyna bir gullukçysyny ugradyp, adamlary köşeşdirmäge synanyşypdyr we sadrazam Ahmet paşany wezipesinden boşadypdyr. Emma gozgalañçylar Ahmet paşanyñ wezipesinden boşadylmagy bilen çäklenmek islemändir. Olar döwlete bular ýaly agyr zyýan ýetiren adamyñ hökmany suratda öldürilmegini talap edipdirler. Gozgalañçylar şular ýaly zalymy döwletiñ we halkyñ başyna musallat edendigi üçin Soltan Ybraýymy-da tagtdan agdarmak üçin herekete geçýärler. Bu hadysalar bolup durka Ahmet paşa Stambuldan gaçmaga synanyşanam bolsa, ýanyçarlaryñ eline düşüpdir. Ol şobada boglup öldürilip, jesedi "At meýdanyna" zyñylypdyr. Ahmet paşa aşa semiz adam bolan eken. Käbir mekir ýanyçarlar "adam ýagy müñ derde derman" ýalany bilen döwletiñ sadrazamynyñ synasyny kiçijik böleklere bölüp, stambullylara satypdyr. Şeýle hadysadan soñ Ahmet paşanyñ ady taryha Hazerpara (müñ parça) Ahmet paşa diýip giripdir. Geñ ýeri, Hüseýin jynçy, Şekerpara hatyn, Hazerpara Ahmet paşa ýalylaryñ biriniñem eden-etdiligi özi bilen gitmedik bolsa-da, Soltan Ybraýymyñ döwri şu tetelli adamlardan doly bolupdyr. Mehmet MAZLUM ÇELIK. @MMazlumcel celikmehmedmazlum@gmail.com Anna, 30.08.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |