18:35 Erbetligi Tañry isleýärmi? | |
ERBETLIGI TAÑRY ISLEÝÄRMI?
Filosofiýa
1. Hemmeler deñgyrañly şertlerde dogulanok. Ilkibaşdan käbir maşgalalaryñ mümkinçilikleri tapawutly: güzeran çeşmesi we bilim derejesi, ýaşaýan ýeriniñ şertleri, ýaşaýan döwletiniñ üpjün edýän howpsuzlyk we jemgyýetçilik hyzmatlary birmeñzeş däl. Zulumlaryñ, adalatsyzlyklaryñ uruşlaryñ döredýän şerdir erbetlikleri-de her kesi birmeñzeş şekilde uranok: bombalaryñ astynda dünýä inýänem bar, synasynyñ birini ýitirip ömür tanapy üzülýänem bar. Aç-suwsuzlykdan gury ham-gury süñk bolup amanadyny tabşyran çagalar kimdir birileri üçin bary-ýogy gynanç bilen serediljek fotosuratdan başga zat däl. Haýsydyr bir ogrynyñ, ganhoryñ ýa-da neşekeşiñ çagasydygyna garamazdan durmuşda öz ugur-ýoluny tapjak bolup çyrpynýanlaram bar. Hut şolar ýaly ýetginjegiñ dady-perýady häzirem gulaklarymda ýañlanyp dur: “Halypa, sen haýsy adalatdan söz açýarsyñ, Tañry hakykatdanam barmyka beri?” • GADYMY ÇEKIŞME Ýokardaky ahy-nalanyñ garşylyklaýyn meselesi filosofiýanyñ we dinler taryhynyñ iñ gadymy çekişmesidir. Birem tebigy ýagdaýlardan we hadysalardan gelip çykýan ýer titremeler, gahatçylyklar, keselçilikler bar, bulam çekişmäniñ başga bir ugry. Teodiseýa - absolýut ideal Tañry bilen erbetlik düşünjesini nädip bir ýere jemläp bolarka diýen meseläni düşünme taglymydyr. Ellinistik filosofiýanyñ iñ görnükli wekili Epikur şer problemasyny logiki zemine şeýle oturdýar: “Tañry ýa-ha erbetlikleri dep etmek isleýär, ýöne güýji ýetenok, ýa-da güýji ýetýär-de, emma Ol muny beýtmek islänok. Ýa-da Ol muny ne isleýär, ne-de muña güýji ýetýär, ýa-da hem-ä isleýär, hemem güýji ýetýär. Eger muny isläp, güýji ýetmeýän bolsa, diýmek Ol güýçsüz bolmaly, bu bolsa Tañra mahsus zat däl, eger güýji ýetip, düzetmek islemeýän bolsa, Ol erbet niýetlidir, bulam edil ýañky ýaly Tañra mahsus gylyklar bilen bir ýere sygyşjak zat däl, eger ne isläp, ne-de güýji ýetýän bolsa, Ol hem-ä erbet niýetli, hemem güýçsüzdir, bu ýagdaýda ol eýýäm Tañry däldir, eger hem isläp, hemem güýji ýetýän bolsa - bu eýýäm Tañra ýaraşýan häsiýetdir. Şeýle bolýan bolsa erbetlik haýsy nireden gelip çykýar ýa-da Tañry neçüýn olary başymyzdan sowanok?” Şotland filosofy Dewid Ýumyñ soraglary-da şeýle: "Tañry erbetligiñ öñüni aljak bolýar-da, muña güýji ýetenokmy? Eger şeýle bolsa, Ol güýçsüzdir. Ýa-da güýji ýetýär-de, öñüni alasy gelenokmy? Eger şeýle bolsa, Onuñ niýeti gowy däl. Hem güýçli, hem gowy bolýan bolsa, şunça erbetlikler nädip we nireden peýda bolýarka?” • KOGNITIW ÇÄK BÖWEDI "Tañry absolýut gowy bolsa, näme üçin erbetlige ýol berýär?" soragy ateizmiñem esasy üns berýän argumentidir: erbetligiñ bar bolşy ýaly hemme zady bilýän we sap gowy Tañrynyñ bolmaga haky ýok, onsoñam Tañrynyñ barlygy erbetligiñ barlygy bilen bir ýere sygyşmaýar, çünki bu akla sygjak zat däl. Bu garaýşa garşy çykan teistlerem erbetligiñ Tañrynyñ garşysyna delil bolup bilmejekdigini öñe sürýärler we makul tutaryklat tapmaga çalyşýarlar, şeýlelikde teodiseýa ýörelgesi emele gelýär. Şu ýerde, rugsat berseñiz, şü pikirimi paýlaşasym gelýär: Tañry rasional zemine çekilmeýär, şol sanda akyl öz çäklerini aşýan transsendental (müteal) barada netijä gelip bilmez. Kognitiw (bilişsel) çäk muña böwetdir. Akyl öz çägini aşýan meselelerde diñe çaklamalary öñe sürüp biler. Filosoflardyr akyldarlaryñ dürli-dürli çemeleşmelerini muña mysal hökmünde görkezse bolar. Galyberse-de bu garaýyşlaryñ hiç biri absolýut we gutarnykly däldir. Çünki Tañrynyñ myrady diñe Tañra aýandyr. Emma bu ýagdaý pikirlenmäge päsgel berip bilmez. Çekişmelere girmek oý-pikirimizi kämilleşdirmek nukdaýnazaryndan diýseñ möhümdir. Hatda bu imanyñ sagdynlygy üçin gereklidir. Pagta ýüpe baglanan imandan hiç kimse gowulyga garaşmasyn. Eýsem, akyldarlar erbetligi nähili tutaryklandyrýarlarka? Bu barada indiki söhbetimizde durup geçeris. 2. Gurakçylyk, gahatçylyk, ýer-titreme, kynçylyklar, dert-aladalar, keseller, bela-beterler ýaly adamyñ güýjüniñ we erk-ygtyýarynyñ çäginden daşarda bolup geçen hadysalaryñ döreýşiniñ düşündirilişi köplenç diýen ýaly adamlary kanagatlandyrmaýar. Tebigy erbetlik problemasy ahlak erbetligi problemasyna görä has çylşyrymly we çekişmä açykdyr. Gadymy Gresiýadan biziñ günlerimize çenli dürli pozisiýalardan meseläni jedelleşen akyldarlar kämahal biri-birleriniñ üstüni ýetirýän, kämahalam biri-birlerine çapraz pikirleri orta goýupdyrlar. Ilki musulman dünýäsine ser salalyñ. Eşariler we mutezililer (şol sanda olara ýakyn maturidiler) Tañry göz öñüne getirmelerinde iki dürli düşünjä wekilçilik edipdirler. Eşarileriñ pikirine görä tebigy hadysalaryñ sebäplerini bilmek mümkin däl. Tañry öz mülkünde islän zadyny etme ygtyýarlygyna eýedir, Onuñ işlerinden bir hikmet, bir maksat gözlenmeýär. Adamyñ eradasy Tañrynyñ eradasyndan özbaşdak däldir. "Adam - şemalyñ ugruna galgaýan gury ýaprak mysalydyr" diýen Jebriýäniñ sözi muña pikirdeş jümledir. Mutezile älem-jahandaky erbetlikleriñ adalat zemininde okalmagynyñ gerekdigini, şeýle-de hiç bir erbetligiñ Tañra ýöñkelip bilinmejegini öñe sürýär. Olar erkin çemeleşmeleri halaýar, adamy adam eden we erada kylan barlykdyr, hususanam eden erbetligiñ özüñkidir diýýär. • KELAMÇYLARA WE PELSEPEÇILERE GÖRÄ Türk alymy Maturidi ýagşylygyñ we ýamanlygyñ biri-birine eriş-argaçdygyny aýdýar we bu ýagdaýy Tañrynyñ beýikligi bilen baglanyşdyrýar. Onuñ pikiriçe islendik zat sap arassa bolmaýşy ýaly, sap erbedem bolup bilmez. Tebigy hadysalar, heläkçilikler, alada-gaýgylar diñe synagdyr, olarda bu dünýä we o dünýä dahylly hikmetler bar. Ilkinji yslam filosofy Kindi "Älemdäki düzgün-nyzam onuñ ýaradanyñ hikmetine yşarat edýär" diýýär. Faraby metafiziki erbetligi kabul etmeýär, ol "älemiñ iñ gowy şekilde ýasalandygyny, onda kemçiligiñ we adalatsyzlygyñ ýokdugyny" aýdýar. Farabynyñ pikiriçe "Älem bir kosmosdyr (haosa garşy, kemçiliksiz) birligi we bitewiligi añladýar." Ahlak erbetligini bolsa Faraby adamyñ beden taýdan kemala gelşine we bu bedeniñ düzgüne laýyl hereket etmeýänligine we adam eradasyna baglanyşdyrýar. Ibn Sinanyñ kesgitlemesi şeýle: “Eger älem içersine ýagşy-ýaman zatlaryñ meýdana geljek hem-de ol ýerdäkilerden, hem-ä dogrulugyñ, hemem pisatçylygyñ emele gelýän gurluşunda döremedik bolsa, älemiñ düzgün-nyzamy asla doly bolmazdy. Çünki bu älemde diñe dogrulyk bar bolan bolsa, bu älem däl-de, başga bir älem bolardy we häzirki gurluşyndan başga bir gurluşda bolmaly bolardy.” Ibn Roştyñ pikiriçe, erbetlik hudawy eradanyñ we adalatyñ amala aşmagynda bir serişdedir. Gazaly "Häzirki bolşundan has gowy, has doly we has ajaýyp zat mümkinçilik dahylynda däldir" diýip, bolup-geçýän hemme zady bitewiligiñ üstüni dolduryjy hasaplaýar. Bu çemeleşme yslam düşünjesinde "bolşundan has gowusynyñ bolmagy mümkin däl" görnüşinde giñden ýaýrapdyr. • TASAWWUFYÑ ÇEMELEŞMESI Wahdeti-wujut (barlygyñ birligi) düşünjesiniñ öñbaşçysy Ibn Araby ýagşylyk bilen ýamanlygyñ düşündirişini rahmet düşünjesi bilen kesgitleýär. Barlygy tapma, aýan bolma onuñ rahmetiiniñ tejellisidir. “Rahmetim barça zady gurşap alandyr” ayetyndaky rahmetdir şu. Erbetlik bolsa gowulugyñ ýoklugyndan döreýär. "Adamyñ edýän işi gowy ýa-da erbet tapawudy ýok, onuñ nebsiniñ miwesidir, emma külli nebisler ylahy nebis bilen baglanyşyklydyr” diýýär. Söhbetimizi soñra dowam ederis. 3. Izmir ýer titremesi jigerlerimizi paralady. Ýitiren adam pidalarymyza rahmet dileýärin. Hemmämize geçdigi bolsun. Ýene bir gezek şaýat bolduk: bizi ýer sarsgynlary däl-de, ýer sarsgynyna çydamsyz binalar öldürýär. Bular ýaly heläkçilikleri Tañra ýöñkemek ýa-da her ýer sarsgynynda bolşy ýaly gümürtik dil bilen meseläni adamlaryñ hüý-häsiýetine, geýnişlerine, zyna, spirtli içgilere baglanyşdyryp “Tañry jezalandyrýar” diýen ýaly wagyzlary etmek erbetligiñ añrybaşydyr. Şeýle çemeleşmede gezýänlere garañ: tebigaty bilenok, tebigatyñ kanunlaryny we işleýşini bilenok, fizikadan ýa-da inženerçilikden başy çykanok, ýer sarsgynlarynyñ iñ köp bolýan Ýaponiýa ýaly ýurtlaryñ ýeten üstünligini bilenok, emma hamana dini bilýärmiş, hamana Tañryny bilýärmiş. Dine näme ýamanlyk ýeten bolsa, şular ýaly jahyllardan ýetdi. “Jahyllardan ýüz öwür” aýatyny ýatladyp, üç hepdeden bäri üstünde durmaga çalyşýan erbetlik problemasyna dowam edeliñ. • HRISTIAN TEOLOGIÝASYNDA ERBETLIK Dini taglymat bu dünýäniñ gurat maşyn ýaly saz işleýändigini öñe sürýär: hemme zat bolmalysy ýaly we belli bir maksada gönükdirilendir. “Düzgün-nyzam we maksat” delili teist kesgitlemeleriñ iñ möhüm tutarygydyr. Hristian teologiýasynyñ düýbüni tutujy hasaplanýan Awreliý Awgustiniñ gipotezalary-da iki hepde öñ üstünde durlan musulman teologlaryndan üýtgeşik däldir. Ol şeýle diýýär: “Ýagşylyk - barlygyñ çöwre ýüzüdir, ýagny, ýagşylyk barlykda geldi-geçer zat bolup bilmez. Barlyk - hakykat bolşy ýaly-da gowudyr we barlyk diýmäge mynasyp bolan diñe Tañry bolandygy üçin hökmany suratda Tañry gowudyr. Erbetlik barlykda baglanşykly däldir, ýagny, hiç bir närse erbet bolman, hemme zat älemdäki hudawy garmoniniñ bir parçasydyr.” Günbatar pelsepesiniñ görnükli wekili Leýbnis teodiseýa meselesinde filosofik we teologik hakykatlaryñ bir-biri bilen çapraz gelmeýändigini öñe sürýär. Leýbnisiñ pikiriçe Tañry hemme zadyñ iñ gowusyny saýlapdyr: “Bolup biläýjek dünýäleriñ iñ gowusy hemme zada kadyr Tañrynyñ saýasynda bilnipdir, röwüşsiz gowyny döredip bilmeginden ötri ýaradylmaga saýlanan we hemme zada güýji ýetmesi bilen emele getirilipdir” kesgitlemesi yslam dünýäsiniñ görnükli wekili Ymam Gazalynyñ pikiri bilen meñzeşlik berýär. Jöhit jemagaty tarapyndan aforoz edilen (çetleşdirilen) we "Etikasy" bilen tanalýan Spinozanyñ gelen netijwsi bolsa Ibn Sinañkydan tapawutly däldir, ol: "Närseler Tañry tarapyn ýaradylan terzinden we düzgüninden başga bir terzde we düzgünde ýaradylyp bilmezler” diýýär. Şonuñ üçin Ibn Sina hem "eger şeýle bolýan bolsa, başga bir älem bolardy" diýipdir. • TEISTLER WE OLARYÑ GARŞYDAŞLARY Soñky dört ýazgymyñ gysgaça mazmunyny aýdar bolsam, Orta asyrlardan modern zamanlara çenli teist akyldarlar erbetligiñ ontologik barlygyny inkär edýärler ýa-da adalatyñ we ýagşylygyñ amala aşmagynda serişde hökmünde kabul edýärler. Umumy netije şu: erbetlik meselesi Tañrynyñ ýokdugyna delil bolup bilmez. Ýöne Dewid Ýum muña garşy çykýar. Ateizm Ýumyñ pikirlerini özlerine esas edip alýarlar we erbetlik bar ýerinde absolýut Tañrynyñ boljagyna ynananoklar. Döwürdeş teistler bolsa bu çemeleşmäniñ garşysynda erbetligiñ barlygyny ykrar edýärler we meseläni erkin erada arkaly çözmäge synanyşýarlar. Erbetligi erkin eradanyñ we jogapkärçiligiñ çäginde okamaga başlasak, islesegem-islemesegem ahlak zemini emele geler. Indiki hepde ahlak erbetliginiñ üstünde durup geçeris. Aýşe SUJU. "SÖZCÜ" gazeti, 02.11.2020 ý. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |