22:37 "Erdogan bir gitsin-le..." | |
"ERDOGAN BIR GITSIN-LE..."
Publisistika
Soñky günler özümi içimden şu sözi gaýtalaýarkam tutýaryn: - Biziñ mähellämizde hemmeler nämä garşydyklary babatda pikirleri birem bolsa, näme isleýändikleri hakda kelam agyz söz etmezligi makul bilýärler! Hemmelerde "Erdogan bir gitsin, soñ näme bolsa bolar-da..." pikiri bar! Muny "Arap baharynyñ" Müsür wersiýasyna meñzedýärin! "Näme bolsa bolsun, Hüsni Mübärek bir gitsin" diýildi, a soñra? Şeýle meñzetme berenime hiç kim başga-başga düşündirişleri berjek bolmasyn! Faktora ünsüñizi çekýärin: Mübärek gitdi, Mursi geldi we yzyndanam harby döwlet agdarlyşygyny gurnan Sisi! Taryhyñ çuñluklaryna gireniñizde 1848-1849-njy ýyllardaky "Ýewropa baharynyñam" şuña meñzeş pajygalar bilen gutarandygyny görüp bilersiñiz... Diýmek isleýänim, görnetin islenmeýän adam hakda däl-de, nämäni isleýändigiñiz hakda pikir alyşmaly, jedelini etmeli we ahyrynda goldaýan bileleşigiñize, partiýañyza muny görkezmeli... * * * Saýlawdan soñ näme boljakdygy hakdaky ýazgylaryma köplenç nägilelik bildirilýär, "şumat wagtymy?" diýilýär! "Erdogan bir gitsin-le..." duýgusyna gowy düşünýärin. Ýöne şuny-da bilýärin: Köçe bilen Mursi köçeleriñ "gurbany" boldy! Hüsni Mübäregiñ gönderilip, ahyrsoñunda Sisiniñ gelmegi bilen Müsürde näme üýtgedi? - Harby elitalar ýene ýurda agalyk etdi; - Antidemokratik režim dowam edýär; - Ykdysady-sosial problemalar barha çuñlaşýar; - Imperialistik effektler ýurduñ içerki we daşarky syýasatyna hasam köp täsirini ýetirýär. Megerem, müsürliler "biz bu pohy nämüçin iýdik" henegini bilenoklar! Ýöne gowy bilýän bir henekleri-de bar: "Bir gün Ezraýyl Mübäregiñ ýanyna gelipdir. Ol: - Bol, Hüsni halkyñ bilen hoşlaş - diýipdir. Mübärek Ezraýyla: - Näme üçin, nirä gitjek bolýarlar? - diýip soranmyş!" "Arap bahary" günlerinde bu henek köp aýdyldy, köp gülündi. Gürrüñsiz, Mübäreg-ä gitdi, a "protest medeniýeti üýtgedi" diýen müsür halky nirä gitdi? Şowsuzlygyñ, şu günki dymyşlygyñ düýp sebäbi nämede? Görnetin islenmeýän kişi - Mübärek hakda däl-de, nämäni isleýändigiñ hakda pikir alyşmazlyk bolup bilermi? * * * Syýasatda esasy kesgitleýji rol oýnaýan gidýän däl-de, gelýändir! Ýurdumyz daş-kesegiñ, harabanyñ astynda... Ýurdumyz agyr krizisiñ astynda... Diñe Türkiýe däl, dünýä 2008-nji ýylyñ finans krisizinden häzirem çykyp bilenok. Belkäm okansyñyzam: ABŞ-da iki günde iki uly bank Kaliforniýadaky "Silicon Valley Bank" (SVB) we Nýu-Ýorkdaky "Signature Bank" işlemegini bes etdi. Şeýle-de pandemiýa döwründe SVB-niñ jemi depozitleri 2020-nji ýylyñ soñky çärýeginde 60 milliard dollara ýeten bolsa, 2022-nji ýylyñ şol döwründe 200 milliard dollara ýetipdi. Obligasiýa portfoliosy 2020-nji ýylda 27 milliard dollar bolan bolsa, 2021-nji ýylyñ ahyrynda 128 milliard dollara çenli galypdy. Şol hepde esasan kripto dolanşygynda aktiw "Silvergate Capital" hem batdy. Gürrüñim batyşlyklaryñ nähili bolandygy ýaly tehniki gürrüñler däl... Düşündirjek bolýanym, maliýe krizisi tolkunynda howsalalandyryjy satuwlaryñ ýaýran ýagdaýynda munuñ Türkiýä nähili täsir etjekdigi? Ýakynlaşyp gelýän zady göremzok... ABŞ-nyñ iñ uly tygşytlylyk we kredit bileleşigi "Washington Mutual Bank"-yñ batmagy 2008-nji ýylyñ global maliýe krizisini çuñlaşdyrypdy. Ine... Şindizem maliýe şereketleriniñ batmagy bilen krizisiñ barha çuñlaşyp dowam edýändigine şaýatlyk edýäris… Türk ykdysadyýeti şindizem howp astyndadygyna garamazdan häzirki häkimiýet saýlaw sebäpli soñuny saýman saga-sola harman sowurýar! Ol gitse-de, galsa-da ýurda agyr günler garaşýar... Jemlär bolsam: AKP häkimiýetiniñ gidişi bilen öte optimizme özüñizi aldyrmazlygy maslahat berýärin. Çünki daş-töweregimde şeýle optimizme özüni aldyran adamlar barha köpelýär, olaryñ hemmesi "Erdogan bir gitsin, hemme zat gülala-güllük bolar" diýýär... Şekspir şeýle diýipdir: "Ilki arzuw-hyýallar ölýär, soñra adamlar". Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 14.03.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||