14:50 Erdoganyñ oýunçylygy | |
ERDOGANYÑ OÝUNÇYLYGY
Publisistika
Günbatary tankytlamaly bolsa hezil edýäris. Günbatara dodak çöwürýäris. Günbataryñ bize duşmançylyk besleýändigini aýdýarys. Emma, muña garamazdan: “Günbatar bizi öwsün”, “Günbatar bize baýrak bersin” diýip, gözümizi dikip garaşýarys! Tramp "Fox News" teleýaýlymynda şeýle diýdi: “ - Erdogan dünýä derejesindäki ussat sadranç oýunçysy!” Häkimiýete ýakyn habar beriş serişdeleri Trampyñ bu sözüniñ üstünde "toý toýladylar", habary süýjedip-süýjedip dillerinden hiç düşüresleri gelmedi. Bäý-bää, Trampyñ öwgüsine şeýlekin suwsaýşymyzy! Ýeri... Erdogan ussat sadranç (küşt) oýunçysymy? Sadranç anyk netijä gidip, "şany" mat edýän - ýagny ýeñýän oýun. Munuñ manysy şeýle: Ussatlarça urgular urup, "garşydaş şanyñ" howp astynda bolmadyk bir burça yza tesmeginiñ öñüne bent bolmak, ony başga urgulary urmaz ýaly ýagdaýa getirmek. Bu bolsa diñe garşydaşyñ beýleki daşlaryny alyp, ony güýçsüz goýmak arkaly mümkin... Erdogan dünýäde haýsy "şany" mat etdi? Erdogan dünýäde haýsy “şany” gymyldap bilmez hala getirdi? Erdoganyñ daşary syýasatyny üstünlikli hasap edip bolarmy? Bilşimiz ýaly, Günbatar hemişe diýen ýaly pöwhe sözli öwgüleri öñe tutup, basybalyjylykly syýasat ýöredip geldi. Ýogsam bolmasa, bize lazym bolan maksatlaýyn satira aslynda! Günbataram gowy bilýär: biz Gündogar jemgyýeti - tankyt edene duşmançylyk besläp, öwgi ýagdyrana "boýnumyzy" uzadýarys. Tramp tilki deý mekir. Netijede: Erdogany ussat sadranç oýunçysydyr öýdemok. Emma... Eýse soñky birküç ýyllykda oýnuñ abyny-tabyny ele almaga başladymy? Kimdir bir oýunçy şujagaz gysga möhletde "dünýä derejesindäki sadranç oýunçysy" bolup bilermikä? Erdogan aslynda nämäniñ oýunçysy bolup biler? ■ KISSINJERIÑ GARAÝŞY Mümkinçilik tapdygymdan gazetiñ özüme beren paýynda Hytaýyñ kyrk ýylda nädip dünýä läheñi bolandygy barada ýazgylar bilen çykyş edýärin. Trapmyñ Erdogan baradaky ýerliksiz öwgüsi dünýäde giñden tanalýan syýasatçy Genri Kissinjeri ýadyma saldy… "Gizlinlikde saýlananlar" (“Saklı Seçilmişler”) we "Gara gapyrjak" (“Kara Kutu”) kitaplarymda zol-zol agzalan, geçen asyryñ başynda Hytaýy ýalmap-ýuwutmagy meýilleşdiren Rokfelleriñ ýetişdiren "uçurymy" Kissinjeriñ ýazan "Hytaý" kitabyny tankydy nukdaýnazar bilen okadym. Emma... Kissinjeriñ segsen sekiz ýaşynda ýazyp, 2011-nji ýylda çap etdiren kitabyny elimden düşürmedim... Gündogar-Günbatar sintezini Hytaýyñ geçen taryhy ýolunyñ içinde obýektiw nukdaýnazar bilen ýazylan kitap. Kissinjer propoganda ýöredýän syýasatçy däl, hamala häzirem Garward uniwersitetinde okadýan obýektiw synçy we hakykatlar bilen ýüzleşip bilýän derñewçi garşyma dikilen ýalydy. Içimden "Mbähh, Kissinjer bolmagam añsat däl-ow!" diýenimi duýman galdym. Gozgaýan meselämize degişli onuñ beren kesgitlemelerinden mysal getirip geçeliñ: "Hytaýlylar Günbataryñ strategiýasyndan we diplomatiýasyndan düýpgöter tapawutly strategik doktrinany ýöredip geldiler. Taryhyñ çarkandakly ýollary hytaýly liderlere her meseläniñ bir çözgüdiniñ bolmaýandygyny we belli-belli wakalaryñ üstünden absolýut üstünlige ýetmegiñ bütindünýä sazlaşygyny çepbe çöwrüp taşlap biljekdigini öwredipdi..." "Hytaýly döwlet ýolbaşçylary "ýa hemmesi, ýa hiç biri" diýip, bir düşünişmezligiñ netijesini juda seýrek ýagdaýda howp astyna aldylar. Bir ýyldan gowrak dowam edýän inçelik bilen hasaplanan manýowrlar olaryñ terzlerine has laýykdy." "Günbatar tradisiýasy gahrymançylyk ukyplaryny öñe çykaryp, anyk netijä alyp barýan çaknyşyklary mazamlaýan bolsa, hytaý idealynda proporsional artykmaçlyk gazanmak üçin mazaly oýlanyp-ölçerilen, yzygiderli we sabyr-takatly ýol saýlanyp alnan..." Kissinjer bu ýagdaýy hytaýlylaryñ paýhas oýny bolan go (wei gi) oýnuny mysal getirmek arkaly düşündirýär... Özem bu oýun Günbatarda "korollyk oýnuna" öwrülen, rysarlaryñ ýigidiñ ýedi gaýratyndan saýylan sadranç oýnundan tapawutludyr… ■ ERDOGAN HAÝSYSY? Sadranç sözi Trampyñ dilinden känbir düşýän söz däl, köp çykyşynda sadranç oýny barada aýdýar! Oýna düşünýärmi-düşünenokmy, bilemok welin, küşt tagtasynyñ öñünde zol-zol çagalar bilen surata düşýär… Kissinjer oýnuñ tilsimlerini gowy bilýän bolmaly: "Sadranja "anyk netijä alyp barýan tutluşyk" diýmeli bolsa, go oýny üçin "süýrenjeñli hereket" diýip bileris. Küştçi absolýyt ýeñişe ymtylýar. Go oýunçysy bolsa utgaşykly artykmaçlyk gazanmagyñ ugrundadyr…” "Ussat küştçi birtopar "ýekme-ýek" garpyşyklar bilen garşydaşynyñ çöplerini hatardan çykarmaga synanyşýan bolsa, ezber go oýunçysy garşydaş çöpleriñ strategik güýjüni tapgyrlaýyn azaldýar..." "Sadranç ünsüñi diñe bir zada gönükdirmegi öwredýär, go oýny strategik ýazylganlyga äkidýär..." Kissinjer Hytaýyñ dünýä režimine bolan çemeleşmesini go oýnuna meñzedýär. Hytaýyñ häsiýetleýin tapawutlylygyny uruş sungatynyñ iki ussady günbatarly Karl fon Klauzewis bilen hytaýly Sun-Szyny deñeşdirme arkaly açyp görkezýär. Sun-Szynyñ pikiriçe, üstünlik diñe ýaragly güýçleriñ gazanan ýeñşinden ybarat däl: "Gutarnykly üstünlik ähli çaknyşyklarda üstün çykmakda däl-de, duşmany söweşmezden gymyldamaz ýaly güne salmakdadyr. Urşuñ iñ ýokary görnüşi gönüden-göni duşmanyñ strategiýasyna hüjüm etmekdir..." Ýeri, siziñ pikiriñiz nähili? Erdogan ussat sadranç oýunçysymy? Erdogan ussat go oýunçysymy? Ýa bolmasa, şansa bil baglaýan kart oýunçysymy? Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 19.08.2020 ý. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |