09:57 Erkekler üçin söýgi, oýun, häkimiýet | |
ERKEKLER ÜÇIN SÖÝGI, OÝUN, HÄKIMIÝET
Teatr we kino sungaty
Gojaman Russiýany dolandyrýardy we oña söýgiden başga islendik meselede islän zadyny edip biljekdigi öwredilipdi... Erkekler üçin durmuşda iñ möhüm zatlar näme? Birnäçe ýyl mundan öñ okumyş aýallaryñ birinden eşden jümlämi hiç ýadymdan çykaramok: "Oýun, güýç, seks". Ol oýna bolan gyzyklanmany bilesigelijilikli gözleg bilen, güýji hökmürowanlygyñ dürli görnüşleri bilen, seksi hem kämahal söýgi bilen üýtgetmek mümkin diýip, sözüniñ üstüne goşupdy. Ony ýylgyrjaklap we "ýene yzyny dowam edermikä?" diýen pikir bilen ünsli diñläp oturanymy görüp, sözüni şeýle jemläpdi: "Agzyñy öweldip durma. Bar bolany şu. Siz erkeklere baha bermek üçin şular ýeterlik, hatda artygam bolýar. Galanlarynyñ hemmesem şu üç binýadyñ üstünde gurulýar. Özüñizi şolar ýalam düşünmesi kyn çylşyrymly jandarlardyr öýtmäñ, gynansak-da". "Gynansak-da" sözüniñ haýsy many añladýandygyny çak etmek kyn däldi: Erkekler (aýallara garanda) has düşnükli we zoñtar bolýar... Özüne göwni ýetýän gopbamsy erkekleriñ ýokardaky aýdylanlar bilen ylalaşmajakdygyndan, özleri hakda pöwhe sözler bilen uzyndan-uzyn gürrüñ bermäge synanyşjakdygyndan hiç şübhäm ýok. Şonuñ üçin köp eşidýän we meniñ üçin manysyz ýañlanýan bir jümlämizi şu ýerde ulanasym gelýär: "Elbetde, islendik pikire hormatymyz bar". * * * Üç gysga söz bilen başlap, "gynansak-da" bilen gutaran şol aýdylanlary maña ýene bir gezek ýatladanam düýn tomaşa eden bir rus kinofilmi boldy. Režissýor Alekseý Uçiteliñ döreden çeper filminiñ ady "Matilda". Birküç aý öñ Russiýada bu çeper film üçin aýaga galan köp boldy. "Gadagan edilsin" diýip gygyranlaram boldy, protest ýörişleri bolup geçdi, kinoteatrlara hüjüm etdiler. Munuñ gürrüñi parlamentde hem uzaga çekdi. Haýbat atmalardan gorkup, kinofilmiñ görkezilişini ýatyranlaram boldy, muña garamazdan çeper film köp ýerlerde görkezildi we häzirem görkezilýär. Kinofilmden näme gözleseñizem tapyp bilersiñiz: Taryh (taryhyñ bir wersiýasy), söýgi (hem az-owlak erotizm), gyzykly başdan geçirmeler, intrigalar, owadan köşk we tebigat peýzažlary, sungat (balet), jenaýat we ş.m. Çeper filmiñ iki sany baş gahrymany bar: Russiýa imperiýasynyñ iñ soñky patyşasy Nikolaý II (bilýänsiñiz Leniniñ serdarlygynda bolup geçen 1917-nji ýylyñ Oktýabr rewolýusiýasyndan birnäçe aý geçensoñ tutuş maşgalasy bilen bile atylyp öldürildi) we asly polşaly balerina Matilda Kşesinskaýa. Imperator Aleksandr III heniz aýatda dirikä Nikolaý II-niñ geljegi kesgitlenip goýlupdy: Russiýany dolandyrmaly we Romanowlar dinastiýasy bilen döwletiñ düzgünlerine laýyklykda ýaşamaly. Munuñ bir parçasy-da oña mynasyp görülen nemes gyzy Alisa bilen goş birikdirmegi bolmalydy. Nikolaý ilkibaşda wagtyny hoş geçirmek, keýp etmek maksady bilen ýanaşan Matildasyna aşyk bolansoñ, bu düzgünleri berjaý edesi gelmeýär. Hatda nägilelik bildirip, häkimiýetden el çekmäge-de synanyşýar. Mugallymy Konstantin hem oña şeýle diýýär: "Saña söýgüden başga islendik meselede islän zadyñy edip biljekdigiñi öwretmelidik". Emma patyşa Nikolaý II söýgüsinden uzak wagtlap el çekmändir. Ol Matilda bilen duşuşmagyny dowam etdiripdir. "Köşk" bu söýginiñ oduny söndürmek üçin her ýola ýüz urupdur. Ahyrynda başarypdyram. Matilda Kşesinskaýa Nikolaýyñ heýjan, häkimiýet, söýgi aralykda gidip-gelmeleri çeper filmde juda gyzykly epizodlar we ýatda galyjy täsirli detallar bilen şekillendirilýär. Işi bulam-bujarlyga salan ýene bir faktor bar: Buthana, ýagny din. Nikolaý bilen Alisa dini däp-dessurlara laýyklykda maşgala gurupdy, "aýagyñy gyşyk basmak bolsa iñ erbet günädi". Nikolaý II-niñ ady birnäçeleri üçin şol wagtlaram, häzirem, şol bir wagtyñ özünde prawoslawlyk üçinem mukaddes at hasaplanýar. * * * "Kinofilm hakykatlara gabat gelenok. Toslamalardan, bolşundan bäşbeter çişirmelerden doly. Ol eýle däldi, bu beýle däldi..." Elbetde, bular ýaly tankydy bellikler bolaýmaly. Emma gadagan etmek, hüjüm etmek aýry gürrüñ. Bu ylalaşyp bolmajak zat. (Russiýada edil häzir iñlisleriñ çykaran "Staliniñ ölümi" kinofilmi gowur turuzdy we gadagan edildi. Şular ýaly gadagançylyklar bilen "jemgyýetiñ goraljak bolunýany" nähili geñ zat). Çeper film ýa-da islendik sungat eseri hakykaty bolşy-bolşy ýaly şekillendirmäge borçly däl. Islendik adam tomaşa edensoñ halandygy ýa halamandygy hakda aýdyp biler. Emma dõredijilik meýdany azat bolmaly). Dogrusy, "Matilda" garşy çykanlaryñ bir böleginiñ Nikolaý II-ä "nämynasyp söýgi" gelişdirip bilmändikleri diýseñ gyzykly. Bu boýunça ýada düşüp biljek köp sanly mysaldan biri-de "Ajaýyp asyr" ("Muhteşem Yüzyıl") teleserialyna gönükdirilen berk ýazgarmalardy: "Ajaýyp Süleýman at üstünde gezip, gije-gündiz ýatman döwletine täze-täze ýurtlary goşup gezdi. Ony haremhanadan çykmaýan biri ýaly edip görkezmek barypýatan haýynlykdyr, ahlaksyzlykdyr, ýalançylykdyr..." Ähli ýurtlarda bolşy ýaly, Osmanly imperiýasynyñ taryhy-da agalyk ediji synpyñ söýgi, seks, oýun (heýjan we güýç), hökmürowanlygyñy görkezmek sahnalary bilen doly. Hatda Türkiýe Respublikasynyñ taryhyndanam "gadagan söýgileri" ýatlamak kyn däl. Iñ bolmanda Adnan Menderesi agzasagam ýeterlik. Dünýä boýunça mysallary-da barmak büküp sanardan köp. Meselem, Fransiýanyñ prezidenti Fransua Ollandyñ ullakan ýurdy dolandyryp durandygyna garamazdan yzyny üzmän sagadyna seredip garañky düşerine garaşmagy we garañkyda motosikline münüp söýgülisine tarap waz ýasamagy hakda az gep edildimi, az zat ýazyldymy! Şol wagtlar menem "Fransiýanyñ prezidentiniñ söýgüsi we biziñ söýgüsizligimiz" diýip bir makala ýazypdym. Hakan AKSAÝ. "T24" internet gazeti, 28.01.2018 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |