11:00 Ertiriň aladasy | |
ERTIRIÑ ALADASY
Goşgular
Gijäň rahat, mähribanym! Ertir meni irden oýar. Nesip bolsa öýümize, Ýene-de köp myhman geler. “Gelen – döwlet” diýilýänin, Ençe gezek eşdenemsiň. Howlymyzy myhmanlaryň Aýak yzy keşdelesin. Säher bilen sag sygyrňy, Tamdyrňa ýap myssyk nany. Bizden hoşal bolup gitsin, Gelen myhmanlaryň bary. Ötegçilere gol bular, Gorly tamdyryň tüssesi. Gonak bilen dil tapyşdyr, Sary sygyryň mesgesi. Soraglarma jogap gerek, Şygyrlam bar sözlemeli. Diňe şolardan taparys, Köňlümiziň gözlegini. Edeniň dolanar yza, Besdir bize jomart bolsak. Özümiz myhman bu dünýä, Myhmanmyzdyr her bir pursat. Olar bilen çyrag geler, Kalba ataş, ynam geler. Sabyr, sogap, saglyk geler, Durkumyza dogum geler. Döwran geler toýlar içre, Töre geçer törümize. Goý, gelsinler, kän zat sygar, Biziň açyk göwnümize. Durmuş – umman, biz – bir dünýä, Üstünde biz syrly salyň. Ertir meni irden oýar, Gijäň rahat, mähribanym! | |
|
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |