08:38 Goçlaryň urşy | |
GOÇLARYÑ URŞY
Goşgular
Iki goçy çykardylar meýdana, Olaryň güýçlerin synamak üçin. Şonda başyn ýaýkap diýdi bir dana: “Üýşdüňiz goçlary gynamak üçin! Sebäp goç “goç” bolýar, adyndan belli, Gaýduwsyzdyr olar, ýüregi ýelli. Kösemäň olary, işiňiz telek!” Emma duranlara netije gerek. Ine-de söweşiň pursaty ýetdi, Goçlar weli mundan darykmady hiç. Şahlaryň düýbünden ot çykyp gitdi, Garpyşyga girdi iki ägirt güýç. Bu urşuň humary sämetdi seri, Mähelläniň huşy asmana uçdy. Goçlar ençe gezek sarsdyryp ýeri, Ikisi-de ysgyn-mydardan gaçdy. Ine, uruş tamam bolaýdy öýdýän, Häki dana ynanamady gözüne. Ol goç almytyny alaýdy öýdýän, Gaçyp barýar tutdyryp ümdüzüne. Häki dana diýdi: “Bu niçik ahwal, Gaçmaz goçlar güýç kellesin owsa-da. Bu ýerde bir syryň bolmagy ahmal, Ol goçdugyn unudandyr ýogsa-da...” Ýene dana diýdi, söýenip hasa: “Bu däl meniň isleýänim, diýýänim!” ...Örtendi getirip bilmänsoň tasa, Ýazylmadyk kanuny dünýäniň. Azymberdi KAKAÝEW. | |
|
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 3 | |
| |