22:16 Garşylyk | |
GARŞYLYK
Goşgular
![]() Her pikirde bir ýürek bar, Her ýürekde müňläp pikir. Biri ýagşy, biri erbet, Biri hak, beýleki mekir. Çapraz pikir arasynda, Ynam üçin howa ýokdur. Hemmäniňem agyr derdi, Ol derde-de doga ýokdur. Dawa edýär iki kişi, Bir-birege oýkap döşün. “Maňa düşün!..” diýýär biri, Ol hem diýýär: “Maňa düşün!..” Bu çapraz pikirleň urşy, Biri hak, biri-de nähak. (Gör, ynsanyň göçdi huşy – Bu pelegiň oýnuna bak!..) Goşa güýjüň zarbasyndan Kalp ses edýär, dükür-dükür. Her pikirde bir ýürek bar, Her ýürekde müňläp pikir... Azymberdi KAKAÝEW. | |
|
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |