09:17 Ak Durnam | |
AK DURNAM
Goşgular
Bu söýginiň oýnunda, Arzuw guşduň, ak durnam! Meni ýalňyz goýduň-da, Nirä uçduň, ak durnam! Yzda goýup ýaryňy, Sökdüň bu giň barlygy, Saýlap sergezdanlygy, Menden geçdiň, ak durnam! Seleňli güýz paslynda, Düýşmi ýa huş aslynda?! Arşda – alys asmanda, Gördüm keşbiň, ak durnam! Gel, ömre bagt bolup dol, Sensiz boşluk sag-u-sol! Seniň yşkyň alys ýol, Meniň yşkym, ak durnam! Syrdaş bolaý kim bilen, Mazam ýok saz-heň bilen, Gök asmana seň bilen, Menem uçsam, ak durnam! ■ Görmesem Arzuwda geçýär wagtym, Seni bir gün görmesem. Elden giden deý bagtym, Seni bir gün görmesem. Ýok ýanymda hemdemim, Sen diýp alýan her demim, Gabanýaryn ýeldenem, Seni bir gün görmesem. Baglar aglaýan ýaly, Daglar ownaýan ýaly, Günem dogmaýan ýaly, Seni bir gün görmesem. Kalbyň soltan-hany ýok, Durkuň jiger-jany ýok, Hiç bir zatda many ýok, Seni bir gün görmesem. Ýar, goýnuň ýazy başga, Kalbyň owazy başga, Müň gowga gopýar başda, Seni bir gün görmesem. ■ Diýdim saňa Ýürek tagtym bagyş eýläp, “Ýeketägim” diýdim, saňa! Gül ömrüme nagyş eýläp, “Ýeketägim” diýdim, saňa! Seni bagra basan wagtym, Gül deý goýnuň täji-tagtym, Gözleriňde görüp bagtym, “Ýeketägim” diýdim, saňa! Derman bildim her sözüňi, Zülpüň örtende ýüzümi, Bagtly saýyp men özümi, “Ýeketägim” diýdim, saňa! Bakan wagtym jemalyňa, Kuwwat sen, güýç-mejalyma, Bendi bolup ejabyňa, “Ýeketägim” diýdim, saňa! Biz ylahy söýgä uýup, Mährim berip, mähriň duýup, “Budur saňa ähtim” diýip, “Ýeketägim” diýdim, saňa! ■ Gül barada iki goşgy I. Gyz ýarynyň beren gülün, Ysgap-ysgap ganmady hiç. Görkli, ajap burkly gülde, Meger arman galmady hiç. Suwly küýze teşneligin gandyrdy, ýeňledi derdi. Ysgap-ogşap näzenin gyz, Ol bägüle ömür berdi. II. Bir ajap gözel bägüldi, Bu gyza-da ýar sowgady. Ysgabam görmedi hat-da, Äsgermän tumşuk towlady. Öýlerine gelip, ol gyz, Tasanjyrap, depip ýeri, Ejesiniň ot goýberen Tamdyrna oklady güli. ■ Çäresiz aşygyň samramalaryndan Ol gelniň gujagy – ýazlaň hyjuwy, Duýamda başlandy yşk oda köýmäm. Söýsem aýyp ýaly, bilemok söýmän. Baharyň şemaly – gözel jemaly, Kalbym gowzap gitdi görende didäm, Şol pursat dymsam-da, bilmedim diýmän: Eý, ömrüň atyry, kalp howatyry! Sary bägül edip, oranan öýmäň astynda gizlenen saçlaryň görmän namut galsam, bir ömüre haýyp bor! Bilýän, bu höwesden dynmaryn ölmän. Ýok derde derman, Bu şeýle perman. Wah, arman-arman, aýyp bor... | |
|
√ Ýolma guşuñ ganatyn / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Ajymdan öldüm / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Gözümde muttasyl ol, egme gaş, gerek bolsa... / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Däliden dogry habar / Goşgular - 14.09.2024 |
√ Içimizdäki Musa... / Goşgular - 07.11.2024 |
√ Şol işandan / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Я блондинка / Goşgular - 26.07.2024 |
√ «Bürgüt küýsäp çykdym daga...» / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Ýogaldy / Goşgular - 05.05.2024 |
√ "Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |