13:56 Soradym | |
SORADYM
Bir dananyň ýakasyndan ebşitläp, Ýüreklere barýan ýoly soradym. Mahmal ýeliň ýapynjasyn oranyp, Nurly Günden sag-u-soly soradym. Bir täsin ses edip iňledi şemal, Danaň jogap beräýmegi ähtimal... Diýdi: “Oglum, seniň bu bolşuň-a däl, Ne saglygmy, ne bir haly soradyň! Makul bilseň saňa bir gep aýdaýyn: Ýagşy sözler – şuglalydyr, Aý deýin!” ... Bu söz ýüregimiň ýetirdi eýin, Tomus jöwzasynda gary soradym. Gitdi dana, ol daşlaşyp barýa-la, Göwräm doňdy, serim uçdy bir ýana. Böwrüme diň saldym ýene bir ýola, Wyždanymdan namys-ary soradym. Köp puşmanlar iýdim bu iş edenme, Özümden bir göwne ynjy ýetenne. Ömür diläp şygyrlarmyň setirne, Ahyrýete kerem-nury soradym. | |
|
√ Basyp giden yzlaryňdan / Goşgular - 02.09.2024 |
√ Oýnam setirler / Goşgular - 08.06.2024 |
√ At galar / Goşgular - 11.02.2024 |
√ «Dañ ýyldyzy» «Ömrüzaýa» öwrülip / Goşgular - 22.08.2024 |
√ "Watan howasyndan doýmadym hergiz..." / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Türkmen rysgy köp bolsun / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Kakama / Goşgular - 26.06.2024 |
√ Meniň gimnim / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Durdy han / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Týug / Goşgular - 16.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |