01:47 Rubagylar | |
RUBAGYLAR
Goşgular
Herne sebäpkäri bolsa-da nalaň, Ene ölümini dilemez balaň. Agladyp ýörenler az däl enäni, Nadany kän – ene kalbyna talaň 09.03.2024. *** Loly erkekleriň, loly aýalyň Ýazypdyrlar olaň ömür beýanyn. Okap diýdim: “Niçik jandar bu adam, Ýoklugynda utanç bilen haýanyň?!” 09.03.2024. Kyrk ýalan bar, jan gardaşym, gepiňde, Şeýtan otyr hem sagyňda, çepiňde. “Bar – diýdiler – emi, derdiň dermany, Girdaba atylan soňky depimde” 10.03.2024 Kildi polat, haýry näme, açary demirden bolsa, Alaw bolmaz, tamdyr towy, ojary kömürden bolsa. Bir görsene, Togrul begiň at üstünde segreýşini! Leşger gider başda perman Maksudy emirden bolsa. 22.03.2024. *** Azar çekip Hüňkar şadan, Leke şadan şarpyk dadan, Agaýunusyň Gerçegi— Göroglyny halk ýaradan! 22.03.2024. Duş etmesin eden işin bilmeze, Gönderer ol seni barsagelmeze. Gepçi boldum bir gün duşup şagala, Satdy meni, saldy meni galmaza. 31.03.2024. “Söhbetdeş ýok söhbet edere” –diýdim, “Öý ýok myhman bolup gidere” –diýdim. Eşitmezi ýaly oglan-uşagyň, Muny men çalaja pedere diýdim. 02.04.2024. *** Öňki dost diýenim gitdiler bary, Birini goýupdyr kürsi azary. Kürsi gowy, ýöne weli gürzüden, Aýňalyp bilmedi pahyr mazaly. 02.04.2024, *** “Geňeşdary” uly bilen kiçiniň, Ýadymda galmandyr ady kişiniň. Il gözüne göräýmäge sypaýy, Öýjýgidi, walla, hyşy-wyşynyň. 02.04.2024. *** Soradym segseni arka atandan: - Gür bersene ýazan gowy zadyňdan! Jogap: - Gowy zady indi ýazmaly! Wah, biçäre habary ýok Gün batandan. 02.04.2024. *** Eger göni eliň bolmasa egri, Diýebilmez hiç kim tüýkesme ogry. Jowrandyryp niçe goňşy-golamy, Sen dälmidiň ýakan niçeme bagry?! 02.04.2024. *** Öňe iterdiler bir gün galady, Atdylar egnine gyrmyz halady. Ussa diýip çagyranym ne jüre? Saýgaryp bilmedi misden polady. 03.04.2024. *** Erkek geýimini geýen är-aýal, (Bolup bilmejegi her kese aýan!) Aýallaň möwriti öten ýaly-la, Erkekler syrtpuruş, barmy-how, hyýal? 03.04.2024. *** Janly-jemende ýok, öýünde bary, Diňe men ýaly-la çekýän azary? Ýarygije dertli ýürek çyrpynýar, Damarda al ganyň ýok-la karary? 03.04.2024. *** Eýläme öwrüldim – ýetmez kararym, Beýläme öwrüldim – ýetmez kararym. Çawuş çakýar asmandaky ýyldyzlar, Meger, olar meniň ýalňyz haraýym. 03.04.2024. Ady-sory ýoga “beýik” diýmişler, Beýik bolan bolsaň, “köýük” diýmişler. O gün bir dananyň gürrüňi gitdi, “Arakdan, şerapdan doýuk” diýmişler. 03.04.2024. *** Aýdym bolma bir biwejiň dilinde, Görüň gazar egri saply pilinde. Gije-gündiz gygyrsa-da gazala, Jinnek ýaly sylagy ýok ilinde. 03.04.2024. *** Adam bolup söýlemeseň ýüregiň, Ýitdigi dälmidir suwda küregiň? Alajyň ýok, muňa durmuş diýerler, Entäpdirin yzynda bir düregiň. 03.04.2024. Ähli janly-jandar dünýäň mahlugy, “Ýok – diýmedim hiçisinde ahlagy. “Adamdyr – diýdiler – bularyň başy, Ýöne tilkidenem beter aglagy!” 07.04.2024. *** Rast sözlerden tapar göwün teselli, Ýalan sözüň etdi meni keselli. Metjitde oturyp gargyş okajak, Gargyşa-da laýyk däl sen tetelli. 07.04.2024. “Maňa näme gerek iliň agysy?” Diýen kişi boldy iliň agasy. Ýa demrinden, ýa kömründen diýleni, Öz obasy indi onuň ýagysy. 08.04.2024. *** Synlap diýdim gadym Garrynohury: - Ýaradanyň ýerdäki zer möhüri. Yşk meýinden doýdumyň ýok, doldumyň, Eý, sen, tebigatyň serhoş şahyry! 08.04.2024. *** “Aýtjakdy, aýdyp bilmedi” diýmäň, Hak göwün şahyrlar ölmeýär diýmän. Eger gorkan bolsa Pyragy şadan, Ýazmazdy “Fetdahy” kalbyna guýman. 08.04.2024. *** Ýörgünlidi onuň şagal lakamy, Muny men däl, uly iliň dakany. Böri bilen it ganyndan—hüňňüç ol, Gara möýüň, içýanyňam çykany. 10.04.2024. Bigaýrat gardaşyň peýany bilmez, Günüň dowzah bolar, aýany bilmez. Atamyň aýdany ýalan däl eken, Il içinde utanç-haýany bilmez. 23.04.2024. | |
|
√ «Jim» harpy / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Hijri-zulmydan niçe kim, eýlesem men dat oňa... / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Ýaşlyk / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Oba. Ýaz gijesi / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Özümiñki däl eken / Goşgular - 17.11.2024 |
√ Salam, Türkmenistan! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Kim görer hurşydy, ol mahy-sima bolmasa... / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Жизнь / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Sen adam aslyň hakda / Goşgular - 11.07.2024 |
√ Barsam / Goşgular - 01.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |