17:34 Görmeksiz gyza | |
GÖRMEKSIZ GYZA
Goşgular
Utanma, eý, jenan, galdyrgyn başyň, Sen öz-özüňdenem göwnüň geçirme. Ok ýaly kirpikleň, ýaý ýaly gaşyň, Bolmanda nä, umydyňy öçürme. Sen nämä utanyp ýygrylyp ýörsüň, Her kimiň alnynda garaşýar bagty. Taparsyň menzilleň gatlaryn dörseň, Bilýäň-ä munda ýok hiç zadyň nagty. Ykbalyňa nälet okamaweri, Dokuzy düzüwi tapmak juda kyn. Ynsana sen, bolmak hökman däl peri, Besdir, ak ýüregiň ýürege ýakyn. Bir gün bagtyň çöken göwnüň göterer, Düşer-de dideleň düýpsüz çuňlugna. Ol şol ýerde bir zada göz ýetirer – Çuňlukda bagtynyň bukulandygyna. Sebäp, dideleňde mähir joş urýar, Durkuňda bir öýe ýetik gaýrat bar. Arman, bagt bilen ykbal duşurýar, Sen oňa ýetýänçäň sönme, gaýnap bar. Çünki, seniň ýüregiň bar ajaýyp, Onsoň seni söýmän bolarmyka heý. Bu dünýede nika gaýyp, bagt gaýyp, Bagt görke aldanmaýar adam deý... *** Kalbyňy ynjytma hüýr kybap ynsan, Ýöne bir kösäniň galar bu jany! Lebiň baldyr, goýnuň ajaýyp bossan, Sen Hudaýyň yhlas edip ýasany. Özi haýran bolan keşbin beripdir, Goýnuňda ýerläpdir jennetiň ýazyn. Barça gözelligi rowa görüpdir, Görküňe baglanyp, ýitirip özün. Umyt yşy sönmäwersin pelteden, Eý, eýjejik bägül, birden solaýma! Bagta eýe çykjak bolýar öňýeten, Belki seniň özüň bagt bolaýma!? Başyň aşak salma, galdyrgyn bir gez, Görküňden nurlansyn Gün bilen Aýam. ... Saňa ynsan ogly bagt berip bilmez, Bagt bermegi unudansoň Hudaýam. Azymberdi KAKAÝEW. | |
|
√ Täze tuýuglar / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Yşk heseri / Goşgular - 21.06.2024 |
√ Söýüň çagaňyzy / Goşgular - 11.12.2024 |
√ "Meni meger şahyr eden..." / Goşgular - 16.08.2024 |
√ Liwanda şu pursat kyýamat gopýar / Goşgular - 11.10.2024 |
√ Dostum Çerkez Şamyradyň ýagty ýadygärligine / Goşgular - 23.08.2024 |
√ Bir gün ýüzüň gören kişi... / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Arşda Aý, zeminde ýeke-täk sonam / Goşgular - 19.08.2024 |
√ Eý, aşyklar bahary, haýyr hamyla senden... / Goşgular - 22.10.2024 |
√ Meniň gimnim / Goşgular - 07.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |