19:00 Bardyr | |
BARDYR
Goşgular
Bir aladaň çözüldigi, Öňde ýene ony bardyr. Agtar-da tap gözelligi, Onda arşyň nury bardyr. Bagt aýdymyn aýtsa bende, Haýran bolup durma sende! Serindäki aklyň hem-de, Bileginiň zory bardyr. Möhürläp ähti peýmanyn, Ýürek ýazyp dur permanyn. Arzuwlaryň hem armanyň, Gursaklarda gory bardyr. Joşulyp çykylýar serden, Aýak üzüläýýär ýerden. Mert ýigit ownasa birden, Ýanynda bir loly bardyr. Howlukman iş et, eglen-de, Gül dörär ynsan emrinden. Ýalkanan bendäň egninde, Görseň haýa dony bardyr. Bu öwüt däl ýa-da nakyl, Ýaman pişelerden çekil. Durkda gaýrat, başda akyl, Bary bardyr, ýogy bardyr. Uzak gijelerne ýatman, Bar kagyza arzym aýtman. Azym, bes et akyl satmaň, Her kimiň öz ýoly bardyr. Azymberdi KAKAÝEW. | |
|
√ Ogurlyk goşgular ýa-da goşgy bolup ýetişmedik setirler / Goşgular - 29.11.2024 |
√ Söýüň çagaňyzy / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Ajymdan öldüm / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024 |
√ Magtymguly / Goşgular - 06.07.2024 |
√ Içimizdäki Musa... / Goşgular - 07.11.2024 |
√ Meniň gimnim / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024 |
√ Düýşgowuran / Goşgular - 08.04.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 26.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |