08:40 Eneme | |
ENEME
Goşgular
![]() Näçe ýakyn bolsaň-da sen ýanymda, Ene janym, seň mähriňden doýma ýok. Şygyrlamda, setirlemde, sözlemde Eziz adyň dillerimden goýma ýok. Dünýä hem gözeldir ejeli bolsaň, Goja äleme-de eneler seýik, Ynsan bolup beýik bolmak isleseň Bolarsyň mydama eneňi söýüp. Käbäm, sen hakynda näçe ýazsam az, Roman, poema, kyssa-da ýazsam. Armanym ýok, bu bäş günlik ömürde, Seň edenleň ýüzden birin gaýtarsam. Käbäm, hemişe-de şat ýylgyryp gez Mähirli gözleňden nemler dammasyn. Ýyllar näçe geçse-de sen garrama Goý garrasa goja daglar garrasyn! Bibigül ÝAGŞYMÄDOWA. Surat: Maks Rentel / "Ene we agtygy" | |
|
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |