08:32 Eý, Isa demli toty, eý, şirin sesli bilbil... | |
Eý, Isa demli toty, eý, şirin sesli bilbil, Zöhräni ýakyn getir, özüni beýhuş bilsin. Bir gözellik dawasyna dost-duşman keseki, Ýaşly gözde şaýat bolsun, çekýän ýaly keseli. Gam agladar barçany, aýal-erkek dat eder, Gutar indi gussadan, zulmundan perýat eder. Mylaýym nagmaň bilen deş gussanyň garnyny, Eý, dilber, adalatda, gör et ýokluk ornuny. Tulum howadan dolsun, sakymyzy sen ýat et, Dilberiň yşgy bilen ruhlary Perhat et. Köňlüň göýä Ysrapyl, ynsanlary direlden, Taňrynyň demin üfle, gulaga-girelgeden. Biz biz däne harmany, saman bilen dürüşde, Jan ýelinden şemal ber, samandan aýryşdyr-da. Gitsin gam - gam ýanyna, şatlar - şat ýana geçsin, Gül gitsin – gülüstana, köňül asmana uçsun. Şu gözel däneleriň gulagy hem rehmetde, Umytlar ýer ýüzünde bendisidir, elbetde. Jan şum altyn bolup, gözeli gujaklasyn, Aýaklary baş bolsun, saman - altyn çaklansyn. Eger rugsat berilse, dymsaň, saklaman derdim, Doganyň hem aýtmadyk bir syryny aýdardym. _____________________________ Isa demli (Isa nepes). Isa pygamber özüne Alla tarapyn berlen gudrat bilen hassalary sagaldyp, ölüleri direldipdir. Zöhre – Wenera ýyldyzy. | |
|
√ Obama geliñ / Goşgular - 18.08.2024 |
√ Köwşümi / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Garrylyk bazary / Goşgular - 24.05.2024 |
√ Gul aga / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Ogurlyk goşgular ýa-da goşgy bolup ýetişmedik setirler / Goşgular - 29.11.2024 |
√ Hindi gyzy / Goşgular - 31.08.2024 |
√ Men Gazadaky çaga / Goşgular - 09.11.2024 |
√ Bagyşla! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Magtymguly Pyragynyñ 300 ýyllygyna / Goşgular - 16.06.2024 |
√ Сүйіп өтем / Goşgular - 11.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |