19:49 Ejizleriñ oñarýan zady | |
EJIZLERIÑ OÑARÝAN ZADY
Publisistika
Senýor Guterriş Gaza üçin aglaýar we dünýäniñ ejiz adamlary-da onuñ bilen bile aglaýar. Ejizleriñ ýüreginden we hakykatdan başga hiç zady ýok. Gaza sektorynyñ günortasyndaky Refahda ýykylan jaýyñ harabasynyñ aşagyndan çykaran ýyrtyk batböregini saklap duran palestinaly çaga, 02.04.2024 ý. / Fotosurat: AFP Hemmeler Gazäniñ harabasyndan ýeñiş gözleýär. Her bir topar bu harabadaky oýnaýan roluny harby weýrançylykdaky etiki we ahlak ýeñşi hökmünde görkezjek bolýar. Eýran uçarmansyz istrebitellerini we raketa sürülerini Damaskdaky konsullygynda gurban bolan ýedi adamynyñ öwezi hasaplaýar. Indi uruş wagtlarynda konsullykda işlemek bilen köpçülikleýin jana kast etmeleriñ arasynda tapawut hem galmady. Çaknyşyk Gazäniñ ömrüni dowam etdirip bilmeginiñ töwereginde barýan göreşden has beter Eýranyñ at-abraýynyñ üstünde bolýan duele öwrüldi. Adamlar Gaza diwarlarynyñ çagşan diwarlarynyñ astyna gömülendigini, çaga jesetleri hilen doldurylandygyny we diñe ýeke zadyñ: ölüleri, ýaralylary we öý-öwzaryndan jyda düşürilenleri sanaýan abzalyñ kadaly işläp durandygyny ýatdan çykarýarlar. Ölüm ýeñişiñ ölçegine öwrülende: Halid Meşalyñ pikiriçe, ýeñişi haçan-da "palestin ganynyñ iordan ganyna garyşan" ýagdaýynda gazanyp boljakmyş. Ysraýylyñ pikiriçe, ýeñiş paraşýutlardan başga hiç bir ýol bilen Gazä bir döwüm çöregi-de getirip bolmanynda gazanyljakmyş. Netanýahunyñ pikiriçe bolsa, Gazäniñ doly ýok edilmegi we özüniñ sud edilmezligidir. Eýran üçin ýeñiş Arap dünýäsi öz gany bilen ber-başagaý bolup ýörkä, özüniñ Ýakyn Gündogaryñ mawy asmanyny agyr çekim bilen reñbe-reñ uçarmansyz istrebitelleri bilen doldurmakda. Uruşlar ýaşaýşa we ölüme degişli ähli düşünjeleri üýtgedýär. Biziñ ýaly ejizler Ysmaýyl Heniýýäniñ ogullarynyñ we agtyklarynyñ şahadaty bilen özümizi ýitirýän bolsa, ol bu habary eşidende Hudaýa hamdy-sena okaýar. Şol taryhy pursaty sypdyrmazlyk üçin wideokameraçy hem onuñ ýanyndady. Heniýýe şum habary eşidende ne eli titredi, ne-de kalby. Ejiz ýüreklileriñ Ysraýylyñ palestinaly çagalary, ene-atalaryny gyrýan çaknyşyklardan daşda durmalydygy bilen ylalaşmak gerek. Ejizlere ýer ýok, çünki olar goranyş duýgularyny gowşadýar we uçarmansyz istrebiteller ýeñişden-ýeñişe gaýmalanda, gyssagly atyşygy bes etmegi talap edýärler. Täsin ýeri, palestin uruşlary elmydama araplaryñ arasynda bolup geçdi. Emma bu gezek Eýranyñam ses we görnüş bilen muña goşulandygyny gördük: Ukrainada ulanmak üçin Orsyýete ugradylmadyk uçarmansyz istrebiteller Ýakyn Gündogardaky ebedilik uruşlaryñ gözbaşyna ugradyldy. Eýran "Hamasdan", Damaskdaky Bab Tumadan goldawyñ deñiz arkaly berilýän Babul-Mendebe çenli Gazäniñ goranyşyna goşulan "dört paýtagtyñ" arasyndaky deñ gatnaşygyñ nygtalşy ýaly, bu gezek "Palestinanyñ karary doly garaşsyzdy". Gazäniñ Saglygy goraýyş edarasynyñ press-sekretary şindizem hasaba alynan gündelik görkezijileri mälim edýär. Mahluk Tel-Awiw şindizem çagalaryñ boýnuny gañryp, Refaha haýbat atýar. BMG-nyñ Howpsuzlyk Geñeşi bir eli "weto" diýilýän zäheriñ üstündekä, bir elinde tutaryklary saklap dur. Senýor Guterriş Gaza üçin aglaýar we dünýäniñ ejiz adamlary-da onuñ bilen bile aglaýar. Ejizleriñ ýüreginden we hakykatdan başga hiç zady ýok. Semir ATAULLAH, Liwanly žurnalist. Penşenbe, 18.04.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |